12:01
Zyýada dünýäli suratkeş
ZYÝADA DÜNÝÄLI SURATKEŞ

Ata-babalarymyz sungata keramatly zat hökmünde garapdyrlar. Aýdaly, halyçylyk, zergärçilik ýa-da bolmasa, neçjarçylyk... Asyrlardan-asyrlara aşyp, biziñ günlerimize gelip ýeten bu ugurlaryñ hersi özboluşly aýratynlygy, gözelligi bilen tapawutlanýar. Täze Galkynyş zamanasynda milli sungatymyz özüniñ many-mazmuny, ýokary hilli derejeliligi bilen has-da baýlaşýar. Şeýle sungatlaryñ biri-de nakgaşçylykdyr.
Grek filosofy Platonyñ: "Sungat hakykatyñ täzeden gaýtalanmasydyr" diýip belleýşi ýaly, ajaýyp tebigatyñ reñk bezegleri, beýik-beýik dag gerişleri, topbak-topbak gök asmanyñ keşbine, gül-gülälekli al-ýaşyl meýdana göz aýlanyñda özüne çekiji täsiri duýmak bolýar. Elbetde, bu ajaýyplyklary hem görmegi, hem duýmagy başarmak, wasp etmek sungat adamsyna başardýar. Sebäbi sungat adamlarynyñ ýürek duýgulary örän inçe bolýar.
Nakgaşçylyk sungatynda hem dürli temalary suratlandyryp bolýar. Ýagny suratkeş öz işiniñ üsti bilen içki duýgusyny beýan edip bilýär. Onuñ köñül işi özboluşly bir dünýä. Şeýlelikde, nakgaşçylykda peýzaž žanry emele gelýär.
Aýratyn ynlas hem zehin siñdirilip döredilen her bir sungat eseri bolsa hemmeleriñ ünsüni özüne çekýär. Haçan-da sungat eserine syn edýän adam şol eserden ruhy lezzet alyp bilse, beýan edilen wakalary yzarlap bilse, onda şol eserde aýratynlyk bar. Onda suratkeşiñ zähmeti ýerine düşüpdir diýip hasap edilýär.
Suratkeşler birleşiginiñ agzasy, balkanabatly Hydyr Amangeldiýew hem döredilýän her bir eserine ýüregine berip işleýänleriñ biri. Suratkeşiñ tebigatdan ylham alan döredijiligi bilen tanyş bolanyñda ýagly reñkler bilen suratlandyrylan şekilleriñ gözelligi täsin röwüşde öwşün atýar. Dürli reñkleriñ sazlaşygyndaky bu şekilleriñ her biri türkmen tebigatynyñ ajaýyplygyny, nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlarymyzyñ şatlyk-şagalañyny suratlandyryp, kalplarda täsir galdyrýar. Kämil ussadyñ "Awaza. Akmaýa", "Çarlak owazlary", "Dag bürgüdi", "Ýasga köli", "Hazaryñ kenarynda", "Awaza", "Hazar tolkunlary", "Daglaryñ mukamy", "Perişde", "Parawbibi", "Täze gözellik" we başga-da birnäçe eserleriñ düýp özeninden ata Watanymyzyñ ajaýyplygy, türkmen milletiniñ ruhubelentligi ýaly çuñ manyly oý-pikirler eriş-argaç bolup geçýär.
Hawa, durmuşda bir hakykat bar. Döredijiligiñ çäginde bolmaýşy ýaly, kämilligiñem çägi bolmaýar. Ýagny hemişe ösmeli, kämilleşmeli. Şu günler altmyş ýaşu arka atyp barýan halypa ajaýyp zamanamyz bilen deñ gadam urýar. Ussat suratkeş özüniñ naýbaşy eserleri bilen diýarymyzyñ toýdur baýramlary mynasybetli geçirilýän sergilere yzygiderli gatnaşýar. Bu barada ol şeýle diýýär.
- Halkymyzyñ uludan tutýan toý-baýramlarynyñ her biri özboluşly sungat eserine meñzeýär. Bu pursatlar kalba ýakyn bolup, ruhuña lezzet paýlaýar. Her bir döredijilik adamy bolsa ilhalar, kämil eseri döretmek bilen, ynsan ruhuny baýlaşdyrmaga öz goşandyny goşýar. Şol eseriñ, hakykatdanam, kämil bolmagy üçin mydama gözlegde bolýar. Enşalla, geljekde-de owadan, özboluşly, millilige ýugrulan eserleri döretmek bilen, milli medeniýetimiziñ has-da gülläp ösmegi üçin öz goşandymyzy goşarys.
Hawa, sada göwünli suratkeş döredijilik barada özüniñ köñül joşgunyny beýan etmek bilen, 2011-nji ýylyñ aprel aýynda Türkmenistanyñ Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiñ çeperçilik sergiler müdirligi tarapyndan altmyl ýaş toýy mynasybetli guraljal şahsy sergisine çagyr(yp)dy.
Biz hem suratkeşe sungat äleminde uly üstünliklere ýetmegini, türkmeniñ milli sungatyny ýokary derejelere çykarmak ýaly jogapkärli hem hormatly işlerde at-abraý gazanmagyny arzuw edýäris. Ýogsa-da, ýene bir bellemeli zat, türkmende: "Ata kesbini dowam etdirýän adamyñ döwleti zyýada bolar" diýilýär. "Ata kesbi - ogla halal" diýleni bagt ahbetin! Halypa suratkeşiñ ogly Döwran hem bu käre ýykgyn edýär. Diýmek, bu maşgalanyñ döwleti zyýada bolup, ata kesbi dowam edýär. Onsoñ bu bagtyýar maşgala "zyýada dünýäñiz dowamly bolsun" diýmek bilen, okyjylara syn etmek üçin özünde nazaryñy egleýän sungat eserlerini hödürläýmek galýar.

Güljahan GOÇUMOWA,
žurnalist.
Категория: Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty | Просмотров: 30 | Добавил: Nur | Теги: Güljahan Goçumowa | Рейтинг: 4.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: