18:58
Zyňylan daşlar

ZYÑYLAN DAŞLAR

Men durmuşdan örän köp zat öwrendim,
Bildim bu synaglaň ezýet berjegin:
Bu gün duşmanyma çenän daşymyň
Erte öz dostumdan maňa degjegin.

Emma her zyňylan daşyň öňünden
Asla sowulmadym gorkup-ejizläp.
...Indem ýaşap ýörün, şol degen daşlaň
Goýan yzlaryny synamda gizläp.

14.04.19 ý.

Maksat SEÝITLIÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Maksat | Теги: Maksat Seýitliýew | Рейтинг: 4.6/5

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: