22:04
Zürýat - bakylyk dowamaty

ZÜRÝAT – BAKYLYK DOWAMATY / edebi filosofik söhbet

«Türkmen – ruhy gymmatlyklary döreden halk». Bu sözüň çuňňur manysy bar, ol bizi türkmeniň müňlerçe ýyllyk taryhyna alyp gidýär. Halkyň ruhy gymmatlyklary döredip bilmek ukyby, bir tarapdan, onuň çuňňur taryhy-ruhy hakydasynyň bardygyny, beýleki tarapdan bolsa, uly taryhy-ruhy tejribe arkaly milletiň hiç kimiňkä  meňzemeýän ruhy keşbe eýe bolandygyny aňladýar. Türkmeniň gaýtalanmaz ruhy keşbi, ruhy gymmatlyklarynyň özboluşlylygy onuň zürýat ruhy pelsepelerinde aýdyň we oňat ýüze çykypdyr.
Halkymyzyň bu pelsepesine biologik bakylygyň nukdaýnazaryndan çemeleşmelimikä  diýýärin. Biologik bakylyk ruhy gymmatlyk hökmünde, ähli janly-jandara mahsus bolan öz-özüni goramaklyk instinktiniň adamzat derejesinde, ýagny ruhy ýaşaýyşda ýaşaýan jandaryň derejesinde ýüze çykmagydyr. Ölüm howpy abananda-da, umuman, asuda durmuşda-da haýwanlaryň hem öz janyndan beter nesli hakynda alada edýändigi hemmelere mälim zatdyr. «Möjek kanuny» powestimi ýazmak üçin Garagum çölünde möjekleriň durmuşyny öwrenenimde, olaryň öz güjüjekleri üçin gorkyny-ürkini bilmän, öz janyny orta goýýandygyny gözüm bilen gördüm. Diňe möjek däl, haýwanlaryň ählisi öz çagalary üçin kökenek, döş gerýärler. Garagum çölünde ýabany ýylkylary ýakyndan synlajak bolanymda, süriniň serdary kişňäp, çarpaýa galyp, sürä  mundan artyk ýakynlaşmagyň gadagandygyny duýduranda tolgunmadan ýaňa depe saçlarym syh-syh bolupdy. Towşana «gorkak» diýýärler, «mön» diýýärler, ýöne towşan hem çagalaryna howp abansa, edil äpet bir ýyrtyjy şir deýin üstüňe topulýar. Öz tüýüni tüýdüm-tüýdüm tüýdüp, çagajyklarynyň aşagyna düşeýär, çagajyklaryny öz ýumşajyk tüýüniň üstünde ezizleýär, ýatyrýar. Hawa, hawa, towşan öz tüýlerini tüýdüp, çagajyklarynyň aşagyna düşeýär, persala bolan endamynyň awusyna döz gelýär. Ol çagalarynyň eşreti üçin özüne her hili sütem etmäge taýýar.
Adam bolsa bu ymtylmany has ýokary ruhy derejelerde ýüze çykarýar. Perzent, onda-da ogul arkaly adamlar biologiki bakylyga ýetmäge ymtylypdyrlar. Hut şonuň üçinem biziň edebi geçmişimizde ogul aýratyn bir uly tema bolup durýar.
Edebiýatçylarymyz klassyky poeziýamyzda, dessanlarymyzda bu temanyň şeýle uly orun almagyny geçmişde türkmeniň galagoply durmuşda ýaşandygy, şeýle durmuşda bolsa ýurdy, halky gorajak esgerleriň zerur bolandygy bilen düşündirdiler. Bu meseläniň diňe bir tarapydyr – taryhy-durmuşy esasydyr, özem diňe türkmeniň bellibir döwürdäki durmuşyna mahsus bolan esasydyr. Emma biz milletimiziň has ösen, asuda durmuşda ýaşan uzak döwürlerini hem bilýäris ahyryn. Megerem, bu meseläniň has düýpli hem has çuňňur ruhy-filosofiki esaslary bardyr, ol – biologiki bakylyga ymtylmagyň ruhy hajaty hökmünde amal bolmagydyr.
«Göroglynyň öýlenişinde» Göroglynyň dilinden aýdylýan «Ýigide» diýen bir şygyr bar. Şonda eýýäm at-ýarag edinen Görogly goç ýigide bulardan başga ýene nämeleriň zerurlygyny birme-bir sanap geçýär. Bu zerurlyklar köne türkmen aňynyň durmuşda goç ýigide gerek hasaplan zatlaryny düzýär. Ine, olar:

1. Döwlet.
2. Ykbal.
3. Dogan.
4. Aýal.
5. Ogul-gyz.
6. Iman.
 
Görogly «Oguldyr döwletiň başy» diýýär. Beýle formula diňe erkek adamyň has köp mümkinçilikleri bolan jemgyýetçilik durmuşyna yşarat etmeýär. Ruhy gymmatlyklar diňe adama dirikä zerur zatlaryň däl, eýsem dünýäden ötenden soňky zerurlyklaryň hem aladasyny edýär. Diýmek, biziň ruhy medeniýetimiz adamy halkdan üzňelikde däl-de, bitewülikde alýar. Ýigide zerur tapylan ýokarky zerurlyklar hem onuň özüne däl-de, jemgyýete hyzmat etmegi üçin gerekdir.
Adam ölenden soň, dünýäde diňe iki zat arkaly ýitmän, saklanyp bilýär diýip milli ruhumyz hasap edipdir. Bular at hem zürýatdyr.
At galdyrmak – adamyň öz ýagşy işleri bilen milletiň taryhy-ruhy hakydasyna hemişelik girmegidir.
Zürýat galdyrmak – adamyň öz bilinden önen perzendi bilen milletiň genofonduna girmegidir.

Bu dünýäde adam galmaz, at gezer.

At galandan, zürýat galsyn.

Kimsäniň yzynda ogly bar,
Kimlerden nyşan eglenmez.

At hem ogul – adamyň dünýäde ýaşanlygynyň nyşany. Ýöne näme üçin gyz däl-de, ogul? Sebäbi ogul bolmasa, adamyň köki kesilýär. Biziň her birimiziň dogluşymyz Adam atanyň ýaradylyşyna meňzeşdir: Hudaý Adam atanyň sulbasyny toprakdan alypdyr hem jan beripdir. Edil şonuň ýaly, her bir adam hem ata tohumyndan we ene sulbasyndan kemala gelýär. Şunda ata tohumy kesgitleýji tarap, edil jan ýaly, bakylygyň hökmürowanlygy hasap edilipdir. Gyz özgäniň hataryna, özgäniň adyna, özgäniň hasabyna, özgäniň ganyna geçýär. Adam diňe oglunyň üsti bilen indiki nesliň ömründe dowam edýär diýip göz öňüne getirilipdir. Şonuň üçinem ogul – döwletiň başy, ogully adam bagtly adam, belli bir manyda baky adam hasaplanýar. Ogulsyz adamlar bolsa, öz yzlarynda nyşan goýmak üçin, at gazanmaga çalşypdyrlar. Ogluň barlygy, köpler üçin şunuň özem bakylyk üçin ýeterlik bolupdyr. Magtymguly: «At galandan, zürýat galsyn» diýip ýöne ýere aýtmandyr. Ogullarynyň at gazanmagy bolsa atalar üçin goşa bagty üpjün edipdir.
Siz «Gorkut atanyň» boýlarynyň atlandyrylyşyna üns berdiňizmi?! Eger üns bermedik bolsaňyz, men size ýatladaýyn. Iň soňky boýdan beýlekileriniň hemmesi, hawa, hemmesi ogullaryň gahrymançylyk görkezişi we at gazanyşy hakyndadyr. Şol at atalara hem degişli hasap edilipdir we boýlar «Pylan goja ogly pylanynyň boýy» diýlip atlandyrylypdyr.
Milli durmuşyň anyk çäklerinde alanyňda, at gazanmak şahsyýetiň kämilligini we jemgyýet tarapyndan ykrar edilmegini-de aňladýar. «Gorkut atada» Oguz zamanlarynda ýigit hünär görkezýänçä oňa at dakylmandygy öwran-öwran aýdylýar. At dakmak däbi hem, umuman, milli däp-dessurlar bilen baglanyşyklylykda, esasan, iki sany filosofiki meselä  ünsüňizi çekmek isleýärin.
1. Atlandyrmagyň, at dakmagyň, adyň nähili jemgyýetçilik-pelsepewi manysy bar?
2. Däp-dessuryň taryhy-jemgyýetçilik manysy näme?
Gürrüňi ikinjiden başlalyň. Däp-dessur—munuň özi jemgyýetçilik endikleridir. Endikler bolsa, aýdylyşy ýaly, ikinji naturadyr. Milli däp-dessurlar milletiň müňlerçe ýyllaryň dowamynda kemala gelen durmuş endikleridir. Olaryň durmuş hem ruhy esaslary bar. Endigi weýran etmegiň adamyň, şahsyýetiň işini gaýtarmak bolşy ýaly, däp-dessura zarba urmak hem milletiň taryhy barlygyny weýran etmekdir. Däp-dessur – milletiň ýaşaýyş dilidir.
Däp-dessur – milletiň haýyr hem şer baradaky dilidir. 
Däp-dessur–ruhy gymmatlyklaryň jemgyýetçilik durmuşynda anyk hereketler, ýörelgeler görnüşinde amala aşyrylmagydyr. Bular arkaly millet her bir täze durmuşa gadam basýan adama ata-babalardan galan mirasy geçirýär. Däp-dessur jemgyýetiň şahsyýet babatdaky hökmürowanlygyny aňladýar. Däp-dessur arkaly jemgyýet şahsyýetiň belli bir nusgasyny terbiýeleýär. Şeýle nusga bolsa jemgyýetiň isleglerine we hajatlaryna gulluk edip biljek şahsyýeti alamatlandyrýar. Şeýlelikde, islendik däp-dessur – köpçüligiň erkiniň beýanydyr.
«Köpçülik» diýýäris. Emma, megerem, «köpçülik» däl-de, «jemagat» diýmelidir. Çünki türkmen diliniň janlylygyny, meniň aňlaýşyma görä, köpçülik – san, mukdar köplügini, jemagat bolsa hil köplügini aňladýar. Anyk kemala gelen däp-dessurlaryň toplumyny edinmek üçin köpçülik hil-ruhy taýdan jebis bitewülik bolmaly: jemagat anyk ruhy gymmatlyklary aýdyň aňlaýan bitewülik bolmaly. Jemagatyň unaýan däp-dessurlary ruhy taýdan doly esaslandyrylan bolmaly, jemagat özüniň ýörelgelerinde aňly-düşünjeli bolmaly, özüniň näme esasynda we näme üçin bu ýoldan däl-de, başga bir ýoldan gidýänligine oňat düşünmeli. Diňe şonda ol özüniň şahsyýet babatdaky talaplarynda mizemez hem çürt-kesik bolup biler.
Hut däp-dessur arkaly we däp-dessur mynasybetli ruh howaýylykdan maddy anyklyga öwrülýär.
Türkmeniň hususanam çaga terbiýesi bilen baglanyşykly ýörelgeleri we düşünjeleri ata-babalarymyzyň terbiýe meselesine nähili çynlakaý garandygyny, olaryň, umuman, her bir meselä nähili uly ähmiýet berendigini oňat görkezýär. Däp-dessur jemgyýet bilen şahsyýetiň arasyndaky baglanyşyklary sazlaşdyryjy guraldyr. Onsoň türkmeniň çaga gatnaşygy giden bir ulgam bolup durýar. Iň bolmanda, şu ýerde çaga uly adam bolup kemala gelýänçä oňa berlen ünsi ýatlalyň. Ylaýta-da, şunuň bilen baglanyşykly toýlar:   çaga doglanda edilýän toý, galpak toýy, diş toýy, sünnet toýy, durmuş toýy. Bular birgiden däp-dessur ýörelgelerini amal edýär. Her bir çaganyň şeýle ýörelgeler bilen gurşalyp alynmagy onuň ahyrky netijede belli bir nusgadaky şahsyýet bolup kemala gelmegine getirýär. Onuň aňy-düşünjesi, dünýägaraýşy berk kanunly däpleriň içinde kemala gelýär.
Türkmen milli däpleriniň nämedigini aýdyňlaşdyrmak aňsat däl. Çünki olar niçema müňýyllaryň içinde kemala gelen zatlardyr. Däbiň manysyny açmagyň kynlygy – däp hiç mahal halkyň taryhy hakydasy bilen gönüden-göni baglanyşykly bolmaýar. Onsoň näçe müňýyllyk mundan öň kemala gelen däbi indiki nesiller akyl ýetirjegem bolup duranoklar-da, ony endik boýunça ýerine ýetirmek bile bolýarlar. Däp üçin esasy zat akyl ýetirmek däl-de, ýerine ýetirmekdir. Şonuň üçinem haýsydyr bir däbiň düýp manysyna soňky nesilleriň berýän düşündirişi, köplenç, ýasamalyk hem ýalňyşlyk bolup durýar.
Türkmen däpleriniň dialektikasyny, ýagny çynlakaýlygyny, köptaraplylygyny, çylşyrymlylygyny we gözedolulygyny kemala getirmekde tebigatyň, psihologiýanyň, durmuşyň we mifologiýanyň gatançlary bar. Hut şu zatlaram däbiň aslynda ýatýar. Men muny gysgaça düşündirjek bolaýyn. Ine, bizde dakylma diýen däp bar. Munuň nämedigini hemmeler bilýär. Munuň içki dialektikasyny iki sany tarap düzýär: tebigat hem durmuş. Tebigatda, mälim bolşy ýaly, haýwanlara-da öz ganyňy ykrar etmeklik, öz ganyňy uzak ýaşatmaklyk, öz ganyňy özgelere gatmak kanuny bar. Sebäbi gan – ömür, ýaşaýyş, dowamat. Adamzat jemagatynda gan – bu bakylygyň içki fiziologiki ölçegi bolup durýar. Onsoň gan ata tohumy bilen geçýär, fiziologiki bakylykda kesgitleýji tarap ata gany hasaplanypdyr. Tebigata şu hili düşüniliş hem dakylmanyň tebigy fiziologik esasydyr. Adamyň özi ölse, onuň aýaly hem çagalary ganybir, bir tohumdan bolan doganyna geçýär. Ýagny ajal sebäpli arasy üzülen fiziologik dowamat däp arkaly gaýtadan dikeldilýär. Belli bir tohumyň, belli bir ganyň ömri şeýdip dowam edýär. Eger-de, dul hatyny başga bir ýada beräýseň, munuň özi öz ganyňy kemsidip, ösüşden goýup, özgäniň ganynyň dowamatyna ýol açmak bolýar.
Beýleki tarapdan, dakylma däbiniň bütinleý taryhy-durmuşy esaslary hem bolupdyr. Ýygy-ýygydan bolup durýan uruşlar zerarly, köp adamlar gyrylansoň, olaryň yzynda galýan dul hatynlaryň eklenjini boýnuna alan adam gerek. Şeýle jogapkärçiligi we aladany onuň iň ýakyn garyndaşy boýnuna alsa, has göwnejaý boljak. Şeýdip hem dakylma döreýär.
Türkmen milli däbiniň psihologiýasy barada esasy aýdylmaly zat şudur:
Köne türkmen durmuşynda adam «men» däl-de, jemagat «mendir».
Diňe şu aýratynlygy göz öňünde tutanyňda, başga birine dakylan aýalyň ýagdaýyny dogry göz öňüne getirip bolýar. Dakylma asla-da aýalyň kemsidilmesi, onda-da erkek tarapyndan kemsidilmesi däldir. Çünki aýalyň özüni kemsidilýän hökmünde duýmagy üçin onuň özüni däp-dessur, tutuş jemgyýet babatda «men» hökmünde duýmagy şertdir. Emma bu ýerde aýal hem, erkek hem «men» däldir, ýagny olar daşky sreda özüniň erkiniň amalyýeti hökmünde garamaýarlar. Tersine, olaryň ikisi hem däbiň üýtgewsiz erkine amal edijiler, jemagatyň «menini» amal edijiler, ýerine ýetirijilerdir. Öz dul galan ýeňňesine öýlenmek erkek üçin hukuk däl-de, borçdur. Aslynda islendik däp-dessur adamyň boýnundaky borçdur.
Türkmen däp-dessurynda mifologiýanyň hem orny aşa uly bolupdyr. Däp-dessur, adat bilen gyzyklanýan adamlar türkmen däpleriniň yrym, ynançlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny tekrarlaýarlar. Yrym, ynanç bolsa mifologiýanyň elementleridir. Näme üçin mifologiýanyň bu ýerde şeýle uly paýy bolupdyr? Sebäbi özüniň taryhy manysy boýunça mifologiýa tebigat bilen taryhyň, tebigat bilen ruhuň arasyndaky birhili geçiş sferasydyr.
Mifologiýa – ruhuň duýgy derejesinde ýüze çykmasydyr.
Käbir kitaplarda dessurlaryň aňly-düşünjeli işlenip düzülendigi hakda nygtalýar.
Adatlar – jemgyýetçilik endikleri. Olarda haýran galmaly çuňňur manylaryň barlygy olaryň asla-da aňly-düşünjeli işlenip düzülendigine şaýatlyk etmeýär. Adat – tebigy-irrasional hadysadyr.
Yrym akyla däl, duýga esaslanýar.
Adamzat ýaşaýşynda duýgynyň paýy we agramy bolsa hiç mahalam akylyňkydan artyk bolmasa, kem bolan däldir.
Şeýlelikde, ogul, perzent meselesinde türkmen tebigatynyň, türkmen durmuşynyň, mifologiýasynyň hem psihologiýasynyň täsin içki bitewüligi ýüze çykýar. Adam perzent arkaly biologik bakylyga, taryhy bakylyga hem-de dini-jan bakylygyna ýetmek isleýär. Şonuň üçinem türkmeniň perzende at dakmak däbinde onuň ruhunyň bitewüligi özüni bildirýär.
At dakmak – dünýä bilen gatnaşyk açmak, dünýäni tertipleşdirmekdir. Atlandyrmak ukybynyň esasynda dil, diliň esasynda bolsa akyl ýatýar.
Haýwanlar dünýäniň elindäki zatdyr.
Adam dünýäniň içindäki zatdyr.
Birinjileriň ikinji bilen deňeşdireniňdäki şeýle kemmagallygynyň sebäbi haýwanlaryň dilsiz-agyzsyz janawerdikleridir. Adam bolsa akyly, dili mynasybetli dünýä alternatiwa bolup bilýär, türkmençe aýdylanda, dünýäniň özüne bäsdeş çykyp bilýär.
Lenin diliň üýtgeşikligini, hyzmatyny nygtap, dil – adamzat aragatnaşygynyň serişdesi diýipdir.
Haýýam bu hakda aýdanda, dil – adamlaryň Hudaý bilen aragatnaşygynyň serişdesi diýipdir.
Meniň pikirimçe, dil – adamyň tebigat hem dünýä bilenem aragatnaşygynyň serişdesidir.
Eger adamlar diňe Hudaý hem-de bir-birisi bilen aragatnaşyk etseler, onda ýaşaýyş mümkin bolmazdy. Çünki ol dünýäniň, tebigatyň içindäki ýaşaýjy ahyryn. Oňa, ilkinji nobatda, tebigat bilen gatnaşyk açmak zerur. Şonuň üçinem ol şu meselede tapawutlanýar. Ýadyňyza salsaňyz, mukaddes kitaplarda adam perişdelerden ähli zatlary atlandyryp bilenligi, zatlaryň ýekänme-ýekän atlaryny bilenligi bilen öňe çykýar. Munuň manysy şeýle: adam diliniň barlygy bilen öňe saýlanýar.
Haýwanlar diňe tebigat bilen gatnaşyk edýän, tebigatyň diline düşünýän mahlukdyr.
Perişdeler diňe Hudaý bilen gatnaşyk edýän we Hudaýyň diline düşünýän mahlukdyrlar.
Adam bolsa tebigat bilenem, Hudaý bilenem gatnaşykdaky mahlukdyr.
Täze dogan perzende at dakmak – munuň özi ony ata-baba dowam edip gelýän gatnaşyklaryň içine – tertibiň, sazlaşygyň içine salmak diýmekdir. Şu ýerde men «täze dogan perzent» diýenimde «dogan» sözüni öz ulanýan manymyzda däl-de, Gorkut atanyň we Magtymgulynyň manysynda ulandym. Olaryň dili bolsa şu meselede biziňkiden düýpli tapawutlanýar.
Dogulmak – at almak däl.
At almak – dogulmak.
At almak – türkmençilik hataryna goşulmakdyr. Emma adamyň özüniň at alany ýeterlik däl. Onuň at galdyryp gidesi hem gelýär.
At galdyrmak bolsa dünýäni öz ruhy «meniňe» laýyklykda kesgitlemekdir. Dünýäni öz nusgaňda tertipleşdirmekdir.
Ogul perzendi bolan adam dünýäde öz «menini» goýup gidýär.
Perzentsiz adam dünýäde öz ruhy «menini» goýup gitmäge, ýagny at galdyrmaga dyrjaşypdyr.
Türkmen perzende at dakanda, onuň aýratynlygyny ýüze çykarmaga, oňa türkmençilikde ýaşamak amatly bolary üçin, ony hatara goşmaga ymtylypdyr.
Emma hataryň görki bolmak, esasan, perzendiň özüne baglydyr.

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 12 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: