19:18
Zübeýda Hanym

ZÜBEÝDA HANYM

Türkmen halkynyň arasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden bäri ýaşap gelýän düşünjä görä, ýurt guran, halky bir agza birleşdiren ogly dünýä inderen enä “miweli daragt” ýa-da “barly daragt” diýilýär. XX asyryň birinji çärýeginde Türkiýe Respublikasyny esaslandyran, Atatürk, ýagny “Türkleriň atasy” ady bilen belli bolan Mustapa Kemalyň ejesi Zübeýda hanym hem sözüň doly manysynda miweli daragt. Bu gün külli türki dünýäsini bezäp duran miweli daragtyň bolluk bilen eçilen hasyly barada käbir maglumatlary size ýetirýäris.

Zübeýda hanymyň ata-babalarynyň asly ýörük türkmenlerinden bolup, olar Osmanly türkmenleriniň patyşalary Myrat Hudawendigäriň we Fatih Soltan Mehmediň döwleti dolandyran döwürlerinde Toros daglarynyň eteklerinde, Konýa we Aýdyň welaýatlarynda ýaşapdyrlar. Olar ata-baba kesp-kärlerinden daşary, ýurduny gorap, gahrymançylyk görkezipdirler. Şonuň üçin Osmanly türkmenleriniň ýokarda agzalan patyşalary olara “Synyr gazylary” (serhet gazylary) diýen derejäni beripdirler. 
Atatürküň ýanynda onuň ýyl ýazgylaryny ýöreden ýazyjy Röwşen Eşref Ünaýdynyň ýazgylylarynda şunuň ýaly setirler bar:

“Atatürk meniň ata-babalarym Anadoludan Rumiline göçüp gelen ýörük türkmenlerinden diýýärdi”. 

Atatürküň kakasy Aly Ryza Ependi Zübeýda hanym bilen Selanik (häzirki Gresiýanyň çägindäki şäher) diýen şäherde tanşyp, goş birikdirýärler. Ol wagtlar Zübeýda hanym dagy Selanigiň etegindäki Langaza obasynda ýaşaýar eken. Onuň ejesi we kakasy daýhançylyk, halyçylyk bilen meşgullanypdyr. Zübeýda hanym haly dokamakda ussat, eli çeper bolupdyr. Ol ýaşlykda başlangyç bilim almasa-da, ýazmagy, okamagy özbaşdak öwrenipdir. Onuň soňraky durmuşyny yzarlasaň, onda bu zenanyň bilimini birsyhly artdyrandygyna göz ýetirýärsiň. Ol obadaşlarynyň arasynda milli edebiýaty we halk döredijiliginiň muşdagy, olary bäş barmagy ýaly bilýän zenan hasaplanypdyr. Onuň ejesi Aýşa hanym dine ýykgyn edýän zenan bolandygy üçin, obadaşlary oňa “molla hanym” diýip ýüzlener eken. Aýşa hanymyň Zübeýdadan başga Hasan we Hüsýin atly iki ogly bolupdyr.
Bir gezek Zübeýda ýorgan kökläp otyrka, onuň dyzyna iňňe batypdyr. Iňňäni lukmana çykartmak üçin kakasy Sadylla aga Zübeýdany obadan Selanige äkidipdir. Obaly gyza şäheriň howasy, şowhun-şagalaňly durmuşy ýarapdyr. Ol biraz wagtlyk şäherde galmagy ýüregine düwüpdir.
Şonda Zübeýda hanym bilen Aly Ryza Ependi Selanik şäherinde tötänden tanyşýarlar. Tanyşlykdan birnäçe gün öň, Aly Ryza Ependi özünden ýigrimi ýaş kiçi bolan obaly gyzy düýşünde görenmiş. Şol düýşem iki ýüregiň birleşmegine sebäp bolýar. Şunlukda iki tarapyň razyçylygy bilen, olar 1870-nji ýylda toý tutýarlar.
Zübeýda hanym bilen Ryza Ependiniň ilkinji perzendi Mustapa 1881-nji ýylyň 19-njy maýynda dünýä inýär. Aly Ryza Ependi oglunyň dünýä inen güni aýaly Zübeýda hanymy mübärekläp, onuň maňlaýyndan taýly gezek öpüp, ýany bilen getiren gylyjyny türkmen däbine görä, oglunyň başujundan asypdyr. Ilkinji perzendiniň adyna Mustapa diýip  hem Ryza Ependiniň özi dakýar. Bu hatyraly at onuň bäbekkä sallançakdan gaçyp wepat bolan doganynyň adydy. Zübeýda hanym ogluna Anadoly türkmenleriniň arasynda gadymdan ýörgünli bolan edermen serkerdeler hakynda buýsançly rowaýatlary, hekaýatlary gürrüň berýän eken. Ogluny gözüniň göreji ýaly söýgüläp, onuň il ogly bolup ýetişmegi üçin uly alada eder eken. Soňra olaryň gyz perzendi dünýä inýär.
Zübeýda hanym ýigrimi ýedi ýaşyndaka onuň ýanýoldaşy aradan çykýar. Şondan soň ol iki sany gözmonjugy ýaly çagalary bilen agasy Hüseýin Aganyňka gelýär. Mustapa daýysy bilen ekinlikde işleýär, ondan at münmegi, tüpeň atmagy öwrenýär. Zübeýda hanym oglunyň ylymly, bilimli bolup ýetişmegi üçin aladasyny gaýgyrmaýar. Ol Mustapany 9-10 ýaşlarynda Selanikdäki “mülkiýe” atly mekdebe, soňra bolsa oglunyň haýyşy boýunça harby mekdebe okuwa berýär. Ýöne, nämeüçindir ejesi oglunyň harby adam bolmagyny islemeýärdi.
Zübeýda hanym ogluny ilkinji harby okuwa ugradanda düýş görýär. Onuň düýşi baradaky gürrüňleri öz dilinden ýazyp alan taryhçy Enwer Bahnan Şapolýa: “Oglumyň esger bolmagyny göwnemeýärdim. Onuň täjirçilik etmegini isleýärdim. Ýöne nämeüçindir oglum harby bolmaga höweslidi. Bir gije düýşümde Mustapany bir altyn jaýyň içinde we belent minaranyň üstünde gördüm. Minaranyň aşagyna bardym. Bir adam maňa: “Ogluň harby okuwda okamaga berjek ýeriň şu ýerdedir. Eger razyçylyk bermeseň ogluňy ýere oklaryn” diýdi. Saba bilen Mustapany ýanyma çagyryp: “Oglum, ajaýyp bir düýş gördüm. Saňa rugsat berýärin. Bar, ugur-ýoluň açyk bolsun!” diýdim” - diýip ýazýar. 
Ejesiniň ak patasyny alan sary saçly, mawy gözli oglanjygyň ýüzi ýagtylýar. Enäniň ak patasy öz perzendini alys ýollara, ýeňişli pursatlar tarap atarýar.
Harby okuwdan soň, Mustapa akademiýany hem üstünlikli tamamlaýar. Sagdyn garaýyşly, pähim-paýhasly ynsan bolup ýetişýär. Ýaş gujurly-gaýratly ýigit ejesiniň: “Ata-babalarynyň düýbüni tutan döwletiniň abraýyny, şöhratyny we derejesini zyýada etgin!” diýen pentlerini özüne esasy ýörelge edinýär.
Balkan söweşleri başlanan pursatlary Zübeýda hanym gyzy Makbula bilen Ystambyla göçüp gelýärler. Ystambyl we onuň töwerekleri galagoplydy. Ýurduň içinde tutaşan milli azat edijilik hereketlerinde gahrymanlarça söweşýän Mustapa goşunda aýratyn batyrgaýlyk görkezýärdi. Onuň rewolýusion şahsy göreldesi uruşda söweşmegiň, Watana hyzmat etmegiň belent nusgalaryny görkezýärdi. Il milletiň synmaz sütüni bolmak üçin halkyna sadyk hyzmat etmegi ýüregine düwüpdi. Şunlukda ol halkyň öňüne düşýär. Ýurduna howp abananda dili we eli bilen, ýaragy bilen edermen esgerlerine serkerdelik edip, ilkinjileriň hatarynda döş gerip söweş meýdanyna çykýar. 1921-nji ýylyň 19-njy iýulynda Mustapa Atatürke ýurduň beýik mejlisi tarapyndan marşa çini we “Gazy” derejesi berilýär. Ýetimlikde, söweşlerde taplanan ýokary harby derejeli ýörük türkmen ýigidi bu şatlykly buşlamak üçin ilki bilen ejesine telegramma ýollaýar. Enäni begendiren ilkinji buşluklar, ýetilen sepgitler şol pursatlardan başlanýar.
Mustapa bilen Zübeýda hanymyň 3 ýylyň aýralygyndan soňky duşuşygy täze döwletiň yglan edilmeginden 1 ýyl öň bolup geçýär. Şonda Mustapa ejesine ýüzlenip: “Eje janym! Beren ak süýdüňi halkadymmy?” diýýär. Ene ogluna buýsanyp, şeýle diýýär: “Hakladyň, balam! Seniň ýaly ogly bolan ene heý-de bagtsyz bolarmy? Alla seni bu millete bagyş etsin! Kakaňam bu günleri görmedi... Ýöne, indi onuňam ruhy şatdyr”.
Zübeýda hanymyň ýaşy birçene barypdy. Hamrak ene ogluny öýli-işikli etmegiň arzuwynda ýaşaýardy. Agtyk söýesi gelýärdi. Mustapa Atatürk durmuşyň lezzetlerini, hözirlerini terk edip, öz ömrüni mähriban halkyna bagyş etmegi esasy ýörelge edinipdi. Döwlet, halk baradaky aladalar onuň üçin şahsy meselelerden hemişe-de öňdedi. 1923-nji ýylyň ýanwar aýynyň 23-inde Mustapa Kemal ölüm düşeginde ýatan mähriban ejesi bilen görüşmek üçin öz egindeşleri bilen otla münüp, günbatar Anadola - Izmir şäherine tarap ýola düşýär. Ol entek barmaly ýerine ýetmänkä-de egindeşlerine ýüzlenip: “Ejemiň ölendigini bilýärin. Bir düýş gördüm. Düýşümde ýaşyl otly meýdanda ejem bilen görüşýän. Birdenkä tupan turup, gara ýel ejemi öz holtumyna dolap, ýanymdan alyp gitdi” diýýär.
Zübeýda hanym iň soňky demini sanap ýatyrka-da ogluna wesýet edip, ony kagyza ýazdyrýar. Altmyş alty ýaşy arka atan ene ony öz eli ogluna gowşurmak isleýär. Ýöne biwagt gelen ajal ene bilen ogluň hoşlaşmagyna, wesýet alyşmagyna puryja bermeýär. Ony öz sargydy boýunça Izmir şäherinde depin edýärler. Onuň mazarynyň başujuna “Atatürküň enesi Zübeýda hanym şu ýerde jaýlandy. Ýogalan wagty: 1923” diýen hatyra ýazgysy ýazylyp, daş dikeldilýär. Süýji miwe beren daragtyň daş-töweregi häzir halkyň sežde edýän ýerine öwrülipdir.
Täze bir döwlet gurýan, onuň ilkinji kerpiçlerini goýup ýören asylzada ogul entek ejesine kän zatlary buşlamak isläpdi. Ol öz ejesine ata-babalarynyň telwaslan erkana ýurduny berkarar edenini, döwlet döredenini ilkinji bolup buşlamak isleýärdi. Tugly hem Tugraly bolandygyny aýdasy gelýärdi. Döreden döwlet mukaddeslikleriniň öňünde enesi bilen bileje tagzym edesi gelýärdi. Öz ömrüni halkynyň ömründen aýry görmedik gerçek ogul hut şonuň üçinem dünýä gelipdi.

Baýramgeldi ÇARYÝEW.

Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 50 | Добавил: Has | Теги: Baýramgeldi Çaryýew | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 7
0
1  
Atatürküñ asly Malatýaly ýörük turkmenlerden diyp bizem bir yerden okapdyk. Gowy makala eken.

0
2  
Gymmatly makala

0
3  
Yegenoglanlar diysene.. tongue

0
4  
Şu Bayramgeldi Çaryýew Hindistanda yaşan türkmenler hakynda gaty oñat makalalary bolmaly. Mümkin bolsa yetirseñiz. Bayramgeldi aga käbir taryhçylar yaly oturan yerinde yazyanlardan dal. Gidip-görüp, Hindistan diyman, Hytay diyman syyahat edya, soñ yazya.

0
5  
Uytgeşik gowy yazyan yazyjy.

0
6  
Baýramgeldi agañ yene bir ayratynlygy bar: ol azerbayjan we türk taryhçylary bilenem diskussiýa girip, öz öñe sürýän pikirlerini taryhy subutnamalar bilen delillendirip bilyän zehinli alym.
Bir gezek men taryhçy alym Berdimyrat Garabaýewiñ basybalyjylykly mongol ýörişlerinden soñ Türkmenistandan Kiçi Aziýa süýşen türkmen taýpalary hakyndaky makalasyny okamda, makalada Ärtogrul Gazynyñ Horezmşalaryñ - Jelaleddin Meñburnyñ yakyn garyndaşydygy baradaky setirlerini okap señrigimi ýygyrypdym, has dogrusy bu setirleri delillendirip bolmajak çaklama hasap edip gülüpdim. Bu Berdimyrat aga Horezmşalar bilen Osmanly dinastiýasyny biri-birine sepleşdirjek bolup nä azara galýarka?"" diyp özümçe oña garşy gelipdim.
Öñräk Baýramgeldi aga bilen gürrüñdeş bolup durkam ol menden Ärtogrul Gazynyñ ejesi Haýma hatynyñ aslynyñ kimdigini, kimlerdendigini bilyanimi bilmeyanimi sorady. Bilmeyan zadyñy bilyansiremegiñ hajaty ýok bolansoñ bilmeyanimi aytdym, asyl görüp otursam Haýma hatyn Horezmşalar neberesinden bolsa name we ol entek yaş gyzka Süleymanşa durmuşa çykmanka, Ärtogrul dünya inmänkä Jelaleddiniñ goşuny bilen Anadola gelen eken. Ärtogrulyñ Horezmşalara yakyn garyndaşdygyny Anadoly Seljuklylarynyñ soltany Alaeddin Keykubat hem bilyan eken we Ärtogruly hernaçe sylaglap-sarpalasa-da ondan ätiýaç edyan eken (gynansak-da, Alaeddin Keykubat bilen Jelaleddin Meñburny bir-birine duşmançylykly yagdaydady).
Hayma hatyn dodurga taypasyndan bolupdyr we Horezmşalaryñ tiresi hakynda jedelli birnaçe çaklamalaryñ bardygyna garamazdan biz hem Horezmşalar nesilşalygnyñ dodurgadygy baradaky pikiriñ arkasynda duryas. (häzirki gökleñler dodurga taypasyndandyr).
Ärtogrul serialynda-da aydylman goz ýumulyp geçilen bu taryhy hakykat barada makala yazmagy hayşedipdim Bayramgeldi agadan, nesip bolsa dyndygy saýtda goyaryn.

0
7  
Taryhymyza çyn janköýer we biri-birine garşy gelýän çapraz delilleri toplap öwrenmekden, seljermekden we dogry kesgitleme çykarmakdan armazak-irmezek taryhçy Baýramgeldi agadan entek köp gowy işlere garaşsa bolar.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: