14:40
Zoroastrizm dininiñ taryhy. Zaratuştra pygamber kim?

ZOROASTRIZM DININIÑ TARYHY. ZARATUŞTRA PYGAMBER KIM?

■ Zoroastrizm

B.e.öñ 660-njy ýyllarda Eýranda (käbir taryhy çeşmeler Türkmenistany~Maryny, Horasanyñ Türkmenistana degişli ýerlerini görkezýär -t.b.) doglan, b.e.öñ 583-nji ýylda öldürilen Zaratuştranyñ ady bilen ýatlanylýan ýekehudaýly dinleriñ biridir. Bu dinde mukaddesdigine ynanylýan kitabyñ ady "hikmet we bilim" manysyny añladýan "Awestadyr". Içindäkilere bolsa "Gata" diýilýär. 12.000 sany haýwan hamyna ýazylan "Awestanyñ" häzirki güne çenli gelip ýeten bölegi bary-ýogy 1.000 fasyldan we 21 depderden ybaratdyr. 
Zoroastrizmde Haýyr we Şer, Ýagtylyk we Tümlük hemişelik çaknyşykda bolupdyr. Haýryñ we Ýagtylygyñ wekili Ahuramazda bilen Şeriñ we Tümlügiñ wekili Ehrimen dowamly söweşiñ içindedir. Otparazlyk dini (zoroastrizm) öz dörän döwründe Eýrandaky köphudaýlyk ynanjyna garşy gidip, ýeke hudaýa bolan ynanjy öñe çykarypdyr. Bu dine iman edenler ölenlerinden soñ direldilip Ahuramazdanyñ huzuryna çykyljakdygyna we ol ýerde sorag-jogaba çekiljekdigine ynanypdyrlar. Bu din b.e.öñ 600-njy ýylyndan miladynyñ 650-nji ýylyna çenli Pers imperiýasynyñ döwlet dini bolupdyr. Diniñ mukaddes kitaby Zaratuştranyñ "Gatalar" diýip ýazan dörtlemesiniñ jemlenen "Awestasydyr".
 Ençeme asyrlaryñ dowamynda "Awestalar" gaýtadan ýazyldy, terjime edildi we nesilden nesle geçip geldi. Geçirilen barlaglar "Awestanyñ" dürli bölümlerden (legendar taryh, dini kada-kanunlar, epiki kyssalar, ruhanylar üçin beýannamalar) ybaratdygyny görkezýär. Dürli döwürlerde Eýranyñ dürli ýerinde ol bölümleriñ başy jemlenip durupdyr. "Awestanyñ" iñ gadymy bölümleri Zaratuştra heniz dirikä orta çykypdyr, beýlekileri onuñ oruntutarlary we ruhanylar tarapyndan ýazylypdyr. 
"Awestanyñ" bölümleri iñlis dilinde 1880-nji we 1894-nji ýylda Jeýms Darmesteteriñ terjime etmeginde Oksfordyñ “Sacred Books of the East” kitap tapgyrynyñ çäginde neşir edilipdir. 
XIX asyryñ başlarynda "Awesta" filosoflaryñ ünsüni özüne çekip başlady. Zaratuştra we "Awesta" P.Beýl, G.Ritter ýaly alymlaryñ eserlerinde ýygy-ýygydan salgylanyldy. Nemes idealizminiñ iñ görnükli wekili Gegel "Awesta" bilen gyzyklandy. I.W.Gýote we F.Nişse hem öz eserlerinde Zaratuştrany we "Awestany" kän agzadylar. Meşhur fransuz taryhçysy Jorj Dumezil Zaratuştra dinler taryhynyñ şaýatlyk eden iñ beýik dini-jemgyýetçilik reformatory hökmünde baha berýär. Paul-Masson Oursel zoroastrizmiñ jainizme we buddizme ýetiren täsirleri barada şeýle diýýär: 

"Diniñ taryhynda köp adamy haýsydyr bir öñdebaryjylyk, halas ediş we täzeleniş tarapdary bolmak, nurlanmagyñ we arassalanmagyñ gaýgysy, ganly gurban edişlere garşy gazaply ýigrenji kemala getirmek we ähli janly-jandara söýgini kemala getirmek bar. Şeýlelikde jainist we buddist toparlanşyklarynyñ "Eýranda Zaratuştra tarapyndan başy başlanan oñyn reformalaryñ azda-kände täsirinde bolandygyny görkezýär".

Aleksandr Makedonskiý Eýrany basyp alanda derilere ýazylan "Awestany" ýakyp küle öwrüpdir. Şol sebäpli oña "Lagnaty" diýip at beripdirler.
"Awesta" has añsat düşünmek üçin köpsanly şerhler ýazylypdyr we bu şerhler "Awestanyñ" tekstine salnypdyr. Bu şerhlere "Zend" diýlendiginden wagtyñ geçmegi bilen "Awestanyñ ady "Zend-Awesta" bolupdyr.
"Zendleriñ" "Awesta" goşulmagy netijesinde orginal tekst bilen şerhleri tapawutlandyrmak kyn bolupdyr we kem-kemden "Awestanyñ" orginal nusgasy ýitipdir. 
Häzir dünýä boýunça 200 müñ otparaz ýaşaýar. Olaryñ 40 müñi Eýranda, 100 müñi Hindistandadyr. Angliýada, ABŞ-da, Päkistanda we Kanadada hem galan 60 müñ otparazyñ ýaşaýandygy çak edilýär.

■ Otparazçylyk ~ "Awesta"

"Awesta" gadymy Eýranyñ we häzir Hindistanda ýaşaýan asly eýranly parsylaryñ mukaddes kitabydyr. Kitabyñ dili pehlewiçedir. "Gatalar" Zaratuştra inderilen we otparazlar tarapyndan mukaddes saýylýan kitaplardyr. "Zaratuştra" sözi "Awestanyñ" dilindäki "garry" manysyny añladýan "zareta" we "düýe" manysyny berýän "ustra" sözlerinden emele gelipdir. Manysy "garry düýeleriñ eýesi" diýmekdir. Eýranda ýa-da Türkmenistanda doglandygy çak edilýän we çagalyk, ýaşlyk döwri hakynda anyk maglumatlar bolmansoñ, käbir alymlaryñ çaklamasyna görä hakyky ady Spitamen bolan Zaratuştra pygamberlik otuz ýaşynda berlipdir. Bir derýanyñ boýunda Wohumenah atly perişde tarapyndan wahyý getirilipdir we soñra beýleki perişdelerem oña görünipdir. Ol Hudaý bilen geçiren gepleşiklerine we dinini ýaýratmak üçin eden wagyzlaryna köp üns beripdir. Zaratuştranyñ "Awestada" toplanan we zoroastrizm bilen barada häzirki güne çenli gelip ýeten ýeke-täk çeşme bolan mukaddes "Gatalar" we "Ýasna Haptangaiti" ylahy aýdymlarynyñ awtorydygyna ynanylýar.
Rowaýatlara görä Zaratuştranyñ ejesi on bäş ýaşly gyz wagtynda bir nur şöhlesiniñ özüne düşmegi netijesinde göwreli bolýar. Zaratuştra otuz ýaşynda pygamber bolupdyr we ymmatyndan bir bölegini alyp Balha gidýär. Ýolda öñlerinden çykan Gaitýa derýasyny Zaratuştranyñ görkezen mugjyzasy bilen geçýärler. Has soñra Awaital kölüniñ töwereklerinde kyrk bäş güne çeken ybadatdan soñ Magraja çykýar. Bu derýanyn boýunda Wohumenah atly perişde Zaratuştranyñ ýanyna gelip, oña dünýäden el çekmegi pent edýär. Zaratuştra Wohumenahdan soñ ähli beýleki perişdeler bilen görşüp Ahuramazdanyñ huzuryna çykýar. Hudaý oña ýyldyzlaryñ we planetalaryñ aýlanyşyndan habar berýär, jenneti we dowzahy görkezýär, hemme zadyñ ylmyny öwredýär. Soñra perişdeler Zaratuştranyñ kükregini ýaryp, onuñ içgoşuny çykaryp arassalaýarlar we ýerine goýýarlar. Zaratuştra hudaý bilen bolan duşuşygyndan gelen badyna emredilen dinini ýaýratmak üçin wagyz-nesihat işlerine başlaýar. Duşuşukdan "Awesta" bilen dolanan pygambere batyl dinlere uýýanlar azar berjek bolsaram, "Awestany" okanlarynda şeýtanlaram ondan aman diläpdir.

■ Zaratuştranyñ Ahuramazda ýalbaryşy

Soraýaryn senden Tañrym,
Dogrusuny sözle maña,
Mukaddes güýjüñ atasy
Ilkinji kakasy kimkä?
Güneş bilen ýyldyzlaryñ
Ýollaryny çyzan kimkä?
Kamar kimiñ güýji bilen
Ulalyp ýa kiçelýärkä?
Baryn gürrüñ eýle maña
Birýan uçdan sözle, Tañrym.
Soraýaryn senden Tañrym,
Dogrusuny sözle maña.
Kim ýola saldy dünýäni,
Kim tutdy barça asmany?!..

Zoroastrizm ahlak kadalaryny üç söz bilen beýan edýär: Hamata (gowy düşünülmegiñ), Hakhata (gowy sözlensin), Hwarşta (gowy edilsin). Zaratuştranyñ aýtmagyna göra, adam ýaşan ömründe, takdyrynda we mañlaýynda ýazylanlar babatda ýerine ýetiren amallarynyñ esasynda mizan terezä goýulýar. Adamyñ etmeli işi şeýtany güýçler diýip görkezilen erbetlige garşy gowulygy saýlap almak we gowularyñ hataryna geçmekdir. Zoroastrizmde aýal we erkek deñ hasaplanýar. Ot mukaddes saýylýar. "Awestada" ot hudaý Ahuramazdanyñ ogludyr. Hudaý Ahuramazdanyñ energiýasynyñ, howrunyñ we nurunyñ bu dünýädäki alamaty hökmünde mukaddes ot zoroastrizmiñ iñ esasy ynanç sütünleriniñ biridir. Otparazlar ýer togalagynyñ adam jesetleri bilen bozulmazlygynyñ gerekdigine ynanýarlar. Şol sebäpli ölüleriñ jesedini depin etmegiñ deregine üsti açyk diñleriñ gatynda it-guşuñ iýmegine we tebigy täsirlere  açyk ýagdaýda goýupdyrlar. Tebigy elementleri mukaddes saýypdyrlar we bu elementleri (suw, toprak, howa, ot) hapalanmakdan goralypdyr. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda oda, ýagtylyga ýa-da Güne ýüzüñi tutup (türkmenlerde bilen dogup gelýän Güni ýüze sylmak däbi şundan galan däpdir -t.b.) ybadat edilipdir. Ýagtylygyñ we aýdyñlygyñ Ahuramazdanyñ fiziki sypatydygyna ynanylypdyr. Şunuñ bilen baglanyşykly ot ýagşy bilen ýamany biri-birinden tapawutlandyran hudawy güýje eýedir ("Ot - oraz" diýen türkmen nakylyny ýada salyñ -t.b.) 
Bu ynanja görä ot ähli barlyklarda, janly-jandarlarda we jansyz jisimlerde dürli görnüşlerde peýda bolýar. Ody adamda, haýwanlarda, ösümliklerde, asmanda we ýerde dürli ýagdaýlarda we wagtlarda görmek mümkin. Iñ mukaddes hasaplanýan ot bolsa Hudaý Ahuramazda bilen adamyñ arasyndaky otdur.
Zoroastrizm dininde günde bäş gezek ybadat bar. Säher ybadatynynyñ aýratyn ýeri bolanlygyndan adamlary säher ybadatyna turuzýan horaz hem mukaddes saýylýar. Kybla Gündir. (türkmenlerde Güne seredilip, doga-dileg etmegiñ köklerini şundan gözlemek gerek -t.b.) Gün ýok wagty oda seredip ybadat edilipdir. Ilki-ilkiler ybadat açyk meýdanda edilse, soñ-soñlar gijelerine etmek ýörgünli bolupdyr. Ybadatlary ýekeleýin we köpçülik bilenem ýerine ýetiripdirler. Otparazlaryñ ruhanylary üç topara bölünýär: Herbit, Mubit we Dessur Mubit.

■ Zoroastrizm dini

Beýik hudaý Ahuramazdadyr. Älem-jahany we fizikanyñ çäginden daşarky güýçleri ýaradanam şoldur. Mukaddes we päkdir. Erbetlikler oña bulaşyp bilmez. Öz dünýäsinde ýeke-täk hudaý bolup ýaşaýar. Ahrimanyñ hüjümleri netijesinde erbetlikler we pyssy-pyjurlyklar ýer ýüzüne aralaşyp adamlara zyýan berýänem bolsa, ahyrynda Ahuramazda ýeñiş gazanmapy we ilkinji arassalyk dünýäni gaýtadan gurşap almaly. Zoroastrizmiñ düýp binýadynda haýyr bilen şeriñ göreşi baradaky taglymat bar. Zaratuştra ýer ýüzündäki uruş-dawalaryñ hudaýyñ ruhy Spenta Mainýu bilen şeýtanyñ ruhunyñ arasynda bolup geçýändigine ynanýardy we her iman edene gowulyk üçiñ göreşmek parzdy. Zoroastrizm ynanjynda Hudaý diýip ykrar edilen Ahuramazda "Paýhasyñ ussady" hasaplanýar, Ahriman bolsa şer güýçlere wekilçilik edýär we edil şu ýerdenem haýyr bilen şeriñ göreşi başlanýar. Bu iki güýç dünýäniñ soñuna çenli biri-birleri bilen çaknyşyk halyndadyr. Bu aýgytlaýjy göreşde adamyñ boýnuna uly jogapkärçilik düşýär. Hatda adam bu göreş üçin ýörite ýaradylypdyr diýilse-de, ýalñyş bolmaz. Adam akly bilen hereket edip ýagşy bilen ýamany biri-birinden aýyrmaly, durnukly göreşe girmeli we şeýdibem şeýtany güýçleri ýeñip öz ykbalyna özi ygtyýar etmegi başarmaly.
Zoroastrizm dininde jennet, dowzah we "Syrat köprüsi" diýip at berilen bir köpri bar. Otparazlara görä ýagşylar, ýagny "Ahuramazdanyñ tarapynda göreşenler o dünýä hiç bir kynçylyksyz aşyp bilmeli, ýamanlar bolsa ýörite taýýarlanan mekanlarda gaýgy-gama gark bolup ýaşamaga mejbur edilmeli. Adamyñ ruhy o dünýä geçmänkä dowzahyñ üstünde gurlan "Jinwat köprüsinden" geçmeli. Gowy ruh üçin köpri şaýol ýaly giñelmeli, erbet üçin bolsa päkiden ýiti howply ýola öwrülmeli. Erbetler "Jinwat köprüsinden geçjek bolanda "Duzeh" atly dowzaha düşse, gowular "Bihişt" diýlen jennete düşmeli. Adamyñ durmuşynda jennete girmek üçin ýerine ýetirilmegi hökmany käbir işler bar. Hemme zatdan öñ hakykata ygrarly bolup galmak, ýalandan we ýalana mejbur edýän bergiden gaçmak gerek. Namysjañlyk, ýagşylyk etmegi söýmek, maşgalaňa ikilik etmezlik hökmany şertdir. Adam öldürmek, ogurlyk etmek iñ uly günäleriñ hataryna girýär. 

■ Zaratuştra

Zoroastrizmiñ dinleriñ taryhyndaky ähmiýeti şol wagta çenli agalyk eden garaýyşlara örän möhüm konsepsiýalary goşanlygyndadyr. Bu garaýyş dünýäñ ahyrynyñ geljekdigi, haçanam bolsa bir gün kyýamatyñ gopjaklygydyr. 
Dünýäni elde saklamak üçin gije-gündiz biri-birine garşy göreşen Ahuramazda bilen Angra Manýunyñ (Haýyr bilen Şer) garpyşygy dünýäniñ soñuna çenli dowam etmeli. Şular ýaly taglymlar bilen Zaratuştra apokaliptik, ýagny dünýäniñ ahyrky günlerine degişli wahyýlary beren pygamberleriñ ilkinji mysalydyr. Otparazlyk ynanjynda taryh üç döwre bölünýär, her döwür dört müñ ýyla barabar, her dört müñ ýylyñ soñunda bir Saoşýant orta çykmaly. Iñ soñky Saoşýant hem gelensoñ kyýamat gopmaly. "Awestada" Ahuramazda (Ormazad, Ormuz) Ýezdan ýa-da diñe Ahura atlary bilen ýatlanýar. Beýlekisi bolsa ähli erbetlikleriñ gözbaşy we dolandyryjysydyr. Onuñ ady kitapda Ahriman, Diw, Angra Manýu atlary bilen geçýär. Ahuramazdanyñ ýanynda onuñ ýaradan we onuñ kömekçisi bolan ýene alty sany hudaý bar. Olara Imşas Pendler (ebedi mukaddesliker) diýilýär. "Gatalarda" we "Ýeştlerde" Imşas pendler perişdäniñ wezipesini ýerine ýetirýär. Käbir hudaýyñ atlary "Gatalarda" Ahuramazdanyñ sypatlarydygyna garamazdan "Awestanyñ" soñky wersiýalarynda bu sypatlar hudaý görnüşine getirilipdir. Şeýlelik bilen Zaratuştradaky ikitaraplaýynlyk, ýagny Ahuramazda bilen Angra Manýunyñ göreşi beýleki ylahy semawy dinlerde Allanyñ şeýtana bolan gatnaşygy görnüşinde teswirlenýär. Bu barlygyñ ýaradyjysy Ahuramazdadyr. Ahura haçanda gowy bir zady ýaradan wagtynda, oña gapma-garşy gelýän şer gowulygyñ kölegesi kimin onuñ ýanynda öz-özünden peýda boldy.
Bu iki güýç hemişelik garpyşygyñ içindedirler, bu garpyşyk diñe kyýamatda tamamlanmaly. Ahuramazdanyñ ýagşylaryñ tarapyny tutmagy netijesinde bu göreş ýagşylygyñ üstün çykmagy bilen gutarmaly. Ahuramazda ýeke-täk hudaýdyr we beýleki hudawy güýçler ýaly tümlügiñ we erbetligiñ wekili Ahrimanam diñe bir perişdedir, ýagny şeýtandyr. Gynansak-da, Zaratuştranyñ ölüminden soñ Ahriman gaýtadan hudaý derejesine göterlipdir we "gowy hudaý-erbet hudaý" düşünjeleriniñ çygrynda ikihudaýly ynanç sistemasy emele gelipdir.

# gizemligercekler.com saýtynyñ maglumatlary esasynda terjime edildi.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 49 | Добавил: Has | Рейтинг: 2.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Bähh, "dowzah" "behişt" sõzlerniñ aslam Awestanyñ "Duzeh", "Bihişt" sozlerinden eken-ow. Tasin maglumat.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: