14:49
Zenan gaýraty / hekaýa

ZENAN GAÝRATY

…Kuhy-Kap dagynyň gaýalaryny böwsüp çykan ýabany hem elhenç äjit-mäjitler deýin, çypar Çingiz hanyň wagşy leşgeri, gül-gülzarlyk meýdanyň çetinden giren ýalmawuz çekirtge sürüsine öwrülip, ilki ýeňilmez gaznaly türkmenleriň, soň at-awazalary jahana dolan seljuk türkmenleriniň, soňra durnuklylygyň hem ösüşiň nusgasyna öwrülen köneürgenç türkmenleriniň saýasynda, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda, beýle-beýle heýhatly günleri başlaryndan geçirip görmedik halklaryň depesinden towky bolup inýärdi. Girdenek atlaryna atlanan mongollar, Uzboýuň kenaryna hünji deýin düzülen şäher-kentleri, obalary toýnak astyna alyp, talap, oda berýärdiler. Gazaply Temuçiniň dört ogly zynjyrdan sypdyrylan dört sany möjek deýin, öz ýabany ordalary bilen Köneürgenç şalygynyň çar ýanyndan topulyp, başsyz galan döwletiň süňňüni çekeleýärdiler. Kakalarynyň öňünde beýleki doganlaryndan öňe saýlanmaga ymtylýan ogullaryň her biri, şäherleri syndyrmakda biri-birinden aýylganç usullary ulanýardylar. Öz bendileri bolan çynly ussalaryň ýasan, äpet-äpet daş harsaňlaryny we öz-özünden tutaşyp, çar-töwerege syçrap, beleň alyp barýan otly golçalary atýan manjynyklar, diwar deşiji gurallar, şähere ýakyn derýanyň bendini ýykmak, ilata rehim-şepagaty wada berip, aldawa salyp derwezeleri açdyrmak…garaz hilesi köp ýagy, ýeňiş gazanmak üçin hiç bir peslikden gaýtmaýardy.
Gündogaryň şamçyragy, “jahanyň şasy” tahalluslaryny alan Merwe, mongollaryň beýik Kaganynyň körpe ogly Tuli han hüjüm edýärdi. Nijeme wagta çeken gabawyň dowamynda ulanan hiç bir hile-pirimi ýol almadyk basybalyjylar, ahbetin, şäheriň içine ugradan jansyzlarynyň biriniň, gybatkeşleriň dilinden gapyp alyp, tapyp getiren tärini ulandylar. Marguş derýasynyň ençeme asyrlaryň dowamynda, ýüz müňlerçe adamlara dirilik paýlap duran bendini ýykdylar. Erkinlige çykan däli derýa, dem salymda, gadymy Merwiň synmajak ýaly bolup görnen diwarynyň bir ganatyny ýalmap-ýuwdup, ýüzüniň ugruna aldy ötägitdi.
…Aýylganç güwwüldiden ýaňa çar-töwerek tolkun atyp, sarsyp gitdi. Misli, haýsydyr bir äpet benijan, döşünden penjäni urup, rehimsizlik bilen idenekledip, silkip-silkip goýberen ýaly, tutuş Zemin durky-düýrmegi bilen titräp, sandyrady. Ýer goduklanda, senetçileriň syýrgynyndaky, gaýym eýlenen palçykdan gurlan öýüň binýady berkden tutulanam bolsa, tas çamalagy çaşýardy.
-Waý, Alla janlarym, bi nämäniň ahyrzamanyka?!-diýip ýakasyna tüýküren Hajarbike, ylgap daş çykdy. Daşyny ýagy gabap, başyndan magşar güni inderilýän şäheriň içinde, ençeme gün bäri depelerinden ýagýan daş bölekleriniň jaýlara degip, olary opurandaky güpürdisine, çar-töwereklerinde tutaşýan ýangyna, gyzyl-ot bolup ýanýan jaýlaryň arasynda iki-baka ylgaşýan adamlaryň gykylygyna endikli gyzjagazy bilen oguljygy, soňky döwür ejeleriniň elem-tas bolup ýörmegine halys öwrenişip gidipdiler. Şonuň üçin olar, duýdansyz işige okdurylan ejeleriniň eteginden aslyşjagam bolmadylar.
Hajarbike etek alty ýeň ýedi bolup daş çykan dessine, üstüne möjek sürüsi hüjüm edýän ýaraly gaplaň ýaly, soňkuja güýç-gaýratyny jemläp, janhowluna garpyşýan şäheriň maňlaý diwarynyň bir ganatynyň mähnet bolup, oýulyp, zym-zyýat bolup gidendigini, çar-töweregi-de burugsap, palçykly suwuň ysyna, tot-tozana eýlenen goýy tüssäniň gaplandygyny gördi. Ol allaniçigsi bolup içini çekdi. “Hiýh! Işimiz gaýtdy! Indi bosup gelýän wagşylaryň öňüni nädip bentlärkäler?!”.
Şol pille-de, onuň özüne beren sowalynyň oslagsyz jogaby ýaly, goýy tüssäniň içinden, ýüzi-gözüni tot-tozandyr gurum basan ýanýoldaşy Ýüwrük itenek-çomanak bolup çykdy. Atyny idip gelşine Ýüwrük, Hajarbikä gözi düşenden, üsgürinjiräp gygyrdy:
-Üh-he, üh-he… Bejit bol, çagalary alyp çyk!
Dyrnak ýaly çagalykdan erkek kişiniň beren tabşyrygyny, aňşyryp-aňşyrman ýerine ýetirmek üçin topulmaga werziş bolan Hajarbike, ýanýoldaşynyň aýdanlary aňyna ýetip-ýetmänkä eýýäm, çagalaryny garbap almak üçin öýe girip gitdi. Üç ýaşlyja ogly bilen ýaňy dördüni dolduran gyzyny goltugyna gysyp daşary çykanda, Ýüwrük eýýäm atyna atlanyp, taýýar durdy. Ol atynyň gulagyna eglip, assajadan boýnuny sypaýardy. Hajarbike olara ýakyn gelende Ýüwrügiň: “Gaýrat et gardaşym, ýene-de azajyk gaýrat et! Başyňa başym sadaga, janawerim! Gaýrat et-de çagalarymy bi allajydan alyp çyk!” diýip ýalbarýan äheňde pyşyrdaýandygyny eşitdi. Üsti-başyny basan gum-gumursydan ýaňa reňki saýgarar ýaly bolmadyk Demirgyr bolsa, göýä: “Hojaýyn, halys eňkim agdy, meniň!” diýýän dek, argyn halda başyny aşak salyp durdy.
Hajarbike haýdaşlap gelşine, ogluny Ýüwrüge uzatdy. Ýüwrük ony öňüne aldy:
-Oglum, şundan berk ýapyş!-diýip, eýeriň gaşyny görkezdi-de, özüne uzadylan gyzyny eline aldy. Arkasynda jaýlaşdyrdy. Onýança Hajarbike ylgap gidip, öýünden köne gyňajyny alyp geldi:
-Daňaýsana!
-Getir!-diýip Ýüwrük gyzynyň arkasyndan aýlap, gyňajy biline daňdy. Ýeňsesine gaňrylybam:-Gyzym, gorkmagyn! Berk ýapyşyp oturgyn!-diýdi.
Soňam öýe garşy ylgan Hajarbikä gygyrdy:
-Nirä tutduryp barýarsyň, gel, ýapyş üzeňňiden! Gitdik!
Hajarbike sakga durdy.
-Bi şaý-seplerimi bir…-diýip ol ýuwdundy.
-Zat janyňy alsyn! Ajalyň mekgäňe münüp gelýärkä, zady başyňa ýapjakmy?! Gitdik!
-Wah, iň bolmanda, bolanja gaty-guty çöregim bilen suwly meşigi bir alaýyn ahyry!-diýip ýanýoldaşyna tarap ýöräp barşyna Hajarbike, öýüne garşy gaňrylyp-gaňrylyp, delmindi.
-Häý, muňa gara! Entek öýlänligiňe ajygar çene çenli diri galjagyň gümana ahyry, seniň! Suw-beýleki meniň horjunymda-da bar. Ýapyş! Gitdik! Mongollar Soltanbendi ýykdylar. Şäheriň diwarynyň tutuş bir ganatyny, üstündäkiler bilen bilelikde däli derýa dem salymda ýuwutdy. Duşmanlar eýýäm şähere girdiler. Heniz häli aman sypjagymyz hem näbelli! Hälem, nakyp Abu Halyl ibn Hasan: “Ýigitler, indi her biriňiz ýanyp duran ot bolanyňyzda-da bitirjek işiňiz ýok, gidiň-de başardygyňyzdan maşgalaňyzy alyp çykyň. Bi gara topragyň, baý, göwni bitendir-ow sizlerden, gaty bitendir” diýäýdi. Ýogsa, ol ýerde barymyz tükel gyrylýardyk. Mongollar birimizem aman goýmazdylar-diýişdirdi-de Ýüwrük, Hajarbikäniň üzeňňiden ýapyşandygyny gören dessine, Demirgyryň böwrüne debisgiledi:-Çüw, janawer! Ýa gardaşym, mydarymyzam sensiň, halasgärimizem! Gaýrat et!
At gorgunlap ugranda üzeňňiden berk ýapyşan Hajarbikäniň eli şalkyldap Ýüwrügiň buduna degdi. Onuň jalbary öl-myžžykdy. Diňe şol pille Hajarbike çar ýany gurşan tot-tozanyň, goýy tüssäniň arasynda ýanýoldaşynyň aýagynyň gara gana boýalandygyny saýgardy. Ol daljygyp gitdi. Gorgunyna haýdap barýan bedewiň aýagyna eýerjek bolup elem-tas bolup barsa-da Hajarbike aýal jandurmazlygyny edip, demi-demine ýetmän, zordan:
-Bi…ýaralandyňmy, Ýüwrük?!.... Aýagyň garagan-la!-diýmegiň hötdesinden geldi.
Yzan-da-çuwan bolup barýan bosgunlaryň arasy bilen, synan şäheriň ýeňseki derwezesine garşy jylawuny gönüläp barýan Ýüwrügiň jogaby gysgajyk boldy:
-Arkamdanam. Dogrusy peýkamlaryn-a sogurdylaram welin, ganym diňmeýär-dä.
Şol pille gözlerini göteren Hajarbike ýoldaşynyň arkasyndaky siňe seredeniňde bildirýän gyzyl tegmili gördi-de, nädip içini çekenini duýman galdy:
-Hiýh! Waý, gara bagtym! Ganyň gidip dur ahyry!
-Tolgunma! Aman-esen gaýraky alaňlaryň arasyna bir özümizi ataly, şol ýerde saraşdyrar ýörersiň-dä!
Soň olara gepleşmäge puryja bermediler. Ala-burugsy bolup ýanýan jaýlaryň arasy bilen, bosgunlardan ýaňa hyryn-dykyn darajyk köçelerden saýlanyp, şäheriň derwezesinden saýlananlary hem şoldy welin, yzlarynda-da, gapdallarynda-da bir aýylganç gykylyk gopdy. Batlaryny saklaman gaçyp baryşlaryna, töwereklerine garanjaklaşanlarynda, eginleri possunly, kirden ýaňa keşpleri saýgartmaýan ýüzlerinde gyýyk gözleri deriň deşigi ýaly bolup, wagşyýana ýyldyraşýan mongol atlylarynyň, garawsyz bosgunlaryň depesinden gyrgy sürüsi dek inip ugrandyklaryny gördüler. Ýaşam bolsa, şihnäniň gulamlarynyň arasynda birnäçe ýyl bäri gulluk edip, juda köp gowgalary başyndan geçiren Ýüwrügiň aňy örän çalt işledi.
-Köpüň arasy bilen gitsek, Demirgyryň bu ýadawlygy, seniň bu elem-tas bolup gelşiň bilen ikuçsyz mongollaryň oljasy bolarys-diýdi-de ol, atyň jylawuny gapdala burup ugrady. Emaý bilenem yňan ugruna eňip barýan bosgunlaryň mähellesinden saýlandy-da, tary-mar edilýän şäheriň diwarynyň düýbüni gyýalap, demirgazyga tutdurdy. Birsellem şäheriň diwarynadyr, çar ýany gaplan goýy tüssä, toz-tozana duwlanyp gidenlerinden soň, olar şäherden ep-esli daşlykdaky gür ýylgynlyga ýetdiler. Hajarbike Ýüwrük bu ýerde biraz säginip ýaralaryna em eder öýtdi. Emma Ýüwrük göýä onuň pikirini okan ýaly:
-“Ýagydan ýaý boýy” diýipdirler. Entek birneme gideliň. Ýogsa häzir esasy kowgy gidenden soňra onuň pyýada saklawlary gaçyp-tezeniň, gizlenip galanyň gözleginde bu töweregi gyzyl-dörjük ederler-diýdi.
Olar ýene-de birsalym ýöränlerinden soň ýylgynlyk selçeňleşdi. Sähel aralykdan soň bolsa, kä ýerinde bir çeti-çerkez heşşerilip duran sap gum depeleri başlandy. Ýüwrük ýene-de saklanmady. Şol gitdi bardy. Olar kän ýörediler. Soňabaka Hajarbikäniň halys aňkasy aşdy. Diňe gorgunlap barýarka ýadawlykdan ýaňa, käte bir, gadam urşy bulaşyp, süssenekläp gidýän Demirgyryň aýagyna eýerjek bolup, dem alşyny sazlap barmakdan başga hiç zadyň pikirini edip bilmedi. Megerem, Ýüwrük entegem giderdi welin, birdenkä hälden bäri ak köpük bolup derleýän Demirgyr öz aýagyna çolaşan ýaly, takyr ýerde büdräp gitdi. Ýykylman zordan saklandy.
-Düz ýerde büdräp ugradyň-ow, janawerim! Az-maz demiňi-dynjyňy bermesek bolmaz indi!-diýip hümürdän Ýüwrük atyň jylawuny çekdi. Hajarbike gurap giden ellerini üzeňňiden zordan sypdyrdy-da, şol duran-duran ýerinde aşak çökdi. Demi-demine ýetmän sojap ugrady. Oňa tarap nazaryny öwrende, Ýüwrük hatynynyň horugmakdan ýaňa reňki solup, çalaryp giden, küljümek öwüsýän ýüzüni görüp, haýykdy. Dözmedi.
-Hajar, saňa-da öte agram salaýdym öýdýän! Ilkibaşky niýetim, Demirgyra çagalar bilen seni mündürip, özüm gapdalyňyzdan ylgamakdy welin, diwarlardan mazaly saýlananymdan soň, şäheriň çetinden girip ugran allajylaryň biriniň kemanyndan sypan peýkam budumdan giräýdi-dä! Ýagyrnymdaky ýara bilen oňşardym hem welin, şondan soň atyň aýagyna eýgermejekdigime magat göz ýetirdim-dä, şonda!-diýip Ýüwrük özüni aklaýan ýaly müýnli dil ýardy. Howandaryny boýnuny burmaga mejbur edenine Hajarbikäniň ýüzi gyzaryp gitdi. Ýadawlykdan ýaňa aýaklary özüniňki däl ýaly bolup dursa-da, ol özüne zor salyp ýerinden galdy. Tagaşyksyz ýylgyran boldy. Kepäp galan dodaklaryny zoraýakdan gymyldadyp:
-Ýok-la, bu oglany! Maňa-ha üýtgeşik agram düşmedi. Esasy zat allajy mongollaryň deminden sag-aman sypdyk, şoňa begenip biraz arkaýynlaşyp oturaýdym, men-ä!-diýişdirdi. Soňam Ýüwrüge elini uzatdy:
-Hany, getir çagalary! Ýere düşüreli-de, ýaralaryňy saraly, ýogsa bolanja mydaryň hem gider.
-Bolýar, düşürsek düşüreli. Ýöne bu ýerde kän eglenmäliň. Häzir mongollar atlylaryny saklawlara böler-de, biziň bölek-büçek galan-gaçan ýigitlerimiziň öz üstlerine gaça uruş etmekleriniň öňüni almakdan ötri, çar ýana aňtawçy toparlaryny ugradar. Şolaryň biri-ýarymy üstümizden gelmegi ähtimal. Ine, ilki muny al!-diýip Ýüwrük usurgap oturan ogluny Hajarbikä uzatdy. Hajarbike ogluny alyp ýerde goýany hem şoldy welin, Ýüwrügiň birdenkä ýüzüniň reňki üýtgäp gitdi.
-Hajar, men-ä birhili bolup barýandyryn…-diýip ol ysgynsyz pyşyrdady-da, atyndan bir ýanlygyna agyp ugrady. Hajarbike ony saklamaga zordan ýetişdi. Itenek-çomanak bolup, kellesini, gyralygyna gyşaryp duran bihuş adamsynyň böwrüne diräp, bir eli bilen onuň biline daňlan gyňajy çözdi. Haş-haşlap zoraýakdan gyzyny atyň syrtyndan düşürdi. Adamsyny gujaklap diýen ýaly atdan düşürýänçä bolsa, bolanja ysgyn-mydary-da gitdi. Ony ýerde ýatyrandan soňra birsalym demini dürsäp oturdy. Gözüniň öňünde gaýmalaşýan gara nokatjyklar aýrylandan soň, hasyr-husur, henizem huşsuz ýatan Ýüwrügiň kellesinden tuwulgasyny sypyrdy, bilinden aksaplysyny, gylyçly guşagyny aýyrdy, egninden ýeňiljek sowudyny, donuny, içinden geýen oýlukçasyny çykardy. Ony gyralygyna gyşardyp, köýnegini galdyrdy-da ýarasyny gördi. Soňra howlukmaçlyk bilen turdy-da, atyň eýerine bökderilgi horjundan ýoldaşynyň suwly mytarasyny aldy. Sähel salymda, ilki ýagyrnysyndaky ýarasyny, soň aýagyndakyny ýuwup, gaýym daňdy. Ondan soň gyrada biri-birine ýanaşyp, garaja gözlerini tegeleşip oturan çagalaryna mytaradan suw içirdi. Soň özi içdi. Soň Ýüwrügiň ýüzüne azajyk suw sepdi. Dodaklaryny ölledi. Ol yňranjyrap özüne gelip ugrady. Kellesini galdyrjak boldy.
Hajarbike ümzügini öňe atdy-da, onuň egninden basdy:
-Ýat, ýat, gymyldama! Ilki gyzgynyňa bilmedigem bolsaň, bi mahal sowaşanyňdan soň süňňüňe gowşaklyk aralaşdy. Az-kem dynjyňy al, soň atlanarys.
Emma Ýüwrük diýen etmedi. Kellesini galdyrdy:
-Beýdip, eljirän bolup ýatmaga wagt ýok, Hajar! Häzir üstümizd…
Gözlerini günorta tarap diken Ýüwrük birdenkä sözüni kesdi-de, gözýetime garşy siňe-siňe seretdi. Seretdigiçe-de onuň ýüzi daşdan çapylana dönüp ugrady. Ol hyrçyny dişledi. Gepläp başlanda bolsa onuň sesi birhili sop-sowuk hem boguk çykdy:
-Häk! Aýtdym-a men häzir mongol aňtawçylary kaňkap başlarlar diýip!
Allaniçigsi bolan Hajarbike adamsynyň seredýän tarapyna tiňkesini dikende, hol gözýetimde birnäçe sany gara nokatlaryň eýläk-beýläk erew-berew gaýmalaşýandyklaryny saýgardy. Olary has oňat synlamak üçin ýerinden tarsa turanam şoldy welin, Ýüwrük ysgynsyz elleri bilen onuň goşaryndan tutdy-da, aşak dartyp goýberdi:
-Otur aşak, nirä galkyjaklaýaň! Heniz bizi görenoklar. Seret, hanha, hol allaowarrada pelesaň kakyşyp ýörler, gören bolsalar, göni bize garşy at goýardylar. Ýeriňden dikelme. Demirgyry ýakyna gelmeseler saýgarmazlar, ol çägede gaty bildirmeýär, sen welin dym-gyzyl bolup ep-esli daşlykdanam görner durarsyň!-diýdi. Soňra Ýüwrük biraz nepesini durlamak isleýän ýaly, kellesini ýere goýdy-da gözlerini ýumdy. Göz açyp-ýumasy salym şeýdip ýatanyndan soňam, gabaklaryny göterdi. Ýaryk-ýaryk bolup, ganjaryp duran dodagyny ýalady:
-Indi meni berk diňle, Hajar! Häzir maňa şol depä galmaga kömek et. Özüm ýerimden turup bilmerin. Soň atyň eýerine berkidilgi ok-ýaýly sagdagymy alyp ber. Galkanymy aýyr-da, taşla. Size onuň derkary ýok. Dogrusy bu äjit-mäjitleriň atlarynyň boýy pessejigem bolsa özler-ä ýyndamdyr welin, onda-da Demirgyr biraz dynjyny alandyr, garaz gaýrat eder. Soňra çagalary al-da, atlan. Jylawy berk tut-da, birki ýola gamçy çal. Janawer düşüşdir, ömrüne gamçy çalnyp görlen däldir, ýokuş görüp güýjünden baryny edip çapar. Enşalla, Alla bizlik bolsa ol sizi alyp çykar!...Bulardan arany açanyňyzdan soň bolsa gumuň içine çuňlaşyberiň, ahyry özümiziňkileriň üstlerinden bararsyňyz-diýdi.
Hajarbike düşünmedi:
-A sen?! Sen näme?!
Ýüwrük oňa jogap bermedi.
-Hany, balalarym, geliň bärik!-diýip çagalaryny çagyrdy. Olar ýanyna gelenlerinden soň her haýsynyň ýaňagyndan taýly gezek öpdi:
-Maňlaýyňyza gowusyny ýazan bolsun-da, hernä, mähribanlarym! Bu wagşylaryň eline düşmek bir siziň nesibäňizde bolmawersin!
Ýanýoldaşynyň bolşy Hajarbikäni elheder aldyrdy. Kalbyny gaplan aýylganç gorkudan ýaňa, ol ömründe etmedigini etdi. Ýoldaşyna sesini gataltdy:
-A sen näme diýýän, men saňa?!
Ýüwrük Hajarbikäniň elini mähir bilen gysymyna gysdy:
-Ýuwaş! Üstümizi basdyrdyk, Hajar. Olar häzir ikuçsyz biziň üstümizden gelerler. Şonuň üçin bärde galyp olary biraz güýmemesem bolmaz. Üstesine Demirgyram ýadaw, biziň ählimizi alyp çykyp bilmez. Men size biraz wagt utaryn, siz bolsa oňa çenli bulardan arany açarsyňyz!
Hajarbike bar zada düşündi. Düşünmekden ýaňa-da şol oturan ýerinde doňňara-daşa öwrüldi galaýdy. Ol wagty bilen gymyldamandan soň Ýüwrügiň gahary gelip ugrady:
-Bol ahyry, indi näme otyrsyň? Bi mahal her pursat gyzyldan gymmatly! Olar golaýladygyça soň sypmak kynlaşar!
Adamsynyň sözlerine Hajarbike ukudan açylan ýaly boldy:
-Häh, häzir! Häzir bolýar!-diýdi-de ýerinden turup beýleräkde duran Demirgyra garşy ýöneldi. Hajarbikäniň dälirän ýaly bolup barşyna Ýüwrügiň hasam dünýäsi daraldy:
-Saňa diýýän-how, nirä barýarsyň?! Ilki maňa hol depä galmaga kömek et diýýän-ä men saňa!
Äriniň buýrugyny eşiden Hajarbike sakga durdy. Ýene-de ýaňkysy ýaly, sähel salym hiç hili gymyldy-hereketsiz doňup durdy-da, birdenem aýgyt bilen yzyna öwrüldi. Haýdap olaryň ýanyna geldi-de, birhili aýgytly hyruç bilen çagalaryny gezekli-gezegine bagryna basdy. Gyzjagazyny biraz köpräk gujagyna gysyp durdy-da:
-Gyzym, kakaň bilen jigiňe göz-gulak bolawergin!-diýip pyşyrdady.
Aýalynyň bolşuna heýýaty göçen Ýüwrük ýerinden turjak bolup dyzap durşuna, mejalsyzlygy zerarly turup bilmän sesine bat berdi:
-Eý, edýäniň näme-eý, seniň?!
Hajarbike oňa diýýämisiňem diýmän, çaltlyk bilen Ýüwrügiň donuny, sowudyny egnine geýdi, guşagyny guşandy. Börügini sypyrdy-da, adamsynyň tuwulgasyny geýdi. Ok-ýaýly sagdagyny, kelte naýzasyny, galkanyny gyzynyň ýanyna oklady-da:
-Gyzym, men gidenimden soň bulary kakaňa bergin!-diýdi.
Alaçsyz galan Ýüwrük näme etjegini bilmedi:
-Eý saňa diýýän men?! Edýäniň näme diýýän men saňa?!
Onýança Hajarbike Demirgyra atlandy-da, horjuny ýere taşlady, eýere berkidilgi Ýüwrügiň gyljyny eline aldy. Gözýaşdan hem mähir-muhabbetden ýaňa püre-pür gözlerini, zordan kellesini galdyran adamsynyň gözlerine dikdi. Onuň ýüz-keşbini gözleri bilen sypady:
-Özümi bilelim bäri sen diýip ýaşadym, mähribanym! Alla saňa gowşurdy, seniň bilen ýaşaşmak, seniň bilen çaga söýmek bagtyny maňa miýesser etdirdi. Şonuň üçin täleýimden müň kerem yrzadyryn! Indem seni pida berip, ýaşadym nä, ýaşamadym nä! Üçüňiz üçinem başym sadaga! Bu äjit-mäjitleriň aňtawçylaryny özüm yzyma düşürip alyp giderin! Günämi öt, mähribanym! Sizem bagyşlaň, guzujyklarym!-diýdi-de Hajarbike ata jüp gamçy çaldy. Başyny aşak salyp duran Demirgyr argyn bolsa-da, Ýüwrügiň aýdyşy ýaly, özüne gamçy çalnandygyny ýokuş görüp, öňe towusdy-da, takyryň gapagyny toýnagynyň astyndan zyňyp, öňe okduryldy. Sähel salym geçip-geçmänkä-de, hol allaowarradan mongollaryň “urragh, urragh” diýşip gygyryşýan wagşyýana sesleri eşidilip başlady…
…Şondan soň üçülenji gün diýlende, ýykylyp-sürşüp, zordan dähedem-dessemläp barýan Ýüwrük bilen çagalary, gum depeleriniň arasynda gizlenip ýören, özleri ýaly bosgunlaryň çaklaňja kerwenine sataşdylar. Hajarbikäniň bolsa şol gidişi gidiş boldy. Ýöne, şol pajygaly wakalaryň üstünden asyrlar ötse-de, häzirki güne çenli il arasynda, mähribanlaryny halas etmek üçin özüni pida eden türkmen zenanynyň gaýraty hakynda rowaýat heniz-henizlerem agyzdan-agza geçip, aýlanyp ýör.

■ Düşündirişler:

Temuçiniň dört ogly – Juçy, Jagataý, Ugedeý we Tuli;
Manjynyk – Katapulta;
Derýanyň bendini ýykmak – Taryhy maglumatlara görä, mongollar Gürgenç we Merw şäherlerine hüjüm edenlerinde, şäheri goraýjylary syndyryp bilmän, derýanyň bendini ýykyp, şäheri suwa gark edipdirler;
Aldawa salyp derwezeleri açdyrmak – Taryhy maglumatlara görä, mongollar Buhara we Samarkant şäherlerini ilata rehim-şepagat etmegi wada berip, aldap basyp alypdyrlar. Şäher derwezeleri açylandan soň bolsa, tutuş ilata gan çaýkap, “ogul olja gyz ýesir” edipdirler;
Gybatkeşleriň dilinden gapyp alyp, tapyp getiren tärini – Rowaýata görä, Tuli han näçe zabt etse-de Merwi syndyryp bilmändir. Onsoň özüniň geňeşdarynyň maslahaty bilen şäheriň içine öz içalylaryny ugradypdyr. Içalylaryň biri şäheriň içinde aýlanyp, gep diňläp ýörkä, tamdyryň başynda dawalaşýan iki sany aýalyň jenjelini diňläpdir. Şonda aýallaryň biri beýlekisine gaharlanyp: “sen şu günki güne çenli Merwi basyp alyp bilmän ýören mongollar ýaly emelsiz” diýipdir. Beýlekisi bolsa: “özüň şolaryň ýerine bolan bolsaň mongollardan gowy bolardyňmy?” diýip oňa meçew beripdir. Şonda ol aýal: “Hawa gowy bolardym, men-ä alardym-da Soltanbendi ýykyp goýbererdim. Onsoň derýa şäheriň diwarlaryny ýuwdandan soň, onuň içine ap-arkaýyn girip, edeniňi edibermeli bolardy” diýip jogap beripdir. Jansyz eşidenlerini Tuli hana gürrüň beripdir. Onsoň mongollar Murgabyň bendini ýykyp, Merwi syndyrypdyrlar. Soň Merwden halas bolan adamlar, şol iki gybatkeşi tapyp, her haýsyny Soltan Sanjaryň guburhanasyna barýan ýoluň bir tarapynda gömüpdirler. Häzirki wagtda Soltan Sanjaryň guburhanasyna barýan ýoluň her tarapyndaky daş üýşmegine lagnat daşyny atmak dessury hem şol günlerden galypdyr;
Nakyp (naýyp) – 50 esgerden ybarat bolan goşun birliginiň serkerdesi;
Şihne – şäher häkimi.

“Edebiýat we sungat” gazetinde çap edildi.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 116 | Добавил: Bagabat | Теги: Arslan Aýnazarow | Рейтинг: 3.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 20
0
1  
Dialoglaryñ gowulygy bir tarapa. Meñ esasy ünsümi çeken zat: hekaýañ başy şol yowuz döwrüñ peýzažyny, galagoply sahnasyny janly gornuşde berip bilipdir. Ylla horror kinofilmlerde (meselem Garri Potterde garañky gijede aýyñ ýagtysyna birden atylyp çykýan ýyrtyjy möjek mysaly) duydansyz doreyan iniñi jûmşûldediji pursatlar deýin ekşn sahnalar yada düşdi. Okyjynyñ göz öñünde çypar Çingiz hanyñ dört zülebendiniñ aw bolan awçyny dört ýandan çekeleýän pursaty janlanyp gitse gerek.

0
2  
Sozleri yerlikli ulanyp başaran yazyjy ynha şular ýaly oz dõwrüniñ ruhuny beryan gowy taryhy eserleri döredip biler, yogsa taryhy eserlere gowy sýužet tapanyñam, duýgy siñdireniñem, pikir bollugyny eçileniñem peýdasy ýok bolsa gerek.

0
3  
We şeyle taryhy kyssalary okamak bir taryhy ya-da ekşn kinofilmleriñ beryan estetiki lezzetini berip bilýär.

0
4  
Osman Ödäniñ bir makalasynda, taryh bilen hazirki dowri deñeşdiryan bir gowy mysal bardy, yagny taryhy we taryhda yaşap geçenleri galyñ aynanyñ añyrsyndaky adam, bizi we dowrumizi aynanyñ barsinde durup gürleşjek bolyan adama meñzedyardi. mysaldan gornuşine göra, biz olary goryas, yone seslerini eşdemzok, name diyyanlerini añşyramzok. Netijede ker bilen lal gepleşjek bolyandaky sahna emele gelyar.

Ussat halypanyñ Altynjan hatyn, Gutulmyş beg, Göktürkmen söygûsi romanlarynda bu agzalyan problema doly çözülipdir diylen yaly.
Hatda Altynjan hatyn romanyny okamak mende Zamahşar galasyny hokmany suratda gormek howesini doretdi we ol galanyñ içinde aylanyp ýörkam ylla Bugurjyk Abdalyñ, Abdylmäligiñ, Altynjanyñ enekesiñ, Mahmyt Gaznalynyñ, Altyndaşyñ, Togrul begiñ, Janahyr halwaçynyñ seslerini eşden yaly bolyañ. Romandaky sýužetler başly-barat añyñda janlanyar we şol dowrun galasy goz öñüñe gelyar...

0
5  
Arslan Aýnazarowda hem şeýle tutumly synanşyklaryñ boljakdygyna tûýs yüregimden ynanasym gelyar.

0
6  
Taryhy eser aslynda-da täsirli bolýar, ony başaryp ýazylanda bolsa gyzyklylygy birnäçe esse artýar. Sebäbi adamyň mahsuslygy şeýle, ol hemişe öz geçmişiniň-ä gurbany, geljeginiňem perwanasy. Şu güni elmydama gözüne tukat bolup görünýär. Bu hekaýanam bäş-alty ýyllykda gaty yhlas edip redaktirläp beripdim. Sýužeti göwnümden turandygy sebäpli, özümçe düzedişdiren bolupdym.

0
7  
Osman aganyň "Altynjan hatyny" hakyky taryhy roman-epopeýa. Ol boýunça çeper film dagy düşüriläýse hasam ýiti täsir edermikä diýýärin.

0
8  
Hawa, galany goreňde romanyñ sýužetleri gozuñde janlanyar, romany okañda-da gala goz öñüñde dikelýär. Ozuñ şol wakalaryñ içinde yaly duyyañ, hatda mahal-mahal şol döwürde yaşasyñ gelyar, hatda siziñ aydyşyñyz yaly beyik ideyalary durmuşa geçiren Mahmyt Gaznala, Togrul bege... gurban bolasyñ gelyar.

ynha, taryh bilen biziñ aramyzdaky galyñ aynany aýyrmak we okysyny taryh bilen bitewileşdirmek hem şo bolsa gerek.

Osman aganyñ bu ölmez-ýitmez işleri mynasyp bahasyna garaşýar. Hakykatdanam onuñ romanlary ekranlaşdyrylmaga mynasyp.

0
9  
*okyjysyny -

0
10  
Pahyryň özem juda artykmaç adamdy. Uly bol, kiçi bol tapawudy ýok "Dogan!" diýip ýüzlenerdi. Imany hemra bolsun, bendäniň!

0
11  
Osman Ödäýewiñ hekayalaryny diýseñ halaýan. Ogrydepe, Takdyryñ ýagyr teni, Hum, Binobat dünýäniñ nobaty... yaly hekayalaryny gayta-gayta okap doyamok. Türkmençilik, millilik, inçelip, kemelip baryan adamkarçilik şeýle bir inçelik bilen berilýär welin, okap hayran galmazlyk, okan hekayañ tasirinde birnaće gün gezmezlik mümkin däl.

0
12  
Edebi eseriň esasy özenini - söz, ýazyş usuly (sözlem düzüş tärleri) emele getirýär. Her ýazyjynyňam öz söz sözleýiş, ýazyş usuly bolýar. Mysal üçin, Juma Hudaýgulynyň, Kömek Kulyýewiň prozasy liriki proza degişli bolsa, Osman aganyň, Orazguly aganyň kyssasy gunt düşen ýaly agyr, saldamly, agras proza, Agageldi aganyň kyssasy agyr hem-de liriki prozanyň çatrygynda ýerleşýän kyssa görnüşine degişlimikä diýip pikir edýärin. Meniň pikirimçe agras (agyr) prozada çeper eser ýazmak has kyn. Sebäbi ýazyjy aglaba köp ýagdaýda ýazuw düzgünlerine doly diýen ýaly laýyk gelýän "dogry (dürs)" sözlemleri düzmek bilen özüniň beýan etmekçi bolýan pikirleriniň duýgulara täsirlilik mümkinçiliklerini özi aň ýetirip, belli bir derejede çäklendirýär. Liriki prozada welin tersine okyjynyň duýgusyna täsir etmek birneme aňsadrak ýaly. Ýöne edebiýatşynaslaryň aglaba köpüsiniň pikiri liriki prozada eser ýazmak agras (saldamly) prozada ýazandan has kynmyş. Sebäbi liriki prozanyň her setiri diýen ýaly duýgulardan ýaňa dyňzap durmaly, agras proza bolsa tersine endigan beýan ediş akymyny saklamaga has amatlymyş. Bilmedim. Haýsynyň-a telekdigini, haýsynyňam gerekdigini...

0
13  
Haysyndan yazañda-da ozuñi ozuñ hokmunde ykrar etdirip bilmeseñ iş pyrryk agam, telekdenem beter.
Ynha, Tirkiş Jumageldini alaly, dokumentallyk kükeýä köp eserinden, emma ýüz öwrer yaly eserler dal, gunt düşen yaly edil. Sapargeldi Annasähedi alyañ welin duybunden başgaça: many goyazylygy, sõzleriñ şireliligi añyña baldyr yag bolup damýa. Öwezdurdy Nepesowyñ romanlaryny alýañ welin, durmuşyñ nogsanlyklary ähli ýalañaçlygy bilen göz öñüñde janlanýar, özem Owezdurdy agañ köp edebiyatçylara yaramayan bir ayratynlygy bar, olam şol sýužetleriñ "yalañaçlygynda", yagny durmuşyñ wejeralyklaryny, yaramaz adamlary açyk suratlandyryanlygynda. Yone bir zady asla ünsden düşürmezlik gerek. Okañda süýji kakyan özüne çekiji sozleriñ, sahypadan sahypa süýreyan dartgynly wakalaryň, yaramaz adamlaryñ obrazyndan doldurylan eseriñ jûmmüşinde ähli yaramazlyklardan azat yeke-tak ideal gahryman (mysal u.n "Zyyarat" romanynda Gurbanguly, "Gyrnak" romanynda Ogulnyýaz) hereket edyar we ol gahryman hem wyždanyñy, ynsabyñy kirletmän, pislikleriñ içinde poha bulaşman durmuşdan nahili baş alyp çykmalydygyny görkezyar.

0
14  
Şoñ üçin men-a prozanyñ jogapkarçiligini poeziyadan agyr göryan, kim name diyse diysin welin.

0
15  
Şahyrçylykda joşan wagtyñ yazyp durmaly, ylhamyñ derejesine görä.
Emma yazyjylykda welin, goruñ yabygorlurak bolsa, galam ýöredişiñ telli-pelliräk bolsa gözbaşyñy derrew guradyp taşlaýýa, bar bilenjäñi sokga sorup alýa.
Ozimden mysal: birki sany hekaya yazan boldum welin, şondan soñ sanaç silkinäýdi smile

0
16  
Ya-da Aşyr Salyh agañ aydyşy yaly, Ahmet Halmyrat kimin yazjak bolsañ yylda bir ya iki hekaya yazmaly, az bolsun uz bolsun edip, yogsa-da öz hetdiñi tanap okabermeli okyjylañ arasyna goşulypjyk.

0
17  
Dogrusy, öňler şahyryň duýgularydyr-pikirleri şygyr setirlerine sygman başlanynda ol ýazyja öwrülýär diýip halypalarymyň biri öwrederdi. Ýene-de hemişe "Şygyr - Melike, Kyssa - onuň kenizi" diýip jaýdar aýtmagy gowy görerdi. Bilemok, belki özümden, sözüň hakyky manysynda şygryň ýeke setiriniňem näçe çytraşsam-da çykmandygy üçin bolmagam ähtimal, halypamyň şol sözlerini dogry diýip hasaplaýaryn. Hakykatdanam Şygyr - bu haýbatly, gözel, näzik, ajaýyp, aňk edýän Melike, Kyssa bolsa, edebiýatyň gara işçisi.

0
18  
Öwezdurdy aganyň "Zyýaratyny" bolsa on gezek dagy gaýtalap okandyryn, hasam baş gahrymanyň soň öz gelnejesi bolan gyza bolan söýgüden ýaňa gözüniň agarandygy hakyndaky ýerlerini...Üýtgeşik geň galdyrypdy. "It görse gözi agarar" diýilýämi? "Adamyňam gözi agaraýýarmyka?" diýip köp oýlanyp gezipdim. Soň düşündim. Ýazyjy okyjynyň ünsüni kökermek üçin ony ilki bilen geň galdyrmaly. Gözi agardy diý, gözi pyşyrdaýar diý, "Hyh janawer!" diý ýa-da Tolstoýyň "Anna Karenina"-daky ýaly garaňky jaýda öz gözüniň ýylpyldysyny özi duýdy diý... garaz birhili usul bilen, eýdip-beýdip okyjyny adaty dünýäniň gündelik hysyrdylarynyň arasyndan özüňe dartyp, sogrup, alyp galmaly-da...

0
19  
Ýöne, gynanýan zadym, şu giden elektron kitaplaryň häzirki ýaly elýeterliligi günde bir kitaby okamag-a beýle-de dursun, şol durşuna "hopurdadyp" çykýan wagtlarym ýokdy. Indi bolsa...iş köp, dert-alada kän, el degmeýär, ýaltanýan, ýadadym, okasym gelmeýär, kellä agram salmak islämok, peýdasy näme, ynanamok, manysyz hasaplaýan... garaz, milliard bahana bar.

0
20  
Taryh, edebiýat sapagynda oturan ýaly bolaýdym teswirleri okap, hekaýa-da täsirli welin teswirler mekdeplik bolupdyr. Hezreti Magtymgulynyñ "Alymlara uýsañ açylar gõzüñ" diýişi mysaly şunuñ ýaly dõwletli sõhbetleri okmagam taryhy eserleri okamagam ruhyña güýç berýän ýaly taryha bolan gyzyklanmañy edebiyata bolan yşkyñy artdyrýar. Sagboluñ şeyle gymmatly hem dõwletli sõhbetleri ýetirip duruñ))

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: