10:53
Zeleliň ýarysy ýa-da "Aşyk talyp kyssasy" / hekaýa
…Sapak gyzgalaňly gidip durdy. Mugallym öz kärine aşyk hünärmenleriň ählisine mahsuslykda, öz gürrüň berýän wakalary ýüzlerçe ýyl mundan ozal bolup geçenem bolsa, özi şol hadysalary gözi bilen görmeg-ä beýle-de dursun, hatda, şol zatlaryň içinde bolup, dartgynly taryhy çaknyşmalaryň ählisini hut öz başyndan geçiren ýaly, joşup-joşup gepleýärdi. Bu bolsa onuň berýän dersini hasam gyzykly edýärdi. Emma, yzky orunlaryň birinde ýeke özi oturan Orazyň welin, sapak bilenem, mugallymyň gyzykly dersi bilenem seri ýokdy. Bu mahal onuň küýi-köçesi, ilkinji hatarda, tutuş durky-düýrmegi bilen sapagy diňlemeklige berlip oturan Jennetdedi. Gyrmyzy köýneginiň içinde günüň şöhlesi düşen göwher deýin lowurdap oturan gyzyň gardan ak ýeňsesinde buýra-buýra bolup çowlanyp duran çokulyndan gözüni aýryp bilmeýän ýigdiň gursagynda bu mahal ahmyrmy, ökünçmi, kinemi, gahar-gazapmy, matlaby paşmadygyň lapykeçligimi, topardaş gyzynyň hyýalynda gaýmalaýan nepisden näzik şekiline bolan mähirmi…garaz müň dürli, biri-birine gapma-garşy duýgularyň dürüşdesinden emele gelen alasarmyk alas-gopaslyk tüweleý turuzýardy. Onuň kükregine edil bir gysym köz guýlan ýalydy. Ýanyp barýardy. Birden-birdenem, näme üçindir bütin süňňi gyzyp-gyzyp gidýärdi. Aňynda bolsa Jennedi ilkinji gezek göreninde niredendir bir ýerden serinde peýda bolan setirler şol yzyny üzmän gaýtalanyp durdy.
…Ele alýarlar-da ýiti keseri, lokga daşyň ähli artyk bölegni ýonup, döredýärler ajap eseri… Ele alýarlar-da ýiti keseri, lokga daşyň ähli artyk bölegni ýonup, döredýärler ajap eseri… Ele alýarlar-da ýiti keseri, lokga daşyň…Dogrudanam ol ajaýyp eser ýaly ajaýyp! Edil, haýsydyr bir, hakdan içen zehini bu dünýälik däl, ussat heýkeltaraş tarapyndan, elýetmez-aňýetmez-sözýetmez gözelligi bilen adamlaryň içini ýakmak üçin, her göreni otdan alyp suwa, buzdan alyp ataşa oklamak üçin, ýanmak üçin, ýanmak üçin, ahbetinem ýanyp bilmän köýmek üçin döredilen, nepisligiň hem näzikligiň nusgasy ýaly…Äý, hawa-da… Ele alýarlar-da ýiti keseri, lokga daşyň ähli artyk bölegni ýonup, döredýärler ajap eseri…
Birdenem…Jennet, mugallymyň talyplaryň biraz ünsüni çuslamak üçin aýdan haýsydyr bir ýerlikli degişmesine ýylgyrdy-da, ýüzüne hasam gelşik beren birenaýy ýylgyryşyndan topardaşlarynyň hem lezzet almagyny isleýän dek, yzynadyr-gapdalyna gaňryljyrady welin, Orazyň ýüregi jigläp gitdi. Damarlaryny söküm-söküm yzarlap giden söz bilen düşündirip bolmajak lezzetli hem ezýetli duýgulardan ýaňa, ömründe ilkinji gezek aşyk bolup görýän ýigdiň endamyna ýeňiljek galpyldy indi…Ol şeýlebir ýakynjagynda…Hanhajykga… Aralarynda bary-ýogy üçje sany talyp otyr…Ýerinden turaga-da dört-bäş ädim äden dessine oňa ýetýär…Emma, ol onuň üçin şeýlebir uzakda…Üç aý mundan ozal ilkinji gezek gören pursadyndan bäri, onuň üçin jahanyň ähli manysyny-mazmunyny, gyzygyny-eşretini özünde jemlän näzenin, özi bilen bir ýokary okuw mekdebinde, bir toparda okasa-da, bir umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşasa-da, onuň üçin şeýlebir alysda welin, ol ýere hatda otlularam gatnamaýar, ulaglar gitmeýär, uçarlar ýok, hatlaryň baryp gowuşmaz, gowşaýanda-da okalman ýyrtylar…Düýnki gürrüňden soň-a, indi asyl, amerikanlaryň Marsa uçuran kosmos gämisi bilenem ýetip bilmersiň, onuň ýaşaýan ülkesine…Näme üçin?! Näme üçin?! Näme üçin şeýle bolýar?! Näme üçin?!
Oraz on iki süňňüni doldurýan jebirli duýgularyna döz gelip bilmän gözlerini ýumdy-da, assajadan sojap dem alyp goýberdi.
Sen-ä onsuz…Ol bolsa seni…Sen-ä onsuz, hatda ýaşaýşyňy hem göz öňüne getirip bilmeýärsiň…Ol bolsa iň bärkisi sende gözüni hem ägindirmeýär. Hamana, sen ýok ýaly… Hamana, senem onuň özi ýaly etden-süňkden, gandan we damardan ybarat, aňly-düşünjeli adam däl-de, boş ýer ýaly…Hiç zat ýaly…Hiç kim ýaly…
Gör eýýäm näçinji gezek Jennediň öten agşamky bolşy hakydasyna gelende Orazyň gahar-gazapdan ýaňa ýeňsesi gyzyp gitdi.
…Ilk-ä, gije sagat ondan agýança Myrat ikisi ertirki sapaklara taýýarlanýan bahanasy bilen umumy ýaşaýyş jaýynyň okalga otagyndan çykman geçdiler…
Myrady ýatlanyndan Oraz, gapdaldaky hatarda, bar ünsüni mugallymyň aýdýanlarynda jemläp oturan, arasynda-da berilýän dersiň has zerur ýerlerini depderine bellik edişdirýän topardaşyna gözüniň gyýtagyny aýlady. Muňa onuň gabanjaňlyk körüginden ýel alýan gahar alawy has hem köräp-köräp gitdi.
…Gör-ä bolan bolup oturşyny…Hiç zat bolmadyk ýaly…On iki süňňi bilen gulaga öwrülen bolup otyr…Hymh…Nämemiş, Jennet ikisi biziň toparymyzyň iň ökde talyplarymyş…Hemme mugallymlar hem olary beýlekilere görelde edip goýýarmyşlar…Ýeri bolanyňda näme, ökde?! Näme “men ökde” diýip biriniň ölüp ýetip bilmeýän elýetmeziniň ýanyna ýelimlenen ýaly bolup ýörmelimi onsoň?!...
Oraz birsellem şeýle halda gabanjaň gahara berlip, aram-aram göz astyndan Myrada tarap otlukly nazarlary oklap oturdy. Sapaga gümra bolup hiç zada baş galdyrmaýan Myrat bolsa alasarmyk duýgularyndan ugur-utga çykaryp bilmän, “jany ýanan taňrysyna gargar-a” tutduryp, hemmelerde ary köýen ýaly bolup oturan jahylyň awuly garaýyşlaryny iň bärkisi aňşyrmaýardy hem.
Birhaýukdan soň Orazyň pikirleri ýene-de Jennediň düýnki sözlerine syrykdy. Düýn agşam ol tä Jennetdir Myrat beýleki ýoldaşlary bilen sapaklaryna taýynlanyp bolýançalar, Jennediň ýoluny peýeläp, garaşyp durdy. Haçan-da olar otagly-otagyna daganlarynda bolsa, Jennediň ýeke özüni, uzyndan giň däliziň ugrunda saklady-da, çekinip-sakynyp, nijeme wagt bäri ýüreginde besläp ýörenlerini aýtdy. Aýtdy. Ýekelikde müňlerçe gezek gaýtalap-gaýtalap ýat tutanynda, şeýle ynandyryjy hem akgynly bolup eşidilýän sözleri, olar niýetlenen adamsyna – Jennede diýilmekçi bolanda, olaryň ählisiniň bir demde aňyndan zym-zyýat bolandyklaryna, kellesiniňem pikirsiz-duýgusyz haňlap ýatan boş gapyrjaga dönendigine garamazdan, şol pille-de, göz açyp-ýumasy salymyň içinde, niredendir bir ýerden oýlap tapyp, diline getiren gödeňsiden-gödeňsi, tagaşyksyzdan-tagaşyksyz sözleri, gödekleç hem guraksy äheň bilen aýtdy. “Ilkinji sapar görenimden bäri gowy görýän” diýdi, “Sensiz ýaşap bilemok” diýdi, “Meni beýtme” diýdi…Başga-da ýene-de bir topar, şol pursadam, soňam, häzirem ýuwan, suwjuk, nakys hem gödek eşidilen, eşidilýän, eşidiljek zatlary diýişdirdi…Şol pursadam, soňam, häzirem özüniň şol zatlary diýişdirendigi üçin öz dilini palta bilen çapym-çapym edesi gelip, içi ýanyp-tütäp barsa-da, barybir diýişdirdi…
…Jennet bolsa…Ol bolsa, öz öňünde alasarmyk düýşden çykyp gelen geň jandary görýän dek, birsalym Orazy synlap durşuna diňledi-diňledi-de, birdenem jakgyldap gülüp goýberdi. Soňam, gaşlaryny birgeňsi edip bürüşdiren boldy-da, oýun edýän äheňde, ýöne çyny bilen: “Wiý bu oglany…Aý oglan, bu mahal bu zatlar nireden ýadyňa düşüp ýör ahyry?! Näme, oýun etjek bolýarsyňmy? Beýdip, topardaşyňy gijäniň içinde gorkuzyp ýörmän, ondan-a, gidip il deňinde sapaklaryňa taýýarlanarlar…Hanha, üçlükden gözüň açylmaýar…Olary hem zordan alýarsyň…Ine, Myrada seret, özüň ýaly oglan welin, gör-ä ony, nähili okaýar, bilýär…Hemmämize görelde…Sen bolsa…Obadaşlaryň mekdebiňizde iň ökde okuwçylaryň biridiň diýýärlerem welin, birhili ynanasyň gelmeýär…Okuwa başlalymyz bäri, şol iliň yzynda süýrenip ýörsüň. Beýtme ahyry, Oraz! Beýdip, şu wagtkyň ýaly bihuda zatlara güýmenip ýörme-de, okuwyň bilen bol ahyry!” diýişdirdi-de, deňesinden sowlup otägitdi.
Şol pursat Oraz özüni şeýlebir ýigrendi, şeýlebir ýigrendi welin, ýer-ä ýarylmady olam girmedi. Janyýangynjyna: “Wah, meni bir ýer ýuwutsady” diýip janagyryly pyşyrdady-da, otagyna tarap ýeňsesini el ýaly etdi…Indem ine, öten gijäni çirim etmän, düşeginde towlanjyrap, gözüne çiş kakylan ýaly bolup geçiren-ä geçireni, üstesine häzirem, gursagyna goşawuçlap-goşawuçlap köz guýlan dek, sermisal halda, bu dünýäniň adamsy däl ýaly bolup otyr. Otyr ol, köpçüligiň arasynda iki jahanyň owarrasyna dönüp…Ýene-de Orazyň gahar-gazap ody lowlap galdy…
-Annalyýew, biz saňa päsgel beräýýän-ä däldiris-dä, hernä?!
-Häh! Näme?!-diýip Oraz mugallymyň özüne ýüzlenmesine allaniçigsi bolup tisginip gitdi. Diňe şu müddetde, ol mugallymyň hälden bäri sapak bermesini goýup, özüne garap durandygyny, özüniň bolsa bu ýagdaýy tä mugallymy özüne ýüzlenýänçä aňşyrmandygyna düşündi. Talyp burç ýaly gyzardy. Topardaşlary pyňkyryşdylar. Ol muňa hasam aljyrady.
- Men diýýän, “Annalyýew” diýýän, eger-de, biziň hemmämiz saňa bu ýerde içiňi hümledip oturmaga päsgel berýän bolsak, seni biynjalyk edýän bolsak, biz başga otaga geçeliň, sen ýeke özüň oturyber şu ýerde, diýýän, Annalyýew, hä?!-diýip mugallym hälden bäri sarp eden yhlasynyň bu talyp üçin bihuda gidendigine gatyrganýandygyny duýdurmakçy boldy.
-Bagyşlaň, mollym! Indi gaýtalanmaz!-diýip ýerinden turan Oraz boz-ýaz bolan ýüzüni sapajak-supajak etdi.
-Otur, otur, ýoldaş talyp! Bu aýdylýan zatlar, berilýän bilimler, owaly bilen-ä özüňe gerek, soňam seniň ýaşaýan jemgyýetiňe gerek! Döwlet, jemgyýet, ataň-eneň saňa ummasyz serişdeler, yhlas sarp edip, senden oňat hünärmen taýýarlamakçy bolýar. Saňa guwanmak üçin, seniň üstünlikleriňe begenmek üçin. Seniň hünärmen hökmünde ýetişip, öz halal, döredijilikli zähmetiň bilen saňa yhlas baryny siňdirenleriň öňündäki borjuňy ödäriň ýaly…Sen bolsa Annalyýew, bagyşla welin, bu ýerde öz mugallymyň zähmetine, topardaşlaryň gymmatly wagtyna hormat-sarpa goýman, ham-hyýallara berlip otyrsyň…Netije çykaryň, ýoldaş talyp! Öňem-ä sapaklaryňyza ýetişigiňiz zoraýakdan, patdyk-putduk…
Mugallymyň gyjalaty Orazyň ýarasyna duz basdy. Ol utanjyndan ýaňa ýere giräýjek bolup oturdy. Şondan soň ol tä sapak tamamlanýança mugallymyň ünsüni özüne çekmezlige çytraşdy. Sapak bilen seri bolmasa-da, Jennededir Myrada garşy seretmezlige, olar barada oýlanmazlyga çalşyp, mugallymyň aýdýanlary aňyna ýetmese-de, sapaga üns berýänsiränden, depderine nämedir bir zatlar bellik edýänden boldy. Sapak tamamlanan dessine-de, hiç kime we hiç zada baş galdyrman umumy ýaşaýyş jaýyna garşy eňdi. Otagyna girip, işigi içinden kiltledi-de, eşigini hem çalyşman, gözüni bir nokada dikip esli oturdy. Birhaýukdan soňam:
-Ýok-la, mundan gün bolmaz! Bu halda, ile wejera bolup ýörenden, bu giden masgaraçylygy bes eden ýagşy!-diýip diňe özüne eşidiler ýaly pessaý hüňürdedi-de, tekjeden köne depderini alyp, iki sahypa kagyz ýyrtdy. Birine ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň adyna, özüni okuwdan boşatmak barada arzany ýazdy. Beýleki sahypada şol arzasyny degişliligi boýunça gowşurmagy otagdaşyndan haýyş etdi. Soňam özüne degişli goş-golamlaryny ýygnaşdyrdy-da, çykyp gitdi. Umumy ýaşaýyş jaýyndan çykyp barýarka-da, açaryny gowşurmak üçin binanyň gözegçisi – Sülgün ejäniň otagyna baranda, otagyň gapysynyň açykdygyny, içinde-de hiç kimiň ýokdugyny gördi. “Megerem bir ýere çykandyr-da, äý, özi geleninden soň görer-dä” diýen pikir bilen otagyň açaryny çykardy-da, açar tekjä ildirdi. Soňam aşagyndan çykyp bolmajak aýyp iş edýän mysaly, öz bolup barşyndan utanyp, hiç kimiň gözüne görünmezlige çalşyp, uly ýola çykdy.
Misli bu hereketleri özi däl-de, başga biri edýän dek, öz edýän-goýýan zatlaryny düýbünden aňşyrman diýen ýaly, sebedini gerşine alyp, duralga bardy. Birsellem awtobusa garaşdy. Geleninden soň mündi. Paýtagtyň demir ýol menzilinde düşdi. Obalarynyň gapdalyndaky demir ýol bekedine çenli petek aldy. Otly gelýänçä garaşmaly boldy. Näme üçindir gurruk guýa dönüp boşap galan beýnisinde haňlap ses edýän boşluga diň salybam, hiç hili pikirsiz-duýgusyz garaşmaga başlady. Demir ýol menziliniň binasynyň daşynda iki ýana gezmeledi. Gerşi agyryp ugranyndan soň, henizem arkasynda içi geýim-gejimden, öýlerinden okamak üçin alyp gaýdan, emma, ýeke gezegem gatyny açmadyk kitaplaryndan doly sport sebedini saklap durandygy aňyna geldi. Ony ýerde goýup, ýene-de gezmeläp başlady. Aňynda-da, diňe şol, haçanam bolsa birmahal, haýsydyr bir kitapdan okalyp, beýnisine ornaşyp galan şygyr setirleri tukat hötjetlik bilen, şol gaýtalanyp durdylar…Ele alýarlar-da ýiti keseri, lokga daşyň ähli artyk bölegni ýonup, döredýärler ajap eseri… Ele alýarlar-da ýiti keseri, lokga daşyň…
Ol gaýtalanyp duran setirleriň arasynda-da, edil ýolundan azaşanyň selpäp-selpäp, ahyry bir gum obasynyň üstünden barşy deýin, “Edil ajaýyp eser ýaly ol, edil ajaýyp eser ýaly” diýen pyşyrdy-pikir beýnisinde emele gelýärdi-de, onuň lapykeçligiň holtumyna düşüp, mynjyrap barýan göwnüni sodaja yzadan doldurýardy. Şol jümläni oýlanan dessine-de “Gutardy! Indi barysy gutardy!” diýen ajy pikir hem ony süýrdepesinden ýekedaban bilen urlan ýaly, seňseledip taşlaýardy...
Perişan halda iki-baka gezmeläp ýörşüne birbada Oraz, otlynyň gelip durandygyny-da duýmady. Haçan-da, töwereginde gaýda-gaýmalaşyk köpelip ugranyndan soň, ol ukudan açylan ýaly, çar ýanyna gözüni aýlanda, hemmeleriň otla münmek bilen başagaýdyklaryny gördi. Ol sebedini göterdi-de, öz ornuny agtarmaga ýöneldi. Tapdy. Kupäniň işiginden boýnuny uzadanda, içerde iki sany orta ýaşdan agan we bir, ýaşy ýaňy otuzdan geçiberen ýolagçylaryň oturandyklaryny gördi. Edep bilen salam berdi.
-Hä, waleýkim essalam, köşek, waleýkim essalam! Gel-geç, giriber, goşuňy hem okla bir gyra, ine, mazaly bizem çaý içen bolup otyrys. Geçiber!-diýip gartaşan adamlaryň biri göwnaçyklyk bilen oňa ýer görkezdi. Orazyň şu wagt, ol-a özge adam ekeni, hatda özi bilenem gepleşesi gelmeýärdi. Ol tutuksylyk bilen:
-Sag boluň, ýaşuly! Men ýöne biraz ýadawrak, häzir birsellem dynjymy alaýyn! Çaýy soň içibereris, heniz ýol uzak-la!-diýip sebedini goşdanda ornaşdyrdy-da, köwşüni çykaryp, ýokarky gatdaky öz ornuna geçdi. Uzyn süýndi. Elleri bilen ýüzüni ýapdy.
“Wah, şu wagt meni bir ýer ýuwutsady!”
Bada-badam onuň bu garaňky pikirine jogap bermäge howlugýan dek, ýüregi ilgezik birehimlik bilen: “…Ele alýarlar-da ýiti keseri, lokga daşyň ähli artyk bölegni ýonup, döredýärler ajap eseri…” diýen jümläni aňynda döredip-döredip goýberdi…Çydar dagy eder ýaly däldi. Çydar dagy eder ýaly däl ahyry!... Oraz ýeňsesine dönüp, ýüzüni ýassyga berdi.
Ýaş ýigdiň bolşuny birhiliräk gören bolsalar-da, ýolagçylar syr bermediler. “Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz, elbetde, munuňam özüne ýetesi emmajygy bardyr-da” diýen ýaly edip, her haýsy özüçe netije çykardylar-da, öňki mesawy söhbetlerine dolandylar.
-Hä, onsoň, ýaňky edip oturan gürrüňimiň yzyny aýtsam, ýeksurun diýmäýin diýsem, çagaly-çugaly zaňňar welin, ejesi ikimiz-ä beýlede duraly entek, öz öýüne-de peýdasy ýok, häkiniň……-diýip ýaňky Oraza alçaklyk bilen jogap beren ýolagçy, arasy üzülen gürrüňi dowam etdirip ugrady:-Äý, ýöne, dogrusy, özümizde-de günä bar-la! Öýdäki bilen ikimiz iki ýerden öte yhlas etdik-dä, ol ergeneksize! Dogrusy, Hudaýa şükür, ol bidöwletden başga-da üç oglumyz, iki gyzymyz bar. Hemmesi-de, hanha, allanäme, maşgalaly-döwletli, agzybirje ýaşaşyp ýörler. Görseň gözüň guwanýar. Bi, diýmäýin diýsem, eşek welin, ne bizde abraý goýdy, ne aga-ini-uýasyna hormat…Häk ýöne…
Gürrüňçil ýolagçy ahmyr bilen hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. Sähel salym dymyp duranyndan soňam, megerem, bu yzasy içinde gemre baglap giden bolara çemeli, ýene-de gepläp ugrady. Hamana, bu derdi barada ýakynlaryna zeýrenip ejizlemekden ejap edip-edip, indem: “soňam gabat gelişjegimiz gümana, tötänden sataşan kesekilere bir aýdyp-aýdyp içimi sowadaýyn-la” diýýän ýaly…
-…Kiçilikden beýlekilerimden üşüklije, zehinlije bolansoň, ony halys ezizleýärdik-dä! Öte läliksiredýärdik…Maşgalada uly-kiçi hemmämiziň göz-guwanjymyzdy ol! Öýüň körpesi bolmasa-da, körpelerden ýegdi ol, nähili täze zat alynsa ilki şonuň üçin alynýardy, ilki şol geýindirilýärdi, ilki şoňa iýdirilýärdi…Öwh!
Ýaşuly ýene-de uludan demini aldy. Ýöne bu gezek ara maý salyp, dymyp durman, bahymrak aýdyp gutaryp, derdini egsip dynmaga howlugýan dek, ýene-de sözüniň yzyny alyp gitdi: -Dogrusy, ilki bada gowudy hem ol. Tamamyzy tala daňmady. Yhlaslydy. Mekdepde dagy zybrym bäşlige okaýardy. Bäsleşige dagy gitse, giden ýerinden birinji orny alman gaýtmazdy. Özi hünär saýlap alyp, ýokary okuw mekdebine girende dagy, asyl depämiz göge diredi. Ejesi dagy, öýde begenjinden ýaňa hepdeläp ýatyp bilmedi…Hatda şo mahal: “Bes et-how, indi sen, bü bolup ýörşüňe begendik bolup, bahym hassahana düşýäň, indi sen!” diýibem käýinipdim men şonda, şoňa…
Agyr gürrüňiniň arasynda süýji ýatlamalar hakydasyna gelen ýaşulynyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Emma, bada-bat onuň ýüzüne kölege indi.
-Häk, ýöne, haýp eken-dä! Bary haýp eken! Biz-ä bilmedik, nämeden beýle boldy…Sebäp ýok ýerinden ýoluny urdurdy oturyberdi, ol bidöwlet…Okuwynyň ikinji ýylynda goşuny arkasyna, çemçesini biline daňyp, ýüzüni piserdip oba geldi, ol ýeksurun. “Näme boldy?” diýsegem, ilk-ä geplemedi, ýerli-ýerden gyssap ugradygam welin, “okuwdan çykardylar” diýdi, sebäbiniň nämedigini sorasagam suwytly zat geplemän, mysalasynyň erbedini aşyryp, ugurly-utgasyz myňňyldan bolup otyr, zaňňar! Onsoň sorap-idäp ugradyk welin, ol ederini bilmez jalataý, paýtagtda özi ýaly bir topar bolar-bolgusyzlar bilen tirkeşip, günde meýlisden-meýlise gatnap, okuwdan-bilimden ellibizar geçip, entäp ýörene dönäýen bolsa nätjek, asyl…Onsoň bolşuň şol bolsa okuw seni başyna ýapsynmy, mekdep seni nä derkaryna ýaratsyn? Mugallymlary görgüliler, sag bolsunlar, ömürleri uzak bolsun, ony düzetjek bolup, dogry ýola getirjek bolup, baý, jepa baryny çekipdirler-ä. Emma, “küýkini gabyr düzeder” diýýär, türkmen aga. Özüň dürs bolmasaň, düzüw bolmaga dyrjaşmasaň, herniçe düzedenlerinde näme, barybir, suw meýilli gurbaga bir “warryk” diýeniňde iki bökerd-ä…
Bu gürrüň Orazyň hem gulagyna ildi. Öz başyndan geçýän zatlara ýakyn bolandygy sebäpli, aňyny eýelän haňlap ýatan boşlukdan onuň ünsi bölündi-de, assyrynlyk bilen gürrüňçil ýolagçynyň sözlerine üşerildi.
-…Okuwdan kowlup gaýdanyndan soň-a, asyl,...-diýip ýolagçy gürrüňini dowam edýärdi:-…onuň bolanja deregi-de dagady. Şunça jan çekip, belli bir hünäre ugrukdyrjak bolsak-da, hiç derek tutduryp bilmedik. Bar bileni-biteni, özi ýaly meýlisbazlar bilen: “nirde bir mugt keýp barka” diýip söw-söw syryp ýörmek boldy…Ýene-de eden agyr hatamyz, ejesi bilen: “öýli-işikli etsek akylyna aýlanar” umydyna aldanyp, ol nekgendäni daşgynrak garyndaşymyzyň gül ýaly gyzyna aldap-ogşap öýerdik…Düzelme nireden, öňküdenem beter boldy…Indem hanha, ejesi görgüli aglap tükedip bilmeýär…Özüniňkä deregem, onuňka deregem, onuň maşgalasynyňka deregem aglap-aglap soňuna çykyp bilmeýär…Meniňkä deregem…şeýle şol…Aýatda diri gezip ýöreniň ýasyny tutup tükedip bilenok henizem…Tükenmejege döndi, tükezzibanyna tutup tükenmän geçmiş…Tükenmezem indi… şeýle şol…
Orazyň kalby agdar-düňder boldy. Hamana, bu sözleri bu ýolagçy, nätanyş adamlaryň ýanynda, içinde gert baglap giden derdini egismek üçin aýdýan däl-de, öz kakasy Oraz barada, Orazyň ejesi barada kimdir birine gürrüň berýän ýaly boldy. Şol pille-de ýaş ýigdiň gözüniň öňünde ejesine özüniň ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryny üstünlikli tabşyrandygyny aýdanynda, onuň bolşy janlandy…Aňyrdan gelşine, öýlerine-de sowulman, mellegiň aýagujunda sygra tirt edip oturan ejesiniň ýanyna geçip gitdi. Orazyň gelýänine gözi düşen ejesi, edip oturan işini undup, tirt berlip süýdi saglaryna howlugýan ala sygryň myşlap, özüne garşy şahyny talawladýandygyna ünsem bermän, ýerinden zöwwe galypdy. “Nätdiň, geçdiňmi, oglum?” diýende-de, ol soragy dili bilen däl-de, tutuş durky-düýrmegi, ähli özi bilen berýän ýaly ümzügini öňe-öňe atypdy. “Hawa, geçdim eje!” diýende bolsa ejesiniň bolşuny görmäge göz gerekdi, çünki aýtmaga söz ýetjek däl. Begenjine huşy başyndan uçan görgüli, eliniň saman-süpürine, iým-hamyryna garaman, gyssanjyna bir Orazy bagryna basýar, bir nämäniň nämedigine düşünmän, barha gaty myşlaýan ala sygry gujaklaýar, birem gyssanjyna goňşy aýalyň adyny tutup gygyrýar, gyzlaryny çagyrýar…Indem, ine, bu gün, ol Oraz, şu pursat aşakda, ýüregini gowzatmaga gyssanyp, gepläp oturan ýolagçynyň gürrüň berýän ýeksurun ogly deýin, şol giden ymgyr yhlasyň üstüni depeläp, öz-özünden, öz çakdan aşa joşgunly hyýalynyň döreden albaýyndan ýeňlip, guýrugyny ýamzyna gysyp, namartlap-naçarlap, gaçyp barýar…Ýok, ýok, gaçybam barmaýar-da, hakyýt, ejesiniň, kakasynyň, doganlarynyň şol giden ymgyr yhlasynyň ýüzüne tüýkürmäge, özüniň iň ýakyn adamlaryna geçirip bolmajak hyýanady etmäge tarap ümdüzine tutduryp barýar…
Şol pille, otlynyň ugrajak bolýandygynyň alamaty, ol ýerinden gozganjyrady-da, silkinip gitdi.
Oraz gyssandy. Ol güpürdikläp ýere düşdi-de, hasyr-husur goşlaryny alyp işige ýapyşdy. Ýolagçylar onuň bolşuna geň galdylar:
-A-haw, inim, näme, gara basyp dagy etdimi? Bi, ne, sen-de ýok men-de, gelip müneniň ýaňy welin, birden towsa göteriliberdiň-le?! Eýgilikmi bir, özi?-diýip gürrüňçil ýolagçy ýene-de jandurmazlygyny etdi.
-Men, neme-le...Ütügi öçürmän gaýdypdyryn! – diýip Oraz kellesine gelen ilkinji zady aýtdy-da, otludan düşmäge ylgady.
Gapyny ýapmakçy bolup duran ýolbelediň:
-Dur-how, inim, nirä barýarsyň, otly ugrajak bolup dur, ahyry!-diýenine baş galdyrmanam, aldyrany bar ýaly bolup otludan düşdi-de, sebedini gerşinde şalkyldadyp, duralga garşy ylgady. Bu mahal onuň aňynda diňe ýekeje pikir howsala bilen at salýardy: “Otagdaşy bir şol hatlary okamadyk bolaýbilşindendir. Iň bolmanda, arzany hiç kime bermänkä ýetişäýsedim...Indi men şeýlebir okaryn, şeýlebir okaryn...Özge hiç zada baş galdyrman, hiç zada ünsümi sowman...Ejemiň, kakamyň, doganlarymyň, mugallymlaryň yhlasyna hyýanat etmezlik üçin... “Ýeksurun” däl-de “adam” diýen ada mynasyp bolmak üçin...”
...Oraz ýetişdi. Yzyna dolanyp baranda, otagdaşy heniz gelmändir eken. “Zeleliň ýarysyndan gaýtmagam bir peýda” diýýär, köpi gören türkmen aga...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 37 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: