20:08
Zamana ahyr bolarmyka -2 (makalanyñ dowamy)
Aslynda, Biribar bu dünýäni, jümle-jahany, Aý-Güni, ýyldyzlary, gözümiziň görýän barça zatlaryny, şol sanda ýeri, adamy hem baky ýaratdy. Ol zaman ölüm, keselçilik, ýamanlyk diýlen zat, kyýamat gopar, bar zat ýok bolup gider diýen düşünje ýokdy. Allanyň bar eden zatlarynyň ählisi onuň öz mülkünde jennetde ýaşaýardy.
Mülkündäki durmuşy has gyzyklandyrmak üçin, Biribar “şyňlap” duran şykgydan özüne mähriban bir dost, ýa-da şu günki dil bilen aýtsak “orunbasar” ýaratdy. Oňa Adam diýip at goýdy. Jennetden orun berdi. Içi gysmaz ýaly çep garypgalaryndan birini alyp, oňa ýanýoldaşam ýasap berdi. (Kuranda ady ýok. Kurandan soňky rowaýatlarda  - Howa. Injilde Ýewa). Behişdiň içindäki ir-iýmişli baglaryň birinden öňňesiniň miwesinden isledikleriçe iýmeklige rusgat etdi. Şeýle hem ol öz perişdelerine: “Men size görä has akylly-düşünjeli ynsan ýaratdym, siz oňa tagzym ediň” diýdi.
Hemmesi tagzym etdi, emma soň Şeýtan adyny alan Iblis (Injilde ilki Lýusefer, ýagny, ýagtylyk paýlaýjy, soň – Satana) Barhudanyň aýdanyny etmedi. “Sen meni otdan, Adamy bolsa toprakdan ýaratdyň, şonuň üçinem men oňa baş egmen, galyberse-de, Sen kimi bizden ileri tutýandygyňa, näme ýaradandygyňa soň düşünersiň. Ojagaz Adamjyk erte Seniň başyňa şeýle bir oýunlar salar welin, ol zatlardan özüňem baş alyp çykyp bilmersiň” diýdi.
Hudaýyň muňa gahary geldi. Şeýle-de bolsa öz pähmine eýerip, Adam nesli üçin synag möhletini belledi. Onuň tamamlanjak pursatyny ahyrzamana diýip atlandyrdy. Şeýtany bolsa özüniň şalyk mülkünden kowdy. Ýakyp-ýandyrmaga, ýok etmäge hyýallandy. Şonda Iblis: “Egerde meniň aýdanlaryma ynanmasaň, onda tä, öz bellän kyýamat günüňe çenli maňa puryja ber”, diýip Barhudaga ýalbardy.
Hudaý özüniň geçirimliligine eýerip, onuň haýyşyny kanagatlandyrdy. Munça uzak möhleti nämä ulanjakdygyny sorady. “Bu möhleti men indi adam neslini eniň garşyňa gönükdirmek üçin ulanaryn. Sollaryndan gelerin, saglaryndan çykaryn, ýollarynda oturaryn, yzlaryndan ýetip mekgelerine münerin, gulaklaryny gazaryn gözlerini baglaryn, etleri bilen derileriniň arasyna girerin, garaz, şolaryň seň ýoluňdan ýöremezlikleri üçin elimden gelenini gaýgyrmaryn” diýip, Iblis jogap berdi.
Şeýdibem, Hudaý bilen Iblisiň arasyndaky tä ahyrzamana çenli dowam etjek, tükeniksiz göreş başlandy. Jümle-jahanda ýagşylyk bilen ýamanlyga nyrh kesýän iki sany, ullakan, gapma-garşylykly güýç – oppazisiýa emele geldi.
Bar zat ana, şondan soň başlandy. Adamzat ol ikisiniň arasyndaky ölçeg birligine öwrüldi.
Iblis ur-tut “işe” başlady. Ilkinji awy hem Adam ata bilen How ene boldy. Ol jennete garawul bellenen ýylanyň keşbine girip, ýeke wagty Howanyň ýanyna bardy-da: “Hudaýyň iýme diýen daragtynyň miwesinden iýseňiz, siz hem perişdä öwrülersiňiz, baky bolarsyňyz, şu wagt ol sizi bakysyňyz diýip aldaýa” diýdi.
Hernäçe ikirjiňlense-de How ene oňa ahyry ynandy we gadagan edilen alma agajynyň miwesinden iýdi. ÝMan dert ol ondan ärine-de dadyrdy.
Hudaý gazaplandy. Çünki , ol öz ýaradan ynsanlarynyň robot ýaly diňe öz ugrukdyran tarapyna düwdenekläp ýörmeklerini islemeýärdi. Ätjek her bir ädimlerini, aýtjak her bir sözlerini öz akyllary bilen ölçäp kesgitläp bilmeklerini Şeýtandanam hut öz akyl-paýhaslary arkaly üstün çykmaklaryny isleýärdi. Bu Biribar tarapyndan adamzada turuwbaşdan berlen       ilkinji erk, ygtyýar, azatlyk – şu günki dil bilen aýtsak iň adyl demokratiýady.
Emma adamzadyň nesilbaşylary, ilkinji ynsanlar bolan Adam ata we How ene beýle demokratiýadan – Hudaýyň özlerine beren belent bagtyndan, ajaýyp mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmediler. Hudaýyň ganym duşmany bolan Iblisiň ugruna gitdiler. Şeýdibem özleriniň bakylyk hukuklaryny ýitirdiler. Üstesine-de olar eden günäleri üçin Hudaýdan ötünç soramadylar. Gaýtam günäni biri-birleriniň üstüne atyşyp goh turuzdylar.
Şonuň üçinem, Allatagalla: “Biri-biriňize ömürlik duşman bolgaý siz” diýip olary zemin üzre taşlady. Şol ýere sürgün etdi. “Tä synag möhleti tamamlanyp, zamana ahyr bolýança şol ýerde ýaşarsyňyz, ony wagtlaýynça ulanarsyňyz, işläp-bejerip, öz iýjegiňizi özüňiz gazanarsyňyz, garrarsyňyz, kesellärsiňiz, şol ýerde-de ömrüňizi tamamlarsyňyz” diýdi. Şeýdibem Adam ata bilen How ene öz seresapsyzlyklaryzerarly behiştden aýryldylar. Allatagallanyň mülkünden jyda düşdiler.
Ýöne, Hudaý geçirimli. Rehimli. Öz ýaradan bendelerini gowy görýär. Olara gowulyk isleýär. Şonuň üçinem, zemin sary ýollandan soňam Ol olardan ýüz öwürmedi. Gözden salmady. Bu ejirli topragyň üstünde atsyz-sorsuz ýitip, ýok bolup gitmeklerini islemedi. Egerde, Iblisden öz güýçleri bilen üstün çykyp, ruhy taýdan öz ýaradan derejesine çenli arassalanyp bilseler, yzlaryna kabul etjekdigini, jennetiň gapysyny hemişelik ýapmajakdygyny aýtdy. Çünki, behişt günäni hapaçylygy halamaýar, ol diňe arassalygy, päkligi gowy görýär.
Ýöne, kalplarynyň günäli, bendeleriniň ölümlidigine görä, Adam ata bilen How enäniň zemin üzre dogulýan çagalaram eýýäm günäli dogulýardylar. Üstesine olar bilen bile ýere Iblisem düşüpdi we Hudaýyň öňünde söz berşi ýaly, eýýäm ynsan perzentleriniň etinden geçip, süňňüne ornap başlapdy.
Onuň  ikinji ýeňşem hut şol döwre gabat geldi. Ol Adam ata bilen How enäniň ýere düşüp dogran ilkinji çagalary Abyl bilen Kabyly (atlary Kuranda däl-de Kurandan soňky rowaýatlarda gabat gelýär. Injilde Awel we Kain) biri-birine öjükdirdi. Dogany-dogana duşman etdi. Netijede Kabyl Abyly öldürdi. Ýer ýüzünde milliardlarça ýyl dowam eden, hut häzirem dowam edip duran ululy-kiçili gandökülşikleriň ählisi şondan soň başlandy. Bu ýagdaý Biribaryň gazabyny öňküdenem beter joşdurdy. Ýöne, ol wagt ýer ýüzünde şolardan başga adam ýokdy. Olaryňam içinde günäkäri diňe bir adamdy. O-da Kabyl. Şonuň üçinem, asmandan musalllat ibermekligiň arassalaýyş çäresini geçirmekligiň hajaty ýokdy. Netijede, Allatagalla Kabylyň maňlaýyna lagnat tagmasyny basdy. Adam ata bolsa: “Sen şol ogluňy ýanyňdan kow, men saňa başga bir ýagşy ogul bererin” diýdi. (Ol ogluň ady Kuranda ýok, Injilde Sif).
Kabylyň neslem baran ýerinde özi ýaly hemişe gara nebsiniň ugruna çapyp ýören, şeýtany adamlar bolup ýetişdi. Allanyň soň beren we atasy bilen bile ýaşan Sifiň nesli bolsa her bir işde, hemişe Hudaýa sygyndy, atasy bilen maslahatlaşdy. Şonuň üçinem Kabylyň nesillerine “Adam ogullary”, Sifiň nesillerine bolsa “Hudaý perzentleri” diýdiler.
Wagtyň geçmeg bilen olaryň ikisiniňem nesilleri köpeldi we garyşdy. Netijede Adam ogullarynyň günäleri Hudaý perzentlerine hem geçdi.
Şeýlelikde, ýagdaý gitdigiçe bulaşdy. Şeýtan adamzadyň özüni alyp barşyna doly suratda erk edip, onuň aňyny özi dolandyrmaga başlady. Ýeňiş yzyna ýeňiş gazandy. Ony her hili belaýygerdanlaryň üstünden eltd. Her gezekki ýeňşinden soňam: “Nätdim? Nätdiň? Ýeňdim gerek? Ýeňildiň gerek?” diýip, Hudaýa gyjalap berdi. Heşelle kakdy, jynssyz sesi bilen içýakgyç güldi, tagaşyksyz aýaklary bilen gelşiksiz tans etdi, ýoknasyz aýdymlar aýtdy.
Hudaý oňa-da çydady. Öz bendeleriniň hälem bolsa akyllanaryna aýlanarlaryna akyl-paýhaslary bilen Şeýtandan üstün çykarlaryna bil baglady. Şony umyt etdi. Garaşdy.
Adamzat bolsa barha gaýra tesdi. Iblise golaýlaşdy. Öz ýaradyjysyndan, onuň görkezen dogry ýolundan daşlaşdy. Şondan soň Hudaý olara öz güýjüni, kuwwatyny, gazabyny görkezip başlady. Azgynlary ýok edip, diňe özüne iman getirýänleri alyp galmak üçin asmandan lagnat ýagdyrdy. Ýöne, hälem bolsa, akyllaryna aýlanarlary ýaly, jeza bermezden öň olaryň arasyna öz resullaryny iberdi. Onda-da bolmasa arassalaýyş çärelerini geçirdi. Göz görkezdi. Gorkuzdy. Çünki, kyýamat güni Ol dowzaha gitjeklere görä jennete girjekleriň köp bolmagyny asla hiç kimiňem dowzahy bolmazlygyny isleýärdi.
Şeýle arassalaýyşlar adamzat döräli bäri, biziň aklymyzyň ýetmeýän döwürlerinde hem ençeme gezek gaýtalanypdyr. Ýöne, şolaryň Nuh (injilde Noý) pygamberiň döwründäkisinden aňyrkylaryny adamzat ýadyndan çykarypdyr.
Nuhuň tupany (Injilde “Bütindünýä gark alşy”) hem özünden öňküler ýaly adamlaryň Hudaýy ýatdan çykarmaklary, şeýtanyň ugruna gitmekleri we köphudaýlylyga ýüz urmaklary netijesinde bolup geçipdir.
Allatagalla olaryň arasyna Nuhy ibermek bilen, özüne iman getirmeklerini, heläkçilikden gutulmaklaryny isläpdir. Emma, adamlar Nuha gulak asmandyrlar. Netijede, Hudaý Nuhuň özünden we oňa gulak asanlardan öňňesini gark edipdir. Hatda, Nuhuň aýaly we Ham atly ogly hem şonda gark bolupdyr. Iň bolmanda şolary bir heläkçilikden alyp galmagyny Nuh Hudaýdan haýyş edende Ol: “Saňa gulak asmadyklar seniň maşgalaňdan däldir” diýip, jogap beripdir.
Heläkçilikleriň Nuhuň tupanyndan soňkularynyň ilkinjisi hem adamlaryň Haky ýadyndan çykarandyklary, şeýtana gol berendikleri bilen bagly.
Bu hadysa barada Kurany Kerimde şeýle rowaýat bar: “Arabystanyň al-Akraf diýen ýerinde aditler atly, uzyn boýly bir taýpa ýaşapdyr. Olaryň mes topraklary, süri-süri mallary otluk meýdanlary, süýji suwly akabalary miweli baglary, bakjalary bar ekeni. Ine, hut şol bol-elinçilikler hem olary azdyrypdyr. Göwünlerinde men-menlik, gedemlik döredipdir. Şeýtanyň ugruna gidip, Hudaýa iman getirmeklerini bes edipdirler.
Olary bu hatarly ýoldan halas etmek üçin, Hudaý Jebraýyl perişdäniň üsti bilen, olaryň öz aralaryndan Hud atly hudaýhon bir adama ýalawaçlyk derejesini beripdir.
Hud gije-gündiz aditleriň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçiripdir. Emma, aditler oňa gulak asmandyrlar. Hud näme etjegini bilmän, ellerini asmana seripdir. Hudaý onuň yşaratyny aňypdyr.
Şondan soň köp wagt geçmänkä aditleriň ekinleri gurapdyr, derýalaryň suwy çekilipdir, ot btmänsoň mallaram gyrlypdyr, açlyk düşüpdir, şeýle baý hem dok ýaşaýan adamlar sähel wagtyň içinde bir döwüm nana zar bolupdyrlar.
Bu ýagdaýyň Allatarapyn bolýandygyny aýdyp, Hud adamlary ýene-de Hudaýy tanamaklyga çagyrypdyr. Şeýtseňiz ol ýene-de siziň rysgalyňyzy gaýtaryp berer, diýipdir. Aditler welin barybir oňa gulak asmandyrlar. Gaýtam ertesi gözýetimden üstlerine abanyp gelýän lemmer-lemmer gara bulutlary görüp: “Honha, gördüňmi? Ýagyn gelýä. Biziň ýene-de suwumyz köpeler, ekinlerimiz öňküsi ýaly bol hasyl berer, seniň Hudaýyň bolmasa-da günümizi göreris” diýşip, Huda haýbat atypdyrlar.
Gelýän bulutlaryň ýagyn däl-de, Allatarapyn iberilen lagnatdygyny welin olar diňe üstlerine gelenden soň bilip galydyrlar. Içinden-daşyndan ot syçradyp, aýylganç “güwwüldä” gaplanyp gelýän güýçli boran aditleri edil sypal ýaly ýeriň ýüzünden syryp-süpürip äkidipdir-de, eltip allaowwarralara taşlapdyr.
Harasat ýedi gije-gündizläp dowam edipdir. Aditleriň hemmesi gyrlypdyr. Diňe Hud we oňa gulak asan adamlar diri galypdyrlar.
Azaby bir demde reýgan bolan şeýtan erbet bir “ah” çekipdir-de, özüniň bet işlerine täzeden taýýarlyk görüp başlapdyr.
...Kurany kerimde beýan edilişine görä, aditler bilen bagly bolup geçen hadysadan kän soň ýüz beren başga bir heläkçilik samudýanlaryň başyndan inipdir.
Rysgal-döwletlilik babatda olar aditlerdenem has ýokary derejede ýaşapdyrlar. Ýöne, şeýtan olaryňam kalplaryny eýelemekligi başarypdyr we islendik baý admda bolşy ýaly, olaryňam kalplarynda gedemlik, äsgermezçilik duýgularyny döräpdir. Iň ýamanam Hudaýy inkär edipdirler. Ähli zady öz gaýratymyz, güýjümiz bilen gazanandyrys öýdüpdirler, Hudaý bize ekin ekişenok, azal sürüşenok, diýen düşünjä uýupdyrlar. Asla birek-biregi sylamaklarynam bes edipdirler. Şonuň netijesinde ýurtda her hili tertipsizlikler günäkärçilikler döräpdir, hiç kim kada-kanuna boýun egmändir, uly kiçä, kiçi ula gulak asmandyr. Ogul-gyz ata-enesini sylamaklygy bes edipdir. Baş-başdaklyk başlanypdyr, agzalalyk artypdyr, Hudaýa iman getirýän şeýtany golaýyna getirmeýän adamlar edil gutaraýmasalaram juda azalypdyrlar, adam diýen ada ysnat getiriji ýamanlyklar köpelipdir.
Bu zatlar ýene-de Hudaýyň gaharyny getiripdir. Şol pursatyň özünde olaryň başyndan bela inderäge-de, kimiň-kimdigini bildiräýesi gelipdir.
Ýöne, Ol geçirimli. Şonuň üçinem, Ol gazabyny ýuwdupdyr-da, öňki gezeklerindäki ýaly bu gezegem samudýanlaryň öz içinden özüne sygynýan Salyh atly dogruçyl bir bendäni ýene-de şol Jebraýyl perişdäniň üsti bilen resullyga belläpdir.
Bolsa-da samudýanlaryň ýarysy Salyhyň öwüt-ündewlerini kabul edipdir. Şeýtany kalplaryndan çykaryp, dogry ýola düşüpdirler. Galan ýarysy, hususan-da barly gatlagyň wekilleri welin ony diňlemegem islemändirler. “Birtopar garyp-gasary daşyňa toplap, bize gep öwrederçe sen kim bolupsyň” diýip gaýtam onuň üstüne sürnüpdirler, maşgalasy bilen birlikde öldürjek bolupdyrlar. Öz pygamberligini üýtgeşik bir alamatyň üsti bilen subut etmekligini talap edipdirler.
Salyh Hudaýa ýüz tutupdyr. Ol bolsa pygamberligiň nyşanasy hökmünde oňa owadan Akmaýa beripdir. Salyh Hudaýa salgylanyp, samudýanlardan Akmaýany goramaklaryny, emin-erkin otlap-suwlap gezmegine päsgel bermezliklerini haýyş edipdir.
Emma, samudýanlaryň biri äsgermezçilik edip Akmaýanyň aýak damarlaryny kesipdir, şeýdibem ony öldüripdir. Şondan soň olaryň barysy birigip: “Ýeri, pygamber bolsaň görkez-dä, güýjüňi! Egerde, ol düýe Hudaýyňky bolsa, onda goý, Onuň özi güýç görkezsin, diýşip Salyhy ýerli-ýerden çekeläpdirler.
Hudaý olary uzak garaşdyrmandyr.
Üç gün geçenden soň daňdanaralar samudýanlar agyr-zenzeläniň, “gyk-bagyň”, “güpür-tapyryň” sesine oýanypdyrlar. Asmanyň “gübürdisin-den”  ýaňa dumly-duş lerzana gelipdir. Ýer goduklapdyr. Çat açypdyr. Ýyldyrymyň ýiti şöhlesi bolsa samudýanlaryň gözlerini açara maý bermändir. Olar asla ýerlerinden gozganyp hem bilmändirler. Barysy ýatan-ýatan ýerlerinde, düşeklerinden turMan jan beripdirler. Salyha we ilatyň Hudaýdan ýüz öwürmedik bölegine welin o zatlar asla täsirem etmändir. Mylaýym ýaz ýagşy ýaly maýylganlyk bilen geçip gidipdir.
Bu wakadan soň Kurany Kerimde Lut (Injilde – Lot) pygamber bilen bagly hekaýat beýan edilýär.
Daýysy Ybraýym (Injilde Awraam) pygamber bilen Ol Hudaýyň salgy beren ýurduna gidýär. Maly köpelip Ybraýym şol ýerde galýar, Lut bolsa ýanaşyk oturan iki şähere (Injilde Sodom we Gomorra) gidýär. Ýöne, ol şäheriň adamlary iň bir erbet iş bolan syrtpuruşlyk bilen meşgul bolýan ekenler.
Ýagşyzada, şeýle-de  pygamberlik hukugy berlen Lut olary pällerinden gaýtarmak üçin köp aladalar edipdir. “Hudaýdan gorkuň, biri-biriňizden utanyň” diýip, janygypdyr. Özüni pygamber hökmünde ykrar etmeklerini talap edipdir. Şäherliler bolsa: “Beýle asylzada, päk bolýan bolsaň, bar, biziň şäherimizden çyk, git!” diýşip, ony kowmakçy bolupdyrlar.
Adamlaryň şeýle pes ýagdaýa düşendiklerine gazaby joşan Barhuda  olary halas etmek üçin derhal iki sany perişdäni adam sypatyna salyp ýere ýollapdyr.
Perişdeler ilki Ybraýym pygamberiň ýanyna barypdyrlar. Niýetlerini aýdypdyrlar, soň şähere gelip Lutyň öýünde düşläpdirler. Ýerli ýaşaýjylar özleriniň bet edähetlerine eýerip, zyna iş etmeklige, ýagny Lutyň myhmanlaryna erjeşmeklige hyýallanypdyrlar. Öz myhmanlaryny goramak üçin, Lut olara hatda ýetişip oturan gyzlaryny bermäge razy bolupdyr. Olar bolsa: “Bize seniň gyzlaryň gerek däl, biziň näme isleýändigimizi özüň gowy bilýäň” diýşip, ony myhmanlarynyň ýanynda masgaralapdyrlar. Lut aljyrapdyr.
Şonda myhmanlar özleriniň kimdiklerini aýdyp ony köşeşdiripdirler, oňa haýdan-haý maşgalasy bilen bilelikde şäherden çykyp gitmekligi we yzlaryna garaman gaçmaklygy tabşyrypdyrlar.
Nuhuň taryhynda bolşy ýaly, Lutuň aýaly hem ne ärine, ne perişdelere gulak asmandyr. Şonuň üçinem, ol şäherde galýar we dowzahyň oduna ýanmaklyga höküm edilýär. (Injilde äri bilen şäherden çykyp gaçýar, ýöne, yzyna seredeni üçin bir tokga duz sütünine öwrülýär.)
Lut pygamberiň maşgala agzalary bilen şäherden çykyşy ýaly, güýçli harasat gelip şäheri tutuşlygyna düňderipdir, asmandan içi äpet-äpet daşlardan we başga-da birnäçe belaýygerdanlardan doly lagnat ýagypdyr. Azgynlaryň barysy agdarylan iki şäheriň aşagynda galypdyrlar.
Aýtmaklaryna görä, şol iki şäheriň sudury henizem bildirip durmuşyn, olaryň şol güne näme sebäpi düşendiklerinem adamlar bilýärlermişin, ýöne, görşümiz ýaly ondan henize çenli-hä netije çykarylaýanok.
Kurany Kerimdäki madýanitleriň pygamberi Şuaýba bilen baglanyşykly rowaýatyň mazny-mazmuny hem edil ýokardakylar ýaly. Onda hem azgynçylyklara ýüz
urandyklary üçin Hudaý madýanitleri jezalandyrýar.

***

Juma Hudaýguly
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 102 | Добавил: Has | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: