09:17
Ýüzük / hekaýa

ÝÜZÜK
    
Talyplyk döwrüniň öz gyzygy bar. Gyşky synaglary tabşyryp, dynç alşa çykanymyz sebäpli, men öýe gitmäge howlugýardym. Ejemi, jigilerimi göresim gelýärdi. Hemme zatlarymy ýygnaşdyryp, goşhaltama salmaly zatlarymy salyp, ugrajak bolup durkam, joram Jeren gelip:
—   A gyz, tans etseň, saňa hat berjek — diýdi.
Men Jerenden hatyň kimden gelendigini soranymda, ol maňa hatyň Myratdan gelendigini aýtdy. Ol haty görenimde, siz bir bilsediňiz meniň begenjimi! Edil guş ýaly bolup uçaýjak boldum. Haty bagryma basyp, goşhaltama saldym. Sebäbi okamaga wagt ýokdy. Men otla münüp, ýolagçylar ýerli-ýerine geçeninden soň, haty açyp okap başladym. Myradyň maňa bolan söýgüsine ýene-de bir gezek göz ýetirenimden soň, ýylgyranymy duýman galypdyryn. Edil garşymda oturanyň maňa üns bilen seredip:
—   Joraňdanmy? — diýen sesine tisginip gitdim. — Ýok, harby gulluk borjuny ýerine ýetirip ýören oglandan — diýip, onuň ýüzüne seredenimde goňşymyň ýüzi üýtgäp gitdi. Göwnüme bolmasa, ýüreginden agyry tutan ýaly boldy. Şol sebäpli men:
—   Näme, ýüregiňiz agyrýarmy? — diýip, ondan soradym. Ol maňa:
—   Gel, ilki ikimiz tanşaly, meniň adym Gurban — diýdi.
Men hem öz gezegimde adymyň Enedigini aýtdym. Gurban:
—   Bäh, adyň hem meňzeş, ýöne sen Ene ýaly biwepa bolmagyn — diýip, öz başyndan geçen wakany gürrüň berip başlady:
—   Men ol gün hemişeki oýanýan wagtymdan ir oýandym. Gözel obam öňküsinden hem gözelleşen ýalydy. Şol sebäpli men özümi ýeňil hem-de bagtly duýýardym. Sebäbi bu gün aýratyn ýatda galjak günleriň biridi. Men Watan gullugyna gitmelidim. Men şol gün agşam göwnümiň aramy Ene bilen hoşlaşmak üçin, duşuşyga çykypdym.
Enäniň gara gözlerine, garlawajyň ganaty dek gaşlaryna gözüm düşende, ol gözler: «Sen meni taşlap, nirä barýarsyň, men sensiz nähili iki ýylymy geçirerkäm?!» diýip, sorag berýän ýalydy. Onuň akja pamyk ýaly owadan ýüzi, näzijek tirpildäp duran dodaklary meni edil jadylan ýalydy. Şol töwerekde ikimizden başga adam bardyr öýtmeýärdim. Şol duşuşykda açylman galan pynhan syrlar, ilkinji posalar, ömrüm ötýänçä, ýatdan çykmaz. Men ondan şol agşam: «Sen maňa garaşarmyň?» diýip soranymda: «Men saňa iki ýyl däl, on ýyl bolsa-da, garaşaryn» diýdi. Men onuň bu sözlerine tüýs ýürekden ynandym. Şol pursat: «Dünýäde meniň Enemiň taýy ýokdur» diýip, uly ile buşlasym geldi. Men jübimden çykaryp, oňa ýörite niýetläp alan ýüzügimi gowşurdym. Ol muňa diýseň begendi. Ene gijäniň bir çene barandygyny, ene-atasynyň biynjalyk bolýandyklaryny maňa ýuwaşjadan duýdurdy. Maňa ony ugratmak nähili agyr degse-de, Enä syr bildirmejek bolup, jan edýärdim. Ol maňa: «Men seni ertir ugradyp biljek däl, sebäbi okuwa ýetişmeli, gitseň sag bol, sag-aman dolanyp gel, Alla seni öz penasynda saklasyn! Men saňa hökman garaşaryn. Sen, elbetde, meni her gün ýadyňa salarsyň gerek?» diýip, gözüne ýaş aýlap sorady. Men bolsa, oňa: «Aýdýan zadyň näme?! Men sensiz bu ýaşaýşy göz öňüne getirip bilemok» diýip, ony hyýalymda bagryma basdym.
Ertesi gün men harby wekillige ugradym. Harby bölüme baran wagtym salgymy ýazyp, Enä hat ýolladym. Eneden hem jogap gelip durdy. Bir ýyla golaý yzygiderli hat alşyp durduk. Ýöne soň-soň hatyň jogaby wagty bilen gelmedi. Meniň on hatyma bir jogap geldi. Sebäbini sorasam: «Ejem hatyňy tutdy, şol sebäpli hat ýazmam seýrekledi» diýen jogap aldym.
—   Men bu gelen jogaby, birhili, geň gördüm. Elbetde, eje eje bolýar, olary diňlemeseň bolmaz, diýip, öz-özümi köşeşdirdim. Şeýdip, aý aýlandy, ýyl geçdi, men hem gulluk borjumy ýerine ýetirip, öýe gaýdyp geldim. Ýuwnup-ardynyp, aýnanyň öňünde saçymy darap durkam, jigim maňa:
—   Nirä gitjek? — diýdi. Ol meniň Ene bilen halaşýandygymy bilýärdi. Şonuň üçin onuň soragyna:
—   Enäniň ýanyna — diýenimde, onuň gözlerinden akýan düwme ýaşlary görüp, gözüm garaňkyrap, başym aýlanyp gitdi. Oňa çenli ol meniň Enä beren ýüzügimi getirip, öňümde goýdy:
—   Ol wadasyna wepaly bolup bilmedi — diýdi-de, daşary çykyp gitdi. Hemme pynhan syrlaryň şaýady bolan ýüzüge seredip:
«Sag-aman gel, oglan» diýip,
Hany wada beren gyz.
Gara saçdan sypalap,
Gözüne ýaş aýlan gyz?
—   diýen setirlerimi sesli okanymy hem duýman galypdyryn.
Ondan bäri aradan bäş ýyl geçdi. Şeýle-de bolsa, Enäni ýatdan çykaryp bilemok. Men soň instituta okuwa girdim. Şu ýyl iň soňky ýylym.
Onuň gürrüň berip oturyşyna otly duralga golaýlady.
Indiki duralgada men düşmeli. Sen hökman Myrada garaşgyn, ilkinji söýgi hiç haçan ýatdan çykmaýar. Sana uly bagt, uzak ömür, süýji durmuş, öçmejek söýgi arzuw edýärin — diýip, gürrüňdeşim Gurban, duralga gelip duran otludan düşüp gitdi. Meň atdaşym Ene ýaly söýgüsini, adamyň iň arassa, iň inçe mukaddes duýgusyny harlap ýören gyzlara ýigrenjim artyp, Gurbanyň halyna ýüregim gyýlyp, otly ugraýança, onuň yzyndan seredip galypdyryn.

Gülşat TAÝYMOWA.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 46 | Добавил: Has | Теги: Gülşat Taýymowa | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: