04:34
Ýürekdeşe

ÝÜREKDEŞE

                         O.Nazarowa

Gelip ýürek tarym kakan,
Seniñ mähriñ ýazlarmy ýa!?
Señ göwnüñe güller dakan,
Doguldygyñ yazlarmy ýa!?

Güllerden alyp görküñi,
Maýyl etdiñ sen her kimi,
Kalba çaýyljak zer kimin,
Gözledigiñ sözlermi ýa!?

Sözleriñe teşneleri,
Kalba barýan çeşmeleri,
Gül deý göwni keşdeleri,
Yzladygyñ yzlarmy ýa!?

Ygşyldanda sährañ güli,
Çawuş çaksa bahar ýeli,
Awara bulutlar ýaly,
Göwnüñ syrdaş gözlärmi ýa!?

Göwnüñ syrdaş küýsäninde,
Kalbyñ mähre suwsanynda,
Gel,sözleşip gowzaýynla,
Saña beslän sözlermi ýa!

Gyzylgül Annagylyjowa.

Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.5/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 7
1
1  
@Mylaýym jan!!! bu gün saña doglan günüñde göwnümden sözleriñ iñ ýagşysyny besledim.Mylaýymlygyñ bilen ýüregmize hemişe ýylylyk çaýýansyñ uýam.Bütin ömrüñi bagtyñ derýasynda,asudalyk gaýgynda ýüzüp geçmek nesip etsin.Ýagşy niýetleñ ýaran bolup janyñ sag,ömrüñ uzak bolsun uýam!!!

1
2  
Gowy goşgy.

1
3  
@Mylaýym, ömrüñ uzak bolsun! Uzak we abraýly, şatlykly we sagdyn, manyly we mañyzly ömür paýyñ bolsun.

0
4  
Gowy gosgy bolupdyr gelnejemja joramy nace taryp etsen az...

1
5  
Mähriban enäniñ mylaýym gyzy
Õmrüñ baharlardan gõrkana bolsun!
Ýetmesin ýalançyñ hilesi-aly,
Mertebäñ tug kimin erkana bolsun!

Gül õmrüñ nusgasyn alyp ýazlardan
Mylaýymlyk çaýyp onki süñüñe
Seni bagyşlapdyr gõzel tebigat
Baharyñ iñ tämiz ajap gününde.

Şol sebäp "bahardan ýasalan ýaly"
Gõzel kalbyñ - melekleriñ deñinde.
Ykbal synagynda bersin abraýy,
Kynçylyklar taba gelsin õñüñde.

Ýaşa, õmrüñ uzak, ojagyñ abat,
Rahat durmuş nesip etsin ylaýym.
Ruhuñ belent bolsun, başyñ salamat,
Bahar kalply, ýaz ýalkymly Mylaýym.

1
6  
Başymy Göge dirediňiz mähribanlar! Ähliňizi Alla öz penasynda aman saklasyn!

0
7  
Owadan güle owadan goşgy.Uzak ýaśa Mylaÿym.Ýylgyryş ýaranyn bolsun hemiŝe!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: