04:38
Ýürek sedasy
Taşlap dünýäň gybatyny,
Gel, gaçaly alyslara.
Bolýar diňe sen bolsaň gyz,
Başga zat gerek däl maňa.

Gürleşeris içgin-içgin,
Derdinişip uzak mahal.
Kejirligňi etseň edäý,
Seň ýanyňda gelmez gahar.

Telbe boldum saňa duşup,
Uçdy akylym serimden.
Indi menem saňa bagly –
Erkimi aldyň elimden.

Göz ýetirdim seni söýüp
Bu dünýäniň manysyna.
Hem düşündim men köpleriň –
Gülküsine, agysyna.

Asyl, sen ekeniň meniň
ömrümiň ýeke ýetmezi.
Taşlap dünýäň gybatyny
Biz bagta bile ýetmeli.
Категория: Goşgular | Просмотров: 74 | Добавил: Edebiýatşynas | Теги: Merdan BABAÝEW | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 17
0
1  
Haýyş etýän, degişli bellikleriňizi ýazmagyňyzy !!!

1
2  
"Elimden tut, ýyldyzlara gideli" diyip bir suwjuk aýdym bardy, başyny şoña meñzedipsiñ. Erkek oglan gaçmaýar, ýöwsellemeýär, gaýtam belañ üstüne sürünýär ýa-da gep-gybat we beýleki pesatlyklar ýok ýaly ähli şerliklerden üstünden gülüp ýaşaýar. Onsoñam hiç haçan umumylaşdyryjy sözleri ulanma, dünýäniñ gybatyndan başga-da zady kän, haýry bar şeri bar, ýagşysy bar ýamany bar, gahbalygy bar gözelligi bar...

1
3  
Adatça 7-8 sekiz bogunly goşgularda setirler biri-birine sazlaşyp akgynly okalýar we kapyýa, rifmalar hem biri-birine ykjam eýermeli.
"Bolýa diñe sen bolsañ gyz" diýen setiriñ birinji bentde-de bolsa, goşgyñ synasyna hiç hili nepi ýok, gaýtam "gyz" bolsañ bolýa" diýen ýaly şübheli gûrrüñ bolup eşdilýär...

1
4  
Yşk telbe eder elbetde, emma erkek erkini elden aldyranyny beýle añsatlyk bilen aýdaýmaz, erkege mahsus dilde beýan et hernäme-de bolsa, "waý erkim elden gitdi" diýmek beýleki jynsa mahsus.

1
5  
"Söýdüm, söýdürdiñ"we ş.m sözleri-de ýerli-ýersiz ulanma, adamlar "söýdûm" diyen söze şeyle bir öwrenişdiler welin, indi bu söz bilen öz aşyklygyñy ykrar etdiräýmek hyllalla.
Aşa köp şahyr aşa köp ulanansoñ iñ belent duýga degişli we im pynhan pursatlarda aýdylmaly sözüñ gymmatyny gara şaýa getirdiler. Oñarsañ ulanma.

1
6  
*im - iñ

0
7  
Ýokarky bentlerde aydyan pikirleñ bilen aşakky bentleñ bir-birine uýanok. Özüñ-ä dünýäñ gybatyndanam, gözelligindenem gaçyp "uzaklara" gitjek diyyañ yene-de dunyañ manysyna goz yetirjek bolyañ. Ikibaşdan "gaçjak" bolsañ nämä gerek artykmaç kelleagyry? Onsoñam dünýäñ manysyna Adam atadan tä şugüne çenli düşünen bardyr öydemok (hawa, her molla öz bileni okar edip özüçe düşündiryan kan), men-men diýen akyldarlar, geniler düşünip bildimikä dünýäñ manysyna... Sen bolsa hem yşka düşüp, hem telbe bolup düşünjek bolýañ. Telbeden - akyl saglygy yerinde dal adamdan dünyañ manysy beyle-de dursyn, haysydyr bir mana düşünmegi tama etmek mümkinmi beri?!

0
8  
Umuman, gowşak Merdan. Bellikleri dogry kabul edersiñ diýip umyt edýän. Çünki sen goşgyñdaky "telbe" ýaly däl ahyry smile
Arzan pikirler bilen añsat yazylyan goşgulary yazma, yazjak goşgyñ beyniñi gurçuk bolup iysin, gara bagryñy gan etsin, yüregiñi girýan etsin - dogurmazak gysyr heleýiñ 40 yaşdan soñ ogul dogruşy ýaly on iki synañy weýran etsin - soñ ýaz.
Sen entek yaş, ukybyñ bar, zehiniñ bar. Zehiniñi ösdür, pesden uçýan guşlaryñ aýdymyny aýtma.

0
9  
ESSALAMÜ ALEÝKÜM. @has bu çagany nädäýdiňaý. Belligiňizi aýdyň diýsede beýdäýmeli dälähow.

0
10  
Waleykmessalam, Merdan öz inimizdir hajy aga, "Çagany yaşdan..." diyipdirler, dogry duşuner-le name-de bolsa...

0
11  
Aý bolýa gaýrat ediberiň.

1
12  
Çeper edebiýat gowşak çeperleşmesin, "çöp dowlen" deý täze pikirler dogsun, dogurmak üçin elbetde kynçylyk çekmeli

0
13  
Meşhur satirik Nuryşkaň "Oýun etdim, Gazak!" diýýänini diýdirdiler, oglanlar! Gatam bir ýepbeklemäweriň, ýigitler!  biggrin

0
14  
biggrin

1
15  
Itler yaly iki aydan bir garynda 9-10 güjük guzlama-da çal ene möjekler ýaly ýylda birjesini dogur biggrin tongue

0
16  
Has aga, gaty göremok men smile
Ýöne, Gökböri çenden geçjek bolýar wink

0
17  
"Tankyt gözel gyz däl, ony hemmeler söyer yaly" diyyälerem welin, yene-de tankydy bellige ne esel, ne pesel. Geregiñi al, yetmez yeriñi görkezyan bolsa yetmeziñi düzet. Gerek dal hasap eden yeriñ bolsa-da geç-de gidiber, seni yañsylamak niyeti bilen yazyanlaryñ galdyran ýazgysy diñe ozune degişli bolup galar (Gökböriñkem şeyle). Wessalam.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: