13:44
Yşk şerbedi / taryhy hekaýa

YŞK ŞERBEDI

Tilki sapalakly Çingiz han agzalalyk döretmegi başaransoñ, Jelaleddiniñ goşunynyñ galabasy bölünip gitdi. Onuñ daş-töwereginde diñe ýedi ýüz sany ygrarly türkmen jigitleri galdy. Şeýle-de bolsa, Soltan söweşmegi ýüregine berk düwdi. Jeñ meýdany Hind derýasynyñ ýakasydy. Türkmen nökerleri jahana ot berip, ýeñilmezek hasap edilýän mongol hökümdarynyñ leşgerleri bilen gurt darkaşyny gurdular. Zarba çydaman, hatda Çingiz hanyñ özem, atyny ýüzin salyp, it masgarasy bolup gaçdy. Ýöne munda ýene hanyñ hilegärligi dadyna ýetişdi. Ätiýaçlykda goýan goşuny gapdaldaky bukudan çykyp çozdy. Türkmen jigitleri iñ soñky demine çenli gaýratly söweşdiler. Emma boýun egmediler. Haçanda soltanyñ ýeke özi galanda derýanyñ beýleki kenaryna atyny suwa urduryp geçdi hem-de gylyjyny bulaýlap doññara daşa dönen Çingiz hana azm urdy. Bu görnüşe haýran galan gazaply han tisginjiräp özüni dürsedi-de, ýanyndaky ogullaryna garap, şu meşhur sözlerini aýtdy:
- Hanha, atanyñ ogly şeýle bolmalydyr!
Bu sözler soñra şol döwrüñ taryhçysy Reşideddiniñ ýazgylarynda ymykly orun aldy. Hawa, Çingiz han soltany herhal, ýeñdi. Jelaleddin jahanyñ dowzah oduny tas söndüripdi we onuñ kalbyny tary-mar kyldy. Gahar-gazapdan ýaña hanyñ gözlerinden şorumtyk goşa gözýaş düwmelendi. Ogullary muny görüp günäli şekilde başlaryny aşak saldylar. Han soñra sary sakgalyny penjeläp, möjek kimin uwlap goýberdi. Wagt geçdigiçe başga pikirem onuñ inini tikenekletdi. Bu garadan gaýtmaz soltan özi dirikä şeýdip ýör. Sanalgysy dolaýsa dagy tohum-tijine gün bermez. Pürreläp tüketmegem ahmal. Ony her edip, hesip edip gümlemegiñ gamyny iýmeli. Güýç bilen-ä aldyrmady. Ýene mekirlige ýüz urmaly. Muny niçik gurnamaly?.. Ol ýeke özi köp kelle döwdi. O ýandan, bu ýandan Jelaleddiniñ öz garşysyna ýene goşun toplaýandygy hakyndaky ýakymsyz habarlar gelip başlady. Oña has darykdy. Bäş ýüze golaý aýalynyñ iñ näzeninleriniñ näzeninlerem hökümdaryñ göwnüni awlap bilmeýärdi. Ol hut kapasa düşen ýolbarsa dönüpdi. Tejribeli han bu ahwalyny leşgerlerine bildirmeýärdi. Diñe ýeke göz Subudaý batyr hökümdarynyñ gizlin bir syrynyñ barlygyny syzýardy. Ýöne dil ýarmaga milt edip bilenok.
Han günlerde bir gün süññiýeñil turdy. Soñky wagtlarda ilkinji gezek ýyrşardy. Gulply gapynyñ açary tapylaýdy öýdýän. Ol şol bada Subudaý batyry dergähine çagyrdy. Oña ýaşyryn tabşyryklaryny aýtdy. Subudaý batyr derrew işe girişdi. Hawa, ynsanda iñ ejizi zenan. Ýöne hanyñ uýuşyça, iñ başarnyklysy hem şolar. Aýal çynyny etse, dagy-daşy talhana öwrer.
Subudaý batyr şäherme-şäher aýlandy. Ahyry ýitigini tapdy. Ol türkmen gelni gözel Melikedi. Oña tabşyryga boýun sunmakdan başga alaç ýokdy. Ýogsam, ilen-çalanlaryny güjük gyran ýaly paýhynlajakdyklary şeksiz. Ol garyp düşen täjiriñ ýeke gyzy. At üstünde oturmak, ok-ýaý atmak çagalykdan oýnagy. Subudaý batyr oña Çingiz hanyñ buýruklaryny aýtdy. Hem-de Jelaleddini öldürmegiñ ýoluny salgy berdi. Aşhanasynda ýerleşip zäher bermeli. Bu-dilde añsat. Jelaleddiniñ yrakdaky meýdanlaryna aralaşmagy Subudaý batyryñ özi gurnady. Şol taraplara barýan kerwene Melikäniñ daklyşmagyny sepini bildirmän oñardy. Kerwen surnukdyryjy ýol ýöräp, gaty daşa gitdi. Gyrmyldan gyr aşýar. Ine, şeýdip kerwen Jelaleddiniñ hökmürowan ýerleriniñ çetine aýak basdy. Subudaý batyr soñky niýetini amala aşyrdy. Ol şu pursata takatly garaşyp, kerweniñ yzyndan garaba-garaba gelýärdi.
Bölek atlylar çozdular. Kerwendäkilerden Melike we duýulmaz ýaly birki sany adam diri galdyryldy. Ýone bu iki adam hem agyr ýaralydy. Şikara çykan Jelaleddin, onuñ atlylary üstlerinden bardylar. Iki ýaraly suw içenlerinden soñ, dünýäniñ derdeserinden şol bada dyndy. Melike suwy teşnelik bilen içdi. Içesi gelmese-de, artyk içdi. Bolan ahwaly soramak hökman däl. Kerwen talanypdyr. Gurşunly kenek kimin dykyz, ak meñizleç ýüzüni sörtük çawlap garaýagyzlaşan Jelaleddine Melikäniñ gözi ilende, ondaky gizlin ýesir edijilige yranjyrady. Soltanyñ hem oña nazary kaklyşdy. Şonda ümzük atanyny duýman galdy. Başda: "Meñ aýak tozumyñ degen ýerlerindäki kerweni talamaga gurbat tapan goç ýigit kimkä?" diýip, gelen pikir ok atylan sarlar kimin pytrap gitdi.
Jelaleddin iki-üç günden mesgenine dolanyp bardy. Melike bu ýere näme üçin geleninem birbada unutdy. Söweşjñ esgerler sap-sap bolşup meýdanda harby türgenleşik işlerini geçýärdiler. Gelin şolaryñ arasynda ýörmegi küýsedi. Ýöne basym akylyna aýlandy. Sebäbi Subudaý batyr Çingiz hanyñ adyndan ummasyz mal-mülk, sylag-serpaý, hatda bir şähere häkim bellemeklige söz beripdi. Ony ýuwundyrdylar, naharladylar, timarladylar. Dem-dynjyny aldy. Melike: "Soltan söhbet üçin heý, huzuryna çagyrmazmyka?" diýip, göwün ýüwürtdi. Jelaleddiniñ bolsa biri-birinden gaýra goýulmasyz iş-aladalary köp. Onuñ esasy matlaby musulman döwletleriñ agyzlaryny birikdirip, ganojak Çingiz hany dyza çökermek. Ýöne bu başa baranok. Musulman hökümdarlary: "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok" edýärler. Bu onuñ hyýallaryny ýele sowursa-da, göwni çökgünligiñ batgasyna batanok. Dogry, soñky wagtlarda şerap içmesini artdyrdy. Baş wezir muny bilse-de, dymdy. Sene ýazyjysy danawy Muhammet Nesewi welin, beýdiberse soltanyñ tiz çagşajakdygyny batyrgaýlyk bilen aýtdy. Jelaleddin şundan soñ oýlandy-oýlandy-da, bu pişesini kemeltdi. Hemişekisi ýaly "Beýik Isgenderiñ ýörişleriniñ kitabyny" okap başlady. Onuñ käbir sahypalaryny ýatdan bilýär. Soltan şol bir wagtyñ özünde Gürjüstana ýöriş etmek meýlini güýçlendirdi. Melikäniñ bolsa, işiniñ şowlamagynyñ uçgunjyklary ýylpyldady. Ol harby zenanlygyny gizlin saklaýardy. Onsoñ başarjak işi hasap edilip, aşhanada orun berildi. Bir günem soltanyñ garry aşpezi syrkawlady. Nahary Melike taýýarlady. Ony iýen Jelaleddin tagamy öwdi we sowal berdi:
- Örän datly. Kim bişirdi?
- Hatyn Melike hanym, Siziñ Alyhezretleriñiz...
Bu Melikäni gylawlandyrdy. Datlydan-datly tagamlar bişirip, baş maksadyny unudañkyrlapdy. Bir gezek Jelaleddinu gabatlaşdy. Owadan zenanlara gezek gelende ýüregi ýuka soltan sakga durdy. Saklawlaram şeýtdiler. Asyl asmanyñ Aýy zemine gaçan bolaýmasyn? Onuñ göçme haremhanasynda biri-birinden zyýada, gelşikli zenanlar bar. Munuñ ýalysy welin ýok. Haýsy ýurduñ jereni? Haýsy kölüñ guba gazy? Talanan kerwendäki naçar ýadynda galmandyr. Soltan ýangynly bakyp, ýoluny dowam etdi. Melike-de, bagryna ot düşen şekilli ahwaly başdan geçirdi. Älhepus, o bürgüt nazary! Onuñ öñünde haýsy zenan eräp-akmaz. Şol gijeden başlap, gelniñ ukusy kemeldi. Eýsem, ol adamsyny söýüpdimi? Ýok. Ony tozan dädesi mala-beýlekä çalşyp goýberipdi. Baly goýalan gelin mähir-muhabbet, söýgi küýseýärdi. Ýigidi welin humarbazdy. Neşä erkini aldyrdy. Şeýdip köp gijeler gelin gujagy boş galdy. Nowçalan gül süllerip solýardy. Emma dañ çygyndan päkize Melike ýeñles ýigitleriñ göz gyzdyrmalaryndan saklanmagy başardy. A indi näme? Belki, Jelaleddiniñ ýekeje gijelik gujagy üçin, dünýäniñ barça baýlygyndan geçer. Eý, toba, ne jyn urdy? Telbelän bolaýmasyn? Ol köp gezek ony kalbynyñ töründen kowmaga synandy. Gaýtam näçe daşlaşjak boldugyça, şonça ýakynlaşdy. Bu näme? Yşkyñ odudyr. Gyz mahalynda ymyzganyp, gelinkä oýanan biserhet söýgüdir. Soñabaka düýşüne girip, mahmal saçlaryny ýassanyp ýatýar. Gelin hopugyp oýanýar. Görse, Jelalledin ýok. Şondan soñky uky ummanlaryñ çuñlugyna gaçar. Gelibilmez. Ýalpyldap Gün dogar. Janly-jandar herekete geler. Melike-de şeýder. Ýöne bir görseñ barmagyny aş pyçaga kesdir. Käte ýat ýaby ýaly böwrüni diñläp durar. Soñky gezek naharyñ duzy öteräk düşäýdi. Ol tas işden kowlupdy. Onsoñ birneme özüni dürsedi. Onuñ kalbynyñ bir ýerlerinde Jelaleddin özüni çagyrar tamakinçiligi şineleýär. Soltanyñ teşnelik bilen ýangynly bakyşy hakydasyndan çykanok. Onuñ iş-derdi señrikden agdyk bolmaga çemeli, ýogsam, gözel Melikäniñ perraç kirpiklerinden aman sypaýmak her kime başartmaz. Jelaleddin bolsa soñky wagtlarda "Dana duşmandan öwrenmegiñ aýby ýok" diýen pikire eññit edip, Çingiz hanyñ hilegärliklerini göz öñüne tutup ýör. Onuñ ýeñişleriniñ esasy sütüni aldawçylyga ussatlygy. Onsoñ soltan gürjüleri boýun egdirmegiñ ýollary hakynda kelle döwýär. Häzir añtawçysynyñ habaryny alyp goýberdi. Ol gürji illerinde bir aýa golaý timisgenip gelipdi. Onuñ aýtmagyna görä, beg-begzadalar gedem, hatda biri-birlerine göwni ýetenoklar. Ýöne Jelaleddiniñ çozmagy agyzlaryny birikdirmegi mümkin. Bu-da öz aralaryndan içinden-bagryndan ýalyn geçen aznawur serkerde dörese şeýle bolar. Muny başa bardyrmazlyk üçin itleriñ ortasyna lukma oklanyşyny gurnamaly. Nädip? Elbetde, häzir gizlin saklar. Kawkaz daglaryna aralaşanda girişse-de, jüpüne düşmän durmaz. Ýöne özem her ädimde ala garganyñ hüşgärligini elden bermeli däl. Şunda öñräkki bolan bir kiçijik waka ýadyna düşýär. Soltanyñ Hind derýasyndan urup geçen bedewini juda eý görýänliginu bu jelegaýlarda bilmeýän ýok bolsa gerek. Jelaleddin şonsuz - ganatsyz guş. Onuñ ýeke özüne bir goja atbakar yssy-idiwat edýär. Çyn bedewd-ä. Harby tilsimlere düşbüliginden başga-da süýnüp-sarkyp, sallanjyrap ýörände, özüne göwni ýetýän gyz ony görende ädimini ýalñyşyp büdreýär. Ine, näkesiñ biri göze güýdüşip, şol janaweriñ boýnundan gylyjyny inderjek bolup durka ele salynýar. Damarlarynda türkmen gany akyp, gahary bokurdagyna gelen Jelaleddin betlagamy ata süýredip, göwresini tike-tike etdirdi. Muhammet Nesewi: "Beýik hökümdarym! Atyña kast edildigi ~ özüñe kast edildigidir. Hökman munuñ gözbaşynda güýçli we mekir duşmanyñ eli bardyr. Anyklamaly eken" diýip, maslahat berdi. Soltan gyzgynlygy bilen şeýtmänligine soñra ökünmän durmady. Haýp wagşy gahar adamy köre öwürýän eken. Ýogsam, ol özüniñ ýeke-täk duşmany Çingiz han hasaplaýardy. Demi düşýän ýerlerinde han-begleriñ dawa-jenjellerini dogry çözýär. Garamaýaklara ganatyny gerýär. Şonda-da.., ilçilik-dä. Duşman tapylýar. Ol häzir gürjülere ýörişi çaltlandyrmagyñ pikirine gümra. Besdir, köp ýatyldy. Gürjüleri eýelese, biliniñ kuwwaty artar. Belki, beýleki kawkazlylary-da boýun egdirer. Esasy oñurga gürjüler. Onsoñ ilki şolardan başlamaly:
- Siziñ Alyhezretiñiz...
Soltan ukudan oýanan şekilli ahwaly başdan geçirip, gapy saklawbanyna sowally nazaryny dikdi:
- Bir ýigitdir gyz gyssagly kabul etmegiñizi soraýar.
Jelaleddini baş atdy:
- Goý, gelsinler!
Juwanlar tiz içeri girip, lowurdaýan hala gursaklaryny berdiler. Hökümdar olara ýol arçady:
- Boluñ, aýdyberiñ!
Ýigit düşündirdi:
- Biz biri-birimize göwün berdik. Gyzyñ atasy tüçjar baý. Kellekeser agalary-da bar. Maña durmuşa çykarylmajagy belli. Özümem "Ýerden ýeke çykan" diýenleri. Ýetim. Maslahaty çugdamlap, Siziñ Alyhezretiñizi penalamaga geldik. Ömrümde ilkinji gezek ogrulyga ýüz urdum. Baýyñ atyny ogurladym. Şonuñ gylýal çopanydym. Ýogsam, çöregimi halal gazandym.
Soltan bir pursat oýlandy-da, şeýle diýdi:
- Näme-de bolsa sawçylyga adam ibermeli ekeniñ. Bi hereketiñ hormat goýmazlyk, edepsizlik.
Gyz aglady. Ýigit ýene ýer bagyrtlady:
- Hatamyzy geç, beýik hökümdar! Ýöne bizi gora. Olar atly kowup, ýetip gelýärler.
- Dikel, inim!
Ýigit gulaklarynyñ eşidýänlerine ynanmajak boldy. Sarsgyny uzaklara düşen Jelaleddin ýeñiýoluk ýeke ýigide "inim" diýip ýüzlenip otyr. Ol ikinji gezek öñki aýdanlaryny gaýtalap, yz ýanyndan buýruk berdi:
- Dem-dynçlaryny alsynlar. Hyzmatyñyzy gaýgyrmañ.
Bular çykandan soñ, basym huzuryna ýüz-gözleri çañjaran, etli-ganly, murtlaryny ýeñsesinden çataýmaly, göwrelek pyýada içeri girip iki epildi:
- Beýik Soltan! Olary elime ber! Içimi sowadaýyn. Ýüzüme gara çekdiler meñ. Kemterisinden ýañzytmadylar. Ýigit sawçy-da ýollamady. Beren duzum urar o eşşegatalyny.
Jelaleddiniñ çaklamasy takyk çykan. Ýeser baý şeýle diýmelidi. Şonam aýdyp dur. Soltan çynyny sözledi:
- Menem käýedim olara. Nätjek, säwlik goýberipdirler. Garyp ýigidiñ deregine söz aýdýan saña. Guda bolaly. Toýy özüm tutjak.
Baýa ylalaşmakdan başga alaç galmady. Eýsem näme? Demi ýer godukdyrýan soltan oña adam şekilli sarpa goýdy.
Jelaleddin sözünde tapylyp, gumrulary jübütledi. Soñra ýigidi nökerlige aldy. Bu-da, Çingiz hana atylan sary peýkamyñ birine öwrüler. Şeýle pursatlarda Melike özüne berilen mütdeti hasaplady. Golaýlapdyr. Ol hopukdy. Dura-bara dumana ulaşan serini saýpallady. Eýsem yşk söwdasyna geldimi? Tohum-tijinden başga-da... Çingiz han onuñ şäherini tekizläp, üstünde ýumurtga togalar. Elbetde, tabşyryk ýowuz. Emma hötdesinden gelmeli. Tagama zäher gatmak başardar. Soltanyñ weli, ökde tebipleri bar. Bilerler. Onsoñ beýtmeklik çaga hyýalyna meñzeýär. Suwa girip gury çykmagy oñarmaly.
Melike soltan bilen pynhan ikiçäkligi gurnamagy ýüregine berk düwdi. Şonda zäherli şerbet bermäge pursat bolar. Nämäniñ gopanlygyna düşünýänçäler gaçmaklyk şowlar. Şeýdip, ýene bir gezek Jelaleddiniñ gözüne ilmegiñ ebeteýini tapdy. Soltanyñ bürgüt nazarynyñ çuñlugy gelni gumrujyk kimin ýuwutdy. Melikäniñ göwni bu sapar aldamady. Agta gul gije ony gül pürküken ýaly otaga eltdi. Onda... dagyñ bölegi şekilli Jelaleddin Meñburmy sarsman otyrdy. Melikäniñ ýüregi gürsüldäp, hut agzyndan çykara geldi. On dört, on bäş ýaşly gyzyñ ýigit bilen ilkinji sataşykdaky ahwaly döredi. Aşak bakdy. Sülmüredi. Galpyldady. Soltana ne döw çaldy diýsene! Hamala, işşekçer şekilli. Dili baglandy. Galjak boldy. Ysgyn-deramatsyz. Bu näme boldugy. Belki, jadygöýdür görüp durany. Ýüze taý bolýan Jelaleddin! Hany, garadan gaýtmazlygyñ? Çymçyk ýaly gelniñ öñünde... Pä-heý! Gaýrata gal! Ol turdy. Ýöne entirekledi. Gepleýändirin öýtdi. Sesi weli, özüne-de eşidilmedi. Diñe dodaklary çalaja müñküldedi. Herhal, yranjyrap, gelne tarap gaýtmaga iner kuwwatly dyzynda sähelçe gurbat tapdy. Ine, onuñ howurly demi gelniñ dañ säheri dek ter ýañaklaryna urlup, ataş çawlana dönderdi. Melike çaýkanjyrap, tas soltanyñ egninden ýapyşypdy. Herhal, saklanmagy başardy.
- Hanym... - Böwedi böwsülen sil kimin Jelaleddiniñ dili açylyp başlady: - Hoş gördük.
Melike delmuryp oña owadan, jeren gözlerini aýlady-da, ýene sözlärine garaşdy. Soltan gultunyo dowam etdi: - Gizlejek däl. Özüñem añýansyñ. Meñ ornuma başgalary goýsañ-da, şeýder. Köp näzeniniñ gülüni tirdim. Seniñ ýalysyny weli görmedim.
Ol birhowa dymyp, şeýle diýdi:
- Hanym... neme... Men seni söýdüm. Bu sözleri heniz hiç kime aýtmanlygyma, muny ilkinji gezek aýdýanlygyma ynan.
Elbetde, bu sözler on dört, on bäş ýaşly gyzka näbelli bir ýigit tarapyndan aýdylmalydy. Başky söýgi, gör, nirelerde eglenipdir?! Bi niçik ahwal? Bi niçik?.. Munuñ yz ýanyndan gelin kalbynda müñkürlik oýandy. "Asyl erkek kişiler ýalan sözlemäge ökde ahyryn". Basym garşylykly pikir döredi. "Beýle diýmän, hökmürowanlygyna tutsa, elimden näme geler?". Onýança Jelaleddiniñ sesi eşidildi:
- Ak goluñdan şerbet ber. Gana içeýin. Ol söýgi şerbeti bolar.
Melikäniñ böwrüne iblis dürtgüledi: "Bü-ýä ugruna bolaýdy"... Ol beýleräkdäki nygmatly mejimä baryp, añyrsyna bakdy-da, göwsüniñ üstünde gizlän zäherini alyp, badanyñ içine oklady. Iki sanysyny göterip, ýüregine daş baglap, soltana peýlänini berdi. Eh, söýýän gözler! Sen batyl bolýan ekeniñ. Alkymjygyñdaky ajaly göreñok.
Soltan joşgunly gepledi:
- Ataşsyz ýakma! Ýaşaýşym, iki dünýä serwerim! Sen niçik görýäñ? Dillen, melegim!
Melikäniñ on iki süññi gagşap endiredi. Badasyndaky goýy-gyzgylt şerbetem saçalandy.
- Geple, jahandaky ýeke-täk kuýaşym!
Gelin ýazykly, ýöne aldajy nazarynu aşygyna dikdi. Soltan hut dyza çökäýdi:
- Heniz adam oglunyñ öñünde beýtmändim. Bol, dillen, sahypjemalym! Öz şirin zybanyñdan eşideýin. Eger isleseñ sabada hatynlarymyñ baryna ejaza bereýin. Maña diñe sen gerek.
- Men.., men...
Soltan syçrap turdy. Ýöne Melikäniñ ýañaklaryndan ýol ýasan gözýaşy goşa düwmäni gördi.
- Näme üçin aglaýañ? Goý, aglama, perişdäm. Men seniñ adyñdan sary sakgal Çingiz hany kül-uşak etjekligime ynanýan. Hawa, ynanýan!
Ol ýumruklaryny daşa dönderip düwdi. Şonda içi zäherli bada şatyrdap tas döwülýärdi. Melikäniñ gözleri giñden açyldy. Soltanyñ aýdanlary weli, kalbyny daglady. Onuñ çyndan göwün berendigine indi müñkür bolmak, haýasyzlyk, biedeplikdi. Haram keýp üçin däldigini syzdy. Ol birden Soltanyñ elindäki badany kakyp aldy-da, bir demde başyna çekip, özüniñkini oña uzatdy:
- Me, iç!
Pyşyrdap aýdylan sözlere näme üçindir geñirgän Jelaleddin hoşgylaw şeýtdi. Oña magşugynyñ islegini berjaý etmekden başga mukaddeslik bolup bilmez. Ertiriñ özünde gürjülere däl-de, Çingiz hanyñ üstüne ýörişe ugramak meýli aldym-berdime saldy. Ony ýeñjekdigi baradaky ynam gursagyny ýararlap, bogazyna sygdygyndan uly ili bilen gygyryberesi geldi. Melikäniñ weli, barha haly haraplandy. Agzynyñ içi gus-gury bolup, näzijek, ýuka dodaklary kepedi. Aý kamat ýüzüniñ nury öçüp, gögümtil gara öwüsdi. Yşk zäheri bala öwrüp bilýän ekeni. Ol iñ soñky güýjüni toplap, haýalja:
- Me... men... sen... seni... - diýip bildi-de, şalkyldap ýykylmazlyk üçin soltanyñ gujagyna doldy:
- Söý... söýýän... bür... bürr... gü... dim...

Annatagan NURGELDIÝEW.

#edebiyatwesungat

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 211 | Добавил: Has | Теги: Annatagan Nurgeldiýew | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 12
0
1  
Gynandyrdy..haysysy içse-de gynandyrardy. Barybir Çingiz hanam, Jelaleddinem uruşjaklara, Melike õzi içeninden zäheri dõküp ýagdaýy aýdaýsa bolaýjak ekeni.

0
2  
şeýle eden bolsa Jelaleddin Çingiziñ hilegärliginden habarly bolup goranyşy güýçlendirip seresaply, ätiýaçly bolup herekete geçerdi..

0
3  
Bir tarapdan hakyna tutulan zenanyñ Melike bolany gowam bolupdyr. Başga biri bolan bolsa zäheri õzi içmän Jelaleddine bererdi

0
4  
Uly bir powesti yiti mazmunly syujet bilen upjun edip biljek hekaya eken.

0
5  
@Nur Melikäñ diri galanlygynda aýdan sözüne ynanyp bolarmydy?

0
6  
@Gumlygelin, ynanylmaz hut şol wagt, emma Jelaleddin duran ýerinde oñ kellesini keserdi diýibem bolmaz. Emma ak ýürekden aýdanyny bilse, soñky hereketlerini berk gõzegçilikde saklap, Çingiziñ garşysyna ulanybam bilerdi..:-:-))

0
7  
@Nur hekaýañ bar gyzygy ,özüne çekijiligi Melikäñ yşkyñ hatyrasyna mert ölümi bolsa gerek.....
Biz bolsa Melikäni öldürmejek bolup jan etýäs.....

0
8  
Ýõne her bir ýazyjy taryhy eser ýazjak bolsa taryhy doly õwrenip içgin girişip ýazýar. Annatagan aga-da maglumatlara esaslanandyr.
Meniñki ýõne eseriñ õzümde galan täsiri esasynda pikirimi aýtmak boldy-)

0
9  
@Nur,ol teswirdäkem dogry.

0
10  
Ýazyjynyñ hem maksady gyzykly wakalaryñ üsti bilen okyjyda täsir galdyrmak...
Bu eser hem ýerine düşen bolmaly.Çünki
Melikäñ ölümi her bir okyjyñ añynda daşa ýazylan ýaly bolup ömürlik galar...

0
11  
Mümkin, ýõne yşkyñ subudy gõni sesiñi çykarman õlmek dälmika diýýän, taryhda şeýle bolandyr belki, emma Melikäniñ hereketinde "yşkdan" beter õz soñky ýaşaýşynda, õz "yşkyny" Çingiz bilse õz başyna düşjek, abanjak howpdan gorkusy gõrünýär. Meñ aýtjak bolanym Melikäniñ õlüminde Jelaleddine bolan "yşky" -yndan beter gelejeginde õzüne abanýan howpdan gorkusy.(ýazyjy Melikäniñ hereketinde şol gorkyny açyp gõrkezýär)
Meñ pikirim teswirlem ýazyjyny gowşaklykda aýyplamak däl-de, eýsem Melikäniñ hereketinde ýazyjynyñ beýan eden syry, aýtmak islän pikiri şol ýeri bolup gõründi. Ýagny Melikäniñ hereketi.

0
12  
Melike näme maksat bilen gelenini söýgiñ hatyrasyna aýdaýmaly eken.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: