11:25
Yşk - köñül guşy / dowamy

II.

Özüňi açmazdan, gürrüň berýän zadyňy-da açmak mümkin däl. Seniň edebiýat ýa haýsydyr bir şahyr ýa şygyr baradaky gürrüňleriň öz «meniň» üstünden geçip kemala gelmeli. Aralykda «men» bolmasa, özboluşly açylýan obýekt hem ýok bolup çykýar. Edebiýatçylarymyzy stilsizlik köseýär. Stil – duýgudan püre-pürlenip duran kalbyň ahwalaty – «şahsyýet» diýmekdir. Ýazyjy  ýoldaşlarymyň biri özara gürrüňde «Edebiýata esasy gerek zat – ýürek» diýip aýtdy. Mysal hökmünde-de A.Bekmyradow bilen S.Myradowyň atlaryny tutdy. Men onuň aýdanyna düşünýän. Bu edebiýatçylar öz stilini – edebi şahsyýetini tapan edebiýatçylar.
Şahsyýet ýürek bile aňyň, duýgy bilen pikiriň janly utgaşygyndan kemala gelýär. Olar özleriniň şahsyýet sypatlary boýunça biziň düşünjämizdäki şahyra laýyk gelýärler. Ýöne şygyr däl-de, makala ýazan şahyrlar. Olar adaty şahyrlar kalbynyň janlylygyny gönüden-göni durmuş bilen täsirleşmekden däl-de, durmuş bilen edebiýatyň üstaşyry täsirleşmek arkaly açan şahsyýetler. Edil şahyrlaryň edebi garaýyşlaryny beýan edip makala ýazyşlary ýaly-da, edebiýatçylarymyzyň galaba köpüsinde bolsa duýgy-ha däl, pikir hem ýok, oňa derek pikiriň kimdir biri tarapyndan ýola goýlan, indem önelgesizlige hem endige öwrülen endigi bar. Çünki duýgy bolmasa, dogrusyny aýtsaň, pikir hem ýok ahyryn.
Duýgy – pikiriň köküdir, ol kökler bolsa durmuş janlylygyndan nem alýarlar. Kalby şahyr edebiýatçy durmuşyň gabygy däl-de, jany bilen iş salyşýar. Ýöne ol professional şahyrdan şol janlylygy aýan ediş formasy boýunça tapawutlanýar: şahyr şygyr, edebiýatçy makala ýazýar. Başga sözler bilen aýdanyňda, öz tapan «menini» taraşlaýyş, güzaply kemala getiriş usullary bilen tapawutlanýar. Emma esasy zat – «meniň» bolmagydyr.
Şeýlelikde, jan, janlylyk – «men» diýmekdir. Türkmen dilinde «men diýen adam» jümlesi bar. Munuň özi «adamlara, durmuşa özüni ykrar etdiren» diýmekligi aňladýar, munuň özi, diýmek, şahsyýet diýmegi aňladýar. Görnüşi ýaly, janlylyk  ägirt uly erkinlikdir. Şeýle bir hakykat bar:
Özüň şahsyýet bolmazdan, özge bir şahsyýetiň manysyny obýektiw açmak mümkin däldir. Sungatda-da, sungaty öwrenýän ylymda-da şahsyýet bolmak gerek.
Sungat – durmuşa düşünmek.
Ylym – düşünileni düşündirmek, açyş arkaly açyş etmekdir. Bu bolsa janyň janlylygyny gaýtadan dikeltmekdir.
Şu ýerde Gýotäniň sözlerini getirmek gaty ýerlikli bolsa gerek: «Meniň barlygymy janlandyrmazdan hem giňeltmezden, meniň bilimimi artdyrýan zatlar gözüme ýigrenji görünýär». Ine, şu genial pikirde janly hem jansyz ylmyň arasyndaky tapawut mesaňa görünýär. Janly ylym aňyň hem ýüregiň janlylygyny üpjün edýän ylymdyr, jansyz ylym bolsa akyl işini kesp hem hyzmat edýän serişdesidir. Barlygyň ýokluga öwrülmeginiň ýoly – endikdir. Adam özünden öň tapylan ýörelgeleriň çäginde boş aýlanmany endik edinýär. Janly akyl gözlegleri bolsa şol çäkleri ýykmakdan, şeýdibem durmuşyň manysyny, janly manysyny giňeltmekden we çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Bu pikirler meniň aňymda ömrüň hem janlylygyň filosofiki manysyny külterläp, klassykamyz barada ýazylan ylmy işleri okanymda döredi. Jan, barlyk hem ýokluk gözlegleri her bir türkmeni beýik Magtymgulynyň huzuryna getirýär. Magtymguluda bolsa janlylyk – yşk ukyby, yşga düşmek ukyby hökmünde düşünilýär.
Yşk – ýaşaýyş energiýasynyň iň ýokary derejede ýüze çykmagy.
Jan – ýaşaýşyň esasy dirilik birligidir.
Jan – dünýäni herekete getirýän birlik. Hut şular hakynda beýik şahyryň hemmä belli, şol bir wagtda-da juda näbelli «Bu derdi» goşgusynda aýdylýar. Ilki bilen, şygryň esasynda ýatýan rowaýat, şygryň medeni kökleri hakynda.
Ine, şol rowaýatyň gysgaça mazmuny: «Alla adama üýtgeşik bir gudrat bermek hem-de özüne meňzetmek üçin öz ruhuna laýyk närse ýaradypdyr. Ýüzük şekili bolan bu närsä öz rehmetini, Muhammediň nuruny, säheriň durulygyny goşupdyr we oňa jan-köküň (yşk) adyny beripdir. Bu närsäni adama bagş etmezden öň, ýaradylan zatlaryň ählisine maslahat salypdyr. Haýsyňyz alsaňyz, şoňa şu zady bagş edýärin – diýipdir. Ýel, suw, (derýa), ot, dag, düz – bularyň barysy gezekli-gezegine alyp gidip, ýene-de gaýtaryp getiripdirler. Çünki janyň yşk derdini çekmäge olaryň hijisiniň hem kuwwaty çatmandyr. Olaryň älemi lerzana gelipdir».1
Edebiýatçy alym M. Annamuhammedow Rabguzynyň «Kysasyl-enbiýa» eserinden şu maglumaty getirýär. «Kysasyl-enbiýada» özboluşly rowaýata öwrülen bu hadysanyň düýbi Gurhandan gaýdýar. Ine, ol:
«Amanat ýüki asmanyň, zeminiň we dagyň boýnuna dakjak boldular, eýmendiler, ahyry adam ony öz boýnuna aldy. Hamana ol sütemkär we nadan ýalydy».
Gurhandan alnan bu bölek bilen Rabguzynyň rowaýatyny deňeşdireniňde, ruhuň ösüşindäki uly özboluşlylygy görüp bolýar. Yslam medeniýetinde muňa tefsir diýilýär. Tefsir etmek – ýöne bir gaýtalamak däl-de, eýsem janly taryhy, ruhy durmuş içre manysyny ýaýmak bolýar. Şol ýaýmaklyk üçinem asyl tekstiň durkunda bolmadyk detallar hem pikirler goşulýar. Ynanmasaňyz, şu iki mysaly hertaraplaýyn deňeşdirip göräýin. Gurhandaky şine görnüşli hakykat Rabguzyda gül ýa miwe

1. Annamuhamedow M. Magtymguly, gizlin syryň bar içde. A., 1997, 88 s.
barlygyna eýe bolupdyr. Rabguzynyň «adama üýtgeşik gudrat bermek», «özüne meňzetmek» diýýäniniň çuňňur filosofiki manysy bar. Bu ýerde beýik Ýaradan bilen adamzadyň ruhy manydaky sebäpli-netijeli baglanyşygy görünýär. Bu ýerde adamzat janynyň hem paýhasynyň düýpli filosofiki manysy jemlenýär. Hudaýa meňzeýän – pikirlenip, aňlap bilýän, üýtgeşik gudrat-paýhas arkaly akyl ýetirip bilýän hem barlygy üýtgedip bilýän diýmekdir.
Diýmek, gep adamyň gaýry ýaradylan zatlardan düýpli tapawutlanýan gapma-garşy barlygy hakynda barýar. Adama mahsus akyl, dil, köňül, hereket – bu ruhy sypatlaryň bary şol närseden – jandan gelip çykýar. Yşk bolsa şol närsäniň – janyň ýaşaýyş formasydyr. Şeýlelikde, yşk – adamzadyň tebigatyň gaýry jansyz-u-janly birliklerinden tapawutlanýan ählumumy ýaşaýyş usulydyr.
Allatagala adamzada akyl ýetirmek ukybyny beripdir. Şu-da onuň hem bagty, hem betbagtlygy, hem artykmaçlygydyr, hem özgeleriň öňündäki kemçiligidir we aýbydyr.
Bagtlylygynyň sebäbi – ol şunuň bile sözüň hakyky manysynda ýaşamak lezzetine eýe bolýar, çünki ol, aýdaly, haýwanlardan tapawutlylykda, diňe ýaşaman, eýsem özüniň ýaşaýanlygyny-da bilýär.
Betbagtlygynyň sebäbi – ol özüne-de akyl ýetirýär, ýagny ol özüniň öljekligine-de akyl ýetirýär! Lezzet, eşret şobada derde öwrülýär. Hut şonuň üçindir, megerem, Gurhanda amanat ýüküni boýna alan adamzat barada «Hamana, ol sütemkär hem nadan ýalydy» diýip aýdylýar. Rast aýdylan pikir, genial pikir. Her bir zat öz gapma-garşylygyna öwrülýär. Adamzada ýaşamaga usul hem serişde beren, ony barça mahlukdan ýokary galdyran akyl onuň ýok bolmagyna-da sebäp bolup biler.
Şeýlelikde, «Bu derdi» şygrynda goýulýan yşk meselesine-de şu hili filosofiki kontekstde seretmeli. Şonda onuň bütin çuňňurlygy-da, şahyryň meselä çemeleşişiniň aýratynlyklary-da bize aýan bolar. Ýöne ondan owal degişli filosofiki kontekstiň taryhy manysy hakynda.
Rabguzy aýtmyşlaýyn, janyň gurluşyny Ýaradan rehmeti, Muhammediň nury we säheriň durulygy emele getirýär. Bu ýerde alymlara pikirlenere juda düýpli esaslar bar. Bu ýöne bir mistiki pikirlenme ýa-da allegoriýa däldir. Bu ýerde ýaşaýyş fenomenine yslamyň garaýşynyň aýratynlygy jemlenýär. Hatda allegoriýa-da öz içinde, süňňünde filosofiki janlylygy saklap bilýär. Bir nesil tarapyndan döredilen tymsal, allegoriýanyň içki manysyny indiki nesil açýar. Ruha akyl ýetirişiň taryhy şundan ybaratdyr. Sebäp tymsal – bu hakykatyň obrazlaýyn umumylaşdyrylmasydyr. Ol, käbirleriniň pikir edişi ýaly, nähaky hakykata öwürmek däldir, howaýylykdan hakykat ýasamak hem däldir. Allegoriýa hem tymsal – ruhuň doňňaralygyna hem howaýylygyna öwrülen hakykatdyr. Indiki nesilleriň wezipesi – şol howaýylyk hem doňňaralyk içinde ýatan hakykaty öz zamanasynyň, öz paýhasynyň diline terjime etmekdir. Şol terjime esasynda-da durmuşa öz gatnaşygyňy tapmakdyr. Men diňe şu herekete ösüş diýip düşünýärin.
Öten nesilleriň ruhy tapyndylaryny howaýylyk ýa şuňa meňzeş zat hökmünde durşuna inkär etmek hem, ýa-da olaryň içki manysyny açmazdan, saçmazdan şol durşuna endik biperwaýlygy bilen kabul etmek hem ösüşi aňladyp bilmez.
Aýdaly, ýokarky rowaýat maňa ýaşaýşyň, tebigatyň gelip çykyşyny düşündirmände-de, ol maňa yslam ruhunyň gelip çykyşyny hem ösüşini, onuň barlyga gatnaşygynyň aýratynlyklaryny düşündirýär. Rowaýatdan görnüşi ýaly, adamda, adamyň gurluşynda metafiziki dünýä (Allanyň rehmedi), fiziki dünýä (säheriň nury) hem-de olaryň aralygyndaky trans-fiziki dünýä (Muhammediň nury) mahsus elementlerden ybarat gapma-garşylykly barlyk ýatýandyr. Adam janyna mähir (rehmet), nur hem-de durulyk mahsusdyr. Ýylylygyň (mähriň), ýagtylygyň hem durulygyň nähili manylary bar?! Ýaşaýyş diýmek şu üçüsiniň bitewüligi dälmi? Hem-de mundan ruha mahsus bolan nähili atributlary getirip çykaryp borka?!
Jan hakynda pikir ýöredilende, esasy düşünjeleriň biri «amanat» diýen aňlatmadyr. Munuň iki manysy bar – ol janyň özüni we janyň baş sypatlarynyň birini – onuň wagtlaýynlygyny, karzlygyny-da aňladýar. Şeýle dünýägaraýyş hem dünýäni şu hili duýuş Gurhandan gaýdýan bolmaly. Edil Magtymgulynyň «Bu derdi» şygrynyň Gurhandan kök alyp gaýdyşy ýaly. Emma Gurhan bilen Magtymgulynyň arasynda birgiden filosofiki hem edebi däpler hem ýörelgeler ýatyr. Şolar hem şahyryň Gurhana düşüniş aýratynlygyny kesgitleýärler. Olardan esasysy sufizmdir.
Sufizmiň ruhy hadysa hökmündäki giňligi hem çuňňurlygy, köpöwüşginliligi yslam medeniýetiniň tutuşlygyna giňligine, çuňňurlygyna hem köpöwüşginliligine barabardyr. Ýaşaýşyň şahsyýetleýin ýüze çykyşy nukdaýnazaryndan, sufizm – munuň özi yslamyň barlygy şahsyýet hökmünde göz öňüne getirmesidir. Ilki Muhammediň ruhy şahsyýeti, soňra bolsa beýik welileriň – Hudaýyň dostlarynyň, pirleriň, erenleriň şahsyýeti sufizmiň ontologik aýratynlygyny düzýär.
Men Gurhanyň ýokarky aýatlarynyň düýp manysy hakda kelle döwýärin: näme üçin daglar, derýalar, çöller, asman hem zemin yşgy kabul edip bilmedilerkä? Muny bir Hudaý bilýär. Ýöne çakym çak bolsa, munuň düýp sebäbi şol mahluklaryň şahsyýet däldiginde, şahsyýet bolup bilmänligindedir. Jany almak, janly bolmak – şahsyýet bolmak diýmekdir. Beýik Magtymguly hatda Älemiň döreýşini-de şol yşk bilen baglanyşdyrýar.
Yşk  älem ýaşaýşynyň, müňlerçe, ýüz-müňlerçe, millionlarça ýyllap dowam edýän dürli formaly ýaşaýşyň esasynda ýatýar. Ýöne şol formalaryň dürlüligini yşkyň inkär edilenligi ýa-da ykrar edilenligi kesgitleýär. Pelegiň aýlanyp durmagy, behişdiň Arşda, dowzahyň Ýeriň teýinde bolmagy – bularyň bary yşgyň işi eken. Diýmek,älemiň häzirki gurluşynyň, ontologik barlygynyň özi yşkdan gaýdýar.
Yşk – Älemiň asly. Şeýlelikde, yşk – Allatagalanyň özüniň sypatydyr. Ýaşaýşyň forma köpdürlüligini Allatagalanyň ýaradan yşgyna Älem ýaşaýjylarynyň gatnaşygy deslapdan kesgitläpdir.
Ine, Biribaryň beýikligi – ol ýaşaýyş kanunyny ýaradyp, ol kanuny kabul etmegi-etmezligi, ýaşaýjylaryň erkiniň, azatlygynyň, saýlawynyň meselesi hökmünde goýupdyr. Jansyz mahluklar şahsyýet däldigi üçin jansyzdyrlar. Emma Magtymgulynyň pikirini yzarlasaň, onuň meseläni goýşuny yzarlasaň, şahsyýetleriň hem tebigatynyň ontologik manyda deň däldigini aňlap bolýar:

Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,
Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar –

diýýär.
Dagdan, derýadan tapawutlylykda gurt-guşlar janly, ýagny olar hem şahsyýet. Ýöne olar diňe fiziki şahsyýet. Çünki olar yşga düşmäge, ýaşamaga, nesil öndürmäge ukyply bolsalar-da, munuň manysyna düşünmäge – ruhy taýdan önüm öndürmäge ukypsyzdyrlar. Adamdan gaýry biologik jandarlaryň güni, şahyr dilinde aýdanyňda, aglamak-eňremekdir. Şol agyda meniň gulagyma olaryň Allatagalanyň yşgynyň pes formasyndan hyýaly zeýrenç eşidilýär. Emma hakyky dert adamyň boýnundadyr. Türkmeniň şu «boýna almak» söz düzüminiň, megerem, soňky nesiller – biz tarapyndan unudylan täsin manysy bar. Ol – frazeologizm. Frazeologik söz düzümi bolsa emosional hem semantiki manylaryň giden bir gatlagyny öz içinde saklamaga ukyply.
Ine, türkmen ruhunyň çuňňurlygyny hem emosional barlygyny özünde saklaýan «Görogly» eposynda şeýle sözlemler bar: «Adybeg soltan aýaly bilen ýakynlyk etdi. Aýalynyň boýnunda hamyla galdy». Ylalaşaýyň, täsin söz utgaşmasy. Ol utgaşyk ýaşaýyş kanunyny, döreýiş kanunyny açýar. Göwresinde däl, boýnunda hamyla galypdyr. «Hamyla» diýmegiň özi göwreli bolmagy aňladýar. Onsoň göw-re, göw-üs, köň-ül, göw-ün, köý-nek ýaly sözleriň hemmesiniň bir kökden gaýdýandygyny, hatda «kök» sözüniňem şolar bilen baglanyşyklydygyny çaklap bolýar. Megerem, asman manysyndaky «gök» sözi-de şundandyr?! Göw, gök – munuň özi «ýaşaýyş, asyl, döreýiş, sebäp» diýmekdir. Munuň özi «jan» diýmekdir, ýoklukdan barlyga, şahsyýetsizlikden şahsyýete öwrülmek diýmekdir.
Ruhy şahsyýet bolmak – tenden azat bolmakdyr, has dogrusy, tenden özüňi tapawutlandyrmakdyr, şu tapawudy aňlamakdyr. Emma tenden absolýut azatlyk mümkin däl – arada ölüm ýatyr. Ölümden aňyrsyny bolsa ten duýgularynyň paýhasy gözüniň görşi ýaly ynamdar görmek mümkin däl. Onsoň adama hasrata ulaşýar: «Gaçdy derýa, adam aldy boýuna, tört ýüz ýyllap çeke bilmez bu derdi».
Şahyryň şu «tört ýüz ýylyny» alym M. Annamuhammedow Magtymgulydan dört ýüz ýyl öň ýaşap geçen Bahaweddin Nagyşbendi bilen baglanyşdyrýar. Illeri bilmedim, ýöne muňa meniň göwnüm «hä» diýenok. Sebäbimi? Sebäbini bir ujypsyzja, göräýmäge ähmiýetsizje durmuşyň bir maglumatynda görýärin.
«Tört müň tört ýüz» ýa-da «tört ýüz» matematiki anyklygy däl-de, tükeniksizligi ýa-da takmynanlygy aňladýar. Magtymgulynyň dilinde munuň özi «näçe ýaşasa-da» diýmegi aňladýar. Näçe ýaşasa-da, adama jan süýjüsinden doýma, ölüm awusyndan gutulma, azat bolma ýokdur.
Magtymgulynyň yşk konsepsiýasy filosofiki pikir hökmünde, gürrüňsiz, onuň ölüm, pelek, wagt, dünýä baradaky goşgulary bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem soňkulary ele almazdan, bu meselä degip hem oturmaly däldir. Ol ölüm bilen ömrüň dialektiki baglanyşygyna ýeten şahyrdyr.
Alym A. Bekmyradow Magtymgulynyň çeperçilik konsepsiýasyna degişli ajaýyp bir açyş etdi. Wah, iliň edenini sözüň çyn manysynda görübilmezçilik etmeli, görmediksirän bolmaly däl-dä!
Şol açyşyň düýp manysy şuňa syrygýar: Magtymgulynyň eserlerinde esasy aýdyljak bolunýan pikir soňky bentde beýan edilýär.

Magtymguly, çekseň derdi-dügünden,
Asy bolup, şikat etme bu günden.
Bu ölmek – aýrylmak galypdyr öňden,
Peder bize miras goýmuş bu derdi.

Sen ölüm-aýralyk derdini çekseňem, närazylyk bildirip, aglap-eňräp, asy bolma – günä gazanma. Şikat etme bu günden – bu ýerde «gün» aňlatmasy adam ýaşaýşynyň filosofiki aňladylmasydyr. Gün sözüniň türkmen dilinde ýaşaýyş manysy bar: «gün görmek», «gün berenok» ýa-da «gün – güýçlüniňki, gowurga – dişliniňki». Adam ölüm bilen gutarýan ýaşaýşyny, ömrüni özi boýnuna aldy, bu fiziki kanunalaýyklygy özi boýun aldy. Çünki adamzadyň pederi – Adam atanyň özi şeýtanyň alyna gidip, paýhas agajyndan datmadymy näme? Ölümiň barlygyna şeýdip akyl ýetirmedimi näme?! Şonuň üçin  hemmeler muňa boýun alyk bolmalydyr. Ine, şahyryň yşk konsepsiýasynyň bu bendindeň gelip çykýan many şeýledir. Munuň özi islendik adamyň durmuşyna degişli hadysa hem pikir dälmi näme?! Bu taýda hiç hili mistiki ýokundy ýok, bu taýda janly durmuşyň filosofiki umumylaşdyrmasy bar.

III.

Yşk – döredijilik. Magtymgulynyň yşk pelsepesi çuňňurdyr. Şahyryň bu pelsepesi türkmen ruhunda uly hadysa boldy. Ol türkmene ylahy yşgyň manysyny ýetirdi hem türkmen ruhuny ylahy yşkyň derejesine çenli göterdi.
Ylahy yşk – bu, ilkinji nobatda, Hudaýyň barlygy hem döredijiligi bilen baglanyşykly yşkdyr. Şol yşga dahylly bolup bilen ynsan hem bakylykdan paý alýar. Diýmek, ylahy yşk – diňe bir üýtgeşik obýektli – Hudaý bolan söýgini aňladýan yşk däldir. Ol, ilkinji nobatda hem ahyrky netijede şu söýgüde ruhuň hem ruhlulygyň derejesini we ornuny göz öňünde tutýar. Şu uly hem esasy aýratynlygy gözden salmaly däl. Sebäp söýgüde ruhuň şu derejesi hatda esasy obýektiň Hudaýdan özgerip, özge zatlar bolanda saklanyp bilýär.
Ylahy yşk – baky diriligiň yşkynda bolmakdyr.
Şahyryň «Duman peýda» goşgusynda adam ömrüniň yşky manysy, dünýä yşky bilen ylahy yşkyň arasyndaky düýpli tapawut açylyp görkezilýär. Magtymguly – ruhuň hem diliň çuňňur we köpmanyly, köpöwüşginli hem çylşyrymly hadysasydyr. Şonuň üçin munda «yşk» aňlatmasy-da dürli-dürli manylary berýär. Ýöne şolaryň hemmesiniň aňyrsynda bir many – hyjuwlylyk, hyruçlylyk manysy ýatýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy çykyşlarynyň birinde: «Entek adam ömri paýawlanmanka, onuň bagtly ýa bagtsyzdygy barada netije çykarmak ýalňyşlyk bolar» diýipdi.
Diýmek,ähli zatlaryň düýp manysy onuň ahyrynda, amalynda kemala gelýär, aýan bolýar. Şonuň üçin bolsa gerek, türkmen: «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýýär. Magtymguly hem zatlaryň hem hadysalaryň manysyny kesgitlemekde ahyrky netijeden – şu prinsipden ugur alýar. Hiç bir zat öz-özlüginde mana eýe bolup bilmeýär.
Hyjuwlylyk – döredijilikdir. Onda mal ýygnaýan adam dörediji-dä? Elbetde, ýöne ol, Magtymgulynyň garaýşyça, özi baky ölümini döretmek bilen meşgullanýar. Ol wagtyň elindäki serişdä öwrülýär.
Hyjuw bolmasa, yşk bolmasa, hatda adam ömri hem mümkin däl.

Köňül joşa gelmez, til hem sözlemez,
Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa.

Şahyryň bu genial pikiriniň üsti bilen adamzadyň ähli maddy hem ruhy döredijiliginiň düýp manysyny açyp bolýar. Ýaşaýşyň özi yşkyň netijesi hem amal bolmasydyr. Yşka ukyplylykda adamlar Allatagala ýakynlaşýarlar. Hut söýgi adamyň ruhy derejesi we mazmuny boýunça Allatagala bilen bitewi bir sypatlara eýe bolýandygynyň güwäsidir. Ten yşgynyň betnyşanlygy onuň ölümli närselere ymtylýandygyndadyr. Adam şahsyýeti üçin munuň paýany ýok.
«Duman peýda» şygrynda adamyň bu dünýädäki ömri pasly-bahara menzedilýär. Nowruz bu ýerde tymsaldyr. Şahyr Nowruzda älemiň jana gelşini, dürli jandarlaryň, gurt-guşlaryň herekete gelip, ýaşaýyş hyjuwyny ýüze çykaryşlaryny ussatlyk bilen beýan edýär. Dünýä gözelleşýär, dünýä reňk açýar, dünýä durşuna owaz hem hereket, aýdym-saz bolup dur. Adam dünýä ýaşaýşyna berlip, soňuny pähim etmezden, ömür sürüp ýörkä, onuň ömri-de edil şol Nowruzy ýada salýar.
Nowruz – dünýä hyjuwynyň bir salymda ýüze çykmagy. Beýle hyjuw özüniň ähli hakykatlygynda şahyra, birhili, şübheli görünýär. Çünki paýhas oňa «ýaşaýyş entek dowam edýärkä, onuň lezzeti bardyr, emma many bilen lezzetiň arasynda tapawut kändir» diýýär.
Many – hakykatdyr. Hakykat bolsa Nowruzyň gutarjaklygynda, seniňem öljekligiňdedir. Emma ten hakykaty bilen bu paýhas hakykatynyň hersiniň öz «mamlalygy» bar.
Ten hakykaty – lezzetde.
Paýhas hakykaty – manyda.
Ömrüň manysy – Hakyň yşkyny tapmak hem-de hemişelik Hakyň yşkynda bolmak. Munuň özi adam şahsyýetiniň kämilligini kesgitleýär. Adam ömri şahyryň şygyrlarynda iki hili tipe bölünýär – yşky ömür, yşksyz ömür. Birinjisi manylylyk bilen, ikinjisi bimanylyk bilen häsiýetlenýär.
Manyly ömür – açyk ömür, çünki onuň soňy bakylyga sapylýar, bimany ömür ölüm bilen tamam bolýar. Emma bakylyga lezzetli üznüksizlik, hemişelik diýip düşünmeli däl. Munuň özi bakylyga nädogry, mukdar düşünilişi bolardy.
Iman – ölümiň gapma-garşylygy.
Iman – ahlak azatlygy.
Iman – ölümden soňky şahsy dirilik manysynda düşündirilýär. Hindileriň bu baradaky ynançlaryny gürrüň bereýin: janly organizmleriň ewolýusiýasy adama ýetip, tamam bolýar. Adamdan ruhy ewolýusiýa başlanýar. Adam tene mahsus ähli höweslerden hem sypatlardan halas bolup bilse, onuň teniniň içinde daş sypaty boýunça edil şol tene meňzeş ruhy indiwid döreýär. Haçan-da ten ölende, ol şahs – sap ruhy, emma adam şekilindäki şahs, bakylyk dünýäsine uçup gidýär. Şol şahs – imandyr.
Adam ömrüniň Nowruzy düýşe meňzeýär. Aslynda ähli geçmişiň düýşe meňzemek häsiýeti bar.
Ýaşaýşyň düýşdügi baradaky syzgy adamda agyr ukudan soň peýda bolýar. Göz öňüne getirip görüň, siz ukudan oýandyňyz, emma entek doly aýnalaňzok. Göz ýalpa açylandan entek siz dünýä gaýdyp geleňzok, birdenem, akyl oýanýar-da, bary-ýogy birnäçe salymyň içinde ukudan öňki zatlar hakyda gelýär. Sizi geň bir hili duýgy gurşap alýar, bolan wakalar saňa edil düýş ýaly bolup düşnüksiz syrly täsirliligini özünde saklaýar. Ölüm mütdeti gelende ömür hem şeýle düýşe öwrülýärmikä?!
Düýş – beýniniň haýsydyr bir sebäbe görä uklaman galan öýjükleriniň birden oýanmagy diýýärler. Onda ömür hem kaza dolandan soň, uklaman galan jan öýjükleri bolmaly!
Nowruz, elbetde, tymsal. Emma Magtymgulynyň tebigata diňe tymsal däl, eýsem Hak yşkynyň hakyky ýüze çykmasy hökmünde garandygyny aýtmak gerek. Tebigatyň, janly-jandarlaryň, adamlaryň diriliginiň aňyrsynda Allatagalanyň yşky ýatýar. Ol ähli diriligiň gözbaşy. Bu diňe bir bakylyk manysyndaky ruhy dirilige degişli däldir. Hatda wagt hem Allatagalanyň yşkynyň netijesi, onuň ýaradan zadydyr. Wagt şol bir wagtyň özünde dowamatyň üznüksizligidir – ömür bilen ölümiň gezekleşigidir.
«Ýagmyr ýagdyr, soltanym» goşgusy bilen baglanyşykly Magtymgulynyň döredijiliginiň durmuşa gatnaşygy babatda bir aýratynlygy bellemeli. Şahyr öz filosofiýasyny adaty hem janly durmuşdan alnan wakalaryň, zatlaryň üsti bilen berýär. Bu ýaşaýşy düýp many bilen hadysanyň bitewüliginde görkezmekdir. Şeýle aýratynlyk şahyrana pikire agraslylygy, düýpsüzligi, beýleki tarapdan bolsa, janlylygy, täsirliligi berýär. Şeýle halatda pelsepe durmuşyň hakyky faktoryna, durmuş bolsa çuňňur pelsepewi hadysa öwrülýär. Edebiýata bolan garaýyşlarda, näme üçindir, döredijiligiň şu ikitaraply bitewüliginiň belli bir tarapyna güýçli üns berilýär-de, beýleki bir ýüzi ýatdan çykýar.
Aýdaly, Magtymgulynyň döredijiligi hakynda: öňler-ä bu poeziýany diňe durmuşyň erkin ýüze çykmasy, şahyrana pikiriň hem diliň halky hadysasy hökmünde görkezjek boldular, indem ony diňe düýp many, durmuşyň içki, astky gatlagyndaky mistika, intellektual elita diýip kesgitlejek bolýarlar. Hakykat, aýdylyşy ýaly, altyn ortalykda – düýp many bilen hadysanyň bitewüliginde.
«Ýagmyr ýagdyr, soltanym» türkmen durmuşynda geçmişde giň ýaýran dessury bilen baglanyşykly ýazylypdyr. Baryp gadymy Oguz zamanlarynda-da türkmenlerde «Süýthatyn» adyny alan, özem şamançylyk-otparazlyk ynançlary bilen bagly täsin dessur bolupdyr.
Häzirki döwürde bu diňe käbir ýerlerde çaga oýny hökmünde duş gelýär. Bu dessur berjaý edilende, adamlar düze çykyp, ýygnanyşyp, Hudaýdan ýagyş ýagdyrmagyny diläp ugraýarlar. Türkmenistanyň ygala garyp hem jöwzaly, gurak howa şertlerini göz öňünde tutanyňda, bu dessuryň durmuşy sebäpleri hem gelip çykyşy düşnükli bolýar. Ýöne halkyň dessurynyň gelip çykyşy hem manysy diňe bir tebigy şertler bilen baglanyşykly däldir. Bu ýerde halkyň ynanjy hem ýaşaýyş filosofiýasy özüni bildirýär. Süýt hatyn, ýagyş ýaganda sanajyny kakýan garry mama türkmenleriň gadymy mifologik garaýyşlarynyň galyndylarydyr. Bu ýerde nähili ynanç hem pelsepe bar? Munda «adamyň, halkyň ykbaly asmanda kesgitlenýär, ýaşaýşyň jany hem gönezligi, çeşmesi gökde» diýen ynançly pelsepe bar.
Soňky asyrlarda türkmeniň aňynda «Süýthatyn» ýok, ýöne şahyryň şahyrana ýüreginiň dowamatyna hem duýgurlygyna, halkyň öňki ynançlardyr dessuryna mähremligine serediň! «Süýt hatyn» bilen «soltanymy» deňeşdirip görüň, bu ikisi tas kapyýadaş sözler, ysdaş, owazdaş hem kapiýadaş sözler. Geçmişiň dünýäni duýşuny kalbyňa şeýdip siňdiräýseň, geçmiş ýitende-de, şeýdip ýitäýse, düýşe öwrülende-de şeýdip düýşe öwrüläýse! Bu asla ýitme hem däldir, bu ýyllaryň her biriniň agajyň baldagyndaky bir aýlawa öwrülmegi ýaly bir zatdyr.
Şu şygryň terliginiň hem gözelliginiň diňe bir durmuşy däl, eýsem içki esasy hem bardyr: hut şunda Magtymgulynyň Allatagala bolan garaýşy, baş pelsepesi joşgunly hem bahar çeçekleriniň dürterip çykyşy ýaly tebigy suratda ýüze çykypdyr: Allatagala älemleri döredijidir hem olaryň eýesidir, bütin barlyk ummany onuň adam elinden gelmejek ussatlygynyň nyşanydyr. «Seniň dek Kadyrdan dileg dilärin» – sebäbi Kadyr «gudratly, güýçli hem gurply» diýmekdir. Mynajatyň, dilegiň ähli täsiri şahyrana hem filosofiki pikiriň dartgynlylygyny gazanmakda mynajatyň öz estetiki prinsipi bar: dileg bile ýüz tutulýan obýekt – Allatagala-ha juda-juda beýgelmeli, ulalmaly, dileg edýän bolsa juda-juda kiçelmeli. Şeýdip bu ikisiniň arasyndaky uzaklyk gara Ýer bilen Ülker ýyldyzynyň arasyndaky alyslyga barabar bolýar, ikisiniň arasyndaky deňsizlik Ýer bile Gögüň arasyndaky deňsizlige deň bolýar. Şeýle alyslyk kalbyňa zemini däl heserlenme, şeýle deňsizlik bolsa maýyllyk hem saýyllyk duýgularyny salýar. Şeýle ruhy perişanlykdan eseriň estetiki owadanlygy hasyl bolýar.
Ýagmyr – dadyňa ýetişiji suw (boran), ekiniň ýoldaşy, ýeriň ýarany, Allatagalanyň nury. Yslam Allatagalanyň mazmuny hakynda pikirlenende, onuň dünýä bilen arabaglanyşygyny göz öňüne getirende Allatagalanyň sypatlaryna aýratyn üns berýär. Hatda orta asyrlarda «az-zat – as-sifat» – Hudaýyň ady hem sypatlary meselesi hem bolupdyr.
Allatagalanyň sypatlary – wagtyň aňyrsyndaky  Älem bilen wagtyň içindäki dünýäniň arasyndaky geçelgedir.
Allatagalanyň sypatlary – bakylygyň bir demlik, çola, emma göz gamaşdyryjy suratda birden görnüp gitmesidir. Haly harap bu dünýä Hakyň şol pursatlyk jilwesi gerek. Çünki jöwzadan ýaňa ýaşaýşyň eňki gidip, aňkasy aşypdyr, petişlikden ýaňa tot-tozan, kirşen ýeriň arkasyna gatbar-gatbar ýazylypdyr, jahan ölüm ýassygynda ýatanyň demligi kimin daralypdyr. Magtymgulynyň bu teşnelikden ýaňa ölä dönen zeminiň halyny beýan edişiniň täsirliligi tas magiki sözüň güýjüne deňeçer bolýar. Magiki sözüňem güýji onda owadanlyk bilen manynyň akylyňa gelmejek tärler bile utgaşýanlygynda bolsa gerek. Zemin öli, jansyz. Ony jana getirmek üçin ýeke zat – Allanyň nury gerek. Aslynda nur – ot, ýalkym, şöhle bolmaly. Dilimizde onuň şu manysy-da bar. Meselem, günüň nury ýa-da köpmanylylyk netijesinde «ýüzüň nury» diýlibem aýdylýar. Emma nur sözüniň yşyga, ýalkyma öz fiziki häsiýeti, mazmuny boýunça bütinleý gapma-garşy bolan suwy, suwuklygy ýa gary aňlatmagy täsindir. Meniňçe, bu türkmen estetiki, hatda, belki-de, filosofiki aňynyň düýpli hadysasydyr. Megerem, şeýle aýratynlyk mifologiki aňymyzdan gelýär.
Suw – gadymy ata-babalarymyz üçin ylahyň bir ýüze çykyşy, sypaty bolan bolaýmasyn?!
Suw stihiýasyna türkmeniň garaýşy üýtgeşik. Hatda ýigriminji asyrda Gurbannazar şahyrda çyg basan gülüň, üsti damjaly gülüň hem otuň estetiki formula derejesine göterilendigini, Nobatguly şahyrda bolsa suwuň hem garyň tutuş şahyrlyk dünýäsini kemala getiriji prinsipdigini aýtmak gerek.
Ýagmyr – Allatagalanyň yşky.
Ýagmyr – Hudaýyň yşky, muňa näme, Allanyň «tohumy» diýip düşünmelimi? Beýle göz öňüne getirme, ýagny ahyrky netijede Allanyň «dogurýanlygyny» ýa «dogurdýandygyny» tassyklamak uly günä ahyryn?! Onda muňa simwoliki manyda düşünmeli-dä?! Megerem, şeýledir. Ýöne göwnüme bolmasa, şu metaforanyň düýp manysy edil «süýt hatynyň» özi ýaly şamançylyk-otparazçylyk garaýyşlardan kök alyp gaýdýan ýaly bolup dur. Näme bolanda-da, yşk – döredijilikdir. Elbetde, ylahy yşk manysy şeýledir. Şeýle döredijilik potensialy hem amaly (akty) Allanyň özüne-de, adama-da mahsusdyr. Emma yşk – zemini manyda tebigatyň stihiýasy hem bolup biler. Şonda ol kör hyjuwlaryň, akylsyz hem däli duýgularyň simwolyna öwrülýär. Ýöne şol halatda-da ol döredijilik, emma ruh däl, maddanyň hatyrasyna döredijilikdir.

IV.

Yşk hem durmuş. Beýik filosof N. Berdýaýewiň bir pikiri diňe bir Magtymgulynyň döredijiliginde däl, tutuş klassykamyzda, özem diňe bir edebiýat klassykamyzda däl-de,ähli klassyky medeniýetimizde yşk pelsepesiniň manysyna düşünmäge oňat kömek edermikä diýýärin. Filosof şeýle diýýär: «Žizn – strast, ohlaždeniýe strasti daýot obydennost». Şu pikiri türkmen diline geçirmän berýänligimiň dürli sebäpleri bar. Muny, aýdaly, şu görnüşde bermek mümkin: «Ýaşaýyş – yşk, yşgyň köşeşmeginden adatylyk emele gelýär». Emma rus dilindäki «žizn» sözi özüniň aňladýan manylary boýunça kä «ýaşaýyş» bolýar, kä «ömür» bolýar, käte bolsa «jan» bolýar. Kämahal bolsa şol bir wagtda bularyň haýsysyny aýryp, haýsyny onuň ýerinde goýmaly – biler ýaly däl, sebäbi birbada hemmesinem aňladýan ýaly bolup durýar.
«Strast» babatda-da edil şonuň ýaly. Ol, bir görseň, «hyjuw», «hyruç» ýaly, bir görseň «yşgyň» özi ýaly. Garaz, şu tykyramalaryndanam, filosofyň pikiriniň özenini okyjy pikir arkaly doly göz öňüne getirmese-de, ony duýarlykly-ha bolandyr.
Ine, onsoň klassyky medeniýetimizde yşk ýaşaýyş hyjuwynyň, hyrujynyň iň ýokary derejedäki dartgynlylygyny aňladýan düşünje hökmünde ýaşaýar. Bu, ýaşaýyş, diýilýän fenomeniň onuň ähli formalaryndaky goýazylygy, onuň çür başy. Bu ýaşaýşyň hem janyň «men» diýen, şahsyýetlige ýeten wagty, şonda güýji dyňzap, gaýraty möwç urýar. Köne şahyrlaryň, asyl, häzirki şahyrlaryňam yşka düşen kalp babatda «deňiz» obrazyny ulanmaklary şol hadysanyň nä derejede joşgunlydygyny, möwçlüdigini görkezýärmikä diýýärin. Yşkyň gyzgalaňlylygy tüýs gyzan bazary ýada salýar. Beden hem ruhy güýji gaýdyp, yşgy ýatan adamyň ahwalaty sowulan bazary ýada salýar. «Yşk, yşga düşmek» diýlen bu täsin ahwalaty klassyklar däli ineriň mes bolmagyna meňzedipdirler.
Gözlerini gyzardyp, burnuny parladyp, agzyndan ak köpükler saçýan, ýaşaýyş güýji içine sygman, ak maýanyň gözleginde iki baka çarp urýan, aýaklaryny ýere urup, ýeri sarsdyrýan bu däli iner adam kalbynyň galagoplygynyň janly suratydyr. Munuň özi adamyň söýmek hem döretmek mütdetiniň gelendigini aňladýar. «Ömür» diýilýän fiziologik hem ruhy dartgynlylyga gapdalyndan syn edip: «Bu, dogrudanam, yşk ahyryn!» diýeniňi duýman galýarsyň.
Ömür – ýaşaýşyň içindäki şahsyýetleýin ýaşaýyş.
Yşk – ömrüň içindäki ömürdir.
Hut yşkda adam ömri özüniň many intensiwligine ýetýär, yşk sowlandan soň, gugaryş başlanýar: soň adam ýöne ýaşamak üçin ýaşaýar diýen ýaly. Şonuň üçinem iň manyly ömür – tutuşlygyna yşga barabar ömürdir.
Men klassyklarymyzyň yşk baradaky goşgularyny şeýle hyjuwlylygy özünde saklaýandygy üçin gowy görýärin.
Söýgi – duýgy täsirlenmesi. Adamyň ýaşaýşyň, özüňi gurşap alan tebigatyň zatlarynyň hem hadysalarynyň gözelliginden ýaňa ýüregi jigläp gidýär. Onuň kalby örtenýär, jowranýar. Ümmülmez ontologik barlykdaky birje nokatjyk bolan adam kalbyna heserlenme düşýär. Ol elewreýär, özüne ýer tapanok. Ol öz ýaşaýan sredasyny – sosiumy agyr hossa hökmünde duýup başlaýar. Onuň ümdüzine tutdurasy, uç-gyraksyz giňişlige çykasy gelýär. Hut şol ýerde ol öz «menini» tapýar. Endige, bimanylyga öwrülen durmuşdan aýra düşmek, aýrylmak hem ýalňyzlykda bolmak kalbynyň jümmüşindäki duýgularyň birden dömmegine getirýär. Aýralygyň hem ýalňyzlygyň çuňňur manysy bar. Bu sosiumdan daşlaşyp, tebigata siňmegi aňladýar. Adamlardan aýra düşýärsiň, adam hökmünde ýalňyz galýarsyň. Adamlar bilen däl, gurt-guşlar, agaçlar, dag-daşlar, çöp-çalamlar bilen ysnyşýarsyň, aragatnaşyga girýärsiň. Munuň özi sosiumdan düýpgöter tapawutlanýan ontologik bitewüligi kemala getirýär. Şunuň netijesinde bolsa kalbyň täze üýtgeşikliklere hem sypatlara – metamorfozalara eýe bolýar. Bu bolsa täze ruhy döredijilige ýol açýar.
Biziň döwrümiziň adamy derwüş köňlüniň şu hili inçeliklerine gaty gödeňsi düşünýär. Edil yşga düşen jahylyň bolşunyň sandan galan garrynyň gözüne birgeňsi görnüşi ýaly, ol heserlenmeler bize birhili bimanylyk bolup görünýär. Bu yşga düşmeg-ä beýlede dursun, oňa düşünerdenem biz has dünýeçil hem aladaçyl adamlardyrys. Biziň ruhumyzyň tebigaty başga, ol zatçyllyga hem bähbitçillige ýugrulan. Biziň köpimiz hatda jahylkagam, il deňinde hem il gözüne gyzyň yşgyna düşen bolýas. Biz bary-ýogy durmuş gurmak üçin, çaga öndürmek üçin söýüşýäris. Emma munuň düýpsüz hem ägirt uly ruhy hadysa hökmündäki söýgi bilen, yşk bilen hiç hili dahylynyň ýokdugyny, munuň bary-ýogy tebigatyň hem jemgyýetiň kör endikleriniň hem kadalarynyň berjaý edilmesidigini görmeýäris. Söýgi bolsa, ilkinji nobatda, endikleriň hem kadalaryň demir diwaryny böwüsmek ahyryn.
Aýralygyň hem ýalňyzlygyň döredijilik manysy bar. Ýöne biziň başgaça dünýäni duýuşly döwrümizde döredijilik üçin ruhy-psihologik manyly aýralygyň hem ýalňyzlygyň baş şertidigini aýtmaly. Sungat hem poeziýa, ylym hem filosofiýa şol gadymy derwüşleriň ruhy ahwalatlaryndan bize ýeten mirasdyr.
Öz ruhunyň jümmüşine hem mežnun bolup tebigata giden köňül başga bir ruhy şahsyýet bolup jemgyýete gaýdyp gelýär. Çünki ol jemgyýetden has çuňňur hem has giň ontologik birligiň bardygyna göz ýetirdi. Ol barlyk – yşgyň hakyky mekany, yşk meýdanydyr. Şahsyýetiň täze sypaty – yşk indi onuň üçin möwsümleýin, pasyllaýyn däl-de, ömürlik işdir. Meniňçe, beýik sopular Baýazid Bistaminiň «fana» (panylyk) hem-de Jüneýdiň «baka» (bakylyk) taglymatlaryna-da şu nukdaýnazardan seretmeli.
Fana – adamyň endiklige öwrülen «menini» ýok etmegi, baka bolsa onuň täze bir «meni» edinmegidir. Baka – barlygyň bakylyk jähedine göz ýetirmek hem muny öz ruhuňa siňdirmekdir.

V.

Aýal – erkegiň iýmiti. Käbir aşygyň iň ahyrky maksady zenanyň goýny, gujagyndan başga hiç zat däl. Munuň bolsa nämäni göz öňünde tutýandygyny düşündirip oturmak bir gerekmi?! Elbetde, «aýal – erkegiň iýmiti» diýlende, muňa gönümel düşünmeli däl. Ýöne öz teni onuň tenine galtaşanda, erkegiň edil iýmit kabul edendäki ýaly lezzet alýanlygyny şeýle çeperçilik tilsimleri gaty oňat berip bilýärler. Muňa ruhy lezzet diýmeg-ä öte geçmek bolar. Ýöne şol bir wagtda-da bu janyň lezzetidir. Türkmen aňynda jan, köňül, ruh düşünjeleriniň özara many mynasybeti hem tapawudy juda çylşyrymly hem gümürtik. Onsoň şunuň bilen baglylykda «köňül» düşünjesiniňem manysy çylşyrymlaşýar. Edil şu hili erotiki goşgularda köňlüň doly ruhy düşünje bolup bilmejegi düşnüklidir. Köňül ýarym ruhy, ýarym fiziki bir barlyk bolup göz öňüne gelýär. Ol tebigy erki we ymtylmalary özünde jemleýär hem-de «ýürek» düşünjesi bilen bir zada öwrülýär. Ýürek hem gan – erotiki söýginiň esasy serişdeleri we hereket ediji güýçleridir. Hatda meniň gözüme Kemine ýa Mollanepes şahyryň goşgularynyň owazlylygy hem gandyr ýüregiň hereketleri bilen baglanyşykly bolup göründi. Şygryň ritmi, sözleriň bir owaz aralygynda deň gaýtalanmagy gan çarp urmasyndan, ýüregiň gürsüldisindenmikä diýýärin.

Haý-haý, seniň ýörişiň arslana, şire ogşar,
Ala-ala gözleriň, janymny iýre ogşar,
Halka-halka zülpleriň kemendi dara ogşar,
Örüm-örüm saçlaryň owsunjy mara ogşar,
Her tary başga-başga, ot saldy jana zülpüň.

Bu gaýtalamalaryň döredýän ritmiki owazy ýüregiň magşugy görende, hasam galagoplaşýan «düňk-düňki» dälmi näme?!
Ganyň çalt aýlawy üýtgeşik psihiki halaty döredýär. Öz duýgularynyň täsirinden örtenýän, damarlary öňküsinden giňeýän adamyň oýun edesi, şady-horramlyga hem çaga ýeňlesligine, has dogrusy, ilkibaşky tebigy ýeňleslige gidesi gelýär. «Meniň» öz mekanyndan göçesi, bökesi, oýnasy gelýär. Muňa göçgünlilik ýa-da humarlylyk diýilýär.
Bu oýun adamyň duýgularyny giňişlige hem erkinlige çykarýar, onuň erkeklik mazmunyny ýüze çykarýar. Elbetde, men panseksualizmiň tarapdary däl. Emma şeýle duýgular we şeýle ahwalat hem ýaşaýşyň ýüze çykmasy ahyryn. Galyberse-de, gözellik özüniň gelip çykyşy boýunça, ilki bilen, ten formalaryna hem ten duýgularyna degişlidir. Diňe soňra ol has çylşyrymlaşyp, ruhy ölçeglere öwrülýär.
Emma ten ymtylmalary hem duýgularyň kanagatlandyrylmagy adamyň şahsyýet däl, diňe bary-ýogy indiwid hökmünde ykrar edilmegidir. Erotiki söýgüde söýgä gatnaşyjylaryň jynsylyk sypatlaryny saklap galýandygyny hem hatda özboluşly suratda berkeýändigini biz beýik filosof Nisşäniň şu sözlerinden görüp bileris: «Aýalyň alynasy gelýär, berilesi gelýär, mülk hökmünde berilmek isleýär, «emläk» diýen düşünjä öwrülesi gelýär, «eýelik edilerini» isleýär, diýmek, ony alýan biriniň, özüni bermän, tersine, aýaly almak arkaly güýçlenýän, bagtly, ynamly bolýan biriniň bolmagyny isleýär. Aýal özüni berýär, erkek alýar – meniň pikirimçe, bu tebigy iki taraplylyk hiç hili jemgyýetçilik ylalaşyklaryny bozup bilmez... Çünki söýgi özüniň bütin bitewüliginde, howalalygynda we göze dolulygynda tebigatdyr hem-de edil tebigatyň özi ýaly, müdimi «ahlaksyzlykdyr». Erkegiň söýgüsi hut eýelik etmek islegidir.1
Filosofyň erkegiň söýgüsine berýän häsiýetnamasynyň nukdaýnazaryndan «oýun» diýen söýgi aktyna seretseň, onda şeýle pikir ýöretmek mümkin: aýal – erkegiň oýnagy. Erkegiň oýnasy, oýnap keýp alasy, aýalyň oýnalasy, oýnalyp keýp alasy gelýär.

Men arzymy söwer ýara ýetirsem,
Tutsam, ak mämeden, oýnap otursam.
Göwnümde bar maksat işim bitirsem,
Emsem leblerinden bal maňa garşy.


Hawa, erotiki söýgüni häsiýetlendirýän esasy düşünjeleriň biri – keýpdir. Keýp – ten gyjynmasyndan alynýan lezzet. Beden ten gözelliginden hyjuw alýar, şol gözellige ýetmek bilenem hyjuwyny köşeşdirýär.
Erotiki söýgüdäki gözellik ten duýgularynyň täsirine baglydyr. Söýgi şygyrlarynda gülüň esasy orunda bolmagy näziklik duýgusy bilen baglanyşyklydyr. Aýal hem gül ýaly, ilkinji nobatda, näziklikdir. Hut şonuň üçinem türkmen gyzlarynyň adynda iň köp duş gelýän söz – «gül» sözüdir.
Emma gülüň erotiki manysy hem bar. Gülüň reňki – gyzyl reňk – ýaşaýşyň reňkidir. Güli ele alyp, tellerini sypalanyňda, olaryň mymyklygy, näzikligi hem ýumşaklygy ýetişen gyzyň hem ter gelniň beden gözelligini ýada salýar. Gülden – gyzyň boýnundan hem zülpünden gelýän yslar kükeýär...
Iň uzyn, dowamly söhbetim yşk hakda boldy. Aslynda yşk hakda az gürlemek hebesdir.
Bu beýik ýurtda ähli kişä kämil yşk ýar bolsun! 

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 11 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: