22:47
Ýöriş depleriniñ ýañy / hekaýa

ÝÖRIŞ DEPLERINIÑ ÝAÑY

"Men diri galan hem bolsam, söweşde senden üstün çykan hem bolsam, sen mekirlik bilen oglumdan aýra salyp, barybir, meniň ömrümi köýdürdiň".

Tumar şa. (Geradot. «Taryh»)

«Kuryş Babyly syndyrypdyr».
Baş serkerdäniň getiren bu soňky habary Tumaryň ynjalygyny gaçyrdy. Tumar indi onuň özüne erjeşip görjekdiginiň pikirini etdi. «Ýok, bize onuň dişi ötmez» diýip, ýüregine aralaşan galagopluga basalyk berdi. 
Babyl ýaly ägirt döwleti syndyrmagy başaran Kuryş bu nobatdaky ýeňşi mynasybetli han-begleriň, köşk emeldarlarynyň yzly-yzyna gelip,  ýaranjaňlyk bilen aýdýan gutlaglarynyň süýjüleç lezzetine beslenipdi. Babylyň entek bigäne aýagy sekmedik gaznalaryndan alnan hazynany öküz goşulan ýüzden gowrak araba ýükläp getiripdiler. Beýleki basyp alan ýurtlary ýaly, indi olaryň her ýyl töläp durjak paçlary-da Kuryşyň baýlygyny bimöçber derejä ýetirjekdi.
Şowly ýörişden soň elmydama edişi ýaly, Kuryş bu gezek hem gaznadaryny çagyryp, onuň bilen içgin gürleşdi, gaznanyň ýagdaýyny sorady, alnan oljanyň neneň-niçikdigi bilen gyzyklandy.
Gaznadar ýaşy bir çene baran adamdy. Kuryşyň kakasyna hem gaznany saýhally saklap, ak ýürekden hyzmat edipdi. Ol Kuryşyň-da kakasy ýaly azgepliligi gowy görýändigini bilýärdi. Şonuň üçinem ýaranjaňlyk bilen baş egip, aýdýan sözlerine aýratyn bir ýakymly äheň berip, mümkingadar çugdamlap, Babyl gaznasyndan getirilen oljanyň juda geň lagyl-jöwahyrlara, göwher-zümerretlere baýdygyny buşlady. 
—Örän ajap! –diýip, Kuryş hoşallyk bilen ýylgyrdy-da, «Gidip bilersiň!» diýen yşaraty etdi.
Gaznadar ýene-de bir aýtmaly möhüminiň bardygyny ýaňzydyp, ejaza sorady.
—Hawa, aýdyber? –diýip, Kuryş gyzyklandy.
—Merhemetli şahym, siziň baýlyk derejäňiz  gudraty güýçliniň ýalkamagynda barha artyp, gaznanyň jaýlary giňeldilmese, indi olar darlyk edýär.
—Düşnükli –diýip, Kuryş baş atdy. 
«Kakasyndan galan gazna jaýy Kuryşyň gazanan baýlygyna darlyk edýär. Ine, üstünlik! Kuryş diňe bir gaznany baýlaşdyrman, ýurduň çäklerini hem, gör, näçe giňeltmegi başardy. Ençeme döwletleri dyza çökerip, şalar şasy bolup ýetişdi. Muňa Kuryşyň kakasynyň ruhy hoş bolýandyr».
Babyl ýörişinden gelen dessine, Kuryşyň maksady öz aýşy-eşreti üçin üýtgeşik bir haremhana gurdurmakdy. Sebäbi basyp alan ýurtlarynyň hökümdarlary oňa janlaryny aman saklamak niýeti bilen köşk enekeleriniň mähirli aladasyna gurşalyp kemala gelen diýseň owadan gyzlaryny, näzenin uýalaryny, käbirisi bolsa peripisint aýallaryny öýlenmäge berýärdiler. Dikdüşdülik edip, bermedikleriniňkini zor bilen alýardy. Bu gadymdan gelýän, ýeňlen ýurduň hanumasyny almak däbini Kuryş aýratyn bir hyjuwlylyk bilen dowam etdirýärdi. Ozalky nikaly aýallary ýaly, olar hem oňa perzent dogrup berýärdiler. Ýöne Kuryş başky aýalyndan bolan ogly Kembesi aýratyn gowy görýärdi. Ol ýaşyna görä edermendi, batyrgaýdy. Gözlerinde Kuryşa bolan ygrar bardy. Käbir ýurtlaryň hökümdarlarynyň bimessep ogullarynyňky ýaly, kakasyny tagtdan agdarmak pyglynyň Kembesde ýokdugyna, hiç haçan bolmajagyna Kuryş ynanýardy. Kembesiň öz ata-baba yzyny dowam etdiriji boljagyna bil baglaýardy. Şonuň üçinem ol Kembesi tagt mirasdüşeri diýip yglan edipdi. Kakasy dünýäden ötýänçä, onuň ygtybarly geňeşdary bolan goja Krezden Kembese halypalyk etmegi haýyş edipdi. Ýok, buýurmandy. Haýyş edipdi. Başgaça bolmagy-da mümkin däldi. Goja Krez öküz ýaly gyňyr hem özdiýenlidi, garadangaýtmazdy, şeýle hem pähimlidi. Çylşyrymly ýagdaýlardan baş çykarmaga, ýurt bähbitli uly tutumlaryň öňünden oňyn çözgüdini tapmaga ökdedi. Mertebesini juda belent tutýardy. Ýaşy durugşan-da bolsa, entek güýç-gaýratdan düşmändi. Kakasynyň göreldesine eýerip, Kuryş hem ony özüne kethuda tutunypdy. Kembesiň terbiýesi ýaly ynjyk işde ondan haýyş etmek dogry çözgütdi. Ýeri gelende Kuryş hile-mekirligi ussatlyk bilen ulanýardy. Onuň bu tarapy babatda Krez bir gezek haýsydyr bir dabara mynasybetli guralan meýlisde otyrka, kellesi sämäp: «Sen kakaňdan mekir» diýip, göni ýüzüne aýdypdy.
Kuryş öňden gelýän däp-dessurlary yhlasly berjaý edýärdi. Ataşparaz şamanlaryň birgidenini saklap, olaryň maslahatyna eýerýärdi. 
Bu gezek hem şowly ýörişiň yz ýany, arşdaky gudraty güýçlä, uruş hudaýyna hem şowlulyk hudaýyna hoşallyk bildirip öldürilen öküzleriň bugaryp duran al gany dagyň depesinde, arşa mümkingadar golaý ýerleşen gurban meýdançasynyň ortasynda duran ullakan zümerret daşynyň, onuň gapdalyndaky daşlaryň üstünden aşaklygyna joralanyp akansoň, ýeňiş toýuna başladylar. Toý birnäçe güne çekdi. Bol-telki iýlip-içildi. Alnan oljadan serkerdelere serpaý ýapyldy, gul-gyrnak, mal-mülk paýlanyldy.
Ine-de, oturlyşyk soňlanyp barýarka, goja Krez elindäki badasyny göterip, Kuryşyň oturan haşamly çadyryna tarap ýöneldi. Seri sämäp duransoň, ony hökümdaryň ýanyna goýbermejek bolýardylar. Ol bolsa janpenalary itberip, batyrgaýlyk bilen öňe zomaýardy. Çadyryň açyk agzyndan bu ahwaly synlap duran Kuryş:
—Goý, gelsin! –diýip yşarat etdi.
—Ol serhoş ahyryn –diýip, Kuryşyň gapdalynda oturan serkerdebaşy duýdurdy: —Ýoknasyz ýaňrap, keýpiňizi bozar.
—Bu gün onuň, asla, islendik raýatymyň gazanan ýeňşimiz mynasybetli kellesini sämetmäge haky bardyr! –diýip, özi hem şerapdan keýpini köklän Kuryş dabaraly äheňde gygyryp diýen ýaly aýtdy.
Krez, içgili bolsa-da, özüni saklamagy başarýan, gözden düşerlik derejä ýetmekden daş durýan adamdy. Bu wagt hem onuň aýak üstünde durşy, gepi-sözi adaty Kreziňkiden beýlebir üýtgemändi. Ol iriden gelen süňklek eli bilen gür hem burum-burum çal sakgalyny sypalap goýberdi-de, hökümdara ýüzlendi:
—Men goja Krez. Kuryşy beýik ýeňşi bilen mübärekleýän hem-de oňa ýüregimde besläp ýören bir pikirimi aýtmagyň pursady geldi diýip düşünýärin.
—Aýdyber! –diýip, Kuryş, goja birden bolgusyzyny samahyllaýsa-da, beýle begençli dabaranyň hatyrasyna onuň günäsini bagyşlamagy niýetine düwüp  baş atdy.
Hökümdara golaý oturanlar Kreziň aýtjaklaryny magat eşitmek üçin goh-gowry goýup, durşy bilen gulaga öwrüldiler.
Goja Krez şeraply badasynyň çaýkanyp dökülmezliginiň aladasyny etmegi unutman, gollaryny çalaja galgadyp sözledi:
—Gün nireden dogýar? Gündogardan. Biziň hökümdarymyz nirä ýöriş edýär? Köplenç günbatara. Gündogarda bolsa Midiýa birikdirilse kem bolmajak baý ýurt bar. Kuryş şa indi ýüzüni gündogara öwrer diýip tama edýärin!
Krez sözüni soňlap, şeraply badasyny başyna çekdi. Emeldarlar onuň töwekgellik bilen aýdan bu sözleri üçin içmelimi ýa däl diýen sowalyň jogabyny Kuryşyň jozzaryp duran etlek ýüzünden, gabaklaç gözlerinden okamaga, şoňa görä bolmaga çalşyp, oňa tiňkelerini dikdiler.
Gojanyň sözi Kuryşyň göwnünden turdy. Beýle pikir onuň özünde-de ýok däldi. «Dogurdanam, ol näme üçin gündogara ýöriş etmeýär? Kakasynyň olara eden birwagtky ýörişiniň şowsuz soňlanandygyny bilýäni üçinmi? Jansyzlaryň olaryň goşun sanynyň özündäkiden agdykdygy barada getiren maglumatlary sebäplimi? Aý, ýok, gep sanda däl. Gep arşdaky taňrynyň, şeýle hem uruş hudaýydyr şowlulyk hudaýynyň goldamagynda. Olar bolsa Kuryşa rowaçlyk gönderip, henize çenli öz penasynda aman saklaýarlar. Mundan beýlägem saklarlar. Sebäbi ol adaty adamlardan parhly bolup doglan. Müneçjimleriň aýtmagyna görä, ol ataş hudaýynyň ogly. Onuň ganynda ataş bar. Ol ot ýaly gazaply, ýakyp ýandyryjy, ýoga çykaryjy. Onuň indiki ýörişi hökman gündogara, sähraýylaryň üstüne bolar. Olaryň şasy aýal. Tumar hatyn diýýäler. Aýtmaklaryna görä, owadanmyşam. Ýurduny eýeläp, Kuryş ony özüne aýal ediner». Şu pikirlere berlip, Kuryş badany başyna çekdi. Emeldarlar hem dabaraly gowur bilen onuň göreldesine eýerdiler.
Goja Kreziň aýdan sözleri Kuryşyň gursagynda täze hyjuwy oýardy. «Men indi ol sähraýy ýurdy eýeläp dynaýmasam, hiç ynjalmaryn» diýip, hyýalynda indiki ýörişiň tutumyny ölçerip biçdi. Ýöne olaryň goşun sanynyň agdykdygyny ýatdan çykarmaly däl. Belki, başgaçarak hereket ederin. Meniň şan-şöhratymdan, ýöriş eden ýurdumy dyza çökerýänimden ol şa zenan habarlydyr. Şonuň üçinem üstüne goşun sürüp durman, özüme aýal edinmek niýetimiň bardygy barada aýdyp, razylygyny almaga ilçi ýollaryn. Şa hatynlaryna öýlensem, ol halk öz-özündenem meniň gol astyma geler».
Tumaryň göwnünden turar diýip, saýlap-seçilip ýollanan serpaýly kerwen bilen gelen ilçiniň özüni alyp barşy gödeňsidi. Ol  her bir sözünde Midiýa patyşasynyň beýikdigini, adaty adamlardan pähim-paýhas, güýç-gaýrat babatda parhlydygyny, asla onuň ýönekeý adam däldigini, ataş hudaýynyň arşdan ýere ýollan ogludygyny  çintgäp, eger göwnese, Tumar hatyna öýlenmek niýetiniň bardygyny aýtdy.
Tumar şeýle teklip bilen gelinmeginiň mümkindigi barada oýlanmandy. Şeýle-de bolsa, Kuryşyň özüne aşyklykdan ýüreginiň alawlap durmaýandygyna, gara gaýgysynyň öýlenmek däl-de, şeýle bahana bilen ýurduna eýeçilik etmek, sähraýy halka hökümdar bolmak isleýändigine düşündi.
Şonuň üçinem ol: 
—Midiýa patyşasyna aýdyň, meniň kimdir birine durmuşa çykmak niýetim ýok –diýip, ilçiniň teklibini çürt-kesik ret etdi.
—Biziň patyşamyz kimdir biri däl. Ol beýik Kuryş şa! –diýip, çeti gyzan ilçi keçje gyňyrlyk bilen duýdurdy.
—Meniň beýik Kuryş şa hem durmuşa çykmak niýetim ýok –diýip, Tumar kesgitli jogap berdi. «Şeýtmek bilen men merhum adamymyň sarpasyny saklamak isleýärin» diýip, içinden öz-özüne tekrarlady. 
Ilçiniň alyp gelen habary Kuryşy gahar atyna atardy. «Göwnemese, ýurduna gan çaýkap, zor bilen alaryn. Meniň sözümi ýykmaga milt edeni üçin puşmana geler» diýip, täze ýörişe taýynlanmak barada görkezmeleri berdi. Agyr goşunyny geçirmek üçin iki ýurduň arasyny bölýän derýanyň üstünden köpri gurmagy tabşyrdy. Bu gyssagly gurulmaly köpri biri-birine ýanaşyk goýlup, pugta daňlan gämilerden ybarat bolmalydy. Köpriniň ýokarsynda bolsa belent minara galdyrmagy buýurdy. Onuň niýeti häsiýetsiz derýanyň üstünden hem gysga wagtda köpri gurmagy başarýan, diýseň gujurly şadygyny görkezip, Tumaryň howuny basmakdy. Uruş başlansoň, şol minarada oturyp, söweş hereketlerini ugrukdyrmagy maksat edinýärdi. 
Kuryşyň köpriniň gurluşygynyň neneň-niçiksi gidýänini barlamaga gelendigini eşidip, Tumar onuň bilen duşuşmagy müwessa bildi.
Bu duşuşyk Kuryş üçin garaşylmadyk ýagdaýda bolup geçdi. Bir bölek serkerdeleri bilen öz çadyrynyň öňünde peýda bolan Tumar şa, nirä gitse ýanyndan goýmaýan aşpezleriniň taýynlan hezzetlerinden gerk-gäbe doýup, indem ymyzganmagy niýet edinýän Kuryşy biraz aljyratdy. Ol öz goragynyň gowşakdygyna nadyllyk bildirip, serkerdebaşynyň ýüzüne gazaply seretdi. 
Tumar oňa batyrgaýlyk bilen ýüzlenip şeýle diýdi:
—Midiýanyň şasy! Öz päliňden gaýt! Bu köpriniň saňa peýda getirjegini-getirmejegini öňünden bilip bilmersiň ahyryn. Bu işiňi goý-da, öz ýurduňdaky häkimligiňi ýörediber. Biziň üstümizden hökümdarlyk ýörederin diýip pikirem edip oturma. Ýöne sen, elbetde, bu maslahata gulak asman, parahatçylygy saklamagy islemän, öz göwnüňe gelenini etmekçi bolarsyň. Eger-de sen çynyň bilen çozuş etmek isleýän bolsaň, onda derýanyň üstünden köpri gurmak işiňi togtat. Biziň ýurdumyza tarap arkaýyn geçiber, biz derýadan üç günlük ýol aralykdaky daşlyga yza çekileris. Eger-de sen bizi öz ýurduňa tarap goýberip söweşmegi oňaýly görýän bolsaň, ony-da edip bilersiň.
Şu sözleri aýdyp, Tumar peýda bolşy ýaly çalasynlykda ýanynyň atlylary bilen derýaýaka jeňňelikde sumat boldy. Goşunbaşysynyň olary tutmak barada beren görkezmesini Kuryş gahar bilen ýatyrdy. Şeýtmek bilen özüni mert görkezmek isledi.
Tumaryň keşbi onuň göz öňünden gidenokdy. Başynda ýüzüne gelşip duran kümüş şatahýasy bardy. Egni sypaýy lybaslydy. Atda oturyşy ykjamdy. Ýanynda gylyjydyr naýzasy hem ýokdy. Münen aty howalasy belent, owadan ak atdy. Asla, onuň yanyndakylaryň atlary hem akdy. Ýöne olar şa zenanyň goragçylary hökmünde ýeňiljek ýaraglanandy. Şeýdip gelmek bilen, Tumar özüniň uruş islemeýändigini ýaňzytmak isläpdi.
Emma bu garadangaýtmazlyk, Tumaryň ýaýyň oky kibi batýan gönümel sözleri Kuryşyň gazabyny güýjetdi. Ol dessine kethudalary çagyrdyp, olara bolan ýagdaýy, şa zenanyň birgeňsi teklibini ýetirdi. Nähili hereket edilse gowy boljagy barada sorady.
Kethudalaryň Krezden özgesi Tumary öz ýurtlatyna goýberip, onuň halky tarapyndan goldawsyz galan goşunyny gazaply garşy almagy, şeýdip kül-peýekun etmegi maslahat berdiler. Bu pikir Kuryşyň göwnünden turdy.
 Goja Krez welin, köplenç edişi ýaly: «Bu bimakul teklip!» diýip, ýene-de öz eňegine tutdy. Onuň bir özi bolansoň, janykmagy netijesizdi. Ol ahyrsoňy, ýerinden ýaş ýigit ýaly syçrap turup, çeti gyzandygy üçin sesine bat berip, Kuryşa ýüzlendi:
—Patyşa! Men öňem howp saljak ähli bela-beterden seni halas etjekdigim barada söz beripdim. Şeýle azaplara döz gelmegi maňa durmuş ylmy öwretdi. Eger-de sen özüňi ölmez-ýitmez hem-de ýeňilmez goşunyň baştutany hasaplaýan bolsaň, meniň pikirimçe, onyň düýbünden ýalňyş. Eger-de sen özüňi adaty adam hasaplap, müdimi bolmadyk adamlaryň üstünden şalyk ýöredýändigiňi ykrar edýän bolsaň, onda öňi bilen şuny ýatda sakla: adamzat ýaşaýşy hemişe öwrülip hem üýtgäp dur, ol şol bir adamyň elmydama bagtly bolup ýörmegine ýol bermeýär. Ine, şonuň üçinem men bu işde seniň maslahatçylaryňa garşy bolan pikirde durýaryn. Eger-de sen duşmany öz tarapyňa goýberseň, onda biziň üstümize şeýle howp abanar: bardy-geldi sen ýeňlişe sezewar bolaýsaň, bütin döwleti heläkçilige uçradarsyň. Massagetler seniň üstüňi basyp geçenden soň, yzyna öz ýurtlaryna gaýtmajaklary seniň mülküňe süsňäp girjekdikleri öz-özünden düşnükli ahyryn. Eger-de sen massagetleri ýeňip, üstünlik gazanaýan ýagdaýyňda-da, saňa bosgunlary yzarlamak amatly bolar diýip pikir edýärin. Men seniň hem olaryň şondaky boljak artykmaçlygyny deňeşdiresim gelýär. Duşmany derbi-dagyn edeniňden soň, sen Tumaryň mülküne göni süsňäp girip bilersiň. Galyberse-de, oňa öz ýurduňa girmäge hem basyp almaga ýol berseň, aýala boýun bolmak Kuryşa, onuň ogly Kembese örän utanç hem örän çydamsyz agyr ýagdaý bolar. Ine, şonuň üçin hem, meniň pikirimçe, bize derýadan geçmek, soňra bolsa  duşman näçe yza çekilse, şoňa görä ýurdunyň içine çuňňur aralaşmak gerek. Şeýdibem, biz olardan üstün çykmagyň gamyny iýmeli.
Meniň bilşime görä, ol çarwa halk midiýalylaryň ýaşaýyş ýagdaýynyň bol-telkiliginden hem olaryň datly tagamlarynyň lezzetini dadyp görmeden düýbünden bihabar bolmaly. Şonuň üçinem biziň düşlejek ýerimizde köp goýun soýup, olara süýji naharlary bolelin hödür-kerem etmegimiz gerek. Ondan daşaram kän küýzeleri şerapdan dolduryp goýmaly. Bularyň ählisini taýýarlap, agsak-towsak, hiç derde ýaramaýan esgerleri şol ýerde galdyryp, esasy goşun derýa tarap yza çekilmeli. Eger-de men ýalňyşmaýan bolsam, biziň duşmanlarymyz şeýle bolelin naharlara, şeraba topular hem-de bize uly ýeňiş gazanmaga mümkinçilik dörär.
Kreziň janyndan syzdyryp aýdan bu uzak hem batnykly sözlerinden soň ara agyr dymyşlyk düşdi. Kethudalaryň hemmesi diýen ýaly Kuryşyň geljek netijesine garaşýardy. Elbetde, Kuryş Kreziň delillerini makul hasaplady. Öňki pikirini ur-tut üýtgedip, goja pähimdarynyň öwüdini kabul etdi.
Täze tapylan çykalga laýyklykda Tumar şanyň üstüne ilçi ýollanyldy.
Ilçi Tumar şa:
—Biziň hökümdarymyz öň beren wadaňyza görä, sizden yza çekilmegi talap edýär –diýlen habary eltdi .
Mert ýüzbe-ýüzlükden soň, zenan sarpasyny saklap, Kuryş öz başyndan aman sowlar öýdüp umyt eden Tumar indi söweşiň gutulgysyzdygyna göz ýetirip, ilçä pert jogap berdi:
—Hökümdaryňyza aýdyň, biz wadamyzda tapylarys.
Kuryşyň barlaga ýollan atlylary Tumar şanyň goşunyny alyp, dogrudanam, üç günlük ýol aralykdaky daşlyga yza çekilendiginiň habaryny getirdi.
Şondan soň Kuryş agyr goşunyny derýanyň ýalpaklaç ýerinden hiç bir garaw görmän aňry ýüze geçirdi.
Goja Kreziň maslahat berşi ýaly, sähraýylaryň ýurduna mümkingadar çuň aralaşyp, çadyrlaryny dikip, mal baryny öldürip, her dürli owkatlar taýynladylar. Çelek-çelek çakyr getirip, içibermäge häzirläp goýdular. Soňra goşunyň içinden ejizräk esgerleri şol ýerlerde galdyryp, esasy leşger bilen derýanyň ýakasyndaky tokaýlykda gizlendiler.
Sähraýylaryň bir bölek goşuny Kuryşyň goýup giden esgerleriniň üstüni gapyllykda basyp, aňsatlyk bilen derbi-dagyn etdi. Ol goşuna Tumar şanyň ogly ýolbaşçylyk edýärdi. Bu gazanylan ýeňiş olary begendirdi. Midiýalylaryň taýynlan dürli-dümen tagamlaryndan iýip, şeraplaryndan içip, mes bolşup, ätiýaçlygy goldan berip, uklap galdylar. Kuryşa geregi hem şoldy. Işleriň göz öňünde tutulyşy ýaly gidýänine göhi gelen Kuryş sähraýylaryň üstüne döküldi. Olaryň bir toparyny gyryp, bir bölegini ýesir aldy.
Ýesir düşenleriň arasynda dönük hem ýaranjaň kişi tapylyp, öz janyny aman saklamak aladasy bilen, ýesirleriň arasynda Tumar şanyň oglunyň hem bardygyny aýtdy.
 —Örän ajap! –diýip, Kuryş öte begenende aýtmagy gowy görýän jümlesini gaýtalady.
Tumaryň serhoşlykdan açylan ogly mekirlik bilen gola salnandygyna düşünip, özüniň boşadylmagyny sorady.
Kuryş oňa:
—Seni boşadyp bilmen. Ýöne boşat diýen islendik serkerdäňi boşadaýyn. Ol baryp şa zenana seniň bizde ýesirlikdedigiňi, eger oglunyň diri galmagyny isleýän bolsa, ýeňlenine boýun bolup gelip, aýagyma ýykylmalydygyny aýdar –diýdi. Bu talaba şazada ör-gökden geldi.
Kuryş ýesir düşen serkerdeleriň birini barybir boşadyp, öz şertini aýtmagy tabşyryp, Tumar şanyň üstüne ýollady.
Tumar bir bölek goşunynyňdyr oglunyň başyna düşen bu kysmaty eşidip, ýangynly sözler bilen Kuryşa habar ýollady:
—Ganhor Kuryş! Sen bu gazananja üstünligiňe baýrynma! Üzüm suwy bilen siz pähim-paýhasdan mahrum bolýarsyňyz. Haçan-da, şerap kellä uranda, siz —serhoş bolan midiýalylar gelşiksiz paýyş sözleri ýaňrap başlaýarsyňyz. Ine, şunlukda hakyky dogruçyllyk hem mert söweş bilen däl-de, zäheriň hem mekirligiň güýji bilen meniň oglumy ele salypsyňyz. Indi bolsa meniň döwletli maslahatyma gulak as: oglumy gaýdyp ber hem-de gowulyk, sag-salamatlyk bilen biziň topragymyzdan git. Massaget goşunlarynyň bir bölegini bihaýalyk bilen gyranyň hem saňa ýeterlik. Eger-de sen şeýle etmeseň, massagetleriň beýik Taňrysy Şemsi —Günüň adyndan ant içýärin, hernäçe ganhor, doýmaz-dolmaz hem bolsaň, men seni gandan doýraryn.
Tumar şanyň bu habary Kuryşy öňküden-de beter gazaba mündürdi.
—Bu akmak hatyny men puşmana getirerin! –diýip gygyrdy. —Jellatlary çagyryň! –diýip buýurdy.
   Ýesir düşenler jellat elinden azaplara sezewar edilip ölmegi özlerine masgaraçylyk hasaplap, ýerli-ýerden «Özkast! Özkast!» diýip gygyryşyp başladylar.
—«Özkast» näme bolýar? –diýip, sähraýy türkmenleriň diline ibaly düşünmeýän Kembes halypasy goja Krezden sorady. 
—Olar häzir özlerini gylyjyň üstüne oklap, mert ölmek isleýärler. Ine, şeýtmege sähraýylar «özkast» diýýärler –diýip, wakalaryň barha çylşyrymlaşyp barşyndan ybrat alan Krez düşündirdi. Ol Kuryşyň özüne sala salmagyna garaşýardy. Şeýle pursat gelipdi. Emma Kuryş oňa geňeşmeýärdi. Beýleki kethudalary bilen oňňut edýärdi.  
Her näme-de bolsa, Kuryş ýesirleriň bu soňky haýyşyny kanagatlandyrdy. Olara gylyç bermeklerini buýurdy. Şeýdip, ol töweregindäki gözleriň öňünde özüni mert görkezmek, galyberse-de, öz nökerleriniň hem bardy-geldi şeýle ahwal başlaryna düşse, şular ýaly gaýduwsyz hereket etmekleriniň gerekdigini nygtamak isledi. Ýöne şazadanyň hem-de onuň egindeşleriniň bu ýowuz däbi mertebelerini belent saklap, ejizlige berilmän ýerine ýetirmekleri Kuryşyň bähbidine bolmady. Ol özüniň barypýatan doňýürekdigini görkezdi.
Ilki bilen:
—Sen onuň ogluny boşatmalydyň –diýip, bir salymda bolup geçen bu pajygaly ahwalatyň netijesini synlap duran goja Krez Kuryşa ýüzlendi.
—Boşatsam, ol goşun bilen gelip özümi çapar.
—Ýowuzlyk ýowuzlyk dogurýandyr. Çäkden çykyldy. Ara ar düşdi. Mundan beýläk sen ogluňdan hem öz başyňdan ägä bol! –diýip, Krez oňa duýdurdy. —Bu halkyň ýollan jansyzlarynyň indi ruh ýaly göze görünmän gelip, üstüňi gapyl basmagy-da mümkindir.
—Oglumy-ha, ýanyňa gorag al-da, dessine Midiýa äkit. Bu dikdüşdi hatyn bilen bellisini edişýänçäm, şol ýerde bolarsyňyz. Öz başymy bolsa  özüm goraryn –diýip, Kuryş görkezme berdi.
Öküz hamyndan ýasalan, ýüzi kuýaş tamgaly baş tug Tumar şanyň söweşe ýolbaşçylyk etmek üçin amatly saýyp şa çadyryny guran ýerinde, hemmeleriň gözüne iler ýaly belent dikilgidi. Ýolbarsdyr möjek hamlaryndan bejerilen kiçeňräk tuglardyr älemçeler bolsa üç topar leşgeriň hersiniň serkerdebaşysynyň yz ýanynda duran tugmanlaryň zeberdes daýaw atlarynyň eýerine oturdylan ýörite tugorna geýdirilgidi.
Ululy-kiçili ýöriş deplerini atlaryna ikiýanlaýyn asan depçiler ellerindäki depkakarlaryny häzirleşip, söweşiň başlanýandygy barada Tumar şanyň çadyry tarapdan duýduryş bolaryna garaşyp, eýerde galkyjyklaşyp otyrdylar.
Naýzadyr gylyç geçmez ýaly eginlerine sowut geýnen, ünsi töwerege sowulmazlygy üçin atlarynyň gözüne ýarym burga oturdylan esgerler sap-sap bolşup durdular. Iň öňde ýaýçylar ýerleşýärdi. Olaryň arkasyndaky sagdaklar sowudy hem deşmäge ukyply, zäher çalyngy ýiti okuç oturdylan peýkamlardan doludy. Olary Tumar şanyň Çyn-Maçyndan ýörite getirden ussalary ýasap bilýärdi.
Tumaryň özi hem zerden örülen ýeňiljek söweş sowudyndady. Başy kümüş tuwulgalydy. Ýany naýzaly-gylyçlydy. Şeýle pursatlarda dakynýan  göwher daşlary bilen bezelen kemerinden şahanjary asylgydy.
Ol ogly diridir öýdýärdi. Kuryşy näçe basym ýeňip bilse, oglunyň janyny howpdan şonça-da tiz halas ederin diýip çaklaýardy. Şazadanyň özüni serkerdeleri bilen bilelikde «özkast» edip, mert heläkläninden habarsyzdy. Asla, onuň Kuryşyň üstüne ýolbaşçylyk edýän bir bölek goşuny bilen «Biziň ýeňşimiz ejemi begendirer» diýip, bigeňeş çozmagyny, ýesirlikden boşadylyp goýberilen serkerde gelip aýdanda: «Ýaşlyk edipdir» diýip  oňlamandy.
Ynha-da, indi ol hernäçe uruşmajak bolandygyna seretmezden, özüni ýeňilmezek hasaplaýan badyhowa, ýowuz hem ganhor Kuryşyň günäsi zerarly, onuň bilen ýüzbe-ýüz dur. Häzir sanlyja pursatdan goşunlar garpyşar. Kimiň esgerleri mert, batyrgaý bolsa, kimiň taňrysy rüstem çyksa, şol hem ýeňer.
Tumar arşa seretdi. Ol haýsy-da bolsa bir alamata garaşýardy. Onda-da oňat alamata. Onuň taňrym diýip sygynýan Kuýaşynyň öňünde häzir bulut bardy. Köňle çöken gubar ýaly, oňatlygy ýoga çykarýan şumluk ýaly bir bölek gara bulut. «Bu nä alamat boldugy? Ýa-da şazada...». Ol öz elhenç pikirine özi tisginip, ogluna hiç zat bolmandygyna özüni zor bilen ynandyrmaga çalyşdy. «Ene bolmak şa bolandan has ejirli» diýip, oglunyň çagalykdan kemala gelşini göz öňüne getirdi. Onýança-da, bulut sowlup, Gün ýalbyrap göründi. Baharyň ortalarydygy üçin uç-gyraksyz sähralykda parç bolup açylyşyp duran gyzyl gülälekleriň reňkine has-da ýiti öwüşgin çaýdy.  Günüň öňündäki buludyň sowulmagyny Tumar oňatlyga ýorsa-da, gülälekleriň has al öwsüp, ganreňk görünmegini halamady. Ol indi golaý-goltumy bulutsyz, göm-gök asmanda ýalbyrap duran derejeli Güne ýüzlendi. Hyýalynda oňa seždegählik bilen sygnyp, şeýle diýdi: «Eý, beýik Taňrym, ýeke-täk ýagty Nurlym. Sen biziň ähli edýän işlerimizi görüp dursuň. Olary seniň ýardam bermegiňde bitirýäris. Arşdaky ýalňyz hökmürowanymyzdygyňa, bizi mydama goldap, öz penaňda aman saklajakdygyňa ynanýarys. Üstümize sürnüp gelen bu bimessep goşun bilen boljak söweşde rüstem çykmagymyza sen bize ýardam ber!».
Iki tarapda hem depler batly-batly kakylyp, söweş hereketi başlandy. Ilki bilen ok ýeter aralyga gelip, biri-biriniň üstlerine ýaýdan ok ýagdyrdylar. Soňra naýzaly hem-de hanjarly garpyşyga girişdiler. Soňy gylyçlaşyga ýazdy.
Jeň meýdanynyň goh-gowry, atlaryňdyr adamlaryň aýaklarynyň astyndan çykýan tot-tozan göge göterildi. Bu söweş sahraýy halkyň öz ýurtlary üçin owalda-ahyrda alyp baran uruşlarynyň iň aýylganjy boldy.
Ägirt möçberli leşgeriň garpyşan, aňyrsyna-bärsine at derletmän ýetip bolmajak çemenzarlyk meýdanda entek gyzgyny sowap ýetişmedik jesetleriň gözüni çokmak üçin gökden inýän kelhemeçdir hajraw gargalaryň sürüsi gaýda-gaýmalaşykdy. Ýaraty atlaryň bokurdagyndan çykýan soňky demdäki  harryldy, maýyp-müjrip bolan esgerleriň agyra tap getirmän turuzýan ahy-pyganlary goşluşyp, sörtük ýeliň alyp gitmeginde alys aralardan eşidilýärdi. Aýaklaryň astynda mäjum bolan gül-gülälekler al gana garyşyp, paýhyn esgerleriň jesetleriniň arasynda çogdam-çogdam bolup görünýärdi. Her ýerräjikde beýik Güneşiň ýiti şuglalary ýere urlup çogup çykana çalym edip, sary reňkli çigildemler ösüşip otyrdy.
Tumar şa öz leşgeriniň gelmişek goşuny ýoga çykaryp, Kuryşyň narynç reňkli mahmal çadyryny diken ýerine tarap okgunly süýşýändigini, Midiýa hökümdarynyň haýbatly gara atyň üstünde, ýanyndaky serkerlere haýsydyr bir görkezmeleri berişdirip, etlek, gysga gollaryny galgadyp, bolmajysyny bolup oturandygyny uzaklardan görýärdi. Hyýalynda şeýle sözler bilen oňa ýüzlenýärdi: «Kuryş, seniň bu ýörişiň şowsuz soňlanjagyny men saňa aýtdym ahyryn! Emma sen diňlemediň. Ozal döken ganlaryňy az görüp, ýene-de gan islediň. Seniň hudaýyň seni ýene-de goldar öýtdüň. Ine, ol senden ýüz öwürdi. Onsoňam, seniň bu ýörişiň nähak ýörişdi. Biziň asuda günümizi bulamak, halkymyzy gul etmek, ýurdumyzy basyp almak islediň. Muňa biziň hiç haçan ýol bermejegimize düşünmediň».
Tumar söweşiň basymrak soňlanyp, ogluny sag-salamatlykda görmäge howlugýardy.
Öz goşunynyň barha egbarlap, sanynyň azalyp barýanyny görüp, Kuryş: «Bize gündogara ýöriş düşjek däl. Ozal kakam, ynha, indem men ýeňlişe uçradym» diýip lapykeç boldy. Müneçjimleriniň atan pallarynyň dereksiz çykandygyna, asla şowly Babyl ýeňşinden soň lezzetli bigamlyga berlip, bol-telki köşk durmuşynyň hözirini görüp ýörkä, özüni bu masgaraçylykly ýörişe öjükdiren Kreze gahary geldi. «Haramzada goja, seni şundan bardygym jelladyň eline tabşyryn» diýip, ahmyrly sögündi.
Mundan uzak dursa, ýesir düşmeginiň, ýurduna çozandygy, ogluny öldürendigi üçin Tumaryň özüni agyr jezalara sezewar etmeginiň mümkindiginden howpurgan Kuryş ýanynyň janpenalary bilen gaçyp, derýadan geçmäge howlukdy.
Emma şeýle halatyň bolmagynyň mümkindigini göz öňünde tutup, Tumaryň derýaýaka jeňňellikde bukuda ýerleşdiren atlylary olaryň daşyny gabadylar. Bu aldym-berdimli garpyşykda Kuryşyň özi hem paýhyn boldy.
Oglunyň şum täleýe uçrandygyny bilip, Tumaryň dünýäsi düňderildi. Bagry paralandy, özüni ýalňyz hem betbagtlaryň betbagty saýdy.
Oňa baş serkerdäniň:
—Siz şa, herki ýagdaýda özüňizi mert tutmagyňyz gerek! –diýip, göwünlik üçin aýdan sözlerine:
—Men häzir oglundan jyda düşen biçäre ene –diýip, mejalsyz jogap berdi. —Kuryşy gola saldyňyzmy? –diýip sorady.
Onuň gaçyp derýadan geçmekçi bolanda öldürilendigini aýtdylar.
—Jesedini tapyp getiriň! 
Paýhyn bolanlaryň arasyndan Kuryşyň jesedini tapyp getirdiler. Tumar getirilen jesediň hakykatdan hem Kuryşyňkydygyna göz ýetirip, şeraply göweçleriň biriniň şerabyny boşadyp, gandan doldurmagy, oňa bolsa Kuryşyň kellesini kesip salmagy buýurdy. 
Bu tabşyrygy dessine berjaý edip, Kuryşyň kellesi salyngy ganly göweji Tumaryň huzuryna eltdiler.
Perişanlykdan ýaňa ýüzüniň nury öçüşen Tumar dergazap bolup, Kuryşy näletläp şeýle diýdi:
—Men diri galan hem bolsam, söweşde senden üstün çykan hem bolsam, sen mekirlik bilen oglumdan aýra salyp, barybir, meniň ömrümi köýdürdiň. Şonuň üçinem indi men gahar-gazap bilen seni gandan doýurýaryn.
Ol soňra Kuryşyň kellesi atylgy göweji Midiýa alyp gidip, olaryň kethudalaryna gowşurmagy buýurdy. «Goý, Kuryş ýaly bolup dörejekler görsün. Olara sapak bolsun!».
Midiýa ugran goşunyň ýöriş depleriniň ýaňy barha daşlaşyp, ahyrsoňy eşidilmesi galdy.
Tumar ýaşyp barýan baky hem nurana Güni synlap durşuna, «Bu depleriň howuňy basýan güňleç sesini eşidip, Kuryşyň ganly göweçdäki kellesini görüp, ýörişe gidenleriniň gaýdyp yzyna dolanmajagyna düşünip, gör, näçe kişiniň ýüregi paralanar. Adam üçin şondan agyr, şondan ejirli pursat ýok bolsa gerek» diýip oýlanýardy.
Şol wagt üýşüp gelen aýallaryň birisi oňa ýüzlendi:
—Eý, merhemetli bibimiz Tumar şa! Biz —massaget eneleri seniň çekýän bagyr yzaňa düşünýäris. Näletsiňmiş uruş zerarly gurban bolan ogluň öwezine islendigimiz öz oglumyzy saňa ogullyga bermäge taýyndyrys.
Eneleriň öz ýany bilen alyp gelen ogullary dürli ýaşlydy. Olaryň murty tabap, ýgitlige ýetişenleri-de, ýaňyja ýöräp ugranlary-da, entek gundaglylary-da bardy.
Tumar hoşallyk bildirip baş atdy:
—Sag boluň!
Şol pursat ejesiniň elinden sypyp, ylgap gaýdan bir şadyýanja oglanjyk gelägede, Tumaryň golundan tutdy. Ol bigam gülküsi bilen jykyr-jykyr  gülýärdem. Tumar oglanjygyň hiç bir gaýgy-aladasyz, tämiz ýüzüne seredip biygtyýar ýylgyrdy.
Ine-de, keramatly Gün uç-gyraksyz sähralygyň aňrybaşynda, alys bir ýerlerde ýaşdy. Ýöne ol erte ýene-de dogar. Şeýdip bu durmuş özüniň şatlykly hem gaýgyly pursatlary bilen müdimi dowam eder.

Hemra ŞIROW.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 82 | Добавил: Has | Теги: Hemra ŞIR | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 4
0
1  
Gaty gowy hekaýa

0
2  
Biziň hemmämiz hem taryhy eser ýazanymyzda şol döwrüň ruhuna boýyn çümmegiň hötdesinden gelip bilmeýäris. Şonuň üçinem gadym döürler barada ýazylan eser adatça şu günki günüň öte "sowremennyý" artistleriniň oýnaýan sahna oýny ýaly bolaýýar... Fransuz ýa-da iňlis taryhy eserleri bolsa beýle däl. Esasanam Moris Drýuonyň eserleri.

0
3  
Ýöne elbetde taryhy eser ýazmak üçin şol döwrüň ruhuna girişmek diýlende şu günki eserini ulanyşdan galan arhaizmlerden doldurmalydygyny hem aňlatmaýar. Esasy zat edebi gahrymanlar oýlananda, geplände, hereket edende öz döwürlerine, ýaşaýan jemgyýetlerine görä bolup bilseler bolany. Mümkingadar... Ýöne her niçigem bolsa awtoryň bu hekaýany ýazmak üçin çeken zähmetine sarpa goýmaly.

0
4  
Onsoňam hekaýada Kuruşyň kellesiniň gandan doldurylgy göweje salnandygy, beýan edilýär, "şeraply göweç" diýen ýaly sözler ulanylýar. Ýöne, çagalykdan aňymyzda galypdyr, göweç - bu altyn-kümüş gaýnadylýan zergärleriň, käsä çalymdaş gaby. Şeýle hem taryhda Kiriň (Kuruşyň) kellesini Tumaryň (Tomirisiň) şerapdan boşadylan tuluma (meşige) salnandygy beýan edilýärdi, biz çagakag-a. Bilmedim, taryhy öwrülişikleriň dowamynda sözüň aňladýan manysy üýtgäp biler. Şol wagtlar meşige (tuluma) göweç diýlen bolmagy mümkin.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: