11:47
Ynsabyñ jezasy / hekaýa

YNSABYŇ JEZASY

Meretguly Myradowiç etrapdaky uly gurluşyk edaralarynyň biriniň başlygydy. Işgärleriniň sany-da tüweleme, barmak basyp sanardan köp. Etrabyň içinde gurulýan ululy-kiçili ymaratlaryň, binalaryň agramly bölegi onuň ýolbaşçylyk edýän edarasynyň paýyna düşýär.
Soňky wagtlarda Meretguly Myradowiçiň adyna öwgüli sözleri köp aýdyp ugradylar. Munuňam özboluşly sebäbi bardy. Çünki bu gurluşyk edarasynyň her gezekki gurup ulanmaga berýän ymaratlary, ýaşaýyş jaýlary ýokary baha mynasyp bolýardy. Şeýle bolansoň gurluşykçylaryň bir toparyna häli-şindi sylaglar berilýärdi. Muňa başlygyň depesi göge direýärdi. Emma …
Onuň körpe gyzy Aýna mugallymçylyk institutynyň ahyrky kursunda okaýardy. Şu gün-erte diplom almalydy. Muňa hemmeden
beter ene-ata diýseň begenýärdi.
- Eje! Men size bir möhüm habary aýtmaly – diýip, bir gün Aýna utanybrak dillendi.
- O nähili habar, gyzym, eşidip oturaly.
Gözel daýza gyzynyň jogabyna garaşdy.
- Bilseňiz men-ä, bir ýigit bilen halaşýaryn. Adyna-da Garýagdy diýýärler. Özem goňşy obadan. Ol maňa: “Nesip bolsa, tomusky
dynç alyş möwsüminde size sawçylyga barjaklar “ diýdi. Men-ä, näme jogap berjegimäm bilmedim, oňa çenli gaçara-kowara maý bar. 
- Kakaň bir gelsin, oýlanşyp göreli. Häzirden bir zat diýmek kyn.
Ejesiniň bu jogaby Aýnany begendirdi. Ol diňe:
Bor, eje – diýmekden başga söz tapmady.
Agşamlyk Meretguly Myradowiç öýüne gelende Gözel daýza bu täzeligi gyzgyny bilen adamsyna ýetirdi.
- Aslyny bir sorag-ideg edip göreli. Ata-enesi nähili adamlarka? Onsoňam men birki günden gyzymyzyň okaýan ýerine – Türkmenabada gitmekçi. Bahana bilen ol oglanam uzagrakdan synlaryn.
Şeýlelikde, är-aýal bu işi sawçylar gelýänçä bir ýüzli etmegi maslahatlaşdylar. Penşenbe güni Meretguly Türkmenabada ugrady. Öz işlerini bir ýüzli edip, mugallymçylyk institutyna bardy. Talyplaryň birinden Garýagdy hakynda sorady.
- An-ha, hol barýan ýigit! – diýip, ol otuz-kyrk ädim beýleden bir elinde ykjamja taýakly keýtikläp barýan ýigidi görkezdi.
“ Eý – how! Ol maýybam eken-ow. Ýok, men gyzymy beýle ýigide rowa göremok, çaltrak gudaçylyk meselesini togtatmak gerek’’ diýip, Meretguly Myradowiç içini gepletdi.
- Ejesi! Biziň gudaçylyk meselämiz-ä başa barmajak ýaly.
Ol şeýle diýip, aýalyna garady.
- Weý, weý, kakasy, bu näme diýdigiň boldy? Gyzymyzyň özi halaýan bolsa başga nähili mesele bolup biler.
Gözel daýzanyň sowalyna adamsy ilkibada näme diýjegini bilmän ýokarsyna garady.
- Ýigidiň aýagy çolak eken. Özem taýakly, beýle maýyp ýigide berer ýaly mende üýşüp ýatan gyz ýok.
- Aý, goý-a – diýip, Gözel daýza aňk-taňk bolup oturdy. – Hany, Aýnajan bir gelsin bakaly, men özümjik onuň bilen gowuja gürleşerin – diýmekden başga gep tapmady.
Dynç alyş güni bolansoň, Aýna hem öýdedi.
- Gyzym! Gel, birki käse çaý içeli. Meniň senden bir zat sorasym gelýär, çekinme-de soragyma jogap ber. Eýsem, sen şol ýigidiň nämesini gowy gördüň?
Ejesinden beýle sowala garaşmadyk gyzy birbada näme diýjegini bilmän, aşak garady. Soňra-da:
- Eje, bilýäňizmi näme, Garýagdy dogabitdi maýyp däl. Has anygy, mundan alty-ýedi aý öňräk obasyna gelende haýsydyr naýynsap ýeňil ulagyň sürüjisi ony kakdyryp, zut gaçyp gidipdir. Ol görgüli ep-esli gan ýitiripdir. Entegem, çöregi bitin eken, eje. Geçip barýanyň biri saklanyp, ýigidi hassahana ýerleşdiripdir, oňa öz ganyny hem beripdir.
Gyzynyň gürrüňine Gözel daýza: ”Wah, wah-eý!” diýip, ep-esli wagtlap kellesini ýaýkap oturdy.
- Hawa-da, şeýle doňbagyr adamlar entegem aramyzda gabat gelýär. Olar gaçyp gitmek bilen hil bir iş bitiren ýaly bolup ýörler – diýmekden başga gep tapmady.
Adamsy agşamlyk işden gelende:
- Gyzyň-a, ol ýigidi öňräk bir ýeňil awtoulagyň sürüjisi kakdyryp, soňam gaçyp gidipdir. Şeýdibem, ol maýyp bolupdyr diýýär.
Muňa Meretguly Myradowiçiň dili tutuldy, elindäki çaýly käse togalanyp ýere gaçdy. Zordan:
- Bäh, mundan çyk-dow! – diýip, uludan demini aldy.
Adamsynyň ýüzündäki aljyraňňylygy görüp, Gözel daýza hiç zada düşünmedi.
- Meretguly! Saňa näme bolýar? Sen ol oglany öň tanaýarmydyň?
- Ýok, ejesi, men ony öň tanamok. Ýöne… – diýip, Meretguly Myradowiç biraz sägindi.
- Anygyny bilesiň gelýän bolsa, ana, şo-ol gaçyp giden naýynsap sürüji mendim. Meni şondan bäri wyždan, ynsap azaby horlaýar. Gürlemän, içimi hümledip ýörşümiň sebäbi hem ana şol.
“Siz…” diýdi-de, aýaly yzyny aýdyp bilmedi.
- Ýogsa-da, şonda sizi hiç kim görmändir-ä, kakdyranyňyzy…
- Ana, belanyň körügi hem şonda-da. Indi men-ä näme etjegimi bilýän däldirin. Şol wagt hem gaty gorkupdym, hatda muny saňa aýtmaga hem dilim barmady.
Meretguly Myradowiç birdenem bir zat ýadyna düşen ýaly:
- Ejesi, men-ä ol oglanyň kakasynyň ýanyna baryp hemmesini boýnuma aljak, maňa indi barybir – diýip, öýünden howul-halat geýnip daş çykdy.
Geljekki gudasynyň birdenkä duýdansyz gapydan girmegi Garýagdynyň ene-atasynyň kejebesini daraltdy.
- Meretguly! Ýüzüň ýaman soluk görünýär-le, eýgilikmidir?! Şu gün-erte biz keýwany ikimiz size gudaçylylga baraly diýip otyrdyk. Eýsem-de… – diýip, öý eýesi Setdar aga myhmana garady.
- Ýok, Setdar aga. Gudaçylyk meselesinde hiç hili bökdençlik bolup bilmez. Biz razy, haçan barsaňyz öz islegiňiz – diýip, Meretguly yzyny aýdyp bilmän sakyndy. Soňra-da:
- Men sizden ötünç soramaga, aýagyňyza ýykylmaga geldim. Garaz, maňa nähili jezaňyz bolsa beriberiň diýmäge geldim – diýdi.
Muny eşidip Setdar aga:
- Weý, weý, Meretguly, bu näme diýdigiň boldy? Sen biziň süňk duşmanymyz däl ahyryn.
- Süňk duşmanyňyz-a däl welin, ýöne, men siziň öňüňizde ömürbaky bergidar. Sebäbi men mundan alty-ýedi aý öňräk gijara goňşy obadan ýeňil ulagymda el telefonymda gyssagly gürleşip gelýärkäm, atanlykda birini kakdyrandygymy bilmän galdym. Saklananymda bir ýigidiň ýykylyp ýatandygyny gördüm. Onuň ýanyna barmaga, hassahana äkitmäge, has dogrusy, gorkdum. Indi şondan bäri ynsabymyň jezasyny çekip ýörün.
Meretguly şeýle diýdi-de, aşak garady.
- Bä, gep bu ýerden çyk-dow. Şol wagt biz-ä, dogrusy, hiç ýere-de ýüz tutmadyk. “Ölmän aman galdy, bor” diýdik. Indem näme, edip biljek zadymyz ýok, hiç zady yzyna gaýtaryp bolmaýar. Onsoňam könelerimiz “Göni gelen keýgiň iki gözünden başga aýby ýok” diýýärler. Bize-de seniň günäňi geçäýmek galýar. Onsoňam siziň bilen guda boljagam bolup ýörüs – diýip, Setdar aga ardynjyrady.
- Setdar aga! Men sizden bir zady haýyş etmekçi, eger kabul etseňiz, siziň toý harajatlaryňyzy hem men öz üstüme almakçy, arassa, halal mal-mülkümden.
Ýaşuly az-kem pikirlenip durdy-da:
- Haýyşyň bitdi hasap edäý – diýdi.
Meretguly Myradowiç gudalarynyňkydan guş bolup uçup gaýtdy. Öýüne gelende aýaly Gözel daýza:
- Neneň, gidişiňden gelşiň çalt boldu-la, bähbitlisi bolsun-da hernä- diýip, adamsynyň ýüzüne soragly garady.
- Hemmesi gowy ejesi. Men-ä olara baryny düşündirdim. Tüweleme, gowy adamlar eken günämi geçdiler. “Bir ýazykdan är ölmez” diýdiler. Gyzymyzyň şeýle arassa, abraýly ýeri saýlap bilişine men-ä dogrusy begendim. Hernä, bagty açyk bolsun. Onsoňam ejesi gudalarymyzyň toý harajadynam öz üstüme aldym.
- Ol-a, tüýs bolaýypdyr kakasy.
Gözel daýzanyň begenjiniň çäginiň ýokdugyna Meretguly Myradowiç göz ýetirdi. Ol indi gör näçe wagtlap bir eýlesine, bir beýlesine agdarlyp ýatyp bilmeýän bolsa, bu gije gaty arkaýyn uklady. Durmuş onuň üçin nähili ajaýyp!

 Atamyrat ÝAZWELIÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 43 | Добавил: Has | Теги: Atamyrat Ýazweliýew | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: