01:07
Ynam Daragtym

YNAM DARAGTYM

Ýadymda ynamyñ nahalyn berip:
"-Şuny ek-de, ideg eýle, geregim!
Düýbüni tut yhlas topragyn gazyp,
Saýasyna saýalara gelerin!
Suwar hormat çeşmäñ suwun getirip,
Ygrar güneşinden gandyr" diýeniñ.

Oturtdym nahaly köñül köşgümiñ,
Iñ arzyly, iñ gõrnükli ýerinde.
Tomsuñ jowzasynda kõýmesin diýip,
Saýa çekdim mähir guşunyñ perinden.
Solmaz ýaly güýzüñ gussasyn gõrüp
Gala gurdum haýañ tylla-zerinden.

Gyş gelende aldajy garagynda,
Gahar, gazap, kine buzun doñduryp.
Silterlânde garagyş hazanynda,
Gitmez ýaly nahal roýun solduryp-
Çoýdum, hüwdüledim umyt sazynda -
Mãhir pejin yşk odundan dolduryp.

Bahar geldi, güller açdy nahalyñ,
Boý ýetirdi kem etmãmsoñ idegin.
Şowsuzlyga duçar bolan mahalym.
Seda etdi: "borun arka diregiñ."
Wada berdi bagtyñ baky baharyn,
Gussa batsam bolup ýalñyz
hemdemim.

Ykbal sürünende peýkamyn gurup,
Söýendim aljyrap, surnugan wagtym.
Garaşýaryn, ýalñyz YNAMA uýup,
Görmek umydynda miwelãn wagtyn.
Penalar ol beren ähdinde durup,
Peşgeş eder baky baharly bagtyn.

Şeýdip köñül çarbagymda kök urup,
Şol nahalyñ bolar Ynam Daragtym!

Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Nur | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.5/6

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
1
1  
Ajaýyp!!! Duýgularyňy şeýdip apalaýsaň...ynam gaty güýçli bolmaly. Ylhamyňa bereket!

1
2  
Gala gurdum haýañ tylla-zerinden...
Seni bezeýän hem goraýan şu galadyr Kalby nurly uýam.Ylhamyña bereket.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: