02:07
Ylham Perişdäme
YLHAM PERIŞDÄME

Goşgularym gözleriňden göçürme,
Ýogsam galam tutmak küje menküje
Seniň kimin ýara duşsa, içinde
Her kimiňem zehini bar meňkiçe.

Men bu dünýä şahyr bolup inmedim,
Ýok Aýa romantik sereden ýerim.
Sen bilýäňmi, bileňokmy, bilmedim,
Sensiň şygyr diýip döredenlerim.

Özüň ayt, joşmazlyk mümkinmi beri,
Göreçleň ylhama sahy bolar-da?!
Gözleňden göçüren setirlerimi
Il okar müňlerçe sahypalarda.

Müň güle gonmaryn, bal ary ýaly.
Bilbilpisint göwnüm saňa sadykdyr.
Zehinim ýok, meşhur bolarym ýaly.
Men hut seniň yşgyň bilen adykdym.

Mätgurban MÄTGURBANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: Nur | Теги: Mätgurban Mätgurbanow | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 3
1
1  
Ajaýyp goşgy.

1
2  
Örän ýagşy- biziň dilimizde "5" lik. smile

0
3  
Kemini goýmandyr...

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: