18:04
Ykbal heñi
YKBAL HEÑI

Men nädip güleýin, gülüp bilmesem,
Men nädip aglaýyn, bilmesem aglap.
Ýüregimde goterenim adyny,
Bilmedi soýgimi gözümden aňlap.

Bir boşluga sary gidip barýaryn,
Hyýallar, arzuwlar dönüpdir puja.
Ýaňadandan aglamaga, gülmäge,
Berip bilmez ykbal indi puruja.

Size agy ýaraşanok gözlerim,
Gömüň siz olary çuňñur bir guýa.
Saňa dostam däldir, hossaram däldir,
Kyn günüňde sessiz çekilýän gyra.

Men nädip güleýin, gülüp bilmesem,
Men nädip aglaýyn, bilmesem aglap.
Başga biri hakda gepem ýok,
ýaşap
bilemok men hatda özümem aldap.

O boşlukdan çykaryn men bigüman,
Ynamlarym maňa howandar bolar.
Derdiňi bölüşip, synagdan geçen,
Saňa ak ýollarda ynamdar bolar.

...Men nädip güleýin, gülüp bilmesem,
Men nädip aglaýyn, bilmesem aglap.
Ýüregimde göterenim adyny,
Bilmedi söýgimi gözümden aňlap.
Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Mylaýym | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: