15:12
Ýewropa kolonializminiñ intellektual ýüzi: ELIF ŞAFAK

ÝEWROPA KOLONIALIZMINIÑ INTELLEKTUAL ÝÜZI: ELIF ŞAFAK

Döredijilik intelligensiýasynyñ wekili öz halkynyñ milli ruhy we dini gymmatlyklaryna buýsanýan, olary öz añ-düşünjesine, ruhy dünýäsine we durmuşyna mäkäm ornaşdyran, ylymly, giñ gözýetimli we medeniýetli, ýaşaýan ýurdunda we dünýäde bolup geçýän sosial, syýasy, ykdysady, medeni we hukuk özgerişlikleriñ manysyna çuññur düşünýän, öz halkyna bilýän zatlaryny dogry düşündirmegi başarýan, hemişe dogry ýoluñ gözleginde we il-gününe dogry ýoly görkezip bilýän kişi bolmalydyr.
Hakyky intelligent başga halklaryñ we döwletleriñ jansyzy ýaly eser ýazmaz, tersa pikirleri orta atmaz. Dogruçyllygy ýörelge edinen intelligent öz halkyna we onuñ ruhy gymmatlyklatyna, döwletine, taryhyna, dinine, halkyýetine ikilik etmez.
Gaýtam tersine, hakyky intelligent halkyñ bil baglaýan, gulak gerýän, ynanýan we yzyndan ýöreýän watanperwer danasy bolmalydyr.
Elbetde, ynamdar we halkyna wepaly türk intelligentleri Türkiýede hemişe bolupdyr we ýene-de bolar. Bu - üýtgewsiz hakykat. Ýöne Tanzimat döwründen bäri (Tanzimat - türkleriñ ýewropalaşma prosesini kanunylaşdyran medeni kanunyñ ady -t.b.) haçparaz-sionistik Günbatar ýa-ha gönüden-göni öz adamlaryny ugradyp, ýa-da öz aramyzdan taýýarlaýan käbir intelligentsumaklaryny başymyza musallat edip milli garaşsyzlygymyza, dini, syýasy, ykdysady, medeni we geografik barlygymyza her dürli ýollardan hüjüm edip gelýär.
Soñky döwürde-de Günbataryñ aýakçylygyny edip, olaryñ hasabyna türk döwletine we milli gymmatlyklaryna her dürli garalyk çyrşamaga çalyşýan birnäçe betniýetli intelligentsumak ýetişdirildi ýa-da goldandy. Türk döwletini we halkyny günbataryñ imperialist döwletlerine ýamanlap, "Geleweriñ, bu döwlete haý-küş edeweriñ!" diýip zowladýanlar kolonializmiñ intellektual güjükleridir.
Amerikany, Ýewropanyñ ösen döwletlerini ýa-da Russiýany, Hytaýy hojaýyn döwletler hasap edip, Türkiýäni bolsa olara elgarma döwlet hökmünde görkezýärler. Olar hudaý hökmünde görýän imperialist döwletleriniñ bähbidine wekilçilik edýär. Myjabatlarynda bolsa: "Türk döwleti siziñ buýruklaryñyza gulak asanok, siziñ hudaýlygyñyzy, hojaýynlygyñyzy ykrar edenok, size garşy gidýär, garaşsyz we milli syýasat ýöretjek bolýar, özbaşdak hereket edýär, geliñ bularyñ öñüne böwet basyñ" diýen ýaly bulagaýçylykly sözleri ýazmakdan çekinenoklar. Olaryñ biri hem Elif Şafak atly ýazyjydyr. Geliñ, anyk delillere geçeliñ.

Elif Şafak 2016-njy ýylyñ 3-nji sentýabrynda "The Guardian" gazetinde, “Even as Turkey pulls away, the west must help its people resist” ("Türkiýe daşlaşsa-da, Günbatar halkyñ garşylygyna goldaw bermeli") atly makala bilen çykyş edip haçparaz-sionistik Günbatary Türkiýä garşy aýaga galmaga çagyrdy.
Ol bu çakylygynda türk halkynyñ öz milli we yslam gymmatlyklaryna dolanmagyndan, türk-yslam hakydasyndan, öz kimligine göz ýetirmesinden, imperialistik haçparaz-sionistik Günbatara garşy garaşsyz ygtyýarlygy orta goýmasyndan duýýan ynjalyksyzlygyny şeýle beýan etdi:

"Birnäçe ýylyñ içinde ata watanymda öz kimliklerine dolanan we antigünbatarçy ýagdaý emele geldi. Hökümetiñ açyk hökmürowanlygyndanam beter aşa milletçilik we dinparazlyk artyp başlady. Bu gutulgysyz şekilde jynparazlygyñ we jynsy deñsizligiñ artmagyna getirdi.
Uly medeni özgerişlik amala aşyrylýar we bu özgerişlikler gündelik ownuk wakalarda özüni görkezýär. Göz-görtele tire-taýpa düzgünine iterilýäris we etniki, dini, taryhy taýdan Günbatardan bütinleý aýrydygymyzy öñe sürýärler. "Biz hiç wagt olara goşulmarys" şygary astynda medeni söweş yglan etdiler. Dini mekdepleriñ artmagy sekulýarlygyñ ýok bolmagyna getirýär, ösüş täze progreslerden daşlaşdyryldy. Eýýäm köp wagt bäri dini we milli çarçuwalaryñ çäginde täzeden galkynyş hereketine girişildi. Erdogan: "Dindar nesil ýetişdirmek isleýäris" diýip maksadyny açyk pyşgyrdy".

Elif Şafak barha tanymallaşýan ýazyjy. Ol birnäçe ýyl bäri Türkiýede Günbataryñ hasabyna ýerli gündogarşynas hökmünde işledi. Ýazan romanlary we makalalary bilen türk halkynyñ milli buýsanjyny we gymmatlyklaryny ygtybarsyzlaşdyrmaga çalyşdy. Atatürküñ dili bilen aýdanymyzda "içimizdäki betpygylyñ" (“dahilî bedhah”) biri bolan bu ýazyjyny tanamaga çalşalyñ:

Onuñ döredijiliginde, pelsepesinde we düşünjesinde "ene-ataña garşy gitmek" iñ esasy temadyr. Onuñ gahrymanlary ýüreginde kakasyna iñ soñky derejede duşmançylyk besleýär, şol bir wagtyñ özünde ejesini çyn ýürekden söýýär. Has takygy onuñ döreden çeper obrazlary ýigrenýänlerini "kaka", halaýanlaryny "eje", ýagny "aýal" hökmünde görýär. Bu çarçuwadan seredeniñde ýazyjynyñ türkleriñ milli gymmatlyklaryna "kaka" manysyny ýükläp, olary gymmatyny peseltmäge çalyşýandygyny görmek kyn däl. Ol maşgala gurluşynda erkegi kaka hökmünde suratlandyryp oña açyk duşmançylygyny görkezýär we feministligi saýlaýar.
Elif Şafak türk halkynyñ gelip çykyşynda, taryhynda we döwletinde türkleri kaka, käbir etniki toparlary aýal hökmünde sypatlandyryp, türklere ýigrenjini bildirýär. Ýöne onuñ ata-ene ýa-da erkek-aýal gapma-garşylygy dialektiki görnüşde onuñ añastyna ters ýagdaýda siñipdir. Has takygy duşmançylyk bildirip inkär eden "kaka" obrazyna wagtyñ geçmegi bilen çokunyp başlaýar. Ýagny onuñ pikiriçe Günbatar kakadyr, erkekdir, Türkiýe bolsa ejedir ýa-da aýaldyr.
"Kaka Günbatar" "heleý Türkiýäni" ýola salmaly, ýençmeli, urmaly, terbiýelemeli. 
Geliñ, Elif Şafagyñ türkleriñ milli gymmatlyklaryna garşy yglan eden medeni söweşine aýratynlykda seredip geçeliñ:
   
■ Diaspora edebiýaty (Azınlık Edebiyatı)

Taryhyñ ähli döwürlerunde türkler öz guran döwletleriniñ çäginde ýaşan dini we etniki toparlara adamkärçilikli, adalatly göz bilen garap geldi. Biziñ bu babatda dilimiziñ gysga ýeri ýok. Emma imperialistik Günbatar soñky ýyllarda demokratiýa sözüne bukulyp türki döwletleriñ aslynyñ ganybir doganlygyny, agzybirligini bozmak isleýär. Olar içimizde agzalalyk, pitne-pesat çykarmak üçin dini we we etniki diasporalaryñ adalatsyzlyga uçraýandygy baradaky ýalan-ýaşryk toslamalary döredýär. Hamala bularyñ hukuklaryny goramak çärelerini geçirmeli we ol çäreleriñ arkasyna bukulybam türk döwletini we musulmanlary zalym, wagşy we adam hukuklaryny depgileýji sypatynda görkezmeli. Meseläniñ düýp maksady şundan ybarat. Şol çäreleriñ çäginde olaryñ aramyzdaky aýakçylary tarapyndan bu temada her dürli toslama romanlar, hekaýadyr powestler ýazyldy, çeper we dokumental kinofilmler döredildi, pitne ýokundyly her dürli telegepleşikler taýýarlandy.
Olaryñ iñ görnükli wekilleriniñ biri-de Elif Şafakdyr. Ol hem öz gezeginde bu pyssy-pyjurlykly kerweniñ sapyna goşulyp, dini we etniki diasporalaryñ hak-hukuklaryny goraýjy sypatynda Günbataryñ hyýanatçylykly taslamalaryny mahabatlandyryp ençeme çeper eserler bilen çykyş etdi.
Bu temada ýazylan "Kaka we çöpdüýbi" ("Baba ve Piç") romanynda imperialistik Günbataryñ häli-şindi "Ermeni meselesi" diýip gozgaýan meselesini orta atýar. Eserde türkleriñ ermenileri köpçülikleýin gyrandygyny, şol sebäpli Türkiýäniñ ermenilere ýer we pul tölegini bermegiñ gerekdigini her dürli toslama sýužetler arkaly okyjylaryñ añyna guýmaga çalyşýar.
Elif Şafak "Kaka we çöpdüýbi" romanyny Amerikada ermeni akademikleri we olaryñ üsti bilen tanyşan ermeni maşgalalary bilen duşuşandan soñ ýazandygyny, hut şol maşgalalaryñ gürrüñ beren wakalaryny romanlaşdyrandygyny hut öz dili bilen beýan etdi.
(Maglumat üçin "Zaman" gazetiniñ 2006-njy ýylyñ 13-nji martyndaky sanyna seret).

Diýmek, ýazyjynyñ hut özüniñem aýdyşy ýaly, ol, amerikaly ermenilerden eşden zatlaryny bolşy-bolşy ýaly ýazyp,  tarapgöýçülikli ermeni propogandasyna gulluk edýän roman döreden ekeni.
Romanda türk-musulman maşgalanyñ gyzy Asiýanyñ obrazy çöpdüýbi hökmünde janlandyrylýar.
Ýazyjy bu romany barada aýdanda, özüni şeýle tanatmakdan çekinenok:

"Bu roman bizdäki milliýetçi we jynsyýetçi ideologiýany tankytlaýan iñ soñky derejedäki ýiti neşterli eserdir.
(Maglumat üçin "Yeni Şafak" gazetiniñ 2006-njy ýylyñ 3-nji ýanwaryndaky sanyna seret).

"Men Türkiýedäki jemgyýetçilik hakydasyzlygy tankyt etdim. Geçmişden şular ýaly derejede parhsyzlygyñ we bihabarlygyñ gynanjyny bildirdim. Meniñ pikirimçe 1915-nji ýylyñ pajygaly wakalary bilen ýüzbe-ýüz bolmak, munuñ iñ ähmiýetli bölegidir. Şonuñ üçin 1915-nji ýyly açyk gürleşmegiñ hökmanlygyna tüýs ýüregim bilen ynanýaryn".
(Maglumat üçin "Zaman" gazetiniñ 2005-nji ýylyñ 3-nji sentýabryndaky sanyna seret).

"Meniñ pikirimçe ermeni meselesi bilen çeper obrazlar ýa-da köpçüligiñ ortasyna çykyp bilýän kişiler arkaly däl-de, hemmämiz bilelikde ýüzleşmelidiris. Muny çeper gahrymanlara mätäçligi bolmadyk jemgyýetiñ galkynyşy bilen amala aşyrmaly".
(Maglumat üçin "Zaman" gazetiniñ 2005-nji ýylyñ 3-nji sentýabryndaky sanyna seret).

Elif Şafak "Şäheriñ aýnalarynda" (Şehrin Aynalarında") atly kitabynda hem ýewreý maşgalasyndan we dini diasporalardan söz açýar. Ol özüni bu eseriñ gahrymanlaryna ýakyn duýýandygyny, olary özüne ruhdaş hasaplaýandygyny, romanlarynda öz ruhdaşlaryny beýan edýändigini, olary söýýändigini, öz duýan we gören adamlarynyñ keşbini janlandyrandygyny aýdýar. (Melih Baýram atanyñ oýlanmalaryndan).

■ Türk medeniýetine we milli jebisligimize bolan duşmançylygy

Türkiýe milli döwletdir we bir halkyñ döwletidir. Bu halkyñ ady bolsa türk halkydyr. Atatürk Türkiýe respublikasyny garaşsyz we milli türk döwleti diýip gurdy. Galyberse-de Türkiýede ýeke-täk medeniýet bardyr, olam: türk medeniýetidir. Günbatar imperializmi türk halkynyñ agzybirligine çomak sokmak we böleklemek, agzymyzy alartmak üçun "köp medeniýetlilik" diýen bir düşünje döredip  içimize partlaýjy däri kimin taşlady. Bu därini daşardan diñe özleri taşlamady, şol bir wagtyñ özünde içimizdäki aýakçylarynyñ eline tutduryp, olara-da atdyrdy. Elbetde, Elif Şafak şol aýakçylardan biridir. Ýazyjy muny "Araf" romanynda açykdan-açyk subut etdi. Roman köpmedeniýetlilik we eýesizlik (aidiyetsizlik) düşünjelerini öñe çykarýar. Musulman we türk maşgalada doglan Omary yslam bilen hiç hili gyzyklanmaýan, näme işläp ýörenini bilmeýän, özüni tanamaýan, şahsyýetsiz, iki jahan owarrasy bolan kişi hökmünde suratlandyrýar.
Ýazyjy Atatürküñ "Ýeke-täk halk: türk halky" şygary esasynda gurlan milli türk döwletiniñ etniki gurluşyny, dinini we dilini böleklemäge goşýan goşandyny şeýle beýan edýär:

"Biziñ köp ulusly, köp dinli, köp dilli kosmopolitiki, geterogen imperiýa gurluşymyz taryhda galdy. Özümizi synpsyz, konsessiýasyz bir köpçülik hasap edýän düşünjäniñ galybyna saldyk. Häzir biz üçünji etapdan barýarys. Biz köpçülik däl. Ýekebara-da däl.  Suratdaky jemendäni görmek gerek we muny görmekden ynjalylyksyzlanmagyñ geregi ýok. Diaspora sözi bilen tanyşmagymyz we dostlaşmagymyz köp wagt aljaga meñzeýär".
(Maglumat üçin "Yeni Şafak" gazetiniñ 2006-njy ýylyñ 3-nji ýanwaryndaky sanyna seret).
       
Ýazyjy ýeke-täk milli türk medeniýetini ýok edip deregine köp medeniýetliligi ornaşdyrmak aladasynyñ barlygyny hemişe dile getirýär:

"Şäher durmuşynda, edebiýatda şuña üns berýärin: Maña meñzemeýänler bilen birigip umumy dil döretmek tagallasy".
(Maglumat üçin "Milliyet" gazetiniñ 2004-nji 26-njy iýulyndaky sanyna seret).

Aslynda onuñ bu betpäl niýetiniñ arkasynda ýeke-täk milli türk medeniýeti ýok etmek düşünjesi ýatyr. Ýogsam bolmasa, milli türk medeniýetinde türklere duşmançylyk beslemeýän, ümzügini saga-çepe tutdurmaýan, baş galdyrmaýan, ýaragly garşylyk görkezmeýän islendik türk dällere garşy kemsitme ýa zulum bolmady. Gaýtam hoşniýetli we ylalaşykly ýaşaşylýar.
Türkler taryhyñ ähli döwürlerinde, Seljukly, Osmanly türkmenleriniñ döwründe-de, respublika gurlandan soñky döwürde-de bolşy ýaly türklerden bolmadyk islendik jemgyýete hoşgylawly we adalatly çemeleşdi. Bu babatda haýsydyr bir düşünişmezligiñ bolandygyna degişli ýekeje-de fakt ýokdur. Bärde göze dürtülip duran bir fakt bar, olam: günbataryñ özi we aýakçylary şular ýaly düşünişmezçilikli mesele bar ýaly gopgun turuzmagydyr.
Ýazyjy asyl maksadyny FETO-nyñ (Fethullahçy-nurjy topar) dinlerarasy dialog meýilnamasyna laýyklap şeýle beýan edýär:

"Men ýeke-täk medeniýetiñ eseri däl. Men birden köp medeniýetiñ, birden köp diliñ, hatda birden köp ynanjyñ we dialogyñ içinde.
(Maglumat üçin "Milliyet Pazar" gazetiniñ 2005-nji ýylyñ 5-nji iýunyndaky sanyna seret).

■ Milli gymmatlyklara bolan duşmançylygy

Biziñ türk halkymyzy halk derejesine göteren milli we dini gymmatlyklarymyz bar. Biz umumylaşan türk-yslam medeni gymmatlyklarymyz bilen sazlaşykly, buýsançly musulman türk halky bolup ýaşamak ugrunda göreşýäris. 
Haçparaz Günbatar bolsa biziñ millet gurluşymyzy dargatmak, böleklemek üçin milli ruhumyzy ýok etmegiñ ilkinji etmeli işdigine gowy düşünip millilige ýakyn durýanlara garşy öz aýakçylarynyñ üsti bilen kosmopolitizmi aramyza ornaşdyrmaga çalyşýar. Ýagny milli ruha eýe, buýsançly türk halky bolmañ, heriñiz aýry-aýry erkin boluñ, milliýetsiz, reñksiz, ys-koksuz kosmopolit boluñ we bize elgarm boluñ diýmek isleýär.
Bu hyýanatçylykly meýilnamanyñ wekilleriniñ biri-de Elif Şafakdyr. Ol bu barada şeýle diýýär: 

"Ýewropadaky kosmopolit çykyşlar bilen Türkiýedäki kosmopolit çykyşlaryñ barha ýakynlaşmagy we ýaranlyk gurmagy gerek. Olaryñ öz seslerini eşitdirmegi gerek".
(Maglumat üçin "Yeni Şafak" gazetiniñ 2006-njy ýylyñ 3-nji ýanwaryndaky sanyna seret).      
Ýagny Günbatar bilen Türkiýedäki günbatarparazlaryñ el-ele berip musulman türk kimligini ýok etmegi arzuwlaýar. Ol bu pikirininiñ üstüne şulary goşýar:

"Men kosmopolit köpçüligiñ tarapdary. Meniñ döredijilimem, kimlik syýasatymam köp sesli we köpçülikleýin. Men bu ýurduñ Ýewropa bileleşigine goşulmagyny arzuw edýärin".
(Maglumat üçin "Zaman" gazetiniñ 2005-nji ýylyñ 3-nji sentýabryndaky sanyna seret).

Kosmopolit Şafak türk milliligini öñe sürýänlere bolan duşmançylygy açyk beýan etmekdenem çekinip duranok:    

"Türkiýede jemgyýetçilik özgerişligiñ içerden döremelidigine ynanýaryn. Biz bu jemgyýetçilik öwrülişigine şol bir wagtyñ özünde milliýetçilere gulak germeýän öwrülişik döredip hemmämiz bilelikde gitmeli.
Globallaşma prosesiniñ barha artýan döwründe asyryñ başynda kesgitlenen daşarky dünýä ýapyk ulus-döwlet modelini terk etmegimiz gerek".
(Maglumat üçin "Yeni Şafak" gazetiniñ 2006-njy ýylyñ 3-nji ýanwaryndaky sanyna seret). 

■ Türk goşunyna we ýeke-täk merkezleşdirilen döwlete bolan duşmançylygy

Günbatar imperializmi türk goşunynyñ barlygyndan, bu goşunyñ güýç-kuwwatyndan we Atatürküñ guran ýeke-täk merkezli türk döwlet gurluşyndan birahatdyr. Olar miny hem özleri dile getirýär, hem aýakçylaryna diline salýar. Olaryñ biri Elif Şafakdyr. Meselem PKK terrorçylykly topara garşy göreşen we ýeke-täk merkezli döwlet sistemasynyñ tarapdary bolan öñki premýer-ministrlerimizden Tansu Çilleri tankytlanda: "...Gaýtam tersine, bir zenan syýasatçy başymyza geçip aşa militaristik, aşa merkezçi, aşa sypaýyçyykly dil ulandy" diýmekden çekinmedi. (Maglumat üçin "Milliyet" gazetiniñ 2004-nji ýylyñ 26-njy iýulyndaky sanyna seret). 

Aslynda onuñ bärde tankytlamaga çalyşýan üç  esasy prinsipi bar: 
"Militarizm" diýdigi ~ Atatürküñ guran milli türk döwletiniñ özüni goramak üçin PKK-nyñ garakçylaryna garşy göreşmegidir, türk ýaragly güýçleridir. Ol türk goşunyna bolan duşmançylygyna "militarizm" diýen atlandyrma bilen syzdyrmaga çalyşýar.
"Merkezçi" diýdigi-de ~ Amerikanuñ we Ýewropanyñ ştatlar, federasiýalar, kantonlar görnüşinde kowumlara görä Türkiýäni bölmek meýilnamasyna garşy çykan türk milliýetçileriniñ goldaýan ýeke-täk we unitar milli döwlet gurluşydyr.
Ýeke-täk we Ankara merkezli türk döwletiniñ barlygyndan onuñ hojaýynlary ynjalyksyzlanýar.
 "Sypaýyçylykly" (maskülen) diýdigi-de ~ erkekdir we onuñ erkek bilen baglanyşykly her bir gymmatlyga bolan ýigrenji bar. Ýagny milli türk döwletiniñ duşmanlaryna garşy erkek kimin döş gerişi ýazyjynyñ keýpini bozýar.

■ Watansyzlyk (Raýatsyzlyk)

Bu ýazyjy özüni türk raýaty hasaplamaýar, özüni türk watanyna degişli duýmaýar. "Internasionalist intelligent" donuna bürenip "men ýöne bir göçegçi, men hemme ýere degişli" diýip, aslynda türk ýurduna degişli däldigini, emma her dürli ýollar bilen asyl watanynyñ Günbatardygyny ýañzydýar.
Ol şeýle diýýär:

"Döredijiligime bire-bir siñen mekansyzlyk, bigänelik, parçalanmak duýgusy mende heniz kiçijik gyzjagaz wagtymda ýüze çykdy".
(Maglumat üçin "Zaman" gazetiniñ 2002-nji ýylyñ 21-nji aprelindäki sanyna seret).

■ Maşgala durmuşyna we jynsy aýratynlyga bolan duşmançylygy

Allatagala adamlary zenan we erkek edip ýaradypdyr. Erkek ýa-da zenan bolup ýaşamak adamyñ jynsynyñ görkezijisidir bu üýtgewsiz hakykata hiç hili şek-şübhe bolup bilmez. Zenan bolmagyñ aýyp zat bolmaýşy ýaly, erkek bolmagyñam aýratyn artykmaçlygy ýokdur. Bu zatlar biziñ biologiki aýratynlygymyzdyr. Haýsy jynsda ýaradylan bolsak, şoña görä ýaşamagy-da kabul edýäris. Şol sanda türk halkynyñ esasy jemgyýetçilik gurluşlarynyñ biri-de maşgaladyr. Maşgala gurluşy mukaddesligini we berkligini gorap sakladygyça türk halky hem ýitip-ýok bolup gitmez. Ol muny gowy bilýändigi üçin maşgala durmuşyny ygtybarsyzlaşdyrmak, manysyzlaşdyrmak üçin, türk ýaşlarynyñ maşgala durmuşyna bolan ynançlaryny we sylag-sarpasyny ýykyp-ýumurmak üçin, hamala erkin durmuş pikirine duwlanandan bolup şeýle diýýär:
 
 "Maşgala gurup ýaşamagy unamaýaryn. Men mümkin mertebe erkin gatnaşyk esasynda ýaşaşmagyñ tarapdary".
(Maglumat üçin "Milliyet" gazetiniñ 2002-nji ýylyñ 20-nji iýulyndaky sanyna seret).

Muña garamazdan Elif hanym durmuşa çykyp çagaly-çugaly-ha bolupdyr. Ol bu pikirini türk ýaşlaryna gönükdirip aýdanam bolsa, netijesi özünedi. Ýagny her dürli ýollar arkaly zol-zol türk ýaşlaryna "maşgala gurmañ, binika ýaşaşyberiñ" diýen ýaly çagyryşlar etdi. A özi bolsa nikalaşyp maşgala gurdy.
    
Şol sanda ýazyhy türk maşgala durmuşynyñ sütüni bolan çaga barada-da adamyñ ýaradylyş maksadyna çapraz gelýän geñ-tañsy gürrüñleri edýär:

"Çagalara bolan gyzgyn söýgim ýok. Çagalary halamaýşym ýaly öz dünýä inderen çagamy-d söýerin öýdemok".
(Maglumat üçin "Milliyet" gazetiniñ 2002-nji ýylyñ 20-nji iýulyndaky sanyna seret).

Şeýle-de bolsa, ol, öz çagasy doglanda gazetlere beren reportažlarynda çagasyny nähili söýýändigini şirnikdirip-şirnikdirip gürrüñ berýär. Diýmek, onuñ aýdýan sözleriniñ düýp maksady türkleri nyşana alýar, netijesi bolsa özüniñki.       
Elif Şafak "Pynhan" romanynda ikijynsly doglan hunsanyñ (germofrodit) içki dünýäsini açyp görkezýär. Şeýtmek bilen ol, erkek we zenan diýen iki aýry jynsyñ aýratynlygyny inkär etmäge synanyşdy.
Hatda ol "TED Talks"-a beren reportažynda: "Men özüm biseksualistka (ýagny, iki jyns bilenem bir wagtda ýakyn gatnaşyk edip bilýän kişi). Emma muny mälim etmäge çekindim" diýdi.
(CNN Turk. Com, 14.10.2017)       

Elif Şafak ýöreýän mör-möjekli ýodasynda ýene biraz menzil aşsa, hojaýynlary tarapyndan götergilenmegi, sylaglanmagy we Nobel baýragyna-da mynasyp bolmagy gaty ahmal. Şonuñ üçin ol mundan beýläk döredijilik depginini hasam batlandyrsa gerek.

06.09.2018 ý.

Prof. Nurullah ÇETIN.

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 37 | Добавил: Has | Теги: Nurullah Çetin | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
surprised Politika dusinmeyanmizem gowy zat olaryn nirne seretsen FETÖ bolup dur...

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: