10:41
Ýetişerin ýanyňa

ÝETIŞERIN ÝANYÑA

Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa,
“Seni ýeke goýman” diýen sözüm bar.
(Halyl Kulyýew.)

Lebi nabat zülpi anbar ysly ýar,
Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa.
Gije-gündiz ýürek seni isleýär,
Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa.

Seniň bilen ýaşan ömrüm – baharym,
Aňzakda ýyladar, ýyly mähiriň.
Durmuş hakda oýa çümen mahalyň,
Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa.

Arman galmaz, ýar bal wagty ýag bolsam,
Dünýäni unudyp, keýpi çag bolsam.
Aramyzda deňiz bolsun, dag bolsun,
Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa.

Ýaryň husny-jemalyna göz maýyl,
Aşyk ýürek ähli külpete kaýyl.
Bu ýakamdan tutaýmasa Ezraýyl,
Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa.

Azymberdi KAKAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Aziz | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 4.8/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: