14:03
Ýetimmiñ?...
Alla bardyr ýanyňda...
Ýekemiň?
Ýetimmiň?
Gam çekme, ogul,
Elmydama Alla bardyr ýanyňda.
Merdana kabul kyl pelegiň oýnun,
Allaň adyn zikir eýle ýadyňda.
Birden al-asmana galar gidersiň,
Gurruk guýa gitdim diýen çagyňda.
Bu bir durmuş!
Bu bir synag meýdany!
Her hili ahwallar bolýar dünýede.
Eger bir melamat inse başyňdan,
Ýa sezewar bolsaň elhenç külpede,
Gutulgysyz pajygadan basylsaň,
Alla sygyn,
Allany sal ýadyňa!
Dogan ýetişmese seniň dadyňa,
Dostuň ýetişmese seniň dadyňa,
Alla sygyn!
Alla mederkär bolar!
Çünki kim bolsaň-da, nirde bolsaň-da,
Saňa pena ýokdur Alladan golaý,
Saňa gala ýokdur Alladan golaý!
Baldak başy gymyldamaz permansyz,
Bu owadan dünýä,
Külpetli zemin,
Jümle-jahan jemdir Allaň adynda!
Güne gerşin çoýup aýlanýar Dünýä
Beýik Biribaryň parasatynda.
Belent başyň duman basmaz permansyz,
Beýik bolsaň - ol peseldip görýändir.
Egsik bolsaň - ol eseldip görýändir.
Ençe-ençe synaglardan geçirip,
Ahyry mynasyp ornuň berýändir!
Bagyň başy gymyldamaz permansyz,
Garyp bolsaň - berip görer baýlygy .
Baý bolsaň - öwürip görer garyba,
Hakydaňda bolsun Hakyň barlygy.
Ady dilde bolsun,
Hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende
Pena boljak ýokdur ulaşsaň derde,
Alladan golaý!
Baýlyk hem garyplyk,
Saglyk - hassalyk,
Beýik hem peslik,
Şalyk - gedalyk
Aýlanyp durandyr gezekli çemçe!
Baýlyk gelse - nesip etsin ebedi,
Beglik berse - nesip etsin müdimi.
Täleýiň ters gelse - çekme elemi,
Bu dünýäniň toýy-ýasy,
Begenç ýaşy,
Ajy ýaşy,
Edil dünýäň özi ýaly gadymy!
Alla sygyn,
Allaň beren emgegi,
Duman deý sowulyp gider başyňdan.
Ýer aýlansa daşyndan öz okunyň,
Aýlanyp durandyr beýik ýaşaýyş
Haka bolan ynammyzyň daşyndan.
Alla sygyn!
Hakyň adyn zikr eýle!
Ýeriň gullugyn kyl, arşda pikr eýle!
Niýetdir päliňi düzüp gowluga,
Yhlas bilen Biribara ýapyşsaň,
Ol saňa mizemez medetkär bolar.
Ýapyşalga ýokdur Adam ogluna
Hudaýdan golaý!
Hudaýdan golaý!

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY
Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Has | Теги: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 2.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: