00:27
Ybraýymyň Güneşi - I

Ähli döränlerden has öňden dörän,
Baky durjaklardan has baky duran.

Gadymy dünýäniň kerwenbaşysy,
Birleşdiren galam bilen ýazary.

Päk perişdelere nyşana goýan,
Toprak şalaryna1 täji-tagt beren2.

«Men gizlin gençdim» diýen jümle esasynda gudrat galamy bilen dörediş çyzygyny ýaradylanlaryň ahwalat sahypasyna çyzyp, enaýat eli bilen barlygyň täze ýetişen gözelini ýokluk bendinden azat edensoň, jan bagyşlaýjy we ruh beriji nesimini3 «We oňa öz ruhumdan üfledim»4 diýen çemenzarlykdan öwüsdirip, ynsanlaryň barlyk gunçasyny gülletdi we janlandyrdy.Olaryň gülşen nahalyny özüniň hemmetaraplaýyn tükeniksizmährem, şypaly çeşmesi bilen suwaryp,terlendirip, miwelendirip, «Hakykatdan hem biz ynsany iň gözel şekilde ýaratdyk»5 diýen owazy pelekdäkileriň ýygnanyşyk ybadathanalarynda ýaňlandyrdy. Olaryň «Farkadana»6 ýetýän başlaryny «Biz adam ogullaryny eziz-mähriban etdik»7 diýen nurly täji bilen zynat berip, «Olary özümiziň ýaradan örän köp zatlarymyzdan üstün-artyk edip goýduk»8 diýen gapylary olaryň mübärek netijeli durmuşlaryna tarap açdy. Ýaradylanlaryň iň belent derejelisi we hormatlysy bolan bu meşhur topardan we bu sarpaly görnüşden9 iki topara özüniň mähremlik nazaryny salyp, olaryň azamat tuglaryny we haýbat owazlaryny Günüň hem Aýyň çür depesine çenli ýetirdi. Olaryň birinjisi Beýiklik bargähiniň (köşgüniň) ýakynlary we Taýsyzlyk dergähiniň saýlantgy kişileri bolan pygamberlerdir we resullardyr. Ikinjisi bolsa, halypalyk permany bolan «Soltan Allanyň saýasydyr»10 saýasydyr»11 diýen tugra bilen bezelen we «Bol diýse,bes, bolar»13 diýen jahanyň çar künjünde permanlary ýörgünli bolan patyşalardyr we soltanlardyr.
Pygamberlik düzgünlerini ýöredijiler «Elbetde, Alla Adamy, Nuhy, Ybraýymyň we Ymranyň neberesini älemdäkilerden saýlady»14 diýen täsin we mugjyzaly kelama görä özgelerden saýlanmak sypaty bilen özgelerden aýratyn tapawutlandylar. Soltanlyk we halypalyk belentligine göterilenler bolsa, «Sizi ýerde halypa-oruntutar etdik»15 diýen enaýatly aýatyň hökümine görä, ýaradylanlaryň düzgünleşmegine sebäp we döredilenleriň tertipleşmegine esas boldular.

Ähli pygamberler Belent Taňrydan,
Din düzgünin alyp, belende galdy.

Dünýä şalary hem Oň kereminden,
Arap-Ajama çen, uly paý aldy.

Şalygy şalara has laýyk gördi,
«Taňrynyň saýasy» lakamyn berdi.

Dünýäň möhrün iki kişä nagş etdi,
Patyşa hem pygambere bagş etdi.

Dünýäniň bezegi beýik şalardyr,
Şa bolmasa, göwre başsyz ýalydyr.

Belent mertebeli we pelek kuwwatly patyşalardan käbirleri has aňyrdan gaýdýan ezeli enaýata laýyklykda, ynsaplylyk we adyllyk sypaty bilen häsiýetlenip, namyratlyk jülgesiniň awaralaryny we biçärelik çölüniň teşnelerini özleriniň dirilik beriji howandarlyk çeşmelerine ýetip, mähremlik saýalarynda saýalap, hadysalar gününiň howrundan halas bolmaklary hem-de şirk, kapyrlyk we
duşmançylyk apatlarynyň agdarlyp, ähli bendeler aman-esenlik we parahatlyk sallançagynda rahat ýaşamaklary üçin ýedi yklymyň anbarly meňi we dokuz pelegiň güler ýüzündäki gara zülpi bolan Hint ülkesiniň zemin giňişliginde jahan eýeleýjilik baýdagyny dikdiler. Asmanlar, Ýer we ol ikisiniň arasyndaky ähli zatlar Allatagalanyň mülküdir. Allatagala owwaldan-ahyra hamdy-sena bolsun.
Şeýle öwgüli häsiýetli we belent mertebeli patyşalaryň iň mertebelisi, meşhur goşunyň şahynşasy, köşk arşynyň hysrowy, bagt göwherini ýagtyldyjy, tagt binýadyny berkidiji, ýedi yklymyň bezegi, täj-u tagtyň gelşigi, Allanyň mährem saýasy we Halylyllanyň16 atdaşy Abulmuzaffar Nasyreddin Ybraýym Adylşadyr17.

Dine pena, patyşalaň şasydyr,
Kerem güneşi, Allaň saýasydyr.

Onuň jahan bezeýji haýbatynyň bahary hazan ýeliniň zeperinden aman, onuň terlik bagyşlaýjy döwletiniň nahaly döwür hadysalarynyň çapgyn ýellerinden halas. Ol ynsaplylyk meýdanynyň çapyşygynda ähli bäsdeşlerinden ozan, ýurt alyjylyk we jahan eýeleýjilik meýdanynda duşmanlaryň bedenlerine ýaralar salan. Tä «Men ýerde Adamy halypa-oruntutar etjekdirin»18 diýen owaz arş
älemindäki ygtykafçylaryň19 gulaklaryna ýeteli bäri, garry pelegiň gözi onuň ýaly älem eýeleýjini jahan goraýjylyk tagtynda mäkäm ornaşan halda gören däldir. Tä «Ol sizi ýerde oruntutar-halypa etdi»20 diýen ruh beriji owaz aşakdaky jahanyň ýaşaýjylarynyň arasynda ýaýraly bäri, onuň ýaly güýç-kuwwat eýesi soltanlyk düşeginde gadam goýmady. Onuň şalyk çapary21 «Biziň özümiz bölüşdiripdik»22 diýen diwanyndan «Biz özümiz islän kişilerimizi derejelere götereris» diýen tugra bilen iberilip, ykbal permany20 «We oňa patyşalyk berdik»23 diýen möhür bilen zynat tapdy. Ýagşy amaly, şirin sözi, Ýusup deýin jemaly we Gün kimin görki bilen onuň taryplamalardyr waspnamalara mätäçligi we zerurlygy ýokdur. Süleýmanlyk derejesi, Ybraýymlyk mertebesi, özüni gowy alyp barşy we gözel ahlagy bilen älem-jahanyň hysrowlaryndan24 saýlanandyr. Onuň soltanlyk bagynyň reýhanlarynyň hoşboý ysyndan jahandakylaryň ys alyş agzalary atyrlanan, serwerlikdir hökmürowanlyk alnynyň nury bilen akyldarlaryň gözi nurlanan. Onuň mukaddes sypatly durky Allanyň soňlanmajak mähremliginiň güzeridir. Aýdan balyga çenli25 onuň barlygyna şatlanylyp buýsanylýandyr.

1 Bu ýerde: «Dünýäniň asly toprakdan ýasalan patyşalary» diýen manyda gelýär.
2 Bu goşgy Allatagala hamdy-sena aýdylyp, Allatagalany sypatlandyryp, ýazylypdyr.
3 Nesim – baharyň janly-jandary, ot-çöpi, topragy janlandyryjy ýeli.
4 Gurhanyň 15-nji («Hijr») süresiniň 29-njy aýaty.
5 Gurhanyň 95-nji («Injir») süresiniň 4-nji aýaty.
6 Farkadan – Kiçi Ýedigene degişli iki sany ýaldyrawuk, nurly ýyldyz.
Olara «Doganlar», «Iki dogan», «Ekizler» hem diýilýär. Aýrylyşmaz dostlary gadymda şoňa meňzedipdirler.
7 Gurhanyň 17-nji («Gijeki seýr») süresiniň 70-nji aýaty.
8 Gurhanyň 17-nji («Gijeki seýr») süresiniň 70-nji aýaty.
9 Bu ýerde Adam, adamzat göz öňünde tutulýar.
10 Muhammet Pygamberiň hadysy.
11 Gurhanyň 36-njy («Ýasin») süresiniň 82-nji aýaty. Bu söz älem-jahany, jahany, pany dünýäniň barlyk älemini, şu dünýäni aňladýar.
12 Gurhanyň 3-nji («Ymranyň öýi») süresiniň 33-nji aýaty.
13 Gurhanyň 10-njy («Ýunus») süresiniň 14-nji aýaty.
14 Halylla – Ybraýym pygamber; Allanyň dosty.
15 Ybraýym Adylşa – Dekendäki Adylşalar nesilşalygynyň altynjy patyşasy. Bu nesilşalygy esaslandyran adam Ýusupşadyr. Ybraýym Adylşa Ýusupşanyň ýuwlugydyr. Hindistanda meşhur bolan rowaýata görä, Ýusupşa
Osmanly türkmen soltanlaryndan bolup, soltan Muhammet han Fatyhyň (ýeňijiniň) dogany eken. Soltan Muhammet tagta çykanda, ol ölüme höküm edilýär. Emma Ýusupşanyň ejesi ony bir ýol bilen halas edýär. Ol ondan Eýrana, soňra bolsa Hindistana gidip, soltanlyga ýetýär. Ybraýym Adylşa Tahmaspşanyň ogludyr. Ol kakasynyň dogany Aly Adylşadan soň, 998-nji hijri-kamary ýylynda soltanlyk tagtyna geçýär. Ol ençe wagtlap töweregindäki goňşy patyşalar bilen söweşler alyp barýar. Ahyrynda onuň golastyndaky ýerleriň köpüsi Ekber şa Timurlynyň esgerleriniň eline geçýär.

Ybraýym Adylşa otuz sekiz ýyl soltanlyk edip, 1036-njy hijri-kamary ýylynda dünýäden ötýär. Ol örän uly juma metjidini saldyrypdyr. Onuň mazarydaşol metjidiň golaýyndadyr. Meşhur taryhçy Muhammet Kasym Hinduşa Astrabady özüniň «Taryhy Perişde» atly kitabyny hut şu patyşanyň buýrugyesasynda ýazýar.
16 Gurhanyň 2-nji («Bakara») süresiniň 30-njy aýaty.
17 Ygtykafçy – ybadat etmek maksady bilen metjitde oturanlar.
18 Gurhanyň 6-njy («Engam») süresiniň 165-nji aýaty.
19 Bu ýerde: «Onuň patyşalyga bellenendigini habar bermek üçin gelen çapar» diýen manyda gelýär.
20 Gurhanyň 43-nji («Zer-zynat») süresiniň 32-nji aýaty.
21 Gurhanyň 6-njy («Oljalar») süresiniň 83-nji aýaty.
22 Bu ýerde birini götergilemek üçin ýörite çykarylan perman manyda.
23 Beýle aýat ýok. Bu sözi arapça beýan etse-de, ol ýazaryň öz sözi bolmaly.
24 Hysrow – patyşa, soltan, hökümdar.
25 Aýdan balyga çenli –Er balygyň üstünde ýerleşipdir diýlen öňki düşünjelere görä, bu jümle ýeriň üstündäki we astyndaky ähli jandar,asmandaky we aýdaky ähli barlyk, umuman barlyk älemi diýen manyny berýär.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 29 | Добавил: Mira_mia | Теги: MUHAMMET KASYM HINDUŞA ASTRABADY | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Gyzykly eken. Sagboluñ ýetireniñize

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: