14:54
Ýaşylbaşyñ täleýi / hekaýa
ÝAŞYLBAŞYÑ TÄLEÝI

Goja Hazaryň kenaryndaky bu çola künjek her ýylda iki gezek göçemen guşlaryň şowhunyndan dolup-daşýar. Her ýazda günortadan demirgazyga, güýzde bolsa demirgazykdan günorta uçup barýan kowçum-kowçum guş süýrüleri düşläp dynç almak, uzak uçuşa gaýtadan güýç toplamak üçin bu aýlaga inýärler we toparlaryny bozman, özlerine amatly ýer saýlap, “goş ýazdyrýarlar”. Alys we howp hatarly ýollaryň argynlygyndan soň, olar üçin rahatlyk döwri başlanýar. Tebigaty arassa, şypaly suwy tämiz, balygy we ýokumly oty ýetik aýlagda olary biynjalyk edýän zat ýok.
Guşlar bu ýerde tiz daýanýarlar. Semräp has agralan guşlar balyk iýmezden suw otlaryny çirtip hepdeläp oňmaly bolýarlar. Sebäbi topardan galan guşlar uzak menzil aşyp bilmeýärler we olaryň pajygaly hala düşýän pursatlary az bolanok.
Ýaz paslynda bu aýlagda düşlän ördek sürüsiniň indi demirgazyga, sergin howaly yklyma göç etmeli wagty golaýlapdy. Tomus paslynda bu ýerde galmak olar üçin howply. Gyzgyn howa uýgunlaşmak kyn. Saý-sebäp bilen sürüden galanyň jöwzaly günlere bäs gelip bilmäni heläk bolmak gorkusy bar.
Ýaşylbaş ördegiň gaýta-gaýta kä asmana seredip, kä öz mäkiýan jübüdine tarap nägile nazar aýlamagy ýöne ýere däldi. Mundan bir hepde öň gaýra tarapa göç etmäge başlan ýabany ördekleriň kowçum-kowçum sürüleriniň aram-aram asmana galýandygy görünýärdi.

***

Suwuň üstüne abanyp duran ýaşylbaş özüniň dury suwdaky al-ýaşyl öwüsýän keşbini göwnihoş synlady. Guşlaryň horazy mäkiýanyna garanyňda has iri, syrdam we owadan bolýar. Serçeden başlap, towuk-horozdyr tawusa çenli islendik ýabany ýa-da öý guşuň alyp görseňem, tebigatyň güýç-kuwwaty, ses-owazy we reňbe-reňk lybasy olaryň horazyna eçilip, bu babat-da mäkiýanlaryny kem goýanadygyny görse bolýar. Munuňam öz sebäbi bar.
Ýaz pasly gelip, tebigat oýananda, köp ýabany guşlaryň horazlary ýeleklerini çalşyp, gözi gidişip barýan lybaslara beslenýärler, mes humar bolup saýraýarlar, bir-birleri bilen uruşýarlar, mäkiýanlary saýlaýarlar. Dünýede guşlara wekilçilik etmek, olara özüňi ykrar etdirmek, rüstemligiňi göz edip beýlekilere görkezmek wezipesi guşlaryň horazynyň gerdenine düşüpdir. Bu, bir tarapdan, olaryň gözelliginiň nusgasy hökmünde şygyrlarda wasp edilmegine getirse, beýleki tarapdan dürli öwüşginli reňkleriniň gözi dürtülip durandygy we özleriniň has gabaraly-etlekdigi üçin ýyrtyjylar hem-de awçylar tarapyndan has köp gyrylmagyna sebäp bolupdyr.
Mäkiýanlar barada aýdylanda bolsa olarda horazlaryňkyça syratam, reňkem, owazam, gözelligem ýokdur. Olar horaşaja we öçüksi, birsydyrgynrak reňkdedir. Sebäbi olara horazyňky ýaly bir-birleri bilen bäsleşip garpyşar ýaly güýç-kuwwat gerek däl. Kiçi göwre we çalymtyk ýelek-perler bolsa, olara daşky gurşwdan kän saýlanman, gizlin ýaşamaga ýardam edýär. Ömür wezipesi nesil köpeltmek, jüýje çykaryp, olary ese-boýa galdyrmak bolan mäkiýanlar gizlinräk, gaçarak ýaşaýarlar. Reňk-öwüşginleri, saýraklygy we urşaklygy bilen bir-birine we daşky duşmanlara özüni aç-açan mazamlap, köpüsi bu garpyşykda heläk bolýan horazlaryň bu sypatlary olaryň diňe has çalasynlarynyň, güýçlüleriniň saýlanyp galyp, guşlaryň nesil gönezliginiň goýazlygyny üpjün edýär. Tebigatyň ýowuz kan unlary bar. Mäkiýanlaryň bolsa nesil goramakdaky gujur-gaýraty, yhlasy, duýgurlygy, çydamlylygy we janserekligi horazlaryňkynyň çeni çaky däl.

***

Gyzgyn we guraksy şemal tomus paslynyň golaýlap gelýändigini habar berýärdi. Ýaşylbaş bolsa öz mäkiýan jübüdiniň seleň mekana uçup gitmäge ýagdaýynyň ýokdugyna barha magat göz ýetirýärdi. Çünki mäkiýan indi bu ýerdäki gamyşlygyň buky ýerinde höwürtge ýasamaga girişipdi. Bu ýaşylbaşyň hasam degnasyna degdi. Sebäbi olar, adat bolşy ýaly höwürtgäni uzak demirgazyga uçup baranlaryndan soň gurup şol ýerde nesil öndürýärdiler ahyry!.
Ýaşylbaş höwürtge gurup ýören höwrüniň “kömek etjek dälmi?” diýýän ýaly naýynjar bakyşlaryny birsalym görmediksirän bolup, soň endigine görä göwünli- göwünsiz ýardam etmäge girişdi. Emma bu işden göwni buz ýalydy. Öňde jöwzaly yssy durka bu ýerde ýumurtga basyp, jüýje ulaltmak baradaky pikiriň özi onuň akylyna syganokdy. Mäkiýanyň welin başga alajy ýokdy.
Ýogsam bolmanda ýaşylbaşyň öz höwründen öň nadyl bolan ýeri ýokdy. Ol bu syratly horaza tüýs ýaraşyp duran saýyrdyň mäkiýanydy. Bu ýaş jübütler üç ýyl öň şu aýlagda, ýaz paslynda ysnyşyp höwrügipdiler. Adatça beýleki göçemen guşlaryňky ýaly ýabany ördekleriň höwürleri hem bir ýyldan uzaga çekmeýär. Diňe şular ýaly has bagry badaşanlar birnäçe ýyllap aýrylyşman bile nesil öndürýärler. Bu ýyl bulara munuň nesip etjegi heniz şübhelidi.
Munuň sebäpkäri şu baharda bäri gelen uçurlarynda bolan pajygady. Gamyşlaryň içinde oturan jübüdiň üstüne duýdansyz böken tilkiniň agzyndan sypmak mäkiýana başardanam bolsa, ýyrtyjynyň dişiniň salan aýaralar onuň bir ganatyny persala edipdi. Häzir göräýmäge uçup ýören ýalam bolsa, onuň uzak uçuşa ýarawsyz bolup galandygy mese mälimdi. Öwrenişen hamrak höwrüni taşlap gitmäge dözmedik ýşylbaş bolsa, hernäçe kyn görse-de, onuň bilen bu ýerde yssy tomusy bilen geçirip, nesl aladasyny çekişmäge kaýyl boldy.
Indi aýlagda bu ördek jübüdinden başga diňe garry we has semrän guşalr galypdy. Ýaş we sagdyn ýaşylbaşyň muňa kejebesi darygyp, düşen ýagdaýyna örtenýärdi.
Bir yssy günde eti çekilip uçuşa ýaran ördekleriň iň soňky tapgyry hem güsürdäp göge galdy. Şonda ýaşylbaşyň ýüregi olar bilen gidip barýan ýaly tarsyldap, ikigöwünli guşy olara goşulmaga mejbur etdi.
Höwürtge gurmak bilen başagaý mäkiýan muny görende allaniçiksi halda galkyp, uşjak ýaly gopsunsa-da, soň biygtyýar boýnuny içine çekip, lampa aşak oturdy. “Seni zor bilen saklap bilmerin-ä. Hoş, bagtyň açyk bolsun!” diýýän ýaly ördek sürüsi tä gözünden ýitinçä yzlarynda natuwan garap otyrdy.

***

Mäkiýan ördege öz güýjüne bil baglamakdan başga çäre galmady. Heniz epgek düşmänkä höwürtgede bir topar jüýje peýda boldy. Olar sähel wagtdan enesiniň yzyna düşüp suwa girip başladylar. Şu ýyl tomus ilki başda bekligine tutjak ýaly etse-de, soňy salkyn boldy. Garaz, jüýjeler yssydan kän ejir çekmäni ese-boýa galdylar.
Altyn-güz gelende, baglaryň ýapraklary tänip ýere düşüp ugrady. Aýlagyň ileri çetine ýene-de suw guşlary ýygnanyp başladylar. Endik eden ýerine güsürdeşip gonýan ýabany ördek sürüleriniň arasynda bu ýere ilkinji gezek gelýänleri hem bardy. Bu geňem däldi. Ol ýaş ördekler şu aýlagda ýazda jübütleşen guşlaryň önelgesi bolsalaram, uzak demirgazykda ýumurtgadan çykyp, eýýäm uçuşa ýaran şu ýylky jüýjelerdi.
Tomusy şu ýerde geçiren, intizar gözleri her gelýän kowçumyň içinden öz ýaşylbaşyny gözleýän ene ördegiň kalbynda oňa bir zerre-de kütiwi ýokdy. Kükregi enelik buýsanjyndan doly bu naçar guş häzir diňe özleriniň sag-aman ösüp-ulalan balalaryny olaryň atasyna görkezmek isleýärdi.
Emma ykbal bu pursady olaryň alnyna ýazmandy.

***

Bu şeýle bolupdy.
Tomsuň başynda gijä galyp uçup giden ýaşylbaşyň egninden agyr ýük aýrylan ýaly bolupdy. Özüne beýle şum bagt taýyň sataşandygyna nadyl bolup ýören ýaşylbaş indi ondan dynanyna näçe diseň begenýärdi. Döşüne demirgazygyň seriniň şemaly çalýarka ol eýýam maýyp jübüdini unudyp süýji hyýallara gark bolup barýardy.
Ol kiçijik sürüsi bilen bilelikde ahyr soňunda bir owadan kölüň üstüne pes saýlanlarynda, ol şeýle arzuw-umytlar içindedi. Emma arzyly menzile uzak ýol söküp ýeten guşlary gamyşlaryň aňyrsyndan çykan güňleç tüpeň sesi garşy alypdy.
Allaniçigsi bolan ördekler başga ýere gonmak üçin ýene asmana galypdylar. Diňe höwrün taşlan ýaşylbaş ganyny sarkdyryp, kem-kemden aşak inipdi.
Awçy ony gür gamyşlaryň içinden gözläp tapyp bilmändi. Ýaşylbaşa ölmezinden öň ygtyýarynda oýlanmak üçin esli wagt galypdy. Ölmesinden öň ol bir zada – yssy günortadaky bir aýlagda yhlasly jübüdiniň höwürtge ýasap ýörenligine şatlanypdy. Maýyp we ýeke elli hem bolsa, erjel, gujur-gaýratly mäkiýanynyň şol höwürtgede özleriniň neslini sag-aman ösdürip, aýlaga galdyrjakdygyna umyt edipdi. Şol ynam umyt bilenem ol alys demirgazykdaky bir gamyşlaryň içinde, ýalňyzlykda gözüni baky ýummaly boldy.

Şahymerdan SARYOGLY.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 2015-nji ýylyň awgusty.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 26 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
1
1  
Şahymerdan aga sag boluñ.Bu hekaýadan juda kän zat öwrenip boljak.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: