22:57
"Ýaşlyk" poemasyndan bölek
«Ýaşlyk» poemasyndan bölek

Doňan topraklara ýene jan berdi
Nowruz gary bilen aklym alan ýaz.
Saňa bakyp tanap bilmän kän durdum,
Meni sorap uzaklardan gelen gyz.

Soňra bolsa maňlaýymy tutdum-da,
Gidere ýer tapman, nätjegim bilmän,
Bokurdaga dolan derdi ýuwutdum-da,
Garşyňda egmeli boldum men kelläm.

Ternawlardan syrygşy deý gar suwy,
Her kimiň öz dökjek ýaşy, derdi bar.
Gara gözüň gör, kimiň ak arzuwy,
Ykbal bolsa aýralyga merduwan.

Ýagyp için sowadansoň gök asman,
Bulutlar ak goýnuň ýuwulan ýüňi.
Ak gar ýara wepa beren päk wysal,
Agaçlaryň başy egilen güni

Gatam görüp ýörme menden öýkeläp,
Menem özüň ýaly ýarymgöwün men.
Ojar omçalaryn geldim arkalap,
Çaý gaýnadyp berjek garyň suwundan.

Oturaly ýene oda seredip,
Ýyldyzlar hem bize baksyn uzakdan,
Aglaýyn şem deýin kalbym eredip,
Amala aşmadyk arzuwlar hakda.

Bir gün beslenipdi owadan heňe,
Gyş gapysyn kakyp kükräp gelen ýaz,
Sen şonda şeýle bir ezizdiň maňa,
Sähradan kömelek çöpläp gelen gyz.

Maňlaýda çyzyklar- kötelli ýollar,
Asmanda ýyldyzlar mysaly şem deý,
Janym, görüpmidiň ahyr-owalda,
Şem deý ýanyp duran wysaly sen heý.

***

Ýör, ezizim bile seýle gideli,
Açyk howa, deňiz bu gün parahat.
Düýnki gürrüňimiz dowam edeli,
Sebäbi ýürekde galmady takat.

Çägesow kenarda aýak yzymyz,
Yzymyzdan garap ýatsyn asmana.
Gara gaýalara gidip özümiz,
Synanşaly ýüregimiz açmaga.

Şonda meni şum ajal hem gorkuzmaz,
Dert-belalar umma gaçyp giderler.
Kenara urulaýan ak saç tolkunlar,
Aýak yzlarmyza sežde ederler.

***

Men ahyry söýgi ýolundan gidip,
Suw küýzesi ýaly suwda synaryn.
Bolmasa, birehim aý-ýylar ötüp,
Içi köwlen garry tuda dönerin.

Sen ahyry aýralyga duş gelip,
Sabyr-kararyňdan jyda bolarsyň.
Geçenleri ýatlap, çytyp gaşlaryň,
Gaharlansaň niçik çydabilersiň.

Eý, meniň çynarym, gaýada biten,
Men seniň tamdyra öwrülen tuduň.
Çünki çöl ýerlerde ýalňyz galyp soň,
Döwlen küýze deýin aýtmaýyn aýdym

■ Ak derekleriň astynda

Sen maňa ýazda sataşdyň,
Ak derekleriň astynda.
Men çogup duran ataşdym,
Däli ýaşlygyň destinde.

Göwnün ýykyp ak derekleň,
Süýtdenem ak synasynda,
Seň adyňy nagş ederdim,
Men olary gynasam-da.

Bu täsin söýgä begenip,
Ak dereklere gaýdardym.
Bilbil sesinden heň alyp,
Saňa söýgimi aýdardym.

Agşamlarna ak derekleň,
Arasynda duşuşyp kän.
Söýgümizepäk ýürekden,
Şaýat bolupdy şu mekan.

Ýaşlygymyz elwan läle,
Täleý kimlere gowşurdy.
Bu gün çykyp alys ýola,
Didaryň aklym çaşyrdy.

Ilki söýgim, iň päk söýgim,
Ak saçlary ak gar ýaly.
Hiç söz tapyp bilmesem-de,
Men özümi aklar ýaly.

Ak derekleň arasynda,
Derek boýly dilberim sen.
Bu ykbaldan nalasam-da,
Derdim çogup dillerimden.

Aýtjakdym saňa köp zady,
Şunça ýyl pynhan saklanym.
Heniz otyryn lal ýaly,
Meniň natuwan ykbalym.

Güýzde durnalaň sesinden,
Sary ýaprak gaçýar gaýyp.
Ak derekleň synasynda,
Adyň galypdyr ajaýyp.

■ Şetdaly baglarynda

Şetdaly baglarnyň şirin kokaýan,
Şahalarnyň aşagynda oturyp.
Şol günleri ýatlap goşgy okaýan,
Şar-gara gözlermi gussa batyryp.

Şol agşam pyşyrdap aýdan sözleriň,
Şerap içen şekil serim hoş edip.
Şamar saçlaň, gije ýaly gözleriň,
Şindizem ýatlaýan göwnüm guş edip.

Şum aýralyk ara salyp ýyllary,
Şatlygmyza, ýaşlygmyza kast etdi.
Şahyr ýüregimiň söýen dilberi,
Şol ýürekde ýaşamasyn bes etdi.

Şar-gara saçlaryň daralan ýüpek,
Şemal şol saçlara öýkünip ösýär.
Şindi-şindilerem garalan şapak,
Şetdaly bagynda üstümi basýar.

Şaýat ýerler yşgym joşan ýaşlygma,
Şaýat baglar arzuwlarma-söýgüme.
Şum aýralyk böwet basyp şatlygma,
Şindilerem duşuranok serwime.

■ Söýgüli gyzyň haty

Intizar men seni küýsäp,
Aglaýar ýürek, ezizim.
Seň soňsuz söýgüňe suwsap,
Men bir janserek, ezizim.

Bakyp gözlerimden ganman,
Ýakyp jigerini daglan,
Leýlisaça salam ýollan,
Sen bir ak derek, ezizim.

Uky kirpikde ereýär,
Gözüm ýoluňa garaýar,
Syýa saçlarym daraýar,
Şirmaýy darak, ezizim.

Ajy söz aýtsada aşyk,
Gyz ýüregim durmaz çişip,
Senden başgaň gepi gyşyk,
Sözleri gurak, ezizim.

Aýralyk ajy ölümden,
Aýrylyp ýörme gülüňden,
Eger gelsedi elimden,
Gitsem siz tarap, ezizim.

Zöhräniň dogan zamany,
Sähramyň artar armany,
Kalbymyň söýen ynsany,
Sen maňa gerek, ezizim.

***

Ýellere aýtdym men arzymy aýym,
Ýeller göwniýarym, saçlam sypaýar.
Ýapraklar gaçanda şahadan gaýyp,
Ýüregimde sary güýzden öýke bar.

Bulutlaň bagrynda gizlenen güneş,
Bu gussaly güýze pelsepe satýar.
Gadym derwüşler dek duýgudaş, dertdeş,
Güýz kalbyndan näçe derdeser ötýär.

Bulutlaň goýnundan çykyp bilmänsoň,
Güneş gussa bilen gözlerin ýumýar.
Ýürek hem bir karar tapyp bilmänsoň,
Gabaklarym daş deý, diller hem dymýar.

Gün aglaýar, dört ýanynda bulut bar,
Toplanýarlar ony gynamak üçin.
Ýeller bu gün ähli zady unutýar,
Aşygyň saçlaryn sypamak üçin.

* * *

Ýürek-bagrym badaşypdyr seň bilen,
Ömrüm seniň ykbalyňa baglanan.
Sen bolmasaň çasly-çasly gülmenem,
Sen gelmeseň begenjimden aglaman.

Barlygyňda bagtym gül deý açylyp,
Ýok mahalyň ýürek tüýdüm-tüýdümdir.
Duýgularmyň seň ýanyňa uçanyn,
Saňa aýdyp berjek aýdym aýdan deý.

Senem maňa azar berip bilgeşleý,
Öňkiň deý her söze dänjiräp durma.
Saňa söýgüm bir enaýy gül keşde,
Sen ony başgalaň eline berme.

Gollarymyň gabarçagna guwanyp,
Em tapmany dodagymyň ýarygna,
Ýaşap ýörün seň wepaňa ynanyp,
Alla şükür bu dünýäde barlygňa.

Ykbalyma kürsäp giren gül läle,
Bagt guşy bolup gel-de egne gon.
Aramyz daş, dogduk depämde galan,
Läläm seniň didaryňdan doýma ýok.

■ Alma bagyna aýdym

Almalaň açylan güli gyrmyzy,
Şemal degen wagty ýanýan ýalydy.
Olar biziň iň bir pynhan syrmyzy,
Ile äşgär edip ýaýýan ýalydy.

Güýz gelende almalary alýaňak,
Maňa süýji sowgat, ýollaýsaň miwe.
Uzak gürläp, islämok men ýaňramak,
Maňa sowgat edip söýgüňi iber.

Meň üçin howa dek zerur seň adyň,
Ýaňaklaňam ýada salýar almany.
Ýöne seň uzadan almaňdan dadyp,
Yşk bagyndan kowulmaly bolmaýyn.

■ Oglan men

Yhlas bilen sokur gözden ýaş döküp,
Seni söýüp yşga dözýän oglan men.
Geçip gitseň göz güldürip gaş kakyp,
Her göremde goşgy ýazýan oglan men.

Bilbil guşum gonan pudagyňy ber,
Hemranyň oýulan didesini ber,
Ýalbarýan ýakutdan dodagyňy ber,
Kerbelada teşne gezýän oglan men.

Gam köl boldy gözlerimde-göreçde,
Gel ýanyma eýle näzi-kereşme,
Men derýadym, bolmaýyn diýp kör çeşme,
Gyz kalbyňa keşde çyzýan oglan men.

Söýgi hakda sora guşdan-gumrudan,
Hatda şol hem bir dem alar uludan,
Bahar bagyň bakjasyndan ýolunan,
Güli gözläp gyşda gezýän oglan men.

■ Küýsedim

Dünýäniň süýji düýş görýän daň çagy,
Seniň bilbil owazyňy küýsedim.
Gül-gunçada bulduranda daň çygy,
Bagymyzyň hpwasyny küýsedim.

Bu şadyýan gyzlaň bary görmekli,
Aşyklaň adaty ýanyp köýmekmi!?
Köp gün boldy ýörsüň sary köýnekli,
Öňki elwan lybasyňy küýsedim.

Gam kelepläp gitdi gara gözlerde,
Aglap-aglap gök göbegi çözlende,
Garyp ýedi ýyllap gezen çöllerde,
Şasenemiň galasyny küýsedim.

■ Gulluga gidip barýan ýigidiň ýaryna aýdan sözleri

Seni goýup gidýärin men gulluga,
Tä gelýänçänşm garaş gülüm, ezizim.
Her zatlary getirmede köňlüňe,
Tä gelýänçäm garaş gülüm, ezizim.

Mukaddes borjumdyr Watana gulluk,
Seni goýup gitsem men iki ýyllyk,
Bar zat bolar gider gülala-güllük,
Tä gelýänçäm garaş gülüm, ezizim.

Watan serhedinde sak gezerin men,
Mydam seni ýatlap hat ýazaryn men,
Wepadarym bolup ak ýüregiňden,
Tä gelýänçäm garaş gülüm, ezizim.

Men gitsemem menden başga ýigit kän,
Şonda wada, wepalarňy ýuwutman,
Seni söýüp gezjegimem unutman,
Tä gelýänçäm garaş gülüm, ezizim.

«Bägüliň gadryny bilbilden sora»,
Men gidýän gulluga-namysa-ara,
Gara gam-gussadan kalbyňy gora,
Tä gelýänçäm garaş gülüm, ezizim.

Erkin indi elimizde ygtyýar,
Şonuň üçin küren iller bagtyýar.
Ir säherler ýola çykyp intizar,
Tä gelýänçäm garaş gülüm, ezizim

■ Söwer ýara bagyşlanan setirler

Meniň dilim, seniň eliň hünäri,
Nusga bolup galsyn ilden illere
Mämmetweli Kemine

Men ylhamdan goşgy-şygyr döretsem,
Yhlas bilen haly dokan söwer ýar.
Ol jadyly didelerne seretsem,
Nazarymdan kalbym okan söwer ýar.

Ýürekdeş ýylgyrşyň hesermi, gudrat?
Şol heser, şol gudrat kän berdi hupbat.
Kamatyň durşuna gözellik, sungat,
Gül keşdä beslenen ýakaň söwer ýar.

Hijran gijesinden ýetişip daňa,
Yşgymyz ýugruldy mylaýym heňe.
Ýakyn-daş ýollarda ýar boldy maňa,
Yhlas, söýgiň, ähdi-wepaň, söwer ýar.

Çyn söýgi seýrek zat, birazajyk gyt,
Ýaşlyk bolsa ömrümize tylla tagt.
Agzybirlik bersin bize soňsuz bagt,
Ömür şamçyragym, şuglam, söwer ýar.

Göwnaçygyň bakjasynda güllär bagt,
Yşgy Taňry ylahydan sallar nagt,
Gül gujagyň meniň üçin tylla tagt,
Ömür şamçyrgym, şuglam söwer ýar.

■ Söýgi hakda oýlanyp

Bu säher oýanyp oýlandym ýene,
Köňülleň isläni söýgi hakynda.
Asyl hiç ynjalyk bermedi maňa,
Söýgi dogrusynda tymsal-nakyllar.

«Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar»,
Bu nakyl barýar-la bagrymy ýakyp.
Şasenem-Garyplar bir sum ykbala
Bilmändir ahyry hiç alaç tapyp.

Söýgi saýgarmaýar baýy-garyby,
Düşüp biler her kişiniň gerdenne.
Emma, gezelende aýralyk tygy,
Çyn aşyklar dözer oňa her demde.

Aýralygyň arygyndan gam içen,
Köpler yşk jeňinde gazanyp ýara.
Çyn söýgüsin gorap soňky deme çen,
Ahyry ýeterler söýgüli ýara.

Köp ýigitler bolsa tämiz söýgüsin
Biwepa ýarlaryň gözünden tapar.
Soň çekip Mejnunyň çeken görgüsin,
Özlerin aýralyk düzünden tapar.

Men bir zady bilýän: tämiz söýgüler,
Kämil paýhas bilen myrada ýeter.
Hakyky söýgüni çyn ýarlar biler,
Çyn aşyklar otdan, syratdan öter.
Категория: Goşgular | Просмотров: 17 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: