19:48
Ýaşaýyn

ÝAŞAÝYN

Özgeleriñ syzyp ýürek duýgusyn,
Paýlaşasym gelýär şatlyk-gaýgysyn.
Ýasynda gyýylyp, aglap agysyn,
Toýlarynda hyzmat edip ýaşaýyn.

Hakykatyñ ýolun söküp yzlaýyn,
Ýalany ýoýmaýyn dogrym sözläýin.
Rysgalymy päk zähmetden gözläýin,
Halal işe gümra bolup ýaşaýyn.

Dost tutmadym özün öwüp gürläni,
Ýaranjañy, ýalançyny, ýañrany.
Özgeleri özümden pes görmäni,
Beýikligin her dem duýup Ýaşaýyn.

Kyn günümde hiç ejizlik etmäýin,
Namardyñ öñünde dyzym epmäýin.
Bu dünýäýe gelip bikär gitmäýin,
Şygrym bilen il añynda ýaşaýyn.

Şeýtanyñ yoluna gidip azmaýyn,
Nebse çapyp altyn-zere gyzmaýyn.
Şahyr bolsam yalan zady ýazmaýyn,
Hakykaty beýan edip ýaşaýyn.

Nurberdi GOÇMEDOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Can-Kurt | Теги: Nurberdi Goçmedow | Рейтинг: 3.7/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 5
1
1  
Göwnüñizdäki ýaly ýaşap geçmek nesip etsin.Gowy goşgy.

1
2  
Juda gowy goşgy. Ýagşy niýet - ýarym döwlet diýipdirler. Döwletiňiz artsyn.

1
3  
Ynsany yagshy gylyk hasiyete ugrykdyryjy dogry yola undeyan ajayyp goşgy.seyle ajayyp şygyrlaryñyz bilen okyjylarmyzyn halkymyzyn añynda hemişelik ýaşarsynyz.yaş bolmagyna garamazdan seyle pikirleri doretmek diñe Hakdan halatly guyma gursak ynsanlara berilyan bolmaly.Galamyñyz yiti bolsyn.

0
4  
Ajayyp goşgy ekeni maksat myradynyza yetiñ.goşgyda beyan edilsi yaly Allanyñ hak yoly bilen yasamak awtoryñ ozinede okanlarada miyesser edsin. tongue

0
5  
Gosgyny okan adam men nahilli yaşayan nahilli yollary gecdim haysy yollary kurterlemeli diyp oz ozune sorag beren bolsa gerek.durmus barada pikirlendiriji,ynsany yagahy gylyk hasiyete gonukdiriji gowy goshgy eken smile

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: