23:06
Ýaşap boljak 361 saýýara bar!

ÝAŞAP BOLJAK 361 SAÝÝARA BAR!

Kompýuter programmalary arkaly geçirilen barlaglara görä Akmaýanyñ ýoly galaktikasynda ýaşap boljak 37 müñ 964 saýýara (planeta) bar. Ýöne olaryñ diñe 361-inde ýaşamak üçin ähli şertler bar.
Astrofizik alym Dunjan Forganyñ işläp düzen kompýuter programmasy Akmaýanyñ ýoly galaktikasynda Ýer togalagy ýaly ýaşaýyş şertleri bolan müñlerçe saýýaranyñ bolmagy mümkin diýip netijä geldi.
Bu saýýaralaryñ gyzgynlyk, suw we mineral resurslar ýaly degşirmeler boýunça öwrenilmegi netijesinde orta üç sany senariýa atyldy.
Birinji senariýa ýaşaýyşyñ başlanmagyna doly mümkinçilik bermese-de, ewolýusion öwrülişigi amala aşyryp boljak 31 müñ 152 saýýara diýen netijä geldi.
Ikinji senariýada bolsa astroidleriñ we meteoritleriñ köp düşýän saýýaralarynda ýaşaýyş şertlerini döretmek mümkinçiliginiñ üstünde duruldy. Şeýle ýagdaýda 6 müñ 812 saýýarada ýaşaýyş döredip boljakdygy çak edilýär.
Iñ soñky senariýada bolsa has kesgitli şertlerde seljerme geçirildi. Barlagyñ netijesi ewolýusiýanyñ we ýaşaýyşyñ bir wagtyñ özünde bir ýerde amala aşjak saýýarasynyñ sanyny kesgitledi. Programma olaryñ sanyny 361 diýip görkezýär.

 #gizemligercekler_2018

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 107 | Добавил: Has | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 3
-1
1  
Birniň aýdyşy ýaly: Adamzat Allahyň ýeketäk taslamasy däl...

0
2  
Bi adam diyen zat baran yerinem şu taydan gowy edesi yok.

0
3  
Tramp yaly samsygyñ biri dõraro taydada

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: