19:56
Ýaşamak - sungat

Ýaşamak — sungat
    
Ýaşamak özboluşly bir sungat. Gowy ýaşamagy başarmak edil sungat eserini döreden ýaly gyzykly. Eseriň many-mazmuny utgaşanda, mowzugy jüpüne düşende, onuň mazmunynda bagtyýarlygyň baplary we ömri ömre meňzedýän pursatlaryň salgysyny berýän sahypalar orun alýar. «Ömrüňi ýazmak özüňe bagly» diýilşi ýaly, bu sungat eserini göwne ýaraşykly bezemek, setirlerini süýji sözler bilen sünnälemek, onuň içini ýakymly pursatlardan doldurmak, köp zatlar öwrenip boljak, bir zatlar öwredip boljak manyly jümleleri ýygy-ýygydan ulanmak her kimiň özüne – öz ykbalyna ynam bilen bakyşyna bagly. Ykbalyňa biparh bakmak, öz wezipeleriňe bigeleň çemeleşmek eliňe berlen mümkinçiligi, has dogrusy, ömri harlamakdyr. Ömri ömre meňzedýän, oňa many çaýýan zatlar az däl. Manyly  ömür ýaşaýşa aýratyn tagam ýa-da özboluşly öwüşgin berýän närsedir. Ynsan öz ömrüni ýöne bir ýaşap ötmeli däl-de, öz ömrüni sungat eserine öwürmäge ymtylmalydyr.
Bir gezek akyly goýy adamlaryň biri özüniň ini-ýegenleri bilen hal-ahwal soraşypdyr. «Ýeri iniler, ýagdaýlaryňyz gowumy? Sag-aman örüp, işleşip ýörsüňizmi?» diýip sorapdyr. Inileri oňa: «Hawa, oňat, Hudaýa şükür. Öz ýagdaýlaryňyz hem gowumy?» diýen dessine ol: «Bizem, gowy, Hudaýa şükür, ýaşaýas» diýip jogap beripdir. «Agam, soňky sözüňe basym berip aýdar ýaly sen näme bizden üýtgeşik ýaşaýarmyň? Ýaşamasyna, bizem ýaşaýas» diýip, inileri geňirgenipdir. «Ýok, siziň bu bolşuňyz ýaşadyk däl. Ýaşamak – öňüňde beýik hem-de aýdyň-anyk maksadyň bolmagy. Siz bolsa ýöne gezip ýörsüňiz. Öňüňizde belli bir maksat ýok, etsem-goýsam ýok, meýil-höwes ýok. Gerek wagty dem-dynç alaňzok, hamana, dünýäni diňe işläp düzedip bolýandyr öýdýäňiz. Bir düýpli işiň başyna baraňzok. Her kimiň ýagşylyk ederine garaşýaňyz, ýöne özüňiz eliňizden gelen kömegi edeňzok. Ir ertirden giç agşama çenli, usurgap işläp gazanýaňyz, ýöne gazanjyňyzy basyp goýýaňyz, özüňize dözeňzok. Gazanja gyzygyp ýörşüňize köpçülik bilen gatnaşmak, pikir alyşmak ýaly zatlardanam barha üzňe, binesip galýaňyz. Hany aýdyň, siz bu hysyrdylar bilen nädip ýaşaýaňyz? Ýaşaýşyň içinde özüne ýeterlik alada-zähmetler bilen birlikde, maksatly işiňem, kadaly dem-dynjyňam, sözdür söhbediňem, sazdyr aýdymyňam hökman öz paýy bolmaly. Ýaşaýşa mahsus zatlar sazlaşykly dowam edende ýaşaýşyňyz sazlanyp gidýär» diýip, agalary düşündiripdir.
Ýaşaýyş hereketi halaýar. Ýaşaýyş sazlaşygy halaýar. Sazlaşykly hereketde ýaşaýşyň berekedi has köp bolýar. Dünýägaraýyşlaryň dürlüdigine garamazdan, bagtyýarlyk hakda her kimiň öz düşünjesiniň bardygyna bakmazdan, belli-belli häsiýet-gylyklar, iş-pişeler, zähmet-hereketler ýaşaýşy has manyly edýär. Özüňe göz ýetirmek üçin, ýaşaýandygyňy ýa-da ýöne gezip ýörendigiňi kesgitlemek üçin owalky pelsepe otaran alym-akyldarlaryň ylmy-edebi işlerinde ummasyz maglumatlar, köp pikir ýöretmeler, düşünjeler bar. Taryhy rowaýatlara görä, Zemin üstünde ýüz ýyla golaý ömür sürendigine garamazdan, mazar daşynyň ýüzüne «Bu bende dünýäde bary-ýogy iki gün ýaşady» diýip ýazdyrýan bolsalar, öňki eždatlarymyz hem ýaşamak bilen ýöne gelip-gitmegiň arasynda ullakan parh goýan bolmaly.
«Ýagşylyk edip görmedik adam ýagşylyk etmekde neneňsi uly lezzetiň bardygyndan bihabardyr» diýen pähim bar. «Ýagşylyk etmek – ýaşamak» diýilýär. Birini begendirmek, biriniň göwnüni göterip bilmek ýagşylyk edýäniň özüne has köp şatlyk eçilýär. Ýöne bu şatlygyň, täsiriniň has dowamly bolmagy üçin ol eden ýagşylygymyzy dessine unutmagymyz gerek. Ýogsam diýen etmezek nebis kesirligine tutup, ýagşylygyň gaýtargysyna ýa tama etmäge endik eder, ýa-da bir bijaý ýerinde minnet eder. Onsoň, birine ýagşylyk etsek, olam bize ýagşylyk etmäge borçly ýaly göreris. Eden ýagşylygyňy unutmagyň iň ygtybarly ýoly bolsa täze bir ýagşylyk etmekdir. Diňe şeýdilende bir ýagşylygyň pikirine daňylyp oturmakdan halas bolup bilýäris. Diýmek, minnetsiz ýagşylyk edýän bolsaň ýaşaýandygyň.
Häzirki zaman arap ýazyjylarynyň biri Kerim aş-Şazili: «Okamak – meniň durmuşym, meniň diriligiň, meniň ýaşaýşym. Okamak ýaşaýşym üçin zerurlyk» diýip belleýär. Kitap okamak bize juda köp zatlary öwredýär. Ol bagtly bolmagyň ilkinji sebäp-serişdeleriniň biri hökmünde görülýär. Ýaş oglanlaryň biri bir alymdan: «Men goşup-aýyrmagy, köpeldip-bölmegi öwrendim. Hat ýazyp, okap bilýärin. Munuň daşyndan bütin ömrüme ýeterlik boljak ýekeje kitaby okasam bolmazmy?» diýip soranda, akyldar oňa: «Birje gülüň şiresinden bal bolmaýşy ýaly, birje kitap okanyň bilenem bagtly bolup bilmersiň. Her kitapda bagty oýarýan syrly sözüň bir harpy ýygşyrylyp goýlan. Köp okadygyňça, göwnüň, ruhuň şol harplary özi duýýar we tapýar. Diňe, şondan soň, bagtyň derwezeleri birme-bir açylyp başlaýar. Her soňky açylýan derweze öňkülerinden birnäçe esse beýik we bereketlidir. Şonuň üçin köp okamak hökman gerekdir» diýip jogap beripdir. Kitaplary köp okamak, her okan zadymyzdan gowy zatlary öwrenmek, olary özleşdirmek, gündelik durmuşymyza ornaşdyrmak wajyp hasaplanylýar. Diýmek, kitap okaýan bolsaň ýaşaýandygyň.
Ýaşaýyşa aýratyn öwüşgin, many berýän, hakykatdan-da, bizi bir gez beýgeldýän, ruhumyzy galkyndyrýan serişdedir sebäpler başga-da köp. Her kimiň özüne berlen ukyp-zehinine laýyk işleri ýerine ýetirmegi hem ýaşaýşyňa ýakymly täsir gatýan ýagdaýlaryň biridir. Ýazyjy üçin täze bir zatlar ýazmak, şahyr üçin täze şygyrlary düzmek, bagşy üçin aýdym-sazlary ýerine ýetirmek, ussa üçin öz ukybyny ulanmak, mugallym üçin sowatly, bilimli nesil ýetişdirmek.., munuň daşyndanam ýagşylyk etmek, köp kitap okamak, arasynda demimizi dürsäp, indiki beýik maksatlara güýç toplamak üçin dynç almak, sazlaşykly ýaşamak.., ine, bularam, hakykatdan-da, ýaşamak. Menem mundan soňra äwip-säwip özüm hakda pikir öwrenimde ýa-da geljekki maksatlarym, etsem-goýsamlarym hakda çuňňur oýlara çümenimde, ýörejek ädimlerimi, külterlejek menzillerimi göz öňüne getirenimde, «ýaşaýandygym» ýa-da «ýöne gezip ýörenligim» hakda düýpli pikir etsem gerek...

Rahmet Gylyjow

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 38 | Добавил: Has | Теги: Rahmet Gylyjow | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Ýaşamak sungat.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: