12:25
Ýaş ýazyjy Sümeýýe Koça meşhurlyk getiren iki roman: "Ykrarsyz" (Hercai) we "Şeýda" (Meftun)
■ SÜMEÝÝE KOÇ

Ýaş zehinli ýazyjy Sümeýýe Koç 1995-nji ýylda Türkiýäniñ paýtagty Ankara şäherinde dünýä indi.
Sümeýýe Koç döredijilik dünýäsine liseýde okaýan ýyllarynda gadam basdy. Häzir ol Türkiýäniñ Sakarýa uniwersitetinde okaýar. Onuñ ilkinji kitaby "Ykrarsyz" ("Hercai") esasynda ekranlaşdyrylan adybir teleserial häzir Türkiýäniñ daşary ýurtlarda-da iñ köp tomaşa edilýän "ATV" teleýaýlymynda hepdäniñ her Anna güni agşam sagat Aşgabat wagty bilen 22:00-da berilýär we bu teleserial hem edil häzir türkmenistanly tomaşaçylaryñam gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.
"Ykrarsyzyñ" dowamy bolan "Şeýda" (Hercai II - Meftun") ady bilen neşir edildi.
Häzir türkiýeli edebiýat muşdaklarynyñ iñ köp okaýan WattPad internet sahypasynyñ iñ köp okalýan ýaş ýazyjysy Sümeýýe Koçuñ "Ykrarsyz" romany ekranlaşdyrylan teleserialynyñam täsiri bilen iñ köp satyn alynýan kitaplaryñ başyny çekýär.

■ YKRARSYZ (HERCAI)

Hemme zadyñ başy bimahal gelen ölüm zerarly başlady. Bu ölüm özi bilen bile näzijek ýürege ýigrenç we öýke-kine getirdi. Aradan uzak-uzak ýyllar geçdi. Ýaş ýigidiñ ýüregi we ruhy biri-birinden beter harap duýgulardan rehim-şepagatsyzlyk bilen dolup-daşdy. Bu duýgular ony uçut gaýanyñ erñegine südenekletjek derejede howply ýagdaýa getirdi. Weýran bolan ýatlamalaryñ oña goýan iñ hasratly ýatlamasy onum ýüreginden ähli merhemet duýgusynyñ köwläp-köwläp aýyrmagyna sebäp boldy. Ol wyždanynyñ bagyrýan sesine gara kilit urup çuññur dälizlere bentläp goýdy. Haçan-da merhemeti tirpildäp başlasa, hemişe şol pursaty ýadyna saldy. Gözüne çiş kakan garañky gijeleriñ soñunda akyl-paýhasyna zyýan berjek karara geldi!
Ýaş juwan ösüp-örñän ýurduna gitmegi netine düwüpdi. Çünki hemme zat şol ýerde başlamalydy, edil birnäçe ýyl öñ şol ýerde gutaryşy ýaly...
Hem-de Miran Karaman!
Ol kössüz taýýarlan etsem-petsemi bilen, "Iru-giç hökman ýerine salaryn!" diýip ant içen aryny almaga taýýardy. Onuñ ýüreginde köz bolup lowlaýan gazap, dilinde ýakyp-ýandyryjy äht bardy.
"Jüýjäni güýz sanaşmagy" arzuwlaýan dälibaş ýürege suw serpegiñ wagty gelip ýetipdi. Ol gursakda lowlaýan gahar-gazabyny az salymlygam bolsa köşeşdirmek üçin bigünä bir naçary ýakmalydy.... Ol naçar kimkä?
- Reýýan Şadogly!
“Gijelere salam getirdim. Bu şäheriñ meniñ adymy ýatdan biljekdigine ant içýärin!”

■ ŞEÝDA (MEFTUN)

Bu eser ýykan-ýumran bolan süýji ýatlamalaryñ içinde ýalñyz galan adam bilen edil özi ýaly kalby ýaraly zenanyñ arasyndaky söýginiñ kyssasy...
Bu eser - umyt-arzuwlarynyñ çäginden aşan zenanyñ täzeden wysala ýetmek ugrunda eden göreşiniñ kyssasy... Bu eser - ykrarsyz adamyñ yşkyñ şeýdasyna öwrüliş kyssasy...
Ne-hä hoşlaşyk sözi, ne-de ýerlikli nägilelik...
Hiç zat ony söýmezlige äht eden adamynyñ garşsysynda güýçli görkezip bilmedi.
Leblerden pagyş-para bolup gaýdan her jebri-jepanyñ garşysyna ören haýadyny az-azdan ýyksa-da, ony bagyşlamajagyna äht edipdi. Oña boýun egmek bolanokdy, edilen hyýanaty unutmak bolanokdy, ol adamy söýmek asla bolanokdy. Bolmady...
Edilen ähtleri pozduran, tüm garañky gijede elinden tutan, ony birwagt ýere sokan adamdan başgasy däldi.
Ýaralydy. Ýöne ol adam ondanam beter ýaralydy. Söýýärdi. Ýöne oladam ondanam beter söýýärdi. Ýüregi örtäp kül eden bakyşlary goýras gara çylgymlara öwrülende "Diñle!" diýip perýat edýärdi. "Diñlesene, düşünsene, seni öldürendirin öýden her ýerimde ölenligime! Sen misli bir pyçak bolduñ. Men bolsa şol pyçagy duşmanyma däl-de, kalbyma sünjen biçäre boldum..."
Ykrarsyz boldum...
Ilkinji we iñ soñky gezek aldandym... Içime otlar salan ýarym...
Ýüreksiziñ men... Şeýdañ men... Galamym elimde, syýam dynman akýar, öñümde ak kagyzlar bialaç meniñ özüne derdimi düñderip goýbermegime garaşýar... A men bolsa seni saña derdimi aýtmanymda-da söýýän ahbetin! Setirler biderek janyñy ýakma diýip pyşyrdaýar. Näme ýazasyñ gelse ýaz, näme çyrşasyñ gelse çyrşa. Barsy bihuda... Sen eýýäm oña kalbyñy ogurlatdyñ ahyryn!

(Kitabyñ arka sahabyndan).

■ Bellik

- Herjaýy (hercai): bu söz türk we türkmen dillerinde hiç bir işde belli bir karara gelip bilmeýän, bir işi soñuna çenli bitirmeýän, söýgüsine ykrary ýok (sinonimi "geldi-geçer") adama aýdylýar. Şonuñ üçin "Hercai" sözüni türkmen diline terjime edenimizde, "Ykrarsyz" diýen sözi asyl nusgasyna iñ golaý many berýän söz hasapladyk.

- Meftun: "Ykrarsyzyñ" dowamy bolan bu romanyñ ady "Meftun" hem söýgä göwün bermegi we iñ soñky derejede baglanmagy, şeýdasyna öwrülmegi añladýar. Şonuñ üçin onuñ terjimesi hem "Şeýda" diýip almagy makul hasapladyk.

Toplan we terjime eden: Suraý ATAÝEWA.
Категория: Romanlar | Просмотров: 54 | Добавил: Medinilla | Теги: Sümeýýe Koç | Рейтинг: 2.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 11
0
1  
Terjime gowşak bolupdyr...

Edilen ãhitleri pozduran(unytdyran)
Ören hayadyny(diwaryny)

"Ol kossuz tayyarlan"bu name diyildigika?!

Gaty kop yenede.... wacko wacko

0
2  
Terjimani ozuniz eden bolsanyz belliginizdaki hasapladyk,makul bildik diymaniz name?! wacko

0
3  
Meñ okanyndan añyşyma görä, kitabyñ gahrymany ähtini undanok, göz-görtele pozýar. Haýat - bu hem diwar sözüniñ sinonimrägem bolsa, haýat iki öýüñ ýa-da iki mellegiñ arasyna salynýar, a diwar diýip öýüñ diwaryna aýdylýar. Kössüz - kemsiz-köstsüz diýmek dälmi, bu ýerde "t" harp ýalñyşlygy bar diýmeseñ, bildirilen kemçilikler yerliksiz. Sõzler manysyna laýyklanyp terjime edilipdir diýip hasaplaýan men-ä.

1
4  
Etmen diýip içen andynda durup bilmeseñ ähtiñi (ýa-da andyñy) pozmak diýilýär. Ähtiñi unutmak başga.

1
5  
Serial görmäge wagt ýok, kitabyndan terjimeler berseñ-ä okajak, Suraý hanym smile

0
6  
Aklawjysy ýalam boldy welin, etikadan habarlyrak adam eden işini men-lik goşulmasyny goşup aýtmakdan gaça durýamyka diýýän, @ )

0
7  
angry dusindim jenap aklawjy

1
8  
Suraýjan, gowy terjime bolupdyr, dowamly bolsun

1
9  
Sümmeýýe ýaşajyk eken-aý. Talyp diýýämi özem wacko

0
10  
sad wacko

0
11  
Nur-gülşenim, senem sagbol:)

@Has, wagt tapsam hokman:)

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: