22:08
Ýaş we zehinli şahyr, Gulbaba baýragynyñ laureaty Sülgün Bazarowa 18 ýaşady

GELEJEGINE UMYT BAGLANÝAN ÝAŞ WE ZEHINLI ŞAHYR, GULBABA ADYNDAKY BAÝRAGYÑ LAUREATY SÜLGÜN BAZAROWA 18 ÝAŞADY

Mundan birnäçe ýyllar õñ ak gyşyñ ajaýyp aýlarynyñ şu güni asmandan bir ýyldyz sõz sallançagyna peşgeş indi. Maýagözel ejäniñ hüwdüsine Pegas asmandan inip, onuñ sallançagyny şirin owaz bilen üwredi. Şol ýyldyza bu gün edebiýatymyzyñ ýetginjekler nesliniñ parlak ýyldyzy Sülgün Bazarowa diýýärler.
Ol ýurdumyzyñ Ýaşlar guramasynyñ "Ylhamly ýaşlar" bäsleşiginiñ birnäçe gezek ýeñijisi bolmak bilen õzüniñ ýiti zehini, türkmen gyzyna mahsus edep-ekramy bilen terbiýelenilen göreldesi bilen õz deñi duşlaryndan tapawutlanmagy başardy.
Türkmenistanyñ telewideniýe we radiogepleşikler barasyndaky dõwlet komitetiniñ, Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ merkezi geñeşiniñ "Nesil" gazetiniň redaksiyasynyň bilelikde geciren "Berkarar dowletiň ylham joşguny" atly baslesiginiñ  döwlet tapgyrynyň yeňijisi boldy. Gazet-žurnallary õzüniñ şygyrlary bilen yzygider bezäp ýõrän, gelejegine uly ynam bildirilýän jigimiz Sülgüni doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Sülgüniñ goşgysynda arzuw eden talyp bolmak arzuwy hökman oña hokman nesip eder, çünki Ata Watanymyzyñ gelejegi şular ýaly ýiti zehinli, tutanýerli ýaşlaryñ yhlasyna, başarnygyna bagly. 
Seniñ ýaly perzendi terbiýeläp ýetişdiren mähribanlaryñ yhlasy gülläp gül açyp ak ýollaryñ kämillige dowamat dowam bolsun! 
Doglan günüñ gutly bolsun, Sülgün!

Gutlamak bilen: @Kitapçylar.

Категория: Gutlaglar | Просмотров: 79 | Добавил: Has | Рейтинг: 4.0/7

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 5
0
1  
Ýaşy uzyn bolsun!!!manyly ömür sürsün ...

0
2  
Şu gyzyň galam ýöredişine gaty göwnüm ýetýär. Tüweleme, ak ýol, arassa durmuş, belent sepgitler arzuw edýän.

0
3  
Jany sag, ömri uzak, görjegi gowluk bolsun! Döredijilikde üstünlikler ýar bolsun!
Bolanyna görä bir goşgusyny ýetiräýmeli ekeniňiz!
Mende goşgulary bar, geçirip bilmedim.

0
4  
Boroşlydan men!

Gijelerne uklamaýan düňle men,
Ýüregmiň gussasyn syýa egisýär.
Soňsuz aladalar, soňsuz pikirler
Däli serde iki ýana towusýar...
Ylhamyň atyna garaşlydan men,
Boroşlydan men!

"Ýitirip öz ýalňyşlarmyň sanyny",
Soňkulara sapak etdim ökünjim.
Bir adam şat bolsa, gör, neneň ýagşy!
Dost öýkesin ýazýan bolsa ötünjim,
Sözlerimi başlap "Bagyşla"-dan men,
Dostlarma özümi bagyşladym men...

Atam diýrdi: "Sabyr bilen ýetilýär
Bu dünýäniň ähli gowulyklarna..."
Gerek bolsa, sabyr käsäm jam bolar,
Ejizlemerinem, howlukmarynam
Pursatyň gelerne garaşmadan men,
Boroşlydan men!

Ýönekeý zatlara begenip ýörün,
Öňem köp syndy — diýp — göwün pyýalam.
Özgeleň sözüne çekmän ünsümi,
Gijelerne ak kagyzy syýalap,
Köňlüniň dertlerin taraşladan men,
Boroşlydan men!

Göz ýetirdim ýetip on ýedi ýaşa:
Adam adam bolýan eken ýenjilip.
Soňky döwür ejizlänok ýüregim
Ýeňişlere ýetirýär — diýp — kynçylyk.
Hiç haçan doýmaryn göreşmeden men,
Boroşlydan men!

Türkmenistan diýrler meniň ýurduma,
Dünýä tanar.
Sora, kimden sorasaň!
Baş arzuwym: şu mukaddes topragy
Janym, tenim, sözüm bilen gorasam.
Şuňa şek ýetirseň, oňuşmaryn men!
Lebap welaýaty, Hojambaz etrap,
Bäş şirleň döreden geňeşliginden —
Boroşlydan men!

Sülgün BAZAROWA

0
5  
Ömri uzak,görjegi gowulyk bolsun.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: