08:48
Ýanyñ bilen alyp git!..
Kaskeñ "chi mai"-niñ sesi eşdilýa,
Bu günleriñ ýürekgysgynç deminden.
Dünýäniñ meñziniñ sary gaçypdyr,
Aýrylypdyr göz eglejek reñinden.

Ysgynsyz şemal bar gyrgy tüýdügiñ
Perdelerne, öz ugruna uruljak.
(bu görnüşler eger düýşe giräýse
Ony diñe ýamanlyga ýoruljak)...

Gör-ä neneñ meñzeş biziñ ikimiz,
(Men-ä sen. Sen bolsa hut meniñ özüm).
Ykbaly meñzeşiñ galdyrma gyşa,
Meni ýanyñ bilen alyp git güýzüm!

Laçyn Öwezowa.
Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Raýdaş | Теги: Laçyn Öwezowa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: