14:53
Ýalňyzlyklaryň sepleşýän günleri / hekaýa
Birinji gün

…Ümür…
…Ikinji gatyň köçä garaýan penjiresinden hasam goýy görünýär. Baglaryň çür başyna çenli bürän dumanyň içinden duýdansyz zymdyrylyp çykýan ulaglar ýene-de okdurylyşyp onuň içine siňip, ýitip gidýärler. Ümür zerarly çar-töwerekdäki ähli zat, ulaglaram, adamlaram, jaýlaram, baglaram diňe ýeke-täk birmeňzeş çap-çal reňke boýalypdyr. Köçäniň gyrasynda alty ýaşlyja oguljygynyň elinden tutup goňşulary dur. Beýleki elinde-de köneje portfeli. Paltosynyň ýakasyny galdyryp, boýnuny içine gidiräýjek bolup durşam bir gözgyny…
-Bu hem meniň ýaly ýalňyz!-diýip penjireden daşaryny synlap duran zenan pyşyrdady.
Ýalňyzdygyny nireden bilýär?!
Düýn ejesi aýtdy. Ýöriteläbem däl-de, gepiň gerdişine görä. Giç öýlänlerdi. Edil şu wagtkysy ýaly penjireden daşary synlap durdy. Daşarda, assajadan, ýöne siňňitli çisňeýän ýagşyň astynda, edil şu mahalkysy ýaly oguljygynyň elinden tutup, ol niredendir bir ýerden, megerem işdendir, haýdaşlap gelşine girelgeden girip gitdi. Şonda ol penjirä garşy boýnuny uzadan ejesiniň gözüne ilmäge ýetişdi. “…Görgüli! Aýaly, kemçin, ýakynda has boýnyýogynrak birini tapynyp, ýekeje ogly bilen bu işigaýdan ikijigini taşlap gidipmiş diýýäler, goňşular. Bahanasam, sap aýlyga ýaşaýamyşlar, pukaramyşlar…Kemçin tula! Halalja ojagyňy, ese-boýa galan çagaňy taşlap, bal güne bataryn öýdýänsiň-ow! Batmanjyk geçersiň…” diýip ejesi girip gideniň bagtyna boran ýagdyrana gaýybana hüňürdäpdi-de, yza çekilipdi. Bu-da ejesiniň hüňürdisini özüne çekipdi. Göni aýdylmaga dözülmändigi zerarly aýlanyp atylan awuly gep diýip hasap edip, jyňkyny çykarman öz bolýan otagyna sümlüpdi. Gapyny içinden kiltläbem tä kakasy, doganlar-a işden, körpe uýasam öz ýegençilerini – onuň ekiz gyzjagazlaryny çagalar bagyndan alyp gelýänçä gözüni bir nokada dikip, doňňara-daş bolup oturypdy…
Kellede-de birje pikir…Diýmek onda menem “kemçin, tula” bolýan-da, “halal ojagymy taşlap gaýdan” bolýan-da…
Hemişeki edähetine eýerýän ýürek, damjaça bahana tapsa derýaça kemsinmäge, deňizçe gynanyp-gyýlyp, ummança gaharlanmaga desbi-dähil bolup duran egsik göwne ot berip goýberipdi, şonda…Hernä, adam diýlen mahlugyň teniniň üçden iki bölegi sähel şemala yraň atyp, iki ýaňa towsup duran suwdan ybarat bolsa-da, aslynyň ýerinden gozganmagy juda ýokuş görýän toprakdanlygy hem bir töwra…Haýalragam bolsa, garaz, “hiçden giç ýagşy” işläp başlan beýnisi ynjalyksyz ýüregiň tutaşdyrjak bolup çarp urýan ýalnyna wagtynda suw sepäýdi.
…Näme, özüň öz erkiňe, “bal güne batmagyň” arzuwynda taşlap gaýtdyňmy, o taýyny?! Sen gaýtmadyň, seni kowdular…Senden gowyny, senden has göwnünden turýany…ýa-da turýanlary tapdylar-da kowup goýberdiler…“Iň bärkisi üsti-başyňam oňaraňog-a, sen-how! Öňem-ä bir gözüm-gaşym çekip duranokdy welin... Ejemiň göwnünden geçip bilmän getirilmegiňe razy bolmaly bolupdy. Güjükleriňem yzyňa tirke-de, ýöräber, gidesiň gelen ugruňa garşy. Çar ýanyň haýatsyz!” diýdiler-de, itiberip goýberdiler ýeňsäňden…Güjükläninden soňky mejalsyzlygy zerarly ýalaýan ýalyny ödäp bilmeýän ganjyk ýaly, ol dili şel açmyş alasamsyk aýtmyşlaýyn: “güjükleriňem” yzyňa tirkediň-de, gaýdyberdiň ataň öýüňe tarap, ýeňsäňi tüňňerdip…

Ikinji gün

…Ir ertir...
...Ýene-de penjiräniň öňünde...
...Ýene-de ümür...
...Ýene-de jimirsew ýagyş...
...Ýene-de ataly-ogul ikisi kibtini gysyşyp durlar...
...Dözmeýär...
...Zenan bolsaň zannyň şeýle. Dözüp bolmaýan zada dözümsiz bolmaly...
Oýlanýar...
...Diňe ikijigi ýaşaýan bolsalar, nahar-şorlaryna kim seredýärkä?! Kir-kimirlerini ýuwup-ardýan, ütükleýän kimkä?!...
Deňelerinde ulag togtaýar. Münýärler-de gidýärler...
Penjireden garap durşuna uludan demini alýar...
...Abadyň bibat bolsa kyn ekeni...
Içinden: “Derdi çeken bilýä!” diýibem pikirini jemleýär....

Üçünji gün

...Ýene-de penjire...
Öňünde-de daşaryk seredip, ol dur...
Ýöne daşarda ümür ýok. Ýagşam diňipdir....
Oňa derek mährewsiz çapgyn ýel öwüsýär...
...Ataly-ogluň gündeki durýan ýerlerinde boýunlaryny içine ýygryp, aýazly kesgin ýelden gizlenmek üçin bir gysyma düwläýjek bolup duruşlaryna daşlaryndan özi üşäp, ýyly öýde ini tikenekleýär...
Oýlanýar...
Çagasyny üşedäýmese-de biridir…Bi mahalyň dümewlerem adaty keselmi bir, gyz?! Ýönekeý bir ýoňlamak däl-de alyp barýan allaja öwrüläýýär-ä, bada-bat!...
Şu pikir bilenem bir wagtda diýen ýaly özüniň çagalar bagyndaky gyzjagazlary ýadyna düşdi...
...Galyňja geýindirdim welin, çagalar bagy bir ýylymyka? Daşarda oýnadyp, ünsden düşürip sowukladaýmasalar ýagşydyr…
Göýä, şeýle edeni bilen çagalaryny ähli bela-beterlerden, hassa-syrkawlykdan goraýjak ýaly, öýüň içinde iki-baka elewräp başlady. Müň pikirem kellesinde…
Hemme öýlerem edil Zemin ýaly togalak bolmaly. Otaglardan aşhana, aşhanadan dälize tarap ters aýlanyp ýörşüne-de, ahyry ýene-de özüniň erew-berewliginiň başlan nokadyna – aşhananyň penjiresiniň öňüne geldi. Daşaryk gözüni aýlanda ataly-ogluň hemişeki durýan ýerleriniň boşdugyny gördi.
“Eýýäm gidipdirler” diýip nähilidir birhili, pessaýja gynanç düşnügi bolan gussa bilen oýlandy. Dessine-de öz duýgusyna özi geň galdy. Hamana: “Weý, olary ine-gana synlamadygma gynanaýýanmy, men haýran?!” diýýän ýaly…

Dördünji gün

…Ýene-de penjire…ataly-ogul…oýlanma...
...Agras adam ekeni! Çagasyny gowy görýändigem her bir hereketinden bildirýär. Gidip barýarkalar ojagazy emaý bilen göterip, ýagyşdan ýygnanan, gurap ýetişmedik kölçelerden geçirýär, kellejigindäki telpejigini düzedýär, eşijeklerine serenjam berýär, ýaňajyklaryndan sypalaýar…Diýmek, çagasyna hamrak hem mähriban! Çaga mähriban, aladaçyl adam bolsa aňsat jenjelçi, birehim bolup bilmeýär…O bigadyr şunuň ýaly gowy adamy haýsy murtuny palta çapmaza çalyşmaga rowa gördükä?!...
…Ýene-de oýlanmalary öz durmuşyna syrykdy…
…Mähir-muhabbet-ä beýle-de dursun, şu ýaşalan ýyllaryň içinde adaty bir iki sany bilelikde ýaşaýan ynsanyň birek-birege sylag-hormatyny hem görmän geçdim, şo ýerýuwdan doňbagyrdan! Ah-heý! Ýeri sen-ä sen-le welin, ýeke gezek çagasyna bir dözümsizlik etdimi, o adamsypat ysnady?!...

Bäşinji gün

…Ýene-de “ýene-de”…

Altynjy gün

…Penjiräniň öňüne gelenden ataly-ogluň durýan ýerleriniň boşdugyny görüp, ýüregine nähilidir birhili gamgynlyk aralaşdy…
…Tukat hem lapykeç oýlandy…
Ýa günde irden penjireden synlaýandygymy görüp, durýan ýerlerini üýtgedäýdilermikä?!
Gahary geldi.
Öz-özüne, ataly-ogla, ýalňyzlygyň girdabyndan çykmak üçin durmuşyň sähelçe hadysajygyny hem özüne tutaryk edinip, näme üçindir hut şol ataly-ogla, olaryň gündeki işe gidişlerine imrigen, elmydama ýagşylyga hem bagta umydygär göwnüne…
-Hiýh!
Nädip içini çekenini özem duýman galdy.
“Ataly-ogla imrigen göwnüm” diýäýdimmi?!
Gülgüne öwsen ýaňaklaryny elleri bilen ýapdy-da, gabak astyndan daş-töweregine uýaljaň nazar aýlady. Aşhanada özünden başga hiç kimiň ýokdugyny görüp, köşeşdi.
Imrikmek!
Näme üçindir bu adaty sözi süýjüdip oýlandy.
Ýaňaklaryny nar ýaly edip, penjirä maňlaýyny degirdi-de, syrly ýylgyrdy…

Ýedinji gün

…Olaryň ýeri düýnküsi ýaly boş dur…
Näme bolduka?!
Ýa hakykatdanam özüniň synlanýandygy sebäpli durýan ýerlerini üýtgedäýdilermikä?!
Ýa...
Bu pikiriniň yzyny oýlanmaga gorkdy.
…Ulaglar yzyny üzmän diýen ýaly iki ýaňa zymdyrylyp geçýänem bolsa, ýanýodada pyýadalar eýläk-beýläk zygyr-zygyr bolsalar-da onuň üçin şu mahal gum-guklyk bolup görünýän köçäni penjireden synlap durşuna, näçe kowsa-da hötjetlik bilen aňynda emele gelýän: “olara bir bolmasy zat bolaýdymyka” diýen sözleri beýnisinden yzsyz-tozsuz öçürmäge çyr-çytyr çytraşyp, sermisal hala düşdi…

Sekizinji gün

...-Eje!
-Hümm!-diýip aşhanada şugundyr dograýan ejesi, başyny galdyrman, şu gün ir ertirden bäri penjiräniň öňünde ýere kakylan garantga dönen gyzyna “hä” berdi.
-Bi goňşular görünmeýär welin, ýa bir ýerlere gidipdirmi?!-diýip ol mümkin boldugyndan biparh äheňde sorady. Hamana, “Maňa-ha dogrusy müň ýyldanam gerek däl-le welin, başga edere işim ýokdugy sebäpli, ýöne bir mesaýy gyzyklanaýýan” diýýän ýaly.
Ejesi başyny göterdi:
-Haýsy goňşular?!
-Şü neme-le…-diýende ýaşy otuza ýetenem bolsa ejesiniň siňňin garaýşynyň öňünde özüni ýaşajyk gyzjagaz ýaly duýup başlan zenanyň tasdanam sesi endireýärdi, zordan özüne erk edip, öňki hörpüni saklamagyň hötdesinden geläýdi:-Şü, ýokarymyzda ýaşaýan, alty ýaşlyja oguljygy bilen günde ulaga münüp gidýän goňşymyz bar-a! Arada bir gün o barada özüňem gür berip otyrdyň-la, gyz!
-Hä! Olmy?!-diýip gyzyna jiňkerilip duran ejesem adaty bolşundan bäşbeter biperwaýsyrap jogap gaýtardy:-Goňşular aýtmyşlaýyn, onuň oguljygy öte sowuklapdyr. Hassahana äkitselerem, o taýda saklatmaýarmyş. Onsoň o bende işinden rugsat alyp, ogluna öýünde seredýärmiş. Dükana, dermanhana ojuk-bujuk gerek-ýaragyny almaga-da dördünji gatdaky goňşumyzyň degenegi ýa-da gyzjagazy gidip berýärmiş. Hä, näme beýle gyzyklandyň?!
-Ýok-la, hiç-le!-diýip hymyr-symyr eden zenan ýaňaklarynyň gyzarandygyny bildirmezlik üçin penjirä bakdy-da, durky-düýrmegi bilen göze öwrülip, köçäni synlamaga durdy.
Daşyndan-a parahatlygyň hem göwnübirligiň bürünçdenem däl-de polatdan heýkeli. Içinde-de arynyň öýjügi…
Özüne basalyk bermäge dyrjaşyp, bir girip iki çykyp ýörşüne, gün ýaşýança zordanjyk çydady. Iňrik garalandan soňam birhili “nämbolsa şobolsuna” salyp, iki ujunam deňläniň aýgydy bilen ejesiniň ýanyna bardy-da, dil ýardy:
-Eje, men şü…-diýip bir pursatda kepäp tüýdüge dönen bogazyny öllemekden ötri ýuwdundy:-…goňşulara unaş äkidip geläýeýin! Beýleki goňşular ýardam berjek bolup ellerinden gelenini gaýgyrmaýan bolsalar, bizem o ýekelli bendä “bamysyň, halyň niçik?” diýip bilmedik bolup ýörsek, uslyp däl dämi?! Hä?!
-Bolýar, äkidäý gyzym!-diýip gap ýuwup duran ejesi bärisine bakman jogap berdi. Gyzynyň göwnüne bolmasa ejesiniň adatdakysyndan has öte ýumşak sesinde nähilidir birhili kinaýa übtüjegi bukulyp durana çalym etdi.
Göwnünedir-le!
Unaşly jamy alyp işigiň agzyna baranda “menem-de-menem” bolşup ekizjelerem synyndan asyldylar. Etjek alajyň ýok, olara-da “ýörüň” diýmeli boldy.
Öz-ä bir, bary-ýogy bäş-on basgyçly çaklaňja basgançak welin, üçünji gata galaýýança milliard ýyllap ýol ýöremeli bolana dönäýdi. Her gadamy bilenem ysgyny gaçdy. Bady gaýtdy.
“Häk, utançsyz bihaýa! Ibaly tanamaýan-bilmeýän erkegiň üstüne atalanyp barmaga haýa-şerimiň nädip ýol berýär saňa?! Ýa äriň kowanyna aý dolmanka, eýýäm esräp başlaberdiňmi?!” diýen ejaply oýlanmalaram üstesine…
Hernä, ekizjeleriň ilgeziklik bilen özünden aslyşanlaram bir töwra. Şolar dagy bolmadyk bolsa, ejesine: “öýlerinde adam ýok ekeni” diýerin-dä diýip, yzyna-da dolanardy.
Ahyry ýetdi. Gyzjagazlaryň biri jaňy basdy. Az salym garaşmaly boldular. Soňra gapy açyldy. Aňyrdan orta ýaşan erkek kişiniň birnäçe gün bäri düzüwli ýatmandygy bildirip duran, argyn, solgun keşbi göründi.
Neressejik!
Zenanyň ýüregi gyýlyp gitdi. Dözmedi. Ýöne ilkinji dözmezçiliklerinden tapawutlykda, bu gezek mähirli dözmedi.
-Salam!
-Salam!
-Ine, biz size unaş getirdik! Oguljygyňyz bilen iýersiňiz!-diýip zenan elindäki tabagy uzatdy.
-Hä, sag boluň, minnetdar! Ýöne azara galmaly dälem ekeniňiz! Iýmäge zadymyz bardy-la!-diýip ol tabagy almakçy bolanda göz açyp-ýumasy salymlyk ikisiniň barmaklary assaja galtaşdylar. Erkegiň-ä içine girip-çykan ýok. Nähili täsir edeni kän bir bildirmedi welin, zenanyň-a birhili süňňi gowşap gitdi. Ýeke demde gursagynda emele gelen nähilidir birhili düşnüksiz hem lezzetli gyzgynlyk zarbygyp beýnisine urdy. Tabagy elden-ele alşyp-berişmek üçin bary-ýogy birje sekunt gerek bolsa-da ikisiniň arasyndaky bu hereket azyndan üç-dört sekunda çekäýdi öýdýän…
…Ýa-da göwnüne…
…Ýa-da şeýle bolmagyny ikisem birwagtda küýsediler hem islediler…
-Öýä giräýiň, oňa çenli men siziň jamyňyzy boşadyp bererin!-diýende öý eýesiniň sesi näme üçindir gyryljak çykdy.
-Ýok-la! Siz arkaýyn iýiberiň, noş bolsun, soň birimiz gelip alyp gidäýeris!-diýip kimdir biri golundan şapba tutakga şol ýerde alyp galaýjak ýaly howlukmaç yzyna öwrülen zenan, eýýäm basgançakdan birki ädim düşeninden soň jogap berdi.
Öý eýesi bolsa, misli näme geplejegini bilmeýän ýaly, dem salym dymyp durdy-da, birdenem özem duýman ýüregindäkini eňterip goýberdi:
-Onda siz gelip duruň! Gowy boljak şü…
Bada-badam öz aýdan sözleriniň manysy aňyna ýetendir-dä, işigi ýapmaga alňasady.
Tapyrdyklap aşaklygyna düşüp barýan zenan bolsa ýaňky milliard ýyllyk ýoly bir demde geçdi. Göýä, gerşinde ganat gögeren ýaly…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 27 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: