11:51
Ýalñyşlyk
ÝALŇYŞLYK

Bihasap zat ýokdur, pany dünýäde,
Hasap soralmaýar, ýoldan azmasaň,
Sebäbi bolýandyr, bir mysal, ýa-da,
Şu goşgy dörärmi, özüm ýazmasam?!

"Urdy ýoldan..." diýip, şeýtan ýakasyn,
Tuyup durma, eden işiň ýeke sen,
Ömür bagyň gelmez, indi ýykasyň,
Çukura gaçmazdyň, özüň gazmasaň.

Gelin bolup düşseň, eziz bosagaň,
Maşgalasyn eýläp, bilseň saçagyn,
Diliň saklap bilseň, bolar maşgalaň,
Eneň sözün ýoldaşyňdan gizleseň.

Hawa, eneň sözün gizle äriňden,
Hem är sözün daşrak, tutgun eneňden,
Iki agyz gep tapsaň, öýe eňenden,
Gowy dälmi, ortalygy sazlasaň?!

Gaýyn-gelin oňsa, ine, onda gül,
Agzybirlik şondan başlanýandyr, bil!
Pyrlanar daşyňdan, är bolup bilbil,
Gülüň ysyn, öz-özüňden gözleseň.

Ýalan söz ynsanyň kökün kesermiş,
Näalaç galan ynam, özün asarmyş,
Egri agaç egriligne ösermiş,
Durmuşam, şol başdan dogry çyzmasaň.

Ýylan ýaly, iki garyş dil bilen,
Doganyňam ýat boljagyn, kim bilen?
Salam-älik alynmaz bor, il bilen,
Çakyp alyp, duzly-duzly sözleseň.

Netije: her kim ekenin orar,
Ýaman öz daşyna, kerebin sarar,
Azabyny ogul-gyzyndan görer,
Ýalňyşlygy belalardan syzmasaň.

Bir ýigit aýdypdy, "Ýamanlyk etňäň,
Azap gördüm" diýdi,
"Bagtyma ýetmän,
Hat-da, olar tarap, bir çöpem atman,
Geçdim nätjek, ejizleseň, dözmeseň?!

Bagtlymyş olar, onsuz has beter,
"Eden çeker" diýlen, ynamdan ýiter,
Oňa sensizligem, ömrüne ýeter,
Yza gaýdyp, ýanlarynda gezmeseň.

Ýagşy bol, ýaman bol, barjagyň bir ýer,
Gara ýer astynda, garaşyp eger,
Aýak basylmasa, topragňa meger,
Rahat ýatmaz, ruhy sözüm yzlasaň!

Nurana ARSLANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Garadag | Теги: Nurana Arslanowa | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: