17:49
Ýagşydyr
ÝAGŞYDYR

Salam berip barsaň döwletli öýe,
Duz dadyp, dyzyňy epseň, ýagşydyr.
Söz – kerem-gudratdyr,
ruhlara söýe,
Süýji-süýji söhbet etseň, ýagşydyr.

Häsiýeti deý pikirem deň däl hemmäň,
Bir maksat: “Bagt” diýip, atýarys hallan.
Azgyny göreňde gözüňi ýumman,
Dogry ýola salyp gitseň, ýagşydyr.

Ýylgyrsaň ajapdyr,
gaşyňy çytman,
Bilenňi öwretgin egniňi gysman,
Ýokaryk çykýanyň synyndan çekmän,
Goldaw berip, öňe itseň, ýagşydyr.

Şükür et, ynamy üzme ertäňden,
Umyt yşy öçmäwersin peltäňden.
Oý-pikire çümüp özüň örtänden,
Bir işiň başyny tutsaň, ýagşydyr.

Asgyn geler göýdük pikirden-köýden,
Bu dünýäni çyn-hakykat däl öýden.
Akly haýran eden täsin täleýden,
Kä utulyp, käte utsaň, ýagşydyr.

Gerek,
artyk,
ähli zady saz goýup,
Gyşy kalba sorup, ile ýaz goýup.
Uly-kiçi ýüreklerde yz goýup,
Imanyň arkalap gitseň, ýagşydyr.

Azymberdi Kakaýew
Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Aziz | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Gaty gowy cykypdyr.ajayyp goshgy" imanyñ arkalap gitseñ yagshydyr" shu setiriñ oran gowy seyle gitmek kulli Muhammet ymmatyna nesip edsin inshalla.galamynyz yiti bolsyn.seyle ajap goshgylarynyzyn howri kop bolsyn
smile

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: