09:42
Ýagşy adam ýatdan çykmaz

ÝAGŞY ADAM ÝATDAN ÇYKMAZ

Ýazguly Hudaýberdiýew türkmeniň gowulykda ýatlanýan söwer ogullarynyň birisi. Şeýle mertebä adama diňe öz ýagşylyklary bilen iliniň göwnüne ýeten mahalynda miýesser edýär. Özi-de şeýle adamlaryň bir däl-de, iki sany terjimehaly bolýar. Ol terjimehallaryň birinjisi onuň dogup-döräp geçen ýoluny görkezse, ikinjisi onuň mazmunynyň beýany bolýar. Şeýle adamlaryň ol terjmehalyny halkyň özi ýazýar.
Ýazguly Hudaýberdiýew hem türkmeniň şol goşa terjimehally, sarpaly ogullarynyň birisi.
Men bu ýatlamany ýazanymda onuň terjimehalarynyň ikisindenem ugur aldym.
Ýazguly Hudaýberdiýew 1922-nji ýylda Ýolöten raýonynyň Erkisadyk obasynda dogulýar. Ol on ýedi ýaşyndan obalaryndaky mekdepde mugallymçylyk edip ugraýar. 1941-nji ýylda goşun hataryna çagyrylýar. 97-nji türkmen atly diwiziýasynyň sapynda bolup, dürli frontlarda söweşýär, iki gezek agyr ýaralanýar. Esger Ý. Hudaýberdiýew Gyzyl ýyldyz ordeni, Şöhrat ordeniniň III derejelisi bilen, birnäçe söweşjeň medallar bilen sylaglanyp, 1945-nji ýylda uruşdan gaýdyp gelýär. Şondan soň ol ilki Ýolöten raýkomynyň, soňra Mary obkomynyň apparatynda işleýär. Ol 1958-nji ýylda Moskwada Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyny otliçno gutaryp, jemgyýetçilik öňünde ylmy iş goraýar, taryh ylymlarynyň kandidaty bolýar. Moskwadan gelip, ol TKP MK-nyň bölüm müdiri bolup işleýär. 1963-nji ýylyň martynda ony TKP MK-nyň sekretarlygyna göterýärler.
Görşümiz ýaly, Ý. Hudaýberdiýew bu derejä tarpdan gelen adam bolmandyr. Durmuş ony ençeme ýyllaryň dowamynda otdan alyp, suwa salyp taýynlapdyr.
Ý. Hudaýberdiýewiň halk tarapyndan ýazylýan terjimehalynyň esasy bölegi hem onuň ömrüniň soňky, türkmen medeniýetine ezberlik bilen dirižýorlyk edip ugran döwri bilen bagly...

Altmyşynjy ýyllaryň ortalary türkmen edebiýatynyň we sungatynyň derejelenen hem gadyry bilnen döwri bolupdy. Şol ýyllar türkmen medeniýetiniň, ýaz otlarynyň ýagşyň aşagynda ösüşi ýaly, şüweleňli ösýän bir gowy pursadydy. Saz älemine N.Halmämmedow, Ç.Nurymow, hudožnikleriň arasynda D.Baýramow, Ş.Akmuhammedow, M.Mämmedow ýaly zehinler gelip goşulypdylar. Zehinli artistleriň uly topary hem gelip özboluşly bulak bolup türkmen medeniýetine goşulypdy. Edebiýata G.Ezizow, I.Nuryýew, S.Myradow, H.Kulyýew, A.Tagan, A.Agabaýew, T.Jumageldiýew ýaly zehinler at segredişip gelipdiler. Bularyň gelmegi soňra tutuş edebiýatyň has janlanmagyna sebäp bolupdy. Şondan soň K.Gurbannepesow, A.Atajanow, M.Seýidow, B.Hudaýnazarow, A.Haýydow dagy hem yzlaryndan ýetip gelýän ýigitleri görüp, öz atlaryna jüp gamçyny çalmaly bolupdylar. Hawa, hut şu döwürde türkmen medeniýetine, onuň hakyky janköýeri, TKP MK-nyň sekretary Ýazguly Hudaýberdiýew serdarlyk edýärdi. Iň esasy zat bolsa, türkmen medeniýetiniň wekilleriniň bu mertebeli, düşünjeli adamda öz serkerdelerini görmekleridi. Oňa bil baglaýardylar, guwanýardylar. Ý.Hudaýberdiýew türkmen edebiýatynyň B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, B.Garryýew, H.Derýaýew ýaly iş bitiren wekillerine aýratyn uly sarpa goýýan eken. Olary mahal mahal atylýan daşlardan goraýan eken. Bir gezek bolsa ol ýazyjylar soýuzynyň plenumlarynyň birinde olaryň adyny birin-birin tutup, ...bular ozal basylyp-tutulanam, horlananam bolsalar, indi bu adamlara degmek bolanok. Bu adamlara kast ediljek bolunmagy respublikanyň abraýyna kast ediljek bolundygydyr diýip, golly-golsuz arza gönderýänlere düşüner ýaly edip aýdypdyr.

Professor Mäti Kösäýew, onuň şägirtleriniň, ýakyn adamlarynyň aýtmagyna görä, tä ölýänçe Ý.Hudaýberdiýewiň adyny agzyndan düşürmändir. Ol häli-şindi: Bize Hudaý bir gowy akylly-başly serdar ogul berdem welin, ýöne juda ir alaýdy-da... diýip, Ýazguly Hudaýberdiýewi ýatlaýan eken.

Şol sag-aman gezip ýörenliginde, ol özüňem gadyrynyň bilinjegine, ýanalmalaryň bolmajygyna ynanypdyr. Döwürdeşleri Ýazguly Hudaýberdiýewiň edebiýata, sungata onuň daşynda durup däl-de, dünýäsine aralaşyp, sesini eşidip, tagamyny duýup baha beren ýolbaşçy bolanlygyny belleýärler. Ol Aristoteliň Platon meniň dostum, ýöne hakykat maňa has gymmat diýen prinsipinde işläpdir.

Ý. Hudaýberdiýew hakyndaky şu ýatlamany ýazmaga oturan wagtym ol hakda dürli döwurlerde, dürli adamlardan eşiden gürrüňlerim meniň ýadyma düşdi.
G.Ezizow: Bir gezek ýygnaklaryň birinde meni Balyş Öwezowiç tankytlady. Gurbannazar özüni Magtymguludanam beýik görýär diýip, ýazyjylaryň biri onuň ýüregini çişiren eken (Aý, kimiň aýdanynam bilýän-läý...). Egnimden basylan ýaly boldum. Ýygnakdan soň ýaşulular topar bolup gaýdyşyp ugradylar. Şol arada kimdir biri meniň egnime elini goýdy. Görsem, Hudaýberdiýew eken. Ol: Düýe köşegini eý görse, hem depermiş, hem gaparmyş diýip, ýüzugra maňa göwünlik berip geçdi. Dünýäm giňän ýaly bolaýdy.

S.Myradow: Ý.Hudaýberdiýew sekretar döwürleri bir ýola meni öz ýanyna çagyrdy. Görsem, onuň öňünde meniň makalam çykan gazet ýatyr eken. Içimden, makaladan bir gep tapan bolsalar gerek diýip oýlandym. Emma pikirim tersine bolup çykdy. Ol meniň makalamy okap halan eken. Soňundanam ol: Meniň ýanyma hem siz ýaly oglanlar gerek, sen partiýa agzasymyň? diýdi. Meniň partiýa agzasy däldigimi eşidensoň bolsa, ol maňa wagtlaýyn bir mekdebe direktor bolup gitmegi teklip etdi. Partiýa hataryna geçenimden soň bolsa, öz ýanyna işe aljagyny aýtdy. Ýöne meniň düýbünden partiýa agzasy bolmak pikirim ýokdy.

Ý.Pirgulyýew: Ýazyjylar soýuzynyň plenumlarynyň birinde Ý. Hudaýberdiýew meniň bir poemamy tankyt etdi. Men onuň poemany okaman, kimdir meni halamaýanyň pikiri esasynda özüme bellik edenine ynanýardym. Şonuň üçinem ondan az-kem öýkeliräkdim. Şol günleriň birinde men onuň bilen bir samolýotda Kerkä uçdum. Bir amady gelende, oňa tanyşlyk berip özümiň... şol Pirgulyýewdigimi aýtdym. Hem oňa gürrüň arasynda Özüňiz-ä poemany okan däl bolsaňyz gerek? diýdim.
Şonda Ýazguly maňa: Ýagmyr, hany poemanyň pylan bölümini ýatlaly diýdi. Meniň ýadyma düşmedi. Onýança-da Hudaýberdiýewiň özi Ine, şeýleräk bolsa gerek! diýip poemanyň setirlerini ýatdan aýdyp ugrady. Meniň müňkürligimden namnyşan galmady. Ý. Hudaýberdiýewiň poemamy okanlygyna hiç hili şübhäm galmady. Öz pikirimden utandym hem şeýle janköýerimiziň bardygyna guwandym.

Ýazguly Hudaýberdiýew bilen ata-ogul ýaly ýakymly gatnaşykda bolan adamlarynyň biri-de Berdi Kerbabaýew bolupdyr. Ol B.Kerbabaýewiň döredijiliginiň türkmen edebiýatynyň özboluşly hazynasydygyna düşünýän eken. Şol ýyllarda ol bu uly ýazyjynyň kandidaturasyny SSSR Ýokary Sowetiniň deputatlygyna hödürläpdir. Emma býuro B.Kerbabaýewiň kandidaturasyny makullamandyr. Sekretarlaryň biri bolsa oňa: Ýoldaş Hudaýberdiýew, siz Kerbabaýewiň Eziz hanyň mürzesi bolanyny unudan-a dälsiňiz! diýip, ýuwaşlyk bilen öz hökmürowanlygyndan peýdalanyp, oňa duýduryş beripdir. 1966-njy ýylda, Türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň Özbegistanda geçjek hepdeliginiň programmasy merkezi komitetde ara alnyp maslahatlaşylanda, ýene-de B.Kerbabaýewiň meselesi ýüze çykypdyr. Merkezi Komitetiň 1-nji sekretary Daşkentde döredijilik agşamy geçirilmelileriň arasyndan B.Kerbabaýewiň adyny aýryp, onuň ýerine başga bir öz gowy görýän ýazyjysynyň adyny goşupdyr.

Ý. Hudaýberdiýew öz çykyşynda B. Kerbabaýewiň adynyň aýrylmagynyň juda gelşiksizdigini aýdypdyr: − Nämüçin sen garşy, o-da uly ýazyjy hem jemgyýetçilik işgäri — diýip, 1-nji sekretar öz öňe süren adamsynyň Kerbabaýewiň ýerine mynasyp görülmeýäninden närazy bolupdym. Hudaýberdiýew:
− Sebäbi ol barybir Kerbabaýew däl. Onuň elinde Aýgytly ädimi ýok. Dünýä bizi ilkinji nobatda Berdi aganyň eserleri bilen tanaýar. Onuň döredijilik agşamyny geçirmän, beýlekileriň agşamyny geçirsek, juda gelşiksiz bolar. Soňundanam ol şol ýerde oturan Gara Seýitliýewe tarap öwrülipdir-de: Şeýle dälmi, Gara? − diýipdir. Şeýle diýip, Gara Seýitliýewem onuň sözüni ikelläp makullandyr.

Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Daşkentde geçýän günleri B.Kerbabaýewiň 16-njy noýabr güni irden keýpsiz bolandygyny ýatlýarlar. Şol gün türkmen medeniýetiniň wekilleriniň Özbegistanyň oblastlaryna ugramaly güni eken. Ol Ý. Hudaýberdiýewiň Andijana maşynly gitmegini göwnemändir. Oňa: Ýazguly, maşyn-beýleki diýip, bölekçilik edip ýörmän, bile uçaýsak nädýär diýipdir.
− Berdi aga, biz maşynly gitmegi öňünden planlaşdyraýdyk-da, indem men maşynly gitjek däl, diýip samolýota münsem, gelşiksiz bolar diýip, Ýazguly oňa ýagdaýy düşündiripdir. Emma goja kişi şonda-da ynjalyp bilmändir. Ol ikinji gezek, soňra bolsa üçünji gezek Ý. Hudaýberdiýewden özi bilen uçmagy sorapdyr. Ý. Hudaýberdiýew Berdi aga özüne üçünji gezek ýüzlenende, onuň bolşundan çen tutup: Gojanyňam biz bilen bile gidesi gelýän bolaýmasyn diýip oýlanypdyr. Berdi aga, isleseňiz, özüňiz biz bilen gidiberiň. Topar bilen Garany uçuraýarys diýipdir. Berdi aga topar bilen samolýota, münmäge barýarka, yzyna öwrülip, ýene Ýazgula ýüzlenen eken. Berdi aga maşynly gitmäge razy bolmandyr. Hoşlaşyp, samolýota giripdir.
Ýaşuly ýazyjynyň bu bolşy şol günki ýolda boljak gabahatlygyň düýşüni görendir diýip çaklamaga mümkinçilik berýär. Köpleriň Ýazguly Hudaýberdiýewi şol gün iň soňky gezek görşi bolupdyr.

Andijanlylar uly tutum gurşup, Türkmenistanyň Ýazguly Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geljek edebiýat we sungat wekillerine garaşypdyrlar. Ol pursat hakda birnäçe ýyldan soň, Daşkentde bolanymda şol gün Ý. Hudaýberdiýewe garaşanlaryň biri, ýazyjy Adyl Abdyramanow şeýle gürrüň berdi:
− 1966-njy ýylyň 16-njy oktýabry meniň ýadymda. Andijanlylar uly meýdança − baýramçylygyň ilki geçjek ýerine ýygnanyşypdyrlar. Tribuna bezelipdi, onuň arkasynda Magtymgulynyň, Nowaýynyň hala çitilen portretleri märekä seredip durdy. Hemmeler türkmenler gelip, bu güni iki ganybir halkyň, uly baýramçylyga öwürjegiňe ynanýardylar. Ýazguly Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geljekler bilen ilkinji elleşip görüşmelileriň biri-de mendim. Köp garaşdyk, emma ol gelmedi...

Daşkentde bir ýola Ý. Hudaýberdiýewden gürrüň çykanda, ähli zady pikir eleginden geçirmäni, ol barada netijä gelmäni gowy görýän dostum, özbek ýazyjysy Tursunbaý Adaşbaýew şeýle diýdi:
...Ýatlap otursak, bir kowumyň çagalary bolsak-da, biziň halklarymyz biri-biriden soňky ýüz ýylyň içinde ep-esli daşlaşan eken. Ata-babalaryň ençeme gowy däp-dessurlary hem unudylypdyr. Dilimizem daşlaşypdyr. Ýaşulularyň aýtmagyna görä, ozallar özbek, türkmen, gazak we beýleki garyndaş kowumlar bir-birleri bilen düşünişmegi üçin üçünji diliň hökmanlygy ýok eken. Ine, häzir ikimizem başga dilde düşünişip otyrys.
...Siziň, şol sekretaryňyzy men bu ýagdaýa düşünen, soňundanam şol bitewiligi saklamak üçin ilkinji topulan ykballaryň biri hasap edýärin. Meniň özüm-ä Ý.Hudaýberdiýewiň ölüminden soň Amyderýanyň üstünde, türkmen, özbek halklarynyň arasyndaky köprüleriň ýene birisiniň artanlygyna, ýyl-ýyldan daşlaşyp barýan iki doganyň biri-birine golaýlaşmagyna ýardam edenligine ynandym.
Ý. Hudaýberdiýewiň ölümi diňe bir oňuň halkynyň däl, özbek halkynyň hem süňňüne sarsgyn beren ölüm. bolupdy.
Onuň patasyny iki halk bilelikde alypdy.

Ýazguly Hudaýberdiýewiň heläk bolan güni ýadymda, men ol günler Mary peduçilişesinde okaýardym. Güýz günleriňiň biridi, şum habary eşidip, Mary söm-saýak bolupdy, adamlar topar-topar bolşup, ýeldenykdan wokzala gelýärdiler, ol ýerdenem wagonlara doluşyp, Aşgabada gaýdýardylar. Mary bilen Aşgabat aralygyna gatnaýan samolýotlar agzy-burny bilen dolup uçýardy.
Mary wokzalynyň, aeroportunyň işgärleri Ýazguly Hudaýberdiýewi ýatlap ýola çykanlara dik durup hemaýat edýärdiler. Şeýlede bolsa, şol gün uçup bilmediklerem az bolmandy. Meniň kwartirant bolup ýaşaýan howlymyň eýesi Gurban aga hem Ýazguly bilen hoşlaşyp bilmändigine gynananlaryň biri bolupdy. Şonda onuň: Ýazguly bir gowy ýigitdi-dä, türkmene mundan buýana has gerek oguldy-da... diýen sözleri ýadymda. Soň bir gezekde žurnalist Ýazmyrat Belliýew bu güni ýatlap şeýle bir wakany gürrüň berdi.
Sakarçägäniň kolhozlarynyň biriniň ferma müdiri (şol wagt Ýazmyrat onuň adynam aýdypdy, emma ýadymda galmandyr) şum habar ýaýran mahaly Pendi çölünde, mal üstünde eken. Ol bu habary eşidip, Aşgabada howlugypdyr. Pendi çölünde bolsaň, hany saňa bäri-bärde Mary, Aşgabat barmy? Ol golaýdaky zastawa baryp, onuň komandirinden wertolýotyny diläpdir. Ondan özüniň Mara ýetirilmegini sorapdyr. Ýöne komandiriň wertolýoty beresi gelmändir. Ol şonda şeýle diýsem, meni günüme goýar diýen pikir bilen: Elli sany goýun getir-de, uçuber! diýipdir. Ferma müdiri hiç zat diýmän yzyna öwrülip gaýdypdyr, şol gelşinede ilkinji duşan sürüsinden, soň öz hasabyna süriniň üstüni doljagyny aýdyp, komandiriň aýdan malyny bölüp alypdyr. Getiribem zastawanyň howlusyna gabapdyr...

Şol günler ýazyjy Täşli Gurbanow türkmen halkyna agyr düşen bu sapary ýatlap, çuňňur gynanç bilen Biz Ýazguly Hudaýberdiýewiň düzen programmasy bilen gidip, Ýazguly Hudaýberdiýewiň düzen programmasy bilen gaýdyp geldik diýip, Edebiýat we sungat gazetinde gynanç ýazypdy.
Emma ol sag-aman gelenleriň arasynda Ýazgulynyň özi ýokdy... Ýazguly Hudaýberdiýew hakynda oýlananymda, her gezek meniň ýadyma şahyr Italmaz Nuryýewiň Diýýärler atly goşgusynyň setirleri düşýär. Goşgy meşhur Nobat bagşa bagyşlanan-da bolsa, men onuň Ý. Hudaýberdiýewe hem degişlidigine ynanasym gelýär.

− Ol hakda ýene-de kän zat diýýärler,
Gepem şu zatlaryň haklygyndadyr.
Bu gün menem arsyz bagşy saýýarlar.
Belki, Nobat bagşyň ýoklugyndandyr.

Ýazguly Hudaýberdiýew hakynda il içinde ýürekden ýürege aýlanyp, gezip, rowaýata öwrülip ýören gürrüňler başga-da az däl. Maňa öz ýatlamamda diňe olaryň käbirisini ýatlamaga mümkinçilik boldy. Öňde belleýşim ýaly, iliň bu hormatyna diňe onuň kalbyna öz eden ýagşylyklary bilen ýeten adamlar mynasyp bolýarlar. Şolaryň biri-de Ýazguly Hudaýberdiýewdir.

Alynan çeşme: Agageldi Allanazarowyň Hatlar kitabyndan alyndy.

Agageldi Allanazarow "Sowet Türkmenistany" gazeti. Aşgabat, 1992 ýyl.

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 123 | Добавил: Gurban_aga | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Agageldi aga öz ýazan makalasynda Ýazguly Hudaýberdiýewiň nädip dünýeden gaýdandy ýazmandyr.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: