09:29
Ýadymda galan pursatlar

ÝADYMDA GALAN PURSATLAR

Durmuş misli bir derýa mysaly, bizi öz goýnuna alyp, şol akyp dur, akyp dur. Kähalat, durmuş atly möwçli derýanyň kenaryna çykyp, öz ömrüňde bolup geçen wakalara, durmuş pursatlaryna ser salanyňda, geçmişiňde seniň bilen bagly bolup geçen wa- kalary, käbir pursatlary bile paýlaşan dost-ýarlaryň hakda oýlanýarsyň. Şonda olaryň adamkärçiligi bilen seniň ykbalyňda goýan ýakymly duýgularyny minnetdarlyk bilen ýatlaýarsyň.

■ Ýagşyny ýatlap...

Biz şol wagtlar Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talybydyk. Men okuwdan soňra žurnalistika hünäri boýunça gurnaga gatnaýardym. Bir gün okuw wagty beýleki toparda okaýan Muhammet ýanyma geldi-de, özi bilen tanyşdyrdy. Men dogrusy, oňa çenli ony tanamokdym. Soňra ol özüniň hem žurnalistika boýunça geçirilýän gurnaga gatnamak isleýändigini aýtdy. Men oňa okuw wagtymyzy we salgymyzy berdim. Şeýdip biziň Muhammet bilen tanyşlygymyz başlandy. Soňra men ony näçe içgin tanadygymça, onuň zehininiň juda giňdigine, köptaraplydygyna haýran galýardym. Ol okamaga höwesli, ylma berlen adamdy. Haçan görseň, okalga zallaryndan çykmazdy. Ol talyp wagty hem ullakan äýnegi dakynyp, özüni alyp barşy, salyhatlylygy bilen professorlara meňzeýärdi. Ol iň ökde talyplaryň biridi. Soňra biz birnäçe oglan-gyz bolup ýörite niýetlenen meýilnama boýunça Russiýanyň häzirki Sankt-Peterburg şäheriniň Döwlet uniwersitetine okuwymyzy dowam etdirmek
üçin gitdik. Oglan-gyzlaryň agramly bölegi žurnalistika hünäri boýunça kär saýladylar, Muhammet bolsa, filologiýa ugruny saýlady. Biziň her haýsymyz bir okuw jaýynda okaýandygymyz üçin birek-birek bilen seýregräk görüşýärdik. Muňa garamazdan, görşen mahalymyz, biri-birimizi ýitirip tapan ýalydyk. Ol gün men oňa metroda ulaga münjek bolup durkam duşupdym. Şonda ol maňa okuwy, çagalary barada gürrüň berdi. «Men biraz dümewlejek bolupdyryn. Şu wagt bir burçluja unaş bolaýsa, emim-ýomum şol bolardy» diýdi. Men oňa seretdim-de: «Bar derdiň bir unaş bilen ýeňleýän bolsa, ýör, biziň umumy ýaşaýyş jaýymyza gideli. Gyzlar bilen derrew saňa burçluja unaş bişirip bereris» diýdim. Ol: «Aý, ýok, sizi azara goýaryn» diýdi. Garaz, men ony gyzlaryň ýanyna alyp gaýtdym. Biz oňa unaş bişirip berdik. Ol: «Edil oba gidip gelen ýaly boldum» diýip, biz- den minnetdar bolup gaýtdy. Soňra bir gün gyşky dynç alyşda öýe gaýtmak üçin Moskwanyň üsti bi- len Aşgabada petek aldym. Uçmaly wagtym uçar menziline gelsem, Muhammet hem şol reýsde uçýandygyny aýdyp, öňümden çykdy. Ýoldaşly bolanymyza ikimiz hem begendik. Ol günler gyşyň ortaky aýy bolansoň şeýle bir gar ýagýardy. Şonuň üçin biziň uçmaly wagtymyzy diňe yza süýşürýärdiler. Biz şeýdip onuň bilen üç gije-gündize golaý Domodedowa uçar menzilinde galmaly bolduk. Sowuk howa, ýadawlyk, gitjek diýseň ýer ýok. Men arasynda aljyraýandyryn-da, şonda ol giňgöwrümliligi bilen göwünlik berýärdi. Türkmençilikde diýilýär-ä, birini tanajak bolsaň, «Ýolda ýoldaş bolduňmy?» diýip. Hawa, men şol wagt onuň adamkärçiliginiň nähili beýikdigine, hakyky türkmen ýigidine mahsus asyllylygyna, edepliligine göz ýetirdim. Biz ýokary okuw mekdebini tamamlap, her haýsymyz bir ýerlerde zähmet çekip başladyk. Ýyldaşlarymyz hakda biri-birimiz bilen duşuşanymyzda soraşdyrýardyk. Ol ylmy institutlaryň birinde işe başlady. Boýdaşlarym oňa ylma berlen adam diýip gürrüň berýärdiler. Ol ýaşan gysga ömründe ençeme ylmy monografiýalary, ylmy işleri ýazmagy başardy. Onuň keşbi şadyýanlygy, iş başarjaňlygy bilen gözlerimizde galypdyr. Şol ýyl ejem ýarawsyzlyk tapansoň, ony paý- tagtyň lukmanlaryna bejergä getiripdim. Muhammet muny oglanlaryň birinden eşidip: «Gözelden soraň, oňa näme kömek edip bilerin» diýip, ýyldaşlarymyň birinden habar ugradypdyr. Onuň bu sözlerini eşidip, gözüme ýaş aýlanyp gitdi. Men: «Oňa aýdyň ýatlany üçin köp sag bolsun. Halymdan habar alany hem başymy gök diretdi» diýip- dim. Aradan ençeme ýyl geçen hem bolsa, Muhammedi ýatlanymda onuň belent adamkärçiligi, ýylgyryp duran keşbi göz öňüme gelýär. Pursatlar haçan gözel bolýar, olar haçan-da, adamlara bolan söýgüden, kalp gözelliginden doly bolan halatynda.

■ Wagtyň gymmaty

Ynsanyň her güni 86400 sekuntdan durýar diýýärler. Biziň ygtyýarymyzda her gün 86400 sekunt. Biz eýse ony nämelere harçlaýarys?! Meniň enem pahyr belki, wagt bilen bagly bu hasaby bilmedik bolmagy ahmal. Emma onuň ýanynda bolan mahallarymyz edýän işlerini ýatlan mahalym indi-indi, onuň bu hasapdan hem başga bir hasap bilen ýaşandygyna göz ýetirýärin. Sebäbi ol agtyk-çowluklarynyň göwnü- ni görmekden başga-da, obada durmuşa çykýan gyzlaryň ýorgan-düşeklerini elinde tikip bererdi. Obalarynda toý-tomgy bolsa, onuň orny tördedi. Ol mydama iliň-günüň hyzmatynda- dy. Mal-mellek işleri hem köplenç, enemiň boýnunady. Onuň gapylaryny suwlap şam-u-säher güllerine ideg edişi, olaryň agşamyň salkynynda hoşboý ys ýaýradyp açylyşyna guwanyşyny, ýa-da bolmasa, ýaňy hal atan üzümleriň daşynda buýsanç bilen aýlanyşyny ýadyma düşürenimde, onuň tebigata golaýlygyna, adamlara bolan mähir-mylakatyna haýran galýaryn. Hawa, wagt bize garaşmaýar. Ol misli bir derýa kimin öz akymyna eýerip, şol akyp dur. Biziň etmeli zadymyz şol wagty tygşytly tutup, ony ýagşy pursatlar, peýdaly zatlar, haýyrly işler bilen doldurmak. Şonuň üçin biziň duşumyzdan geçip barýan her sekundy şatlyga, bagtyýarlyga, mähir-muhabbete, ynsanlara bolan beýik söýgä öwrüp, ony ýakynlarymyz, dost-ýarlarymyz, dogan-garyndaşlarymyz bilen paýlaşmagymyz gerek. Gyssanalyň, mähribanlar, wagt garaşmaýar.

■ Söýginiň güýji

Gülöwseriň durmuşy, turuwbaşdan, şowly boldy. Ol özüni söýen ýigidine durmuşa çykdy. Maşgala boldy, heniz ýokary okuw mekdebinde okap ýörkä ilkinji perzende gözi düşdi. Ogul ýerinde ogly, gyz ýerinde gyzly boldy. Ýoldaşynyň gije-gündiz yhlas bilen işlemegi netijesinde gurply durmuşa eýe boldy. Deň-duşlary bularyň söýgi, mähir, rysgal-bereket gatylan durmuşyna, olaryň bagtyýarlygyna daşyndan guwanýardylar. Gülöwseriň edil ertekilerdäki ýaly täsin dur- muşyny her kes daşyndan höwes edýärdi. Şeýle günler hiç haçan soňlanmajak ýalydy. Türkmen aýtmyşlaýyn, «Iki aýakly, iki günde». Gülöwserem oglunyň sag-aman ýokary okuw mekdebini tamamlap gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Onuň ogly üçin niýetläp goýan gelinligi bardy. Bu sapar Gü- löwser ogly bilen çynlakaý gürleşmegi ýüregine düwdi. Ogly ejesiniň saýlan gelinligine kes-kelläm garşy boldy. Öz göwün söýen gyzynyň bardygyny, oňa öýlenmäge wada edendigi- ni aýtdy. Gülöwseriň muňa gahary geldi. Ol ogluny diňleme- di. Öz diýenini gögertdi. Ejesiniň soňky wagtda çaşyp-üýşüp kesel tapynanyndan gözi gorkan ýigit, onuň saýlan gyzyna öýlendi. Toý tutuldy, gelin geldi. Emma Gülöwserden başga bagtly bolan bolmady. Ýigit täze gelniniň ýanyna-da barmady, ýüzüne-de seretmedi. Ýogsa, ol bagtygara gyzyň günäsi hem ýok ýaly. Ejesiniň toýdan soňky çaşyp-üýşmelerem ýagdaýy düzetmäge kömek etmedi. Bu ýagdaý ep-esli wagta çekdi. Bir günem Gülöwser gelnini otla mündürip atasy öýüne eltip gaýtdy. Tiz wagtdan öz göwün halan gyzyny öýe geti-ren ýigidiň ökjesi ýere degenokdy. Ol dost-ýarlaryny çagyryp öz bagt toýuny toýlaýardy. Ýaşlaryň gözlerindäki bagt uçgunyny gören goňşy-golam, hak aşyklaryň bir-birege gowşany- ny çyn ýürekden oňladylar. Diňe Gülöwser özüni kemsidilen ene hökmünde alyp barýardy. Kämahal biz — ene-atalar öz sözümizi gögertjek bolup, perzentlerimiziň göwün isleglerine kem-käs garaýarys. Ýogsa, dünýäde söýgüden, yşkdan ýokary güýjüň ýokdugyna düşünmänem duramzok, ahyry.

■ Gül ajaýyp sowgatdyr...

Ol gün ýokary okuw mekdebiň talyplary bolup paýtagtda tejribelik okuwyny geçýärdik. Ýyldaşlar bolup üýşüp Metbugat öýünden çykyp gelýärdik. Bir rus zenany bir galtak güli ýükläp bazara alyp barýardy. Hemmämiz: «Waý, bu gülleriň owadandygyny» diýenimizi duýman galdyk.
Oglanlaryň biri nusgawy şahyryň goşgusyndan setirleri okap başlady:

Gül ajaýyp sowgatdyr adamlara jennetden, Öňküden keremli bor öýe gül getiren adam.
Eý, gül satan näme üçin pula çalyşdyň güli?! Heý, dünýäde bolarmy gülden ajaýyp zadam.

Gülçi daýza owadan güllerini deňimizden alyp geçe- ninden soň hem onuň gürrüňi ýatmady. Biz degşip-gülşüp, nädip umumy ýaşaýyş jaýyna ýetenimizi hem duýman galypdyrys. Otagymyza gelip, gapyny açanymda gözlerime ynanmadym. Ýaňky gülçi daýzanyň bir galtak güli otagymyzda hoşboý ysyny saçyp durdy. Men gyzlardan güli kimiň getirenini soranymda, olar: «Öňküden keremli bor öýe gül getiren adam» diýip, goşgy setirleri bilen jogap berdiler. Maňa diňe: «Goý, dünýäde öňküden keremli, öýe gül getirýän adamlaryň sany köp bolsun!» diýäýmek galdy.

Ogulgözel ŞAGULYÝEWA.

Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 36 | Добавил: Has | Теги: Ogulgözel Şagulyýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: