19:18
Welosiped barada aýdylanlar

WELOSIPED BARADA AÝDYLANLAR

Welosiped sporty diñe bir sport ulgamynda bolup geçýän özgerişleri añlatman, eýsem, adamzadyñ parahatçylyk söýüjilik maksatlarynyñ, dostlugyñ we raýdaşlygyñ dabaralanýandygyny hem alamatlandyrýar.

Türkmenistanyñ Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMMEDOW.

*  *   *

Göwnüçökgünlik welosiped bilen bir ýere sygyşmaýar. Sebäbi weslosport göwnüçökgünligi aradan aýryp, ruhy baýlyk paýlaýar.

Jeýms E.STARS.

*   *   *

Welosipedli edilen gezelenjiñ ýerini beýleki güýmenjeleriñ hiç biri hem tutup bilmez. 

Jon F.KENNEDI.

*   *   *

Welosiped döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryñ, esasanam, şahyrdyr ýazyjylaryñ ylham çeşmesi bolmalydyr. Çünki welosipedli gezelenç pikiriñi durlap, gözýetim gözelligini has golaýdan görüp, ruhlanmagyña täsir edýär.

Kristofer MORLI.

*   *   *

Hut welisipedli ýörişiñ ýurduñ iñ ajaýyp ýerlerini öwrenmäge, synlamaga ýardamy has uludyr.

Ernest HEMINGUEÝ.

*   *   *

Ulaglaryñ içindr diñe welosiped medeniýetli ulanyş usuly bilen adamlara has golaýdyr. Ulaglaryñ beýleki görnüşleri gitdigiçe çylşyrymlaşyp, olara erk etmek hem barha kynlaşýar. Welosipedi sürmäge höwes eden her bir adam bolsa ýüregunde beslän arzuwyna ýeñillik bilen ýetip bilýär.

Welosipedi oýlap tapan adam adamzadyñ uly minnetdarlygyna mynasypdyr.

Lord Çarlz BERESFORD.

*   *   *

Durmuş edil welosiped sürüşiñ ýalydyr. Deñagramlylygy saklamak üçin diñe öñe tarap hereket etmelidir.

Albert EÝNŞTEÝN.

*   *   *

Haçan-da, men welosiped sürüp barýan adamy görenimde, ýaş nesliñ sagdyn boljagyna ynamym güýçlenýär.

Gerbert UELS.

*   *   *

Welosiped hemişelikdir. Şu wagt ol siziñ durmuşyñyza baý many öwüşginini çaýýan gözbaşdyr. Men günde welosipedli maşklary ýerine ýetirýärin. Siz welosipediñizi münüñ-de, sagatda ýigrimi mil tizlikde ýollarda, demir ýoluñ gapdalynda, köprülerde sürüñ, hiç kim bilen çaknyşman, mähelläniñ arasyndan böwsüp geçiñ. Elbetde, bu ussatlyk. Men siziñ üç sagatlyj welosipedli gezelençden soñra, öýe ýadaw halda dolanyp, dem-dynç alyp, ertirki gün ýene-de şu gyzykly gezelenji gaýtalamagyñ arzuwynda boljakdygyñyzy bilýärin.

Jek LONDON.

Категория: Sport we turizm | Просмотров: 24 | Добавил: Has | Рейтинг: 3.8/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: