11:32
Watana howp etjek üç apat

WATANA HOWP ETJEK ÜÇ APAT

Hüşgär boluñ,
häzir boluñ,
haýyşym
Döwlet galkyp
Daş ýaranda bagtyñyz,
Süleýman deý ýel çekende tagtyñyz,
Berkarar çagtyñyz,
boluñ habardar.
Aly kändir haýynyñ,
Ýoly kändir haýynyñ,
Çar tarapdan rysgal-döwlet gelýändir,
hem-de
çar tarapdan howp-hatar bar

Bu bir agyp-dönüp duran dünýedir,
Gerdiş-gerdany kän çarhypelegiñ.
Bir abadan ili açlykdan ýyksa,
Bir ili ol dokluk bilen düñderer.
Doñuz depä çyksa,
Il aglak çyksa,
Duýman durkañ
düñderiler dünýeler!

Hüşgär boluñ,
häzir boluñ,
jahanda
Kyndyr,
Örän kyndyr gurmak - gurulmak.
Ýüz ýylda gurulan uly döwleti
Ýeke günde ýykyp biler gurrumsak!
Haýyşym,
Alyna gitmäñ haýynyñ,
Ata-baba ýoluñyzdan daş düşmäñ,
Hudañyzdan,
diniñizden daş düşmäñ.
Nalaç galar
Iç duşman hem daş duşman!

■ BIRINJI APAT (AZGYNLYK)

Hüşgär boluñ,
häzir boluñ
haýyşym,
Döwlet galkyp,
Daş ýaranda bagtyñyz
Berkerar çagtyñyz 
eserdeñ boluñ.
Aly kändir,
Ýoly kändir haýynyñ,
Eger bela-beter gelse dok ile
Öñi bilen azgynlykdan gelýändir!

Beýikligiñ -
myrtar pesligi bardyr,
Doklugyñ -
ýigrenji mesligi bardyr.
Pelek
pälwan ýaly arşa göterip
Aýlap-aýlap,
Başyñ aýlap ýykýandyr!

Açlygy mert çeken ilim,
Zybanyñda sena bardyr,
Hüşgär boluñ, hüşgär boluñ,
Dokluk atly bela bardyr.
Ol beladan goranmaga
Ne pena,
ne gala bardyr.
Abat ili weýran etjek
haramhordur!
haramhordur!

Azgynlykdan geler belañ ulusy,
Kart bilen pal atar iliñ welisi.
Gölegçi patada al şerap içip,
Gusul görmän gider mundan ölüsi!

Ulug pirler imanyndan aýrylar,
Ulug ärler ynsabyndan aýrylar,
Durmuş humar bolup keýpi-sapada
Gözel gyzlar ajabyndan aýrylar,
Ýaş gelinler ekramyndan aýrylar,
Dost duşman bor,
Dogan bolup saýrylar.

Bela gelse -
garagyñy gapdyrar,
Bela gelse betpäliñden tapdyrar,
Lut pygamber ýaly abadan ýurduñ
Gara ýere hopdurar!
Bela gelse,
baýlyk bereket gider,
Rysgal-döwlet gaçyp çykar törüñden.
Dowzaha aýlanyp zeminiñ üsti,
Ot sowrular atalaryñ görinden!

Bela gelse -
hatar-hatar kerweniñ,
Kerwenbaşy talañçy hyrs çykýandyr.
Bela gelse -
gerçekleriñ, nerleriñ,
Gerräniñ başynda
Dyza çökýändir!

Bela gelse -
apat alar jahany,
Aýagyñ astyna düşer namys-ar,
Bir pul bolup gelin-gyzyñ bahasy
Namyssyz il ne-hä ýurduny gorar,
Ne-de watany!
Türkmen, seniñ Tuguñ namysdyr-ardyr,
Köñlüñ kanagatly, ruhuñ-da baýdyr.
Hüşgär boluñ,
häzir boluñ,bek biliñ,
Doklugyñ ýanynda doñuzluk bardyr,
Baýlygyñ ýanynda azgynlyk bardyr!

■ IKINJI APAT (MEN - MENLIK)

Bardyr her milletiñ bir ejiz ýeri,
Seniñ ejiz ýeriñ - aýan milletim!
Dereleriñ aždarhany owsarlap,
Kä öziñe owsar salyp bilmediñ.

Däli Domrul bolup, iliñe sygman,
Köpri gurduñ gury çaýyñ üstinde.
Güýjiñe bäs gelmän,
Donuña sygman
Garşydaş tapmadyñ asman astynda.

Daglarda garpyşdyñ gara döw bile,
Düzde Ezraýyla gurduñ darkaşy.
Sen bäs gelmän gaýratyña, dogmuña,
Beýik mertebäñden
Aklyñ dargady!

Men-menlik eýlärsiñ Görogly bolup,
Az görüp jahanyñ ýaryn baglanyñ,
Pygamberiñ kürsisinde oturan
Halyfyna
hemle atyp Bagdadyñ!

Men-menlik eýlärsiñ Alp Arslan bolup,
Men-men diýip daş düşer sen Allañdan.
Zeminde garşyña gitjek tapylman,
Käte saña towky geler asmandan!

Sen beýik türkmensiñ,
Gerçek türkmensiñ,
Mähribansyñ, gara ýer dek türkmensiñ,
Nije müñ ýyl ýüzin salyp dor atyñ
Ýüz müñ, ýüz müñ duşmanyñdan rüstemsiñ.
Soltan bolup,
ýedi yklymy soradyñ,
Soltan bolup Watanyñy goradyñ,
Goranyp biler sen ýüz müñ duşmandan,
Seni men-menlikden Allam gorasyn!

"Sen","sen" diýseñ beýgelersiñ türkmenim,
"Sen","sen" diýmek bu jahandaderkardyr,
"Men","men" diýen çagyñ peselersiñ sen,
Ýöne nätjek...
...adyñda-da men bardyr!

■ ÜÇINJI APAT (AGZALALYK)

Meniñ size sargydym bar pendim bar:
Söýüp sarpa goýuñ birek-birege,
Söýüp arka boluñ birek-birege !
Rysgal-döwlet ýagýar,
Muhabbet ýagýar
Agzybirlik pajarlasa nirede!
Bela gelmez agzyñyz bir bolanda,
Beýiksiñiz
bir bolanda agzyñyz!
Dargydyp bilýändir uly döwleti
Agzyny alardyp
betpäl Tañrysyz!
Türkmeniñ başyna bela gelende
Gelendir mydama agzalalykdan,
Allanyñ hakyna agzybir boluñ,
Watanyñ hakyna agzybir boluñ,
Unutmañ:
ýalkanan
halksyñyz Hakdan!

Unutmañ taryhyñ hakykatyny:
Dünýä düşünmäge dana gerekdir.
Iki dogan:
Abyl bilen Kabyly
Duşman edip bilýän çarhypelekdir!
Elli asyr bäri dogandyr türkmen,
Şol doganlyk syýasatyn ýörediñ!
Uýup Oguz handan galan akyla
Bir Allanyñ hakyna!
Bir Watanyñ hakyna!
Bir milletiñ hakyna!
Agzyñyzy,
diliñizi bir ediñ!

Türkmen beýik döwlet gurup bilýändir!
Taryh şaýat!
Guran döwleti kändir!
Gorabam bilýändir guran döwletin!
Söýüp sarpa goýuñ birek-birege,
Söýüp arka boluñ birek-birege,
Dogan bolup ýaşamany öwreniñ!
Rysgal-döwlet ýagýar,
Bereket ýagýar
Agzybirlik pajarlasa nirede!

Alla bir millete gargasa eger,
Öñi bilen onuñ aklyn dagadar.
Alla bir millete gargasa eger,
Öñi bilen
halkyñ agzy alarar!

Meniñ size sargydym bar, pendim bar,
Gulak goýuñ, iniler hem agalar!
Hergiz melgunlaryñ toruna düşmäñ.
Ýeñendir
türkmeni
hut türkmen bilen
Eger ýeñen bolsa
Türkmeni duşman!

Sekiz asyr arzuwyñdyr bu döwlet,
Bu döwletiñ ak patasy hakdandyr!
Agzybirlik -
onuñ sarsmaz binasy,
Ömri - adyllykdan,
Adalatdandyr!
Agzyñyz alarmasyn,
Agzyñyz alarmasyn,
Ýerden-gökden üstimize
Howup-hatar abanmasyn!
Agzybirlik - eradasy Allanyñ,
Agzalalyk - melgunlaryñ matlaby.
Alla hoşal bolup bakar asmandan
Agzybir ýaşasa dünýäň halklary!

Elli asyr bäri dogandyr türkmen,
Şol doganlyk syýasatyn ýörediñ!
Uýup Oguz handan galan akyla
Bir Allanyñ hakyna,
Bir Watanyñ hakyna!
Bir Diýaryñ hakyna!
Agzyñyzy bir ediñ!
Agzyñyzy bir ediñ!

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.

Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Has | Теги: Saparmyrat Türkmenbaşy | Рейтинг: 1.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: