19:33
Watan ogly men

WATAN OGLY MEN

Mertlik gaýduwsuzlyk siñen ganyma,
Watanmyñ nesli men, watan ogly men.
Topragymy deñeýärin janyma,
Watanmyñ nesli men, watan ogly men.

Gerek bolsa geçerin men serimden,
Emma geçmerin men dogduk ýerimden.
Söýýärin ýurdumy jan jigerimden,
Watanmyñ nesli men, watan ogly men.

Asudadyr,parahatdyr asmanym,
Gülzara öwrüldi bugün çaryanym.
Bu sözler meñ göwnümdäki beslänim,
Watanmyñ nesli men, watan ogly men.

Okaýan,öwrenýän hemem döretýän,
Ösýän döwrüm bilen ädim ädýän.
Buysanç bilen yene gaýtalap aýtýan,
Watanmyñ nesli men, watan ogly men.

Ýürek joşup çeşme-çaý deý gaýnaýar,
Sähralarda göwün guşum ýaýnaýar.
Ellerimde dutar-gyjak oýnaýar,
Watanmyñ nesli men, watan ogly men.

Jennete meñzeýän erem bagym bar,
Waspy soñlanmajak ajap çagym bar.
Başynda Gahryman Arkadagym bar,
Watanmyñ nesli men, watan ogly men.

Nurberdi GOÇMEDOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: Can-Kurt | Теги: Nurberdi Goçmedow | Рейтинг: 3.5/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Ajaýyp!!!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: