19:55
Wagt giñişligini ýeñip geçen närse

WAGT GIÑIŞLIGINI ÝEÑIP GEÇEN NÄRSE

● Hat-ýazuwyň taryhy hakynda
    
Taryhymyzda, edebiýatymyzda gymmatly maglumatlary asyrlaryň jümmüşinden şu günlerimize getirýän zat ýazuw ýadygärliklerimiz bolup durýar. Ilkibaşda tebigatdaky aýry-aýry predmetler haýsy-da bolsa bir zady habar  bermegiň, ýatda saklamagyň ilkinji serişdeleri bolup, «Predmet ýazuwy» hyzmat edipdir. Olar haýsy-da bolsa bir zady aňladýan, habar berýän alamat bolup çykyş edipdir. Mundan başga-da düwün ýa-da ýüp ýazuwy hem bolupdyr. Meselem: Ol taýaga daňlan dürli reňkli hem-de örülen ýa-da işilen, düwülen ýüplerdir. Düwülen gyzyl reňkli ýüp goşuny, ýaşyl reňkli ýüp däneden bişirlen çöregi, sary reňkli ýüp altyny, puly aňladypdyr.
Görşümiz ýaly, zerurlyk maksady bilen döredilen dürli zatlaryň üsti bilen düşünje aňladylyp, ýuwaş-ýuwaşdan ýazuw ösüp başlapdyr. Aslynda, ýazuw görmek arkaly kabul edilýän, çyzylmak, oýulmak arkaly  döreýän belgileriň jeminden emele gelýär. Ol öz üstünden üç ösüş etabyny geçipdir. Olaryň içinde iň gadymysy hasaplanýan piktografiýa ýazuwydyr. Piktografiýa sözi latyn we grek diliniň goşulmagyndan emele gelip, «pictus»-latynça-surat «grapho»-grekçe-ýazýaryn diýen manyny aňladýar. Bu ýazuw gadymy zamanlarda gowaklaryň, gaýalaryň, daşlaryň we süňkleriň ýüzüne çyzylypdyr ýa-da surat görnüşinde çekilipdir. Şol çyzgylara, suratlara bolsa piktogrammalar diýilýär. Bu ýazuwda togalak şekil we onuň içinde nokat ýerleşdirilen bolsa, onda ol Gün manysy aňladypdyr ýa-da üçburçluk bolup, ýanynda-da kiçiräk toýnuklar goýulan bolsa, bular dag manysyny beripdir. Şol piktogrammalar öz aňladýan düşünjeleri bilen biziň günlerimizde hem ýitmän  saklanyp galypdyr. Meselem: Şol wagt iki sany aýak – ýöremegi aňladypdyr. Häzirki wagtda bolsa ýollarymyzyň pyýada geçelgelerinde adam şekiliniň goýulmagy piktogrammanyň nyşany bolup durýar. Bu bolsa ýoluň şol ýeri pyýada ýolagçylar üçin niýetlenendigini aňladýar. Mundan başga-da iki sany birikdirlen  ýürek söýgini aňladypdyr. Häzir bolsa biz gyzyl gülleriň üsti bilen söýgini aýan  edýäris. Diýmek, biz şolaryň üsti bilen bir zady habar berýän bolsak, onda gülem,  belgilerem piktogrammalar bolup biler. Bu bolsa piktografik ýazuwynyň häzire çenli saklanyp galanlygyny görkezýär. Ol ýazuw dürli-dürli özgerişlere sezewar bolup, kämilleşip gelipdir. Olary biz gündelik durmuşymyzda görýäris. Delil hökmünde olara köçe-ýol  hereketiniň belgileri-de mysal bolup bilerler. Biz gadymy taryhymyzy şol ýazuwlar  arkaly öwrenýäris. Ýazuw wagt giňişligini ýeňip geçýändir. Diýmek, piktografiýanyň kämilleşen piktogrammalary häzirki döwürde hem gadyr-gymmatyny gaçyrman gelýär. Olar ýollarymyzyň asudalygyny, şeýle-de sürüjileriň, raýatlaryň işleriniň aýdyňlaşmagyna ýardam edýär.
 
Garahanjar BAÝHANOW.

Категория: Türkmen dili | Просмотров: 31 | Добавил: Has | Теги: Garahanjar Baýhanow | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Gowy, peýdaly material.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: