01:54
Uzak ýaşa Uýam, Mylaýym!

Dünyädäki ähli gowluklar durmuş basgancagyndan cykan her güniñ yörän ýodalaryna düşelsin! Sen bu gün bir köneje ýaşyñy dyndym etip arzuwy, umydy, saglygy, agzybirligi... bilen täze ýaşyña gadam basdyñ uyam. Gynanma wagt çalt gecýär diyip. Gowy gūnler calt geçýändir. Hemde bu çaltlykda bolýar. Ýöne yzda goýan ýaşyñ gowy wakalara baý bolsun (nåhili bolanda-da maña sen yaly jora sowgat berdi). Geljegiñe gadam basan her täze gūn öñki dynan gūnūñden has owadan, isleglerine görä we seni bagtly etjek görnüde bolmagyny dileýän. Ýūzūñde elmydama ýylgyryş bolsun, çūnki bu saña juda gowy gelişýär.
Uzak ýaşa joram!!!!!
Manyly ömūr sūrüñ, agyr ýūküñ abraý bolsun.

Milana uýama bagyşladym.

Ýalan aýdyp ýaranmadyñ,
Çyny aýdyp ýalbardyñ sen.
Örüsi giñ namarda däl,
Köñli baýa gol berdiñ sen.

Şo ýol bilen gidiberdiñ,
Gyryp ýalanlaryñ kökün.
Şonuñ üçin sylag boldy,
Gerdendäki agyr ýüküñ.

Çolaşmadyñ ejizligiñ,
Üzülmeýän tanapyna.
Sen mert bolduñ ýowuz ykbal
mündürse-de gam atyna...

Aýbyny ýüzüne aýdyp,
Ýeñseden öwdüñ ýagşyny.
Hemmeden beter ýigrendiñ,
Ejize ganym wagşyny.

Sülgün Bazarowa

Gutly bolsun, Mylaýym, doglan günüňiz!

Ýaz güli deý, ýaza meňzeş, doganym!
Şatlykdan ýylgyryp dursun ýúzüñiz.
Allam wysal etsin arzuwlarñyzy,
Gutly bolsun, Mylaýym, doglan günüňiz!.

Saçaklaryñ kememesin nygmaty,
Artsyn bir-biregiñ gadyr hormaty,
Mydam óñe gitsin bagtyñ ak aty.
Gutly bolsun dogan, doglan günüňiz!

Maşgalañyz bolsun agzybir abat,
Ýoluñyz ak bolsun janyñyz sagat,
Mydam bagtlylygyña bolaýyn şaýat.
Gutly bolsun dogan, doglan günüňiz!

Şatlyk sizi hiç haçan terk etmesin,
Sizi gaýgy-hasrat hiç aglatmasyn,
Allam ózi penasynda saklasyn,
Gutly bolsun dogan, doglan günüňiz!

Sùyji durmuş size etjek dilegim,
Siziñ bagtyñyzy islar ýùregim,
Sùytdeş doganym deý eziz gòrenim.
Mâhribanym, gutlaýan, doglan günüňiz!
Size goşgy ýazdy Söhbet jigiñiz...

Söhbet Orazmuhammedow.

Категория: Gutlaglar | Просмотров: 65 | Добавил: Gülzyýada | Рейтинг: 5.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 8
2
1  
Men mydama ýekelikde galanymda ALLAdan dileg-doga  edýän.Saýtda Mylaýymyň doglan güni mynasybetli gutlag bar eken.Şu günki dileglerim Mylaýym üçin bolsun.(Gynansamam hakyky adyny bilemok,ALLA bilýär, Özi kabul etsin)
ALLAjan, eý Rebbim,saňa sygynýan, Özüňden dileýän hiç wagt tanamasam-da dileglerim Mylaýym üçin bolsun.Bu ynsany öz penaňda aman sakla, bendäňe mätäç etme,ojagyna agzybirlik,jan-saglyk,uzak ömür,bagtly maňlaý,il-içinde abraý ber. Göze görüner-görünmez ähli bela-beterden,howp-hatardan,şeýtanyň şerinden,ýalan töhmetden özüň gora. Onuň ýüregindäki ähli ýagşy arzywlaryny hasyl et, ýüregine giňlik ber,bu kyn dünýäde  ALLAhalar adam bolup ýaşamaga güýç-kuwwat ber.

1
2  
Ämin aydanlarynyz şu säher cagy kabul bolsun Enşallah...

2
3  
Mylaýymjan!!!Goý ýagşy dilegler derdiñe derman bolsun.Bize paýlaýan mähriñ ömrüñe ömür goşsun uýam.

1
4  
Armansyz ömür arzuw edýän, Mylaýym. flower

1
5  
Tükeniksiz mähir-muhabbetiñ, hormat-sylagyñ içinde gulaçlap uak ýaşa we abraýly ömür sür! smile

1
6  
Doglan gunin gutly bolsun size taze yasynyzda Alladan bagt,tylladan tagt, rysgaldan pay,soyguden serpay ecilmegini dileyan!!!

2
7  
Doga-dileg edýän adamlaryň nätanyşlygyna garamazdan golaý garyndaş ýaly kabul edilmeginde galar kalbymda. Sebäbi, ähliňizde adaty bolmadyk mähribanlik duýulýa. Men şu saýtda ylym-bilimem zerur elbet-de, ýöne medeniýet, bir-birege bolan sylag hormaty gördüm. Bu bolsa, adamym adamkärçilikleriniň iň beýikligi diýip hasaplaýan.
Şonuň üçinem ähliňize hormatym uludyr. Bizi sylany Alla sylasyn!
Dost-doganlygy jemleýän we bilmedigmizi öwredýän bu Saýta we Adminine minnetdarlygymyň çägi ýok! Gatnaşyk uzakdan bolsun, doganlar!

1
8  
Janyñ tut yaly sag ömrüñ asyrlar ýaly uzasyn!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: