07:28
Umyt hasyl bolanda

UMYT HASYL BOLANDA
    
Bu günem hemişekilerim ýaly işden çykyp, öýe tarap pyýadalap ugradym. Nobatçy bolamsoň, işden biraz gijräk çykmaly boldum. Öýümizem iş ýerimden gaty bir uzakda bolmansoň, howlukman ýöräp barýardym. Howa salkyndy. Adaja öwüsýän bahar şemaly ýüzümi sypap geçýärdi. Şeýle günlerde gezim etmek meniň üçin juda ýakymly. Ähli zady hyýalyňda saldarlap, ölçemek üçin şundan amatly pursat ýokdy. Ine, birden hyýalym ýaz paslynyň gelmegi bilen mundan on ýyl töweregi öň bolup geçen wakalaryň jümmüşine gaýdy oturyberdi...
Ol wagtlar biz orta mekdebi tamamlap ýördük. Synpdaşlarymyzyň ählisiniň esasy pikiri geljekde haýsy käriň eýesi bolmak, nirelere okuwa girmek baradady. Kimiň lukman bolasy gelýärdi, kimiň mugallym, garaz, her kimiň öz dünýäsi, öz bolsadysy bardy. Gönimden gelmeli bolsam, o wagtlar bellibir käri saýlap ýetişipdim diýip biljek däl. Durmuşyň şeýle aýgytly pursatlarynda geljegime biparh garamagymy näme bilen düşündirjegimem bilemok, dogrusy. Ýöne islendik sebäbi saýlap tutaýamda-da, şolaryň içinde synpdaşym Döwlet bilen baglanyşykly sebäp esasy orna geçermikä diýýärin.
Döwlet synpymyzda iň bir göreldeli okuwçydy. Oglanlaryň arasynda-da ol gowy häsiýeti, beýlekilerden has ökde okaýandygy bilen tapawutlanýardy. Özem haçan görseň gözüni menden aýyrmazdy. Nirädir bir ýerlere gitmekçidigimi eşidäýse dagy, howsala düşüp, başagaý bolardy. Munuň sebäbini soraýanymda-da, ondan subutly bir düşündiriş alyp bilmezdim, şonuň üçin bu zatlara çynlakaýlyk hökmünde garamalydyram öýtmeýärdim.
Ahyrky synaglarymyzy hem üstünlikli tabşyrypdyk. Şeýle günleriň birinde Döwlet ikimiziň aramyzda hiç haçan ýadymyzdan çykmajak gürrüňdeşlik bolup geçdi. Nähili bolanyny bilemok, ýeke oturanymy peýläp, Döwlet meniň ýanyma geldi. Ilki bilen gözüme ilen zat — onuň özüni alyp barşynda, söz urşunda nähilidir bir çynlakaýlygyň aýdyň duýulýanlygydy. Ol gürrüňe ýaýdanyp diýen ýaly başlady:
— Jahan, men okuwa barýan. Birden men okuwa girsem... Senem obada galsaň...
— Gowu-da girseň, okap, ýokary bilim alyp bilseň, oňa ýetesi näme bar?!
— Ýok, Jahan, men başga zat diýjek boldum. Birden men okuwa girip, bäş ýyllap aýraçylyk çekmeli bolsak… Gelýänçäm… Neme-dä… Sen maňa garaşarsyňmy diýjek bolýan-da?!
— Wiý, Döwlet, seň aýdyp oturan zatlaryň näme? Biz näme, bir-birege hoş söz berişdikmi? Bile okamak, synpdaş bolmak adamy hiç zada borçlandyranog-a, aý oglan?! Onsoňam men-ä özümi entek-entekler durmuş gurmak barada pikirlenerden has ýaş hasaplaýan. Aslynda, seniň özüňem bu zatlar barada ýeke gezek çynlakaý gürrüň edeňog-a. Onsoň teklip ýok, söz beren ýok, garaşmak barada gürrüň edip oturmak birhili gülkünç dälmi, Döwlet? Haýyş edýän, dostlugymyzyň hatyrasyna kine saklama menden. Men bu wagt saňa näme jogap bereýin? Onsoňam daýzam haçandan bäri ogly üçin meni sorap ýör. Men edil şoňa durmuşa çykaryn-a diýip biljek däl, ýöne şu wagt saňa-da hiç hili jogap berip bilmerin. Hany, sen entek okuwyňy bir birýüzli et. Galanynam görübereris-dä.
Döwlet çynlakaý keşbe girdi:
— Seň, belki, oýun ýadyňa düşýändir. Ýöne meniň welin çynym, Jahan! Meniň duýgyma haçanam bolsa birwagt düşünmegiň ahmal. Onsoňam... Aý, bolýa-la, indi munuň geregem ýokmuka diýýän.
— Aýtsana, Döwlet, bir zady başlaýaň-da, yzyny aýtman goýaýýaň. Seň özüň bir özüňe düşünýäňmi?
— Belki, ýalňyzlygymdan şeýledir, men kän şatlanyp bilemok.
— Şatlanmak nireden geldi indi şu ýere?
— Bor-la, Jahan, eger indi birek-biregi görmesek, onda bagtly bol! Hoş!
— Dursana, Döwlet, sen indi şeýdip gidiberjekmi? Iň bolmanda, hat bir ýazgyn, bolýamy? Men garaşaryn. Eşidýäňmi, Döwlet, hat ýazarsyň-a? Sen menden gaty görme. Garaşaryn diýýän saňa.
Bu pursady, gör, indi näçenji gezek ýatlaýaryn. Ýöne ol muny ýatlaýarmyka? Mümkin, ýatlaýanam däldir. Şunça ýylyň içinde nähili ýagdaý ýüze çykanda-da, menden habar tutardy. Belki, ol eýýäm öýli-işikli bolandyr. Kim bilýär...
Onýança-da nireden gelenini bilemok, bir tanyş ses adymy tutup gygyrdy:
— Jahan!
Men ses gelen tarapa seretmedim. Onuň kim bolup biljekligi hakynda pikirlendim. «Be, men bu sesi öň nirede eşitdimkäm?» Soňam yzyma gaňryldym. Adymy tutan ýigit eýýäm ýanymda peýda bolupdy.
— Salam, Jahan!
— Salam!
— Tanamadyňmy?
— Garaňkyň içinde känbir...
— Men-ä seni tanadym.
Men ör-gökden geldim:
— Döwlet, bu senmi? Bu, dogrudanam, senmi?
— Hawa-la, dagy kim bolsun?!
Azajyk dymdyk. Men geň galyp:
— Bolup bilmez, bu asla mümkin däl — diýdim.
— O näme üçin?
— Sen näçe ýyldyr görünmediň-ä. Şo-ol şähere okuwa diýip gidişiň.
— Okuwa gidip, soňam iş bilen galdym şo ýerde.
— Tanyş-bilişlerden sorasamam, okuwa diýip gideniňi bilýäler-de, nirededigiňi bilenoklar.
Döwlet sesine gussa goşup gepledi:
— Aý, näme, meniň yzymda alada etjek — ogluna garaşyp oturan enem-atam barmy?
— Beý diýme, seniň hossarlaryň il-gündügini unutma!
 — Wah, unudamok-la.
Döwlet biraz dymandan soňra açylyp, gepläp ugrady.
— Öýüňize barýaňmy?
— Hawa, bu gün nobatçylyk edemsoň, işden gijräk çykmaly boldum.
— Şeýlemi, ýör onda men seni öýüňize çenli ugradaýyn.
Döwlediň ene-atasy ir aradan çykansoň, mekdebi tamamlap, şol ýokary okuw mekdebine diýip gidişidi.
— Sen şodur-şodur, obada görünmediň-ä?! Asla oba gara bermeseň näme? Golaý garyndaşlaryňdanam sorap bolýarmy? Belki, oba gelibem gidensiň? Men içimde ençe ýyl bäri saklap gelen nämälim soraglaryma jogap alasym gelýärdi.
Döwlet bolsa arkaýynlyk bilen sözüni dowam etdi:
— Ýok, oba şondan soň baryp göremok.
— Saňa bir sorag bersem bolýarmy?!
— Ber.
Ol durky-düýrmegi bilen meniň näme diýerime garaşýardy:
— Sen näme üçin obany terk etdiň?
— Terk edemog-a, ine, gaýdyp geldim-ä men.
— Seniň şu obadan gideniňe näçe wagt geçdi?
— Aý, on ýyl töwereg-ä bolandyr.
— Az wagtam däl. Indi näme üçin geldiň şunça ýyldan soň?
— Men başarmadym.
— Nämäni başarmadyň?
— Seni unutmagy başarmadym. Obadan okuwa gidip, seni unudaryn öýtdüm. Sebäbi men seni gowy görýän.
— Sen maňa on ýyl mundan ozalam şeýle diýipdiň. Dogry, şo wagt aýdanyňa ünsem bermedim. Belki, o duýgyň nämedigine düşünen däldirin. O döwürler şu wagtkym ýaly çekinmän gürläp bilemokdym-a. Näme, ýa indi o zatlaram ýadyňa düşenokmy? Belki, oba bilen birlikde menem unudansyň?!
— Wah, ähli zat seniň diýşiň ýaly ap-aňsat bolsa bolmaýarmy?! Şu ýerden gidenimde kellämdäki bulam-bujar pikirleriň yzyna düşüp giden bolsam, gelenimde ýene-de şolaryň yzyna düşüp geldim.
— Hawa, sen onsoň teklibiňe razylyk bermen öýtdüňmi?
— Sen şo wagt daýzaň ogly üçin söz aýdýandygyny aýdypdyň-a.
Döwlet bu sözleri sesine öýke garyp aýtdy.
— Hawa, aýdypdym. Ýöne men oňa razylyk bermändim. Şol wagt ýüzüňe dikanlaga-da: «Arkaýyn bol, Döwlet, men oňa barjak däl, saňa barjak» diýip bilmen-ä. Ýaňyja aýtmadymmy şol wagtky çekinjeňligimiň nähilidigini. Dilim bilen aýtmanymda-da, meni gowy görenligiň çynyň bolsa, gözlerimdenem düşünerdiň. Gönüläp aýtmaly bolsa, seň özüňem birhili düşnüksiz hereket etdiň şonda, Döwlet.
— Menmi… Mümkin. Sebäbi seni bütinleý elden giderdimmikäm öýtdüm.
— Gaýa ýok, gopuz ýok ýerden menem, obamyzam terk edip gidiberipsiňdä, şeýlemi? Bir naçaryň ýüreginde uçgun döredendirin-ow, şol uçgun alawlap giden bolaýmasyn-ow diýen pikiri dagy golaýyňa-da getirmänsiň-dä? Iň bolmanda, o zatlaryň anygyna ýetjegem bolmadyň. Ýeri, şeýtmek bilen näme gazandyň, Döwlet, aýt-da?
— Meni bagyşla, Jahan. Şu geçen ýyllaryň dowamynda özüme erk edip, ünsümi başga zada sowjak bolup, kän synanyşdym. Ýöne nätsemem başarmadym. Sebäbi seni çyn ýürekden söýýärdim... Jahan, sen indi hiç zat diýjek dälmi?
— Men näme diýeýin saňa. Sen gideniňden soň menem okuwa gitdim. Okuwymam tamamlap geldim. Ýöne sen gara bermediň. Öýümizdäkilerem meni durmuşa çykarmakçy bolýardylar. Men bolsa ony-muny bahana edip, olara razylyk beremokdym. Daýzamyň oglunyňam halaýan gyzy bar eken. Bu zatlaryň ählisini jemläp aýtsam — saňa garaşýardym. Men bu sözleriň agzymdan nädip gaçandygynam bilmedim. Ýöne şo sözleri aýdyp bolanymdan soň aýaklarymyň ysgynsyz halda öýe tarap ädilip ugrandygyny duýdum. Öýe barybam hiç zat bilen ugrum bolmady. Hatda şo gije ukymam tutmady. Bu zatlaryň bary düýş ýaly bolup durdy. Döwlediň meniň bilen hoşlaşyp giden pursadyndan bäri, gör, näçe ýyl geçipdir. Ýüreklere ýyllaram hiç hili täsir etmeýän borly.
Ertesi işden gaýdyşyn ýene-de Döwlet bilen gabatlaşdym. Ol meniň işden çykaryma garaşan bolmaga çemeli.
— Salam, Jahan, gowumy ýagdaýlaň?
.— Salam, özüňem gowumy?
— Hawa, gowy... Düýnki üçin bagyşlarsyň-da. Men sesimi çykarmadym.
— Sen näme, gaty gördüňmi? Ara şunça ýyl düşse-de, ykbal ýene-de bizi birikdirdi. Belki, bu-da bir zadyň bähbidi üçindir. Men ykbal diýen zada ynanýaryn. Hemişe-de sen meniň ýanymda ýalydyň. Iň kyn pursatlarymda-da maňa kömege ýetişýärdiň. Biz şunça wagtlap görüşmesegem, ýüreklerimiz ýakyn eken. Maňa sensiz ýaşamak kyn, Jahan.
Men elimiň aýasy bilen ýaňagymdan ýyllaň dowamynda saklanyp gelen, indem böwedi böwsülen damjalary syldym.
 
Bägül KAKALYÝEWA, 
«Owaz» radioýaýlymynyň alypbaryjysy.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 78 | Добавил: Has | Теги: Bägül Kakalyýewa | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 3
1
1  
Oglana garañda gyzy kõp gürledipdir. Duýgyny has çuñlaşdyryp beren bolsa çeperçiligem ýokarlanardy..

1
2  
Guraksy. Hemem gahrymanlar hakyky durmuşdakydan üzňe, resmi gepleşýäler.

1
3  
Radioda okalyan suwjyk hekayalar-da, Sapa. Gaytam suwyny çykarypdyr, guraksy däl. biggrin

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: