20:10
"Uçmah patyşalygy": Selaheddin Eýýuby hakynda amerikan kinofilmi
"UÇMAH PATYŞALYGY"

Orta asyrlaryñ gandöküşikli haçly ýörişleriniñ öñüne bent bolup, yslam dünýäsini kynlyk bilenem bolsa, iki-üç asyryñ dowamynda gorap saklamagyñ hötdesinden gelen türkmenleriñ ata-babalarydyr. Biz muny türkmen dilinde neşir edilen "Mansuryñ taryhy", "Kämil taryh"... ýaly taryhy kitaplardan hem açyk görýäris. Şu kitaplary okanda, bir zada göz ýetirdim: Okan kitabyñy ýatda galjak we iñ täsirli şekilde özleşdirjek bolsañ, teleýaýlymlarda berilýän dokumental we çeper filmlere, şeýle-de internetdir başga çeşmelerden goşmaça maglumatlara ser salyp görmeli. Bu boýunça internete girenimde ilkinji ýüzlenýän salgym www.kitapcy.ml saýty boldy. Kitapcy.ml saýtynyñ taryhymyza degişli berýän maglumatlarynyñ diñe bir öz ýurdumyzdaky däl, eýsem daşary ýurtdaly türkmen taryhy bilen gyzyklanýanlaryñam ilkiniji ýüz tutýan saýty boljakdygyna şek-şübhäm ýok.
Bütin bu zatlary öwreneniñde otagyñ bir diwarynda dünýäniñ kartasy bolsa-ha hasam gowy, çünki ata-babalarymyzyñ hereket eden ugurlaryny janly göz öñüne getirip bolýar. Muny öz çagalaryñy daşyña üýşürip öwrenmegiñ lezzetini-hä, beýan etmäge sözem tapamok. Şanly taryhymyzy özümiziñ hakydamyzda dikeltmegiñ we perzentlerimizi ata-babalarymyzyñ gahrymançylykly ruhunda terbiýelemegiñ şundan amatly ýoly barmyka, heý?..
Ynha, şolar ýaly asylly pikirlere gümra bolup ýokardaky ýaly türkmen dilinde çykan kitaplary dörjeläp durkam, Nureddin Zeññi, Selaheddin Eýýuby, Jelaleddin Meñburny ýaly adyny yslam taryhyna hemişelik ýazdyran beýik türkmen şahsyýetleri barada düşürilen kinofilmler barmyka ýa ýokmuka diýen sorag döredi. Nureddin Zeññi we Jelaleddin Meñburny barada heniz kinofilme duş gelmedim. Emma kinodiskler satylýan dükana baranymda, Selaheddin Eýýuby barada hut Golliwud kinofilminiñ barlygyny görenimde, buýsançdan depäm gök diredi. Dogrusy, mundan öñ hunlaryñ batyr serdary Atilla hakyndaky taryhy temaly amerikan kinofilmine tomaşa edipdim. Ýöne häzire çenli yslam taryhy bilen baglanyşykly, onda hut türkmen taryhy bilen baglanyşykly amerikan kinofilminiñ bardygyny bilemokdym. Şol sanda Atilla hakyndaky kinofilm edil Selaheddin baradaky çeper kinofilm ýaly meni heýjanlandyrmandy. Gürrüñi edilýän bu çeper kinofilmiñ ady "Uçmah patyşalygy" ("Царство небесное" - "Kingdom of Heaven").
"Uçmah patyşalygy" belli amerikan kinorežissýory Ridli Skott tarapyndan 2005-nji ýylda surata düşürilipdir. Baş rollarda Orlando Blum, Liam Nison, Žeremi Aýrons, Ýewa Grin, Edward Norton ýaly dünýä belli aktýorlar oýnaýan bu taryhy kinofilmde Selaheddin Eýýubynyñ rolunda meşhur "Hezreti Omar" teleserialynda Hezreti Ebu Bekiriñ roluny hem janlandyran siriýaly meşhur aktýor Gassan Masut oýnaýar.
Filmde Selaheddin Eýýubydan we onuñ ýaşan döwründen söz açylýan bolsa, elbetde, gürrüñiñ haçly ýörişler baradadygy belli. "Uçmah patyşalygynda" Selaheddin Eýýuby musulmanlaryñ ilkinji kyblasy we pygamberler şäheri mukaddes Ierusalimi haçparazlardan gaýdyp almak ugrunda göreşýär. Film haçly ýörişleri we biri-birine duşman iki tarapyñ bu gandöküşikli uruşlara bolan garaýşyny ajysy-süýjüsi bilen adalatly suratlandyrmagy başarypdyr.
"Uçmah patyşalygy" esasan XII asyrdaky haçly ýörişlerden soñky Ierusalimden söz açýar. Musulmanlar üçinem, ýewreýler üçinem, hristianlar üçinem mukaddes saýylýan ýerlerde wagtyñ geçmegi bilen haçparaz hristianlar agalygy ele alýar. Şol ikiarada Fransiýada demir ussaçylygy bilen meşgullanan Balian öñ rysar bolan kakasy Godfreýi görmäge barýar. Ol kakasyny Ierusalimdäki dowam edýän parahatçylygy gorap saklamak üçin bile ýola çykmaga yrýar.
Ilkibaşda biraz ýaýdanmaç hereket edenem bolsa Balian kakasy bilen bile ýola çykýar. Şeýle-de bolsa ýolda ýüze çykan bir çaknyşykda heniz Ierusalime barmanka kakasy ýaralanyp aradan çykýar.
Soñ Balian Ierisalimiñ haçparaz koroly Boldwin IV bilen tanyşýar. Korol parahatçylygy gorap saklamagyñ özlerine baglydygyny aýdyp, ondan kömek soraýar. Ýöne korolyñ uýasynyñ adamsy, şäherde sözi geçginli bir rysar Guý de Lusignan jeñbaz biri we ol musulmanlara garşy uruşy dowam etdirmegiñ tarapdary.
Balian täze tutunan ýurdunda ornaşyp ýörkä Lusignanyñ we onuñ tarapdarlarynyñ musulmanlara garşy eden bir çapawulçylykly ýörişi zerarly asudalyk bozulýar.
Türkmenleriñ salyr taýpasynyñ gurt tiresinden bolan (Jumamyrat Gurbangeldiýew "Seniñ ýaşyñda", linki: http://kitapcy.ml/news/senin_yasynda_2_makalanyn_dowamy/2019-01-31-4904) Selaheddin Eýýuby goşun toplap Ierusalimiñ üstüne gaýdýar. Boldwin IV Selaheddiniñ öñünden çykyp onuñ bilen gepleşik geçirýär we parahatçylygyñ mundan beýläk dowam etmegi üçin pitneçileri jezalandyrjakdygyna söz berýär. Boldwiniñ sözüne ynanan Selaheddin Eýýuby goşunyñ başyny yza dolaýar. Lepra keselinden ejir çekýän we munuñ üçin maskaly gezýän Boldwin IV öz ölüminiñ golaýlaşýandygyny bilip tagta başbozar giýewi Lusignanyñ geçmezligi üçin uýasyna adamsy bilen aýrylyşmagyny we Baliýana äre barmagyny haýyş edýär. Balian tagty we bu teklibi ret edýär. Kän wagt geçmänem korol aradan çykýar. Täze korol Guý de Lusignan dessine uruş yglan edýär. Ol Baliany hem halap barmaýar, şonuñ üçin ony öldürmäge hem synanyşýar. Lusignan Selaheddin Eýýuba hem agyz urup görýär. Emma Selaheddin onuñ mazaly petigulysyny berýär. Mundan soñ Ierualimiñ goragy Balianyñ boýnuna galýar.
Uzak wagta çeken gabawyñ we aldym-berdimli söweşiñ soñunda Baliýan we Selaheddin Eýýuby özara ylalaşyga gelýär. Netijede Nureddin Zeññi Türkmeniñ birwagt arzuwlan şäheri Ierusalim we munuñ üçin taýýarlan serkerdesi Selaheddin Eýýuby Ierusalimi eýeleýär. Şäheri musulmanlara tabşyran Balian we haçparaz hristianlar gelen ýurtlaryna bakan ýola rowana bolýar.
Kinofilmiñ soñunda dogduk depesine dolanyp ýene öñküsi ýaly demir ussaçylygyny etmegi niýetine düwen Balian ýolda, Ierusalimi gaýdyp almak üçin täze haçly ýörişiñ başlandygyny eşidýär...
Uly çykdaýjyly (býužeti 135 mln $) bu çeper kinofilmiñ diñe kinoteatrlardan getiren girdeýjisi 208.300.000 $ bolupdyr. Mende ýiti täsirlenme döreden bu çeper kinofilmi tomaşa etmegime sebäp döredendigi üçin taryhy kitaplara, taryhçylara hemem şu saytda şol maglumatlary ýerleşdirip halk kõpçüligine ýetirene ullakan minnetdarlygymy bildirýärin. Film türkmen dilinde dublirlenip, türkmen teleýaýlymynda hem berilse, gör, nähili gowy bolardy.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 37 | Добавил: Nur | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 4.4/5

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: