05:20
Üçeklerden uçurylýan kepderiler
ÜÇEKLERDEN UÇURYLÝAN KEPDERILER

Bu guşlara seret,
Erkana,
köňül dek azat.
Bu guşlardan gözleriňi aýyrma,
Olar hüýr-peri dek
Asla hiç ynanyp bolmajak bir zat.

Eli ýetse, tutup bilse,
Ýa şolar dek uçup bilse,
Ol guşlary tüýt-müýt edesi gelýän,
Ýöne arman bilen hyrçyny dişläp,
Geplemän hiç zat
Dymyp duranlar hem kän.

Sesýetimden daşda
Gözýetimden bärde,
Bulutlara ýeter-ýetmez belentde,
Uçýär,
uçýar kepderiler.
Elbetde,
Biziň barýan aýlaw-aýlaw ýollarmyz
Asmandaky guşlar üçin düşnüksiz.
Hem üznüksiz
Pyrlanýar olar,
Başyny ýaýkaýan adamlar ýaly.

Kapasada duran her bir sagady,
Kepderiler üçin müň ýyla deňdir.
Sen olara seret
Aýyrma gözüň,
Olar özleriniň uçuşy bilen
Erkinligiň nämedigin öwredýär.

■ Dosta aýdylmadyk söz

Ýör gideli diýip,
Ýoldaş bol diýip,
Dosty öz dostundan haýyş edipdir.
Ol hem dost göwnüni ýykmaýan kişi,
Öz işini taşlap ýola gidipdir.

Gidipdir taň edipdir,
Gelensoň
Bir dert onuň ýakasyndan tutupdyr.
Otdan suwa,
suwdan oda oklanyp,
Kä gyzdyryp
Kä üşedip ýatypdyr.

Dosty bolsa asyl gara bermändir,
Şol gidişi...
Şol gidişi ýitipdir.
Dosty bende garaşypdyr her demde,
Wagt bolsa kän aýlanypdyr ötüpdir.

Ne ganymat bolýar,
Ne dosty gelýär,
Ýogsa olaň aralaram ýakyndy.
Dosty üçin ýola çykyp ýolugan
Keseljigne kaýyl bolup ýatyrdy.

Öýkesi-ökünji,
Kinesi, müýni,
Kä pursatda rüstem gelip özünden
Ejizlejek bolýar,
keselem basýar,
Ýöne ýeke söz çykanok agzyndan.

Dostum!
Meger ykbal synagna düşdüm,
Ho-ol gün seniň bilen ýola düşemde.
Ýöne durmuş haýsymyzy synaýar,
Bu günki gün meni baglap düşüge?!

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 20 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: