14:37
Üç ýüz million ýaşly bolt taryhy üýtgedip biler!

ÜÇ ÝÜZ MILLION ÝAŞLY BOLT TARYHY ÜÝTGEDIP BILER!

Russiýanyñ Kalužsk oblastynda alnyp barylan arheologiki barlaglaryñ dowamynda adamzat taryhyny gaýtadan gözden geçirmegiñ gerekligini görkezýän gymmatly tapyndynyñ üstünden baryldy.
Kremniý (Кре́мний, от лат. Silicium) elementiniñ agyrlygyndaky daşyñ icinden häzirki zaman tehnologiýasynyñ möhüm bölegi bolan bolt (perçinleýji hyrly demir) tapyldy.
Atomy bölekleme usuly bilen geçirilen ýaş seljermesinde bu boltuñ daşyñ içine mundan 300 million ýyl owal gaçandygy we onuñ ýaşynyñ daşdanam uludugy anyklandy. Barlagy geçiren rus arheology Dmitriýa Kurkowa şeýle diýdi:

"Tapan çakmak daşymyñ iññän gadymy tapyndydygyny bildim. Onuñ ýüzüni çotga bilen süpürişdirip-arassalanymda uçly bir zadyñ çykyp durandygyny gördüm. Ünsli seretdim welin, çykyp duran zat - bolt eken. Derhal muny anyklamaga girişdik. Geçirilen seljeriş testi munuñ akla sygdyryp bolmajak açyşdygyny görkezdi".

 ■ Antiki bolt

Içi boltly kremniý daşy Russiýanyñ ähli ylmy gatlaklary tarapyndan içgin öwrenildi. Geçirilen barlaglar boltuñ metalsöw häsiýetiniñ ýitendigini, onuñ daşyny gurşap alan molekulalaryñ demir molekulalarynyñ ýerini alandygyny we hasam beteri boltuñ "bolubilse dinozawrlar bilen ýaşytdaşlygy" resmi taýdan ykrar edildi.
Rentgen arkaly geçirilen barlaglar daşyñ içinden çykan bolt bilen birlikde, daşyñ içinde täsin geometrik şekilleri-de ýüze çykardy. Bu ynanyp bolmajak açyş rus alymlarynda "Adamzadyñ taryhyny täzeden ýazmaly bolarmy?" diýen soragy döretdi...
Bu babatda öñe sürülen çaklamalar şu aşakdakylardan ybarat:

■ Gapbarçanakdan düşdümikä?..

Käbir alymlaryñ çaklamasyna görä, bu bolt döwrümizden 300 million ýyl öñ ýer togalagyna syýahat eden başga saýýaralylaryñ kosmos gämilerinden atdanlykda düşen  bolmagy ahmal. Bu çaklamany etmäge mümkinçilik berýän iñ ýakyn zat bolsa Mars saýýarasynda ýaşan we soñra ýok bolan ýa-da başga saýýaralaryñ birine göçüp giden jemgyýetdir.

■ Kosmos zibilliginden düşdümikä?..

Ikinji bir çaklama görä bolsa, bular ýaly boltlar ýer togalagyndan millionlarça ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşen bir saýýarada ulanylypdyr. Bu bolt haýsydyr bir kosmos heläkçiligi netijesinde kosmos boşlugyna atylyp düşdi ýa-da zyñylan kosmos zibilliginden gaýyp düşdi we bir meteorite ilişip mundan 300 ýyl öñ ýere düşdi.

■ Gadymy dünýä siwilizasiýasyna degişlimikä?

Biziñ häzirki ýaşap ýören siwilizasiýamyz adamzadyñ dünýäde guran ilkinji siwilizasiýasy däl. Iññän gadymy döwürlerde, Nuhuñ tupanyndanam öñ, hatda dinozawrlar ýaşan döwründenem öñ dünýäde ösüp ýetjek derejesine ýeten siwilizasiýalar bolupdyr. Bu bolt olardan galan bolmagam ähtimal.

■ Ýa-da gelejekden geldimikä?

Daşyñ 300 million ýyl ýaşynyñ barlygyna anyk kepil geçýän rus alymlarynyñ öñe sürýän dördünji çaklamasy bolsa has täsin. Bolt demirsöw häsiýetini ýitirenem bolsa, ondan demir molekulalary tapyldy. Diýmek, bolt hakykatdanam demirden we onuñ iñ azyndan 300 million ýaşy bar. Ýagny bärde ýyl hasabyna hiç hili nätakyklyk ýok. Eger bu boltuñ kosmosdan düşmedigi doly anyklansa, onda ýeke-täk bir ýol galýar. Olam: wagtda geçmişe syýahat! Has takygy biziñ nesillerimiziñ nesilleri wagty böwsüp geçýän tehnologiýany oýlap tapdylar we biziñ ýaşaýan wagtymyzdanam 300 million ýyl yza syýahat etdiler. Şol edilen syýahatda-da şu kiçijik bolty gaçyrdylar. Ýagny, jedeli edilýän bolt 300 million ýyl yza syýahat eden nesilerimizden galypdyr.

 Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 60 | Добавил: Has | Рейтинг: 4.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Täsin çaklamalar.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: