06:03
Türkmenleriñ Türkmensähra döwleti

TÜRKMENLERIŇ TÜRKMENSÄHRA DÖWLETI
(1924 – 1925 ý.)

Türkmensährada ýaşaýan türkmenler Eýranyň şasy Ryza şanyň zulumyna garşy baş göterdiler. Eýranyň Horasan, Astrabat welaýatlarynda 1924-nji ýylyň maý aýynda garaşsyz Türkmen respublikasyny döretdiler. Adatça bolşy ýaly, türkmen täze döwlet döredende gurultoý geçirýär. Türkmensähra türkmenleri hem gurultaý geçirip, onda döreden garaşsyz türkmen döwletine Osman ahuny Prezident saýladylar.
Garaşsyz türkmen döwletini jar eden türkmenler kömek sorap Welikobritaniýa, Türkiýe ýüz tutýarlar. Ýaş döwlete kömek bermek maksady bilen Türkiýe öz wekilini iberýär. Welikobritaniýa hem ýaş türkmen döwletine goldaw bermäge söz berýär.
Türkmenleriň aýaga galmagyndan howatyr edip, SSSR-iň şol wagtky daşary işler ministri G.W.Çeçerin bu ýaş döwletiň haýdan-haý basylyp ýatyrylmagyny maslahat berip Eýran şasyna habar ýollaýar, ýaş döwleti basyp ýatyrmakda haýal-ýagallygyň zyýanlydygyny habarynda öwran-öwran nygtaýar. Bu döwletiň dörändigi baradaky habaryň Türkmenistana ýaýramagyndan howatyr edip Eýran bilen serhediň has ygtybarly goralmagynyň ugruna çykýar.
Şa Çeçeriniň maslahatyndan soň türkmenlere garşy jeza beriji goşun iberýär. Emma Allaýar hanyň 5 müň atlysy, Nepes serdaryň 2 müň atlysy, Gök serdaryň 500 atlysy birleşip, şanyň goşunyny ýeňýärler.
Ryza han Germaniýadan 25 uçar satyn alyp nemes uçarmanlaryny hakyna tutýar. 1925-nji ýylyň ýazynda dişine çenli ýaraglanan şa goşunlary şol ýylyň güýzüne çenli söweşýärler. Uçarlaryň kömegi bilen türkmen obalarynyň, ilatly ýerleriň üstüne üznüksiz bomba taşlaýarlar.

Osman ÖDE.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 37 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: