14:39
Türkmenleriñ raýatlyk uruşlary

TÜRKMENLERIŇ RAÝATLYK
URUŞLARY

Türkmen halkyna 74 ýylyň içinde berlen maglumata görä, zähmetkeş halk göýäki bolşewikleri gujak açyp garşylapdylar, baýlar, ýagny nadan, ýaramaz, rehimsiz adamlar bolsa basmaça öwrülipdir. Basmaçy eýsem kim? Olar nämäni basyp aljak bolýarlar. Öz topragynyň azatlygy, garaşsyzlygy ugrunda göreşen adamlara basmaçy (basmak sözünden dörän), ýaramaz adamlar diýip, zähmetkeş halky ynandyrmak üçin hökmürowan syýasatyň nähili tilsimatlara ýüz urandygyny halk garaşsyzlygyna ýetip bildi.
Bu gün bize türkmen halkynyň bolşewikleri gujak açyp, duz-çörekli garşylamandygy äşgär bolýar.
Men basmaçylyk diýlip atlandyrylan taryhy düýpli öwrenip, gahryman ata-babalarymyzyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşlerini raýatlyk urşy diýip atlandyrmagy we ol raýatlyk uruşlaryny üç esasda öwrenmegi makul hasaplaýaryn.
1. Türkmenleriň birinji raýatlyk urşy – 1920 – 1923 ý.
2. Türkmenleriň ikinji raýatlyk urşy – 1924 – 1925 ý.
3. Türkmenleriň üçünji raýatlyk urşy – 1927 – 1933  ý.

■ TÜRKMENLERIŇ BUHARA
GOZGALAŇY

1920-nji ýylda Buhara emiri Seýitalym bolşewiklerden özüni goramak üçin nöker ýygnamakçy bolýar. Ýöne türkmenler bu çakylyga barmaýarlar.
Nürkmenler Buhara emirine-de, bolşewiklere-de gulluk etmek islemeýärler, olar garaşsyz Türkmen döwletini gurmak isleýärler.
Şu pikir bilen halk aýaga galýar. 1920-nji ýylyň 23-nji awgustynda Sakarda Bäşim Serdar, Kerkide Gylyç Mergen Serdar halkyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşlerinde öňe çykýarlar. Bu halk gozgalaňlarynda Orsýetde, Ystambylda Gündogary öwreniş institutlarynda okan, bäş dili suwara bilen, türkmeniň garaşsyzlygy ugrunda göreşen Abdylhekim Gulmuhammedow köp hyzmatlary bitirýär, Buhara halk Sowet Respublikasynyň döredilmegine gatnaşýar, täze döredilen döwletde harby ministr bellenýär.

■ BASHA-BASLYK ÝYLLARY

Sowet hökümetiniň özüne ynamy ýokdy. Hökümet her bir adamda duşmanyň alamatlaryny görýärdi. Göräýmäge, her bir adam döwleti agdaraýjak ýalydy. Herhal, döwlet 74 ýyl saklanmagy başardy.
Sowet hökümeti zorluk usulyny başda diňe syýasy äheňler babatda ulanýardy. Ýöne ol soňabaka halk hojalyk wezipeleri babatda-da zorluk usulyny ulanmaga girişdi. 1920-nji ýylda geçirilen RK(b)P-niň IX gurultaýynda harby rewolýusion geňeşiň başlygy Lew Troskiý ýurdy konslagerler ulgamyna öwürmek teklibi bilen çykyş edýär. Onuň pikir edişi boýunça, «işçiler we daýhanlar zähmet esgerleri bolup», öz düzgün-nyzamy boýunça harby bölümlere meňzeş «zähmet bölümlerini» emele getirmelidi. «Zähmet esgerlerinden» kim-de-kim buýrugy ýerine ýetirmese, ol jezalandyrylmaga borçludy. Gurultaý bu teklip bilen şol wagt ylalaşmadygam bolsa, soňra bu teklip durmuşda peýdalanylyp ugraldy.
1928-nji ýylda RSFSR IDI-niň halk komissarynyň orunbasary N.Ýanson Staline hat üsti bilen ýüzlenýär. Ol hatynda tussaglary «ýatyryp bakman» uly gurluşyklarda: döwletiň çet künjeklerini özleşdirmekde, tokaý ýatyrmakda ulanmak barada teklibi orta atýar. Sosializm gurluşygynyň ýaýbaňlanyp, işçi güýjüne mätäçlik çekilýän döwürde bu teklip dessine goldaw tapýar, türmä düşýänleriň sany ham artdyrylýar.
1929-njy ýylda tussag edilýänleriň işini sudda seredip ýetişip bilmäninden, raýonlarda döredilen «üçlüklerde» (partiýanyň raýkomynyň birinji sekretary, raýispolkomyň başlygy we döwlet syýasy uprawleniýesiniň ýerli guramasynyň başlygy) sud edip türmä basmak hukugy berilýär. Şondan başlap, adamlar diňe bir ýerde däl, iki ýerde – sudlarda we «üçlüklerde» sud edilip, türmä basylyp ugralýar. Basha-baslyk ýylsaýyn artýar. Otuzynjy, kyrkynjy ýyllarda adamlar jak-jaklap ýürekden gülmegiň nämedigini unudyp ugradylar. Adamlar mydama duýdansyz bir betbagtçylyga garaşýan dek gorka ýaşaýardylar, dagdy bolupdylar, mydama pyşyrdaşyp gürleşýärdiler. Adamlar birek-birege gorky bilen seredýärdiler. Sebäbi günde-günaşa adamlar türmä basylýardy. Türmä basmak işine iki merkez hem ýetişip bilmänsoň, adamlary türmä basýan ýene bir merkez döredi. Ol «ikilik» diýlip atlandyrylýardy, «Ikilik» – SSSR-iň içeri işler komissary bilen prokurorydy.
«Üçlükler» iki hili bolupdyr: ýönekeý «üçlük» we aýratyn «üçlük». Ýönekeý «üçlük» tussaglary dürli möhletlerde azatlykdan mahrum edip, lagerlere ugradan bolsa, aýratyn «üçlük» öz göz astyna alanlaryna diňe iň ýokary atuw jezasyny beripdir.
Şu ýerde bir zada üns çekmekçi bolýaryn. «Üçlükler» nähili hem bolsa, tussag edýän adamlary bilen ýüzleşipdirler, 3–4 minuda çekýän sud etmede sud edýän adamlarynyň ýüzlerine durup, hiç bir babatda heňe gelmeýän töhmetlerini atypdyrlar, ýöne «ikilikler» sud edýän adamlaryny görmändirler, olar öz öňlerindäki uzyn sanawa gol çekipdirler. Bolany. Sanawda ýüzlerçe adamlar içalylykda, watan satmakda aýyplanypdyr.
Şeýle rehimsiz basha-baslyk ýyllary türkmenleriň güli çürtülipdi. Halkyň pähim-paýhasly, il-güne kän-kän peýdaly işleri edip biljek adamlar basylypdy. Men arada öz döwründe Türkmenistan hökümetinde ýolbaşçy wezipeleriň birinde işlän Oraz Şyhmyradowyň işleri bilen tanyşdym, onuň türkmen halkynyň intelligensiýasyndan öldüren adamlarynyň sanawyny, atan şyltaklarynyň ýazgysyny görenimde depe saçym üýşüp gitdi.

■ 1941 – 1945-NJI ÝYLLARYŇ BEÝIK
WATANÇYLYK URŞY WE AŞGABATDA
ÝER TITREMESI

Gökdepe galasy synyp, türkmen halkynyň agzynyň aşa ýeten ýyly bolmady. Beterinden beteri bar diýleni bolýardy. Beterinden beteri tapylýardy. Açlyk, gurakçylyk bir tarapdan, yzly-yzyna bolan ýowuz uruşlar ýene bir tarapdan türkmen halkyny halys tapdan düşüripdi. Raýatlyk uruşlary, Watançylyk uruşlary, basha-baslyk (bu hem halkyň maňlaýyna uruşdan ýowuz ýazgyt-urgy boldy!) halky halys tozdurypdy.
1941 – 1945-nji ýyllarda bolan Beýik Watançylyk urşunda 740 müň türkmen wepat boldy, onlarça müň adam maýyp boldular. Ol watandaşlarymyzyň ýitgilerini mal bilen, pul bilen ölçäp bolmaz, biz uruşda şehit bolanlaryň hemmesine Türkmenistan döwletiniň Milli Gahrymanlary diýip at berdik. Her ýylyň 8-nji maýynda biziň halkymyz Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary ýatlap geçýär, biz sadaka berip, aýat-töwir edýäris. Goý, olaryň ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun!
Halk uruşdan dynyp, ýaňy bir ýeňil dem alyp ugranda, ýene bir agyr urga sezewar boldy: 1948-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 5-den 6-syna geçilen gije 1 sagat 12 minus 5 sekuntda Aşgabatda we onuň golaýyndaky obalarda ägirt güýçli ýer titremesi boldy. Bary-ýogy 10 sekunt dowam eden, ýöne güýji 10 balldan ýokary bolan elhenç sarsgyn süýji ukuda ýatan şäheri ýer bilen ýegsan etdi. Şäher doly weýran boldy. Paýtagtymyzda ýaşaýan 198 müň adamyň 176 müň adamy sähel salymyň içinde şehit boldular. 
Ýer titrän pursady gije ýarymdan agan-da bolsa, TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Şaja Batyrow, respublikanyň beýleki ýolbaşçylary heniz işlediler. Sebäbi Stalin gije işlemegi gowy görýärdi, şonuň üçin ýurduň ähli ýeriniň ýolbaşçylary Staliniň ýörelgesine eýerip, gijesine işleýärdiler.
Aşgabadyň Garaşsyzlyk binasynyň häzirki duran ýeri merkezi meýdan gospitalyna öwrülipdi.

Osman ÖDE.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 41 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: