21:35
Türkmenleriñ mertebeleri

Mähirli we rehimli Allanyň ady bilen!
Men bu işi mähriban we rehim-şepagatly Allanyň ady bilen başlaýaryn. Ol ähli nygmatlaryň eýesidir. Alla hemmäni dogry ýola salyp, Özüne şükür etmegine ýardam bersin. Sizi we siz sebäpli başgalary-da ýalkasyn. Bizi we sizi dogry sözleýän, dogruçyllygyň tarapyny tutýan we hakykaty goraýan bendelerinden eýlesin. Bize hakykatdan
nesibimizi alyp, oňa görä amal edip, wagyz etmegi we hakykaty hak eýelerine ýetirmegi miýesser etsin. Oňa laýyk bolmaýanlardan eýlemesin. Hakykaty amala aşyrmak üçin diňe ylym öwrenen, ýöne ony amal etmeýän amalsyz kişilerden etmesin. Çünki Allatagala ylmy ynsana diňe bilsin diýip däl-de, tersine onuň bilen amal etsinler1 we Alladan gorksunlar diýip öwredendir2. Ynsan erbet we
çykgynsyz ýagdaýa duçar bolmazlyk üçin ylym öwrenmäge başlady. Howp-hatardan halas bolup, peýdaly zatlara meýilli bolandyklary üçin ylym
öwrenmekdäki kynçylyklara döz geldi. Öňki alymlar amal edýänleriň azlygy we wagyzçylaryň köplügi sebäpli
«bilýänler gürrüň berýänlerden, gürrüň berýänler amal edýänlerden has köp» diýipdirler. Ajaýyp sypatlar köp, ýöne şol ajaýyp sypatlary özünde jemleýän adam
az. Sebäbi amalyň sogaby nesýe, onuň ugrundaky zähmetler bolsa nagtdyr.
Seniň3 halypa4 tabyn bolmakdaky çäksiz höwesiň, onuň häkimiýetini goldamagyň, onuň hökümdarlygyna we soltanlygyna kiçijik hem bolsa ýetäýjek nogsanlyklardan howatyrlanmagyň meniň göwnüme ýarady. Şeýle hem, hernäçe gizlin bolsa-da, 5 halypanyň arzuw-hyýalyna ters zatdan gaça durmagyň, onuň garşysyna gizlin göreşýänleriň bir ýol tapmaklary, duşman bolanlaryň tapjak bir çykalgalary dogrusynda alada galyşyň barada sende gören zatlarym hem meniň göwnüme ýarady.
Hökümdardan ar almak isleýän, sebäpsiz ýere gaharlanýan, döwlet işlerinden kowlandygy üçin hökümetiň alyp barýan syýasatyny ýazgarýan, döwlet işlerini tankytlaýan, öz pikirlerini dogry hasaplap, nädogry zatlary aýdýan, hakykaty ýaşyryp, akylly-başly işlere garşy çykýan adamlar hökman bardyr. Hatda şolar
ýalylaryň käbirleri bütin milletiň ýolgörkezijisi, ýurduň raýatlarynyň wekili ýaly özüni halypalaryň we wezirleriň işlerine gözegçilik edýän derňewçileriň ornunda
goýup, döwlet işlerinde zyýany bolmadyk käbir ownuk kemçilikleri hem ulaldyp, çişirip görkezerler. Bu ugurdaky gowy zatlary göz öňüne tutmaz. Olar Muhammet
pygamberimiziň hadysynda getirilýän: «Bar adam ýok adamyň görmedik zadyny görer» diýen jümläniň manysyny kabul etmeýärler, ýagdaýyň neneňsidigini
görmedik adamyň, meseläniň düýp özeninden habarsyz kişiniň pikirgaraýyşlarynyň netijesizdigine düşünmeýärler.
Hökümdaryň daşynda wezipeden boşadylandygy sebäpli köňlüni kineden dolduryp ýören kişiler hem, bolelinligiň mes eden haramzadasy hem, öz hakyndan artyk alan betnebis kişiler hem bardyr. Beýle adamlar öz hetdini bilmeýändigi, güýjüniň ýetmeýändigi we haýyr işiň tarapdary däldigi üçin özüniň hökümdarda
galan haky bardyr we ol hak özüne berilmelidir öýderler.
Hökümdaryň töwereginde özi laýyk bolmasa hem, özüne ýagşylyk edilmegini isleýän, emma amatly pursatlardan, wezipesinden peýdalanyp, oňşugyny bolmalysyndan hem artyk üpjün edip ulumsylanýan, haklary bolmasa hem öz
paýyndan has köp talap edýän adamlar hem bardyr. Soltanyň hyzmatynda jemgyýetiň arasynda bulaşyklyk dörän mahaly «ýolbaşçy» bolýan, gozgalaň wagty
gygyryp ýören, özge wagt göz üçin hökümdaryň mertebesini beýgeldenden bolup, özüni edepli-tertipli görkezmekçi bolýan, kanunyň güýjüni pese düşürýän
pitneçiler hem bardyr. Onuň ýaly adamlaryň halanylmaýandygy üçin ýazgarmakdan başga çäre tapylmaz. Olar erbet habar ýaýratmakdan başga
özleriniň ýamanlyklaryny ýatyryp bilmezler. Boş hyýallardan başga zada bil baglamaz. Olar diňe ýalan habary ýaýradýan, şübhe içre gezip ýören, aldanan
adamlar bilen dostluk gurarlar.
Soltanyň daşynda hiç wagt peýdasy degmeýän, ýalançy, hiç zat başarmaýan, biçäre, iş oňarmasa-da özüniň iş başarýanlar bilen deň tutulmagyny isleýän,
gahrymanlardan hem ýokary derejäni arzuw edýän, ata-babasynyň gazanan abraýynyň üstüne öz gazanan täze abraýyny goşmaýan, abraý sapagyny6 öwrenmeýän,
edýän işlerini Alla üçin etmeýän, öz borçlarynyň nämedigini bilmeýän kişiler hem bardyr. Çünki hakykatyň manysyna göz ýetirmedik we batyly hakyky
ornunda goýup bilmedik adam sylag-hormat bilen ýagşylygyň arasyny nädip tapawutlandyrsyn?
Mundan başga-da, şuny hem bilgin, sen öz soltanyňy beýgeltmegi, halypanyň kömekçileriniň özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmegi ýola goýduň. Onuň
tarapdarlaryny we dostlaryny goradyň. Sen wepalylykda, haýyr işe kömek etmekde, haky goramakda, gör, nähili gowy kömekçi! Men seniň halypanyň işleri
bilen meşguldygyňy, muňa uly ähmiýet berýändigiňi, onuň duşmanlaryndan habarly bolup, dostlarynyň ýagdaýyny soraýandygyňy görüp, seniň halypa tabynlygyň
ýürekdendigine göz ýetirdim.
Alla hemişe seni halypa peýda getirýän ynamdar adamlardan eýlesin! Bize we saňa halypanyň söýgüsini bagyş etsin! Bizi we seni ýalan sözden, batyl ýollar bilen halypa golaýlaşmakdan gorasyn. Çünki Alla ähli öwgä we beýiklige mynasyp bolup, islän zadyny isleýşi ýaly ýerine ýetirýändir. Alla size uzak ýaş bersin! Sen maňa halypadan gorkýandygyň ýa-da ondan bir zat tama edýändigiň üçin däl-de, diňe Allanyň razylygy üçin oňa hormat-sylag goýýanlaryň mejlisinde bolandygyňy, bularyň arasyndan bir emeldaryň bolsa, beýleki oturanlara gezek bermän, ýolbaşçylary we wagyzçylary äsgermän, nädogry pikirleri aýdyp, sözlerine bat berendigini gürrüň berdiň. Onuň şeýle diýendigini aýtdyň: «Häzirki wagtda halypanyň goşuny bäş bölege bölünýär: horasanlylar,7 türkmenler, möwlalar8, araplar we ebnalylar».9 Sen soňra sözüňi dowam edip şeýle diýdiň: «Ol kişi öz ýanyndan bu birnäçe milletleri, dürli pikirli adamlary halypa boýun edip birleşdirmek meselesinde uly sylag we köp alkyş alandygy üçin nygmat beriji Alla
köp hamdy-şükürler etdi». Ýene-de şol mejlise gatnaşyp oturan Fath ibn Hakanyň10 halypanyň goşunynyň düzümini emele getirýän topar barada milletleri
bölege bölüp, nesil daragtyny aýry görkezip, olary biri-birinden tapawutlandyryp, aralaryndaky gatnaşygy üzňeleşdirip görkezýän ol kişä garşy çykandygyny, onuň
sözlerini ret edip ýazgarandygyny, goşunyň nesil daragtlarynyň biri-birinden uzakdygy hakyndaky pikirini inkär edendigini şeýle-de goşunyň esgerleriniň bir
synpdandygy ýa-da şoňa ýakyn ýagdaýdadygy baradaky pikiri öňe sürendigini gürrüň berdiň.
Fath ibn Hakanyň soňra ýene-de şeýle diýendigini beýan etdiň: «Men şuny bilýärin, horasanlylar bilen türkmenler dogandyr. Olaryň ýurdy birdir. Gündogar halky we ol ýurtlar baradaky garaýyş başgaça bolman, eýsem, birmeňzeşdir. Olar biri-birine örän ýakyndyr. Olaryň arasyndaky şejere daragty bir bolmasa-da, meňzeşdir. Türkmenler bilen horasanlylar käbir zatlarda biri-birinden tapawutly bolsalar-da, aslyýetinde olaryň ikisi-de Horasanda ýaşaýandyrlar. Türkmenler bilen horasanlylaryň arasyndaky tapawut araplar bilen ajamlaryň, rumlular bilen slawýanlaryň, zeňňiler bilen hebeşlileriň arasyndaky tapawut ýaly uzak hem däldir.
Tersine, bu iki toparyň arasyndaky tapawut mekgeli bilen medineliniň, çarwa bilen şäherliniň, dagly bilen düzliniň, dagda ýaşaýan taýlylar11 bilen düzde ýaşaýan taýlylaryň aýratynlygy ýalydyr. Huzaýlylar12 araplaryň kürtleri diýlip hasaplanýar. Şeýle hem, türkmenler horasanlylaryň bir bölegi hökmünde tanalýar. Horasanlylar bilen türkmenleriň arasyndaky tapawut düzde ýaşaýan bilen dagda ýaşaýanlaryň, beýikde ýa-da oýda ýaşaýanlaryň arasyndaky tapawut ýalydyr».
Arap taýpalary dilleri boýunça biri-birlerinden tapawutlydyr, daş keşbinde käbir aýratynlyklar bardyr. Meselem, olaryň biri-birlerinden tapawutlylygy temim
taýpasynyň13 ýokarky gatlagy bilen kaýs taýpasynyň14 aşaky gatlagynyň, howazyn taýpasynyň dili bilen Hyjazyň edebi diliniň başgarak bolşy ýalydyr. Munuň üstesine-de, bularyň dilleri birnäçe tarapdan hymýarlylaryň we Ýemen
mihlaflarynyň15 dillerinden has tapawutlydyr. Bu kowumlar daş keşbi, gylyk-häsiýeti, edim-gylymy we ahlagy taýdan biri-birlerinden tapawutlydyr. Ýogsa olaryň
ählisi arassa, sap araplardyr. Hawa, Allatagala her ýurduň halkyna özüne mahsus aýratynlygy berýär.
Horasanlylar bilen türkmenleriň arasyndaky ahlak we dil tapawudy kahtanlylar bilen adnanlylaryň16 arasyndaky tapawutdan has golaýdyr. Eger «Kahtanlylar bilen
adnanlylaryň atalarynyň aýrydygyna garamazdan, iki sany dürli atanyň ogullary birden nädip arap boldy?» diýen sorag ýüze çykaýsa, şeýle jogap bereris: «Sebäbi araplar bir milletdir. Olary has jebisleşdirýän zat – toprak, dil, edim-gylym, hyjuw, mertebe, hüý-häsiýet bolup, olar bir göwreden emele gelen ýaly biri-birine meňzeşdir. Kalbyň birdigi üçin ähli agzalar biri-birine meňzäpdir. Bu
arabaglanyşygy has ýakynlaşdyrýan özboluşlylyk we meňzeş garaýyşlar, käbir meselelerde ýüze çykýan bir pikirlilik ýa-da ylalaşylýan meseleleriň birnäçe taraplary olary has hem ysnyşdyrdy. Olar hemişe biri-birleri bilen jebisdigi üçin özlerini bir nesilden hasaplapdyrlar. Bu arabaglanyşyk soňra olar üçin ikinji bir baglanşyk bilen, ýagny gan baglanyşygy bilen ornuny çalyşdy. Olar özaralarynda biri-birlerine gyz berip, guda-garyndaş boldular. Guda-garyndaş meselesinde Yshak Ysmaýylyň dogany bolsa-da, adnanlylar Yshagyň ogullary17 bilen öýlenmekden gaça durdular. Kahtan Abaryň ogly bolsa-da, olary bu meselede goldadylar. Bu iki toparyň biri-birlerine öýlenendigi we guda-garyndaş bolandygy barada maglumat bar».
Sen ol emeldaryň pitne we özbaşdak bir topar döretjek bolýandygyny, Fath ibn Hakanyň bolsa, goşundakylaryň arasyny has-da mäkäm birleşdirmegi arzuw edýändigini aýtdyň. Mundan başga-da şeýle diýdiň: «Ebnadan bolanlar horasanlydyrlar. Çünki soňky nesil öz ata-babalarynyň nesil daragty bilen birdir.
Ata-babalaryň amal eden ýagşy işleri, öňden gelýän oňat häsiýetleri nesliň arassalygyny ýüze çykarýar».
Möwlalar18 araplara has meňzeş we olara iň ýakyn adamlardyr. Şol sebäpli hadysda olaryň birnäçe taraplary göz öňünde tutulyp, «möwlalar araplara degişlidir» diýilýär. Olar nesil, asaba19, miras meselelerinde araplardan hasaplanýar. Pygamberimiziň: «Bir kowumyň özge kowumdan getiren möwlasy hem olardandyr. Bir kowumyň ylalaşykly ýaşaýjysy olaryň bir bölegidir»20 diýen hadysy hem-de «Möwla bagy nesil bagy ýalydyr» diýen ýörgünli jümle bu sözleri tassyklaýar. Şonuň ýaly-da, bir taýpa soň goşulan adam hem şol taýpadandyr. Bu baradaky höküm öňki ýalydyr. Meselem, Ahnas ibn Şaryk sakyf taýpasyndan, Ýagla ibn Munýa (Munabbih) adawiýa ogullary taýpasyndan, Halyt ibn Urfuta uzra ogullary taýpasyndan bolsa-da, kuraýyş taýpasyna goşulýandygy sebäpli olaryň ählisi kuraýyş taýpasyndan hasaplanýar. Şol sebäpli haşym ogullarynyň azat eden gullaryna sadaka almak haram edildi. Çünki pygamberimiz olary arassa we päk hdiýip, öz maşgalasyna degişli etdi.21 Nesil daragty we garyndaşlyk bagy birmeňzeş bolsa-da, öňki gatnaşyk ýa-da ylalaşyk sebäpli pygamberimiz abdylmuttalyp ogullaryny abdyşems ogullaryndan ýokary tutupdyr.
Pygamberimiz hadyslarynyň birinde: «Araplaryň içinde iň ussat çapyksuwar Ukama ibn Mihman hem bizdendir» diýipdir. Şol wagt Zyrar ibn Azwa: «Ol biziň birimizdir» diýende, pygamberimiz: «Ýok, ol aramyza goşulandygy sebäpli bizdendir» diýip, jogap beripdir. Garaz, bir taýpanyň doganynyň oglunyň şol taýpadan bolşy ýaly, bir taýpa bilen ylalaşykly ýaşaýan hem şol taýpadan
hasaplanypdyr. Soňra şeýle diýdiň: «Bu düşündirişlere görä, türkmenleriň gelip çykyş, emele geliş ýollary hem araplaryň gelip çykyş ýollaryna meňzeşdir. Hatda olaryň käbir özlerine mahsus özboluşly aýratyn häsiýetleri araplaryňkydan ýokarydyr. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, olar käbir sebäpler22 bilen araplara goşuldy. Esasan
hem, türkmenleriň iň arassa abraýly taýpasynyň mertebesi kuraýyşlaryň abraýly taýpasy bolan abdymennaf taýpasy bilen des-deňdir. Şoňa görä olar haşym ogullary bilen deň derejededir. Haşym ogullary bolsa, atyň ýaňagy, ýaş gyzyň boýny, göwher daş, sap altyn, sap dür, başdaky göz, bedendäki ruh, öňde saýlanyp duran burun, ýumurtganyň sarysy we ter bakja önümi ýalydyr. Eger şeýle bolsa, onda türkmenler bilen araplar bir nesil daragtyndandyr. Olar möwlalar bilen deňlige eýedir. Şoňa görä türkmenleriň şöhraty hiç bir mertebäniň, abraýyň, beýikligiň ýetmejek derejesine ýetdi. Şonuň üçin olar beýleki halklardan has beýik boldular».
Sen ýene şeýle diýdiň: «Olaryň ählisiniň biri-birine bagly bolan nesil daragtynyň uzak bolmagy mümkin. Olary jebisleşdirýän zat birek-birege bolan goldaw, halypa we döwlet ýolbaşçysyna tabynlyk, mähir-muhabbet we söýgüdir».
Soňra bularyň üstüne şuny-da goşduň: «Mejlisdäki ol adam beýleki milletleriň öwgüli we artykmaç taraplaryny taryplady. Olar hakda doly we giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenler barada hiç zat diýmedi. Ol ähli milletleriň özlerine mahsus bolan sypatlaryny deliller bilen beýan etdi. Ýöne türkmenler bilen baglanyşykly hiç zat aýtmady. Ol: «Horasanlylar özi barada şeýle diýýär» diýip, horasanlylar barada şeýle gürrüň berdi».

1 Bu ýerde Gurhany Kerimiň 61-nji («Sap») süresiniň 2-nji aýaty göz öňünde tutulýar.
2 Bu ýerde Gurhany Kerimiň 2-nji («Bakara») süresiniň 187-nji aýaty göz öňünde tutulýar.
3 Ýazar bu ýerde «sen» diýmek bilen, öz kitabynda ýazýan zatlaryny kimdir birine gürrüň berýän ýaly,
şonuň bilen söhbetdeş bolýan ýaly edip beýan edýär. Bu ýazaryň özboluşly edebi usuly, beýan ediş
täridir.
4 Bu ýerde «halypa» diýlende ýazaryň öz döwründe halypalyk eden, Bagdat halypalarynyň, umuman
hökümdarlaryň biri göz öňünde tutulýan bolsa gerek. Ol döwürde halypa Mugtasym halypalyk edipdir.
5 Bu ýerde kalbyňdaky arzuw-islegiňi hiç kim bilmejek derejede gizlin bolsa-da hatda şonda-da ters
pikirden daş durýan diýilýär.
6 «Abraý sapagy» diýlip, göçme manyda ahlak-sapak kadalary göz öňünde tutulýar.
7 Bu ýerde Eftaly türkmenleri göz öňünde tutulýar.
8 Arap taýpasynyň birine ylalaşylyp ýa-da azat edilen gullaryň bir sebäp bilen araplara degişli edilmegi
netijesinde kesekilere berlen at.
9 Ebna – Ýemende eýranlylaryň neslinden bolanlara berlen at.
10 Fath ibn Hakan – doly ady Abu Muhammet Fath ibn Hakan ibn Ahmet ibn Turtuj Türki. Ol hökümdar maşgalasynda dünýä inip, Mugtasym halypanyň ýakyn adamlarynyň biri bolupdyr. Fath ibn Hakan söz ussady, zehinli şahyr hökmünde tanalypdyr.
11 Arap taýpasynyň ady.
12 Arap taýpasynyň ady.
13 Arap taýpasynyň ady.
14 Arap taýpasynyň ady.
15 Mihlaf – obada ýaşaýan.
16 Arap taýpasynyň ady.
17 Yshagyň ogullary – Ybraýym pygamberiň ogly Yshagyň nebereleri.
18 Möwla – ilki gul edilip alnyp, soň azat edilen adam.
19 Bu ýerde «Asaba» diýlip kaka tarapyndan gandüşerlik göz öňünde tutulýar.
20 Pygamberimiziň bu hadysynda başga bir kowumdan getirilen möwlanyň-guluň ony getiren kowuma degişli bolýandygy, olaryň şol kowumyň bölegidigi aýdylýar.

"TÜRKMENLERIŇ MERTEBELERI"

ABU OSMAN JAHYZ.

Arap dilinden terjime eden we capa taýýarlan:
Rahymmämmet Kürenow.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 31 | Добавил: Mira_mia | Теги: ABU OSMAN JAHYZ | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: