11:21
Türkmenleriñ ata-babalarynyñ şöhratly taryhy hytaý çeşmelerinde

Türkmenleriň ata-babalarynyň şöhratly taryhy Hytaý çeşmelerinde
    
Adamzat özüniň taryhy ösüşinde uzak ýoly geçipdir we şol döwürlerde beýik siwilizasiýalary döretmegi hem başarypdyr. Şeýle ösen siwilizasiýanyň düýbüni tutmak üçin, uly kynçylyklary başdan geçiripdir. Taryhda ösen siwilizasiýanyň düýbüni tutan ilkinji halklar bolsa gadymy Gündogaryň halklary hasaplanylýar. Şeýle halklaryň biri-de gadymy hytaýlylardyr. Bu hytaýlylar bilen bolsa biziň gadymy ata-babalarymyz goňşuçylykda ýaşap, dürli ugurlarda gatnaşyklary alyp barypdyrlar. Bu gatnaşyklar has irki döwürlerden tä biziň günlerimize çenli dowam etdirilipdir. Bu barada dürli döwürlerdäki hytaýly awtorlar tarapyndan birnäçe taryhy maglumatlar ýazylypdyr. Bu çeşmelerde bolsa biziň gadymy ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyndan habar berýän gyzykly maglumatlar häzirki güne çenli saklanyp galypdyr. Eýsem bular barada bar bolan taryhy çeşmelere salgylanyp göreliň.
Gadymy ata-babalarymyzyň döreden Oguz türkmenleriň Beýik Hun döwleti bilen alnyp barylýan uruşlar döwründe hytaý patyşasy U-di Çžan Sýany Horezme ilçi edip iberýär. Çžan Sýan 13 ýyldan soň ýurduna dolanyp barýar. Çžan Sýan biziň eýýamymyzdan ozalky 139-126-njy ýyllar aralygynda Horezmde bolmak bi­len, Merkezi Aziýanyň halklary bolan Baktriýa, Parfiýa, Fergana, Sogdiana we Orta Aziýanyň beýleki döwletleri barada zerur maglumatlary toplamak bilen, gymmatly çeşmeleri miras galdyrypdyr. Hytaýda asyrlaryň dowamynda Han nesilşalygynyň döwründen başlap, her nesilşalygyň dolandyran ýyllary hakynda taryhy eserler ýazylypdyr. Häzirki döwürde Hytaýda 26 sany nesilşalygyň taryhy saklanylýar. Şol nesilşalyk taryhlarynyň aglabasynda diýen ýaly biziň ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy hakynda gyzykly maglumatlar berilýär.
Hytaýyň «Nesilşalyk taryhlarynyň» sanawynda meşhur taryhçy Syma Sýanyň «Taryhy ýazgylar» (Şi-szy) eseri esasy orunda durýar. Onuň bu eseri 130 bapdan, 5 bölümden ybarat bolupdyr. Bu eserde hytaýyň gadymy döwürlerinden U-diniň döwrüne çenli yzygiderli taryhy maglumatlar beýan edilýär. «Ta­ryhy ýazgylaryň» 110-njy baby dolulygyna biziň gadymy ata-babalarymyz bolan hunlaryň taryhyna bagyşlanýar.
Syma Sýan «Taryhy ýazgylar» atly eserinde oguz türkmenleriň Beýik Hun döwletini dolandyran sekiz sany hanyň döwrüniň taryhyny, şeýle-de şahyrlarynyň döredijiligini hem beýan edýär. Onuň esasy eseriniň aýratynlyklarynyň biri hem hunlar hakyndaky gyzykly maglumatlaryň beýan edilmegidir.
Syma Sýan gadymy hunlar hakynda şeýle diýýär: «Hunlar tebigata görä göçüp-gonup ýörler, olar gapysy gündogara bakyp duran tegelek gara we ak öýlerde ýaşaýarlar. Iýmitleri et, içgileri gymyz, egin-eşiklerini dürli reňkli ýüň matadan edýärler. Kim batyr, güýçli we jedelli meseleleri çözmäge ukyply bolsa, ony özlerine han saýlaýarlar» diýip belläpdir. Syma Sýan öz eserinde hunlaryň iň gowy tohum atlary köpeldýändiklerini bellemek bilen: «Ýaý atyp bilýänleriň hemmesi atly goşunda gulluk edýärler. Parahatçylyk döwürde olar adatça awçylyk edip, mal yzynda gezýärler, zerur wagty bolsa çozuşlary geçirmek üçin türgenleşýärler. Olaryň dogabitdi häsiýetleri şeýledir. Olaryň uzyn ýaraglary gylyç bilen demir saply naýza, kelte ýaraglary bolsa ok-ýaý. Iş şowuna bolanda öňe okdurylýarlar, şowsuzlyk bolsa haýal etmän, yza çekilýärler» diýip, hunlaryň örän söweşjeň halk bolandygyny ýazypdyr.
Ýene-de şeýle eserleriň biri-de Ban Gunuň taryhy düzmeleri, «Sýan Han şu» (Irki Han nesilşalygynyň taryhy) atly eseridir. Ol 230 ýyly öz içine alypdyr. Ol Han nesilşalygynyň ilkinji imperatory Lýu Bandan başlap, iň soňky hany Wan Manyň döwri bilen tamamlanypdyr. Onuň taryhy maglumatlary Ban Gundan öň onuň kakasy Ban Býaodan başlapdyr. Bu işi Ban Gun aradan çykandan soň, onuň uýasy, meşhur şahyr Ban Çžao dowam etdiripdir. Ban Gunuň «Uly Han nesilşalygynyň taryhy» atly işi 4 bapdan 100 bölümden ybarat bolupdyr. Onuň eseri, esasan hem, ýyl ýazgylary, imperatorlaryň dolandyran döwürlerini we terjimehalyny öz içine alypdyr. Käbir bölümler bolsa ýörite sungata, ylma-bilime, syýahata we geografiki ýerleşişe bagyşlanypdyr. Bu atly eser hytaýyň taryhynda soňky nesilşalyklary çuňlaşdyrylyp öwrenilmäge ýol açan gymmatly taryhy çeşmedir. Esasy aýratynlygy hem Ban Gunuň «Sýan Han şu» atly eserinde Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletini dolandyran 17 sany hanyň döwrüniň wakalarynyň beýan edilmegidir. Hunlar hakyndaky maglumatlar Ban Gunuň eseriniň 94 a we 94 b baplarynda görkezilýär. Ban Gunuň eserleri häzirki günde ýeke bir Hytaýyň taryhyny däl-de, eýsem gündogaryň uzak geçmişini öwrenmekde-de uly çeşme bolup hyzmat edýär. Şeýle-de, Fan Ýeniň «Giçki han nesilşalygynyň taryhy» «Hou Han-şu» atly eseridir.
Gadymy Hytaý çeşmeleriniň ýene biri hem Taň nesilşalygy döwründe ýazylan «Taň şu» «Taň nesilşalygynyň taryhy» atly eserdir. Bu eser iki döwre bölünip ýazylypdyr. Onuň birinjisi «Taň nesilşalygynyň köne taryhy» «Szýu Taň-şu» bolup, onuň ikinjisi bolsa «Taň nesilşalygynyň täze taryhy» «Sin Tan-şu» diýlip atlandyrylypdyr. Bu eseri başgaça «Taňnama» diýip hem atlandyrýarlar. Oguz türkmenleriniň dil medeniýetini we gahrymançylyk nusgasyny durmuşa geçiren, öz döwrüniň dini ýollaryny sypaýyçylykly eserleri arkaly halka syýasy ýol bilen ýetiren şahslaryň atlaryna şu günki gün «Taňnama» eserinde duşmak bolýar. Bu barada «Taňnama» eseriniň «Türkler şahadatnamasy» bölüminde giňişleýin beýan edilýär. Ol eseriň agramly bölegi hem Taň nesilşalygynyň taryhy bilen baglanyşyklydyr.
Mundan başga-da, «Ýuan» we «Min» Han nesilşalygy döwründe ýazylan eserlerde hem XIII-XIV asyrlarda dürli syýasy we ykdysady sebäpler bilen häzirki Hytaýyň ýerlerine aralaşyp baran salyr türkmenleriniň taryhy hakynda-da gyzykly maglumatlar berilýär. Ýuan hanlygy döwründe Hytaýyň çäklerinde Mongollaryň hökümdarlygy dowam edýärdi. Hytaýyň Ýuan hanlygy döwürlerinde ýazylan arhiw resminamalarynda hem salyr türkmenleriniň Hytaýyň häzirki Gansuw welaýatynyň ýerlerine göç edip barandyklary hakynda gyzykly maglumatlar getirilýär. Bu ady agzalan ýer şol wagt Hytaý diwarynyň girelge derwezeleriniň biri hasaplanypdyr. Hytaýyň Ýuan hanlygy döwründe göçüp baran salyr türkmenlerine, ýerli halklar «Sala» ýa-da «Salaer» diýip ýüzlenipdirler. Ýuan hanlygy döwründe şol gelen Salyr türkmenleriniň mirasdüşer ýolbaşçysy hökmünde Han atly salyr ýigidi bellenipdir. Şeýlelikde, salyr türkmenleri ýerli halklar bilen hojalyk we harby işlerinde işjeň gatnaşykda bolupdyrlar.
Soňra Min nesilşalygy döwründe hem salyr türkmenleriniň Hytaýyň ýerlerine köpçülikleýin göçhä-göçlügi dowam edipdir. Bu barada hem Min nesilşalygynyň taryhy maglumatlar eserinde bellenilip geçilýär.
Türkmenler hakyndaky maglumatlar ýeke bir Hytaýyň taryhynyň dürli döwürlerindäki eserlerde beýan edilmän, eýsem häzirki wagtda hem hytaý alymlary tarapyndan halkymyzyň geçmiş taryhy we şu güni giňişleýin beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan her ýylda halymyzyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanyp geçirilýän halkara ylmy maslahatlara hytaýly alymlaryň gatnaşmagy we degişli nutuklar bilen çykyş etmegi ýokarda aýdylanlara şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasaty netijesinde häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dürli ugurlar bilen bir hatarda, ylym we bilim babatynda hem uly işler alnyp barylýar.

Serdar Maşarykow, 
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kafedra müdiri.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 14 | Добавил: Has | Теги: Serdar Maşarykow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: