22:52
Türkmenistanda adam hukuklarynyñ kämilleşmegi

TÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARYNYÑ KÄMILLEŞMEGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylygyň we halkara umumy ykrar edilen kadalaryň esasynda raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň  ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Jemgyýetiň we şahsyýetiň deňagramly, sazlaşykly ösmegini ýola goýmak, olaryň bähbitleriniň, maksatlarynyň sazlaşygyny gazanmak ýurdumyzy ösdürmegiň esasy meseleleriniň biridir. 
Adam hukuklary her bir raýat jemgyýetini gurýan ýurduň esasy ýörelgesidir. Her bir adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şol bir wagtda jemgyýetde her bir adamyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepiliniň hakyky ulgamyny döretmek, hukuk döwletini gurmagyň esasy şertidir.Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ýurdumyzda demokratiýany dabaralandyrmak, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak Berkarar döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Ata-Watanymyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip, belläp geçýär. 
Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragynyň üpjün edilişi döwletimiziň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzda hem aýdyň görkezilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy— ýurdumyzyň syýasy sütünlerini, döwlet häkimiýet edaralaryny,saýlaw ulgamyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kadalaşdyrýan kanunçylygyň gözbaşydyr. Konstitusiýa adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili bolmak bilen, häzirki zaman jemgyýetinde raýatlyk parahatçylygyny we milletara ylalaşygyny üpjün edip, halk häkimiýetliliginiň,şeýle hem hukuk, dünýewi döwletiň ykrar edilen sütünlerini şöhlelendirýär. 
Häzirki wagtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de goramak bu döwletiň döwrebap ösüş derejesiniň alamatydyr. Adam hukuklary diýlende şahsyýetiň dogulmagy bilen, onuň elinden alyp bolmaýan tebigy hukuklaryna düşünilýär.Esasy Kanunymyzyň milli kanunçylykdaky ornuny, ähmiýetini nazara alyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini, şeýle-de amala aşyrylýan oňyn jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeleri mundan beýläk hem ösdürmek hem-dehas-da kämilleşdirmek ýurt derejesinde esasy maksat bolup durýar. Çünki adam hukuklary umumadamzat gymmatlygy hökmünde häzirki döwürde halkara derejesinde ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir.
Türkmenistan döwleti Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden başlap, halkara resminamalarda bellenilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýändigini yglan etdi. Munuň özi, adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de kanunçylygymyzda adam hukuklary boýunça halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmak ýurdumyzda ýöredilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini tassyklaýar. 
Bu günki günde Türkmenistan raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagynyň kanunçylyk kepilliklerini, halkara resminamalaryny berjaý edýän, adamlaryň ykdysady durnuklylygyny we abadançylygyny üpjün edýän hem-de bu ugurdaky borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýän döwlet hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy ugry raýatlaryň abadançylygy, asudalygy, parahat ýaşamagy hem-de jan-saglygy hakyndaky aladalary bolup durýar. Muňa mysal hökmünde Aşgabat şäherinde we welaýatlarda adam hukuklary boýunça maglumat merkezleriniň açylmagyny görkezmek bolar. 
Adam hukuklarynyň ulgamyny kämilleşdirmekde biziň döwletimiz dünýä ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribesinden, halkara ölçeglerinden we halkara hukugynyň binýadyny düzýän esas goýujy kadalaryndan ugur alýar. Ýurdumyzda umumadamzat gymmatlygy hökmünde häzirki döwürde halkara derejesinde ileri tutulýan adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda hem-de halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini doly üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy sarpalaýan, ynsanperwer, öňdengörüjilikli alyp barýan parasatly syýasaty aýdyň şöhlelenýär. 

Bilbil ÝOSYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň ylmy işgäri.

Категория: Hukuk maslahathanasy | Просмотров: 82 | Добавил: Has | Теги: Bilbil Ýosyýewa | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: