21:08
Türkmen halkynyñ baknalyk ýyllary

TÜRKMEN HALKYNYŇ BAKNALYK ÝYLLARY
(1881 – 1991 ý.)

Taryhda ýedi yklymda şalyk süren türkmenler mongollardan soňky 800 ýylyň dowamynda ykdysady taýdan bir-birlerinden üzňe, syýasy taýdan dagynyk ýagdaýda, esasan, Horasanyň, Astrabat-Mazenderanyň, Horezmiň, Mawerannahryň çäklerinde, Hazar deňziniň bütin gündogar kenarlaryny tutýan ummasyz giň çäkde ýaşaýardylar. Şoňa «türkmenleriň ýurdy» diýilýärdi. Garagum çöllügi türkmenleri ykdysady bitewülikden mahrum edýän geografiki esas bolan bolsa, goňşy döwletleriň syýasaty olary syýasy dagynyklykdan çykyp bilmez ýaly edýärdi. Türkmenler Garagumuň jümmüşinde ýaşaman, eýsem ony çar tarapdan jähekläp oturan medeni oturymlarda (oazislerde) ýaşaýardy. Şol oturymlaryň bolsa her haýsy başga goňşy döwletiň düzümine girýärdi. Harby howp abananda Garagum çöli asyrlar boýy tebigy gala hökmünde gaçybatalga öwrülýärdi. W.W.Bartold Orta Aziýada täze döwletler dörände türkmenler beýleki türki halklar ýaly ýokary galyp bilmedi, öz milli döwletini-de döredip bilmedi, ýöne olaryň özbaşdaklygy diňe Russiýa basyp alandan soň gutarnykly suratda ýok edildi diýip belleýär. Türkmenler orta asyrlarda diňe ýazyrlar, salyrlar, söýünhan, esenhan, ýakatürkmenleri, üçil, teke-ýomut ýaly taýpa birleşiklerini döredip bildi. Bular Altyn Orda, Sefewileriň (Gyzylbaşlaryň), Şeýbanylaryň döwletlerine, soňra bolsa Eýran, Horezm, Buhara, Owganystan ýaly döwletleriň düzümine girýärdi.
Şeýle dagynyk ýagdaýda asyrlarboýy baş-başdaklyk höküm sürüpdir. Olaryň jebisleşmek duýgusy XVIII–XIX asyrlarda has äşgär ýüze çykýar. 1760–70-nji ýyllarda Hywa hanlygyny iki gezek eýeleýärler, 1855, 1858, 1860-njy ýyllarda Sarahsda Mädeminiň, Garrygalada Japarguly hanyň, Maryda Hemze Mürzäniň goşunlaryny derbi-dagyn edipdirler. Erkinlik, özbaşdaklyk ugrundaky göreşler elmydama dowam edýärdi. Onuň ajaýyp nusgalaryny biziň ata-babalarymyz Russiýanyň basybalyjylykly zulumyna garşy göreşde-de görkezdiler: 1873-nji ýylda Gazabatda, 1879–1881-nji ýyllarda bolsa Gökdepe galasynyň gahrymanlary bu ugurda baş goýdular.
Eýran we Hywa köşk taryhçylary, ýewropaly syýahatçylar türkmenleri gaýduwsyz talaňçylar hökmünde suratlandyryp, alamançylyk olaryň esasy pişesi diýýärdiler. Hakykatda bolsa alamançylyk hatda, türkmenleriň kesbi-käriniň biri hem bolan däldir. Eýranyň ýerli häkimleri alamançylyga ýardam edip, özleriniň häkimligine nireden we haçan talaň salmagyň amatly boljagyny habar berip, oljadan öz paýyny alýardylar. Hywa we Buhara hanlary-da şeýdip türkmenleri ulanýardy. Türkmenistany basyp almagy alamançylygy basyp ýatyrmak bahanasy bilen aklajak bolan general N.I.Grodekow hem «edermen, merdana türkmenleriň öz ýarymsiwilizleşen goňşulary bilen, ýagny şeýle derejede ähtiýalan, asla serişdäni seljermeýän, türkmenlerden hem beter zalymlar bilen alyp baran uruşlarynda özara ýeňişleriň we ýeňlişleriň ganly taryhydyr» – diýip, baha bermäge mejbur bolýar.
Elbetde, zalymlyk zalymlygy döredýär. Emma türkmenler hiç wagt ýesirleri öldürmändir, erkekleriň muzzuny talap edip, soňra gul bazarlaryna sürüpdir, aýal-gyzlara bolsa öýlenipdirler. Alamançylyk jemgyýetde baş-başdaklygyň, bidüzgünçiligiň agalyk edýän, adamlary goramaga ukyply döwletliligiň ýok zamanasynyň döreden hadysasy bolup, ol halkyň jebisleşmegine päsgel berýärdi, ony tozdurýardy, ykdysadyýeti togtadýardy, söwdany ýatyrýardy, jemgyýetiň ahlagyna zeper ýetirýärdi. A.Wamberini haýran galdyran zat türkmenleriň içinden hiç kimiň höküm sürmek ýa-da tabyn bolmak islegini bildiren adamy tapmandygydy.
Russiýa imperiýasynyň Türkmenistany basyp almagy bilen ol Russiýanyň hakyky baknasyna öwrüldi. Ülkede harby-administratiw dolandyryş ulgamy berkarar edildi. Türkmen halky ähli syýasy hukuklardan, erkinlikden, özbaşdaklykdan mahrum edildi. Ýurdy harby adamlar dolandyrýardylar.
Elbetde, Türkmenistan, türkmen halky SSSR-iň düzüminde bolan ýyllarynda-da örän agyr gapma-garşylykly ýol geçdi. Şu täze durmuş gurluşygy ýyllarynda türkmen halkynyň milli aýratynlyklary nazarda tutulman, gaýta olar kemsidilýärdi. Türkmen halkyny güýç bilen sowet durmuş galypyna salyp başladylar. Şeýle-de bolsa, hut şu ýyllarda türkmen halky özüniň kesgitli çägine eýe boldy. Bu ýagdaý türkmenleriň halk hökmünde saklanyp galmagyna ýardam etdi. Şu döwürde döwleti, halk hojalygyny edara etmekde belli bir tejribe gazanyldy; respublikada dürli-dürli halklaryň düşünişip, ylalaşyp ýaşaşmagynyň tejribesi toplandy.

* * *

Türkmen halkynyň XIX asyr taryhy-da dürli wakalardan doludyr. Ol Eýranyň, Hywanyň, Buharanyň we Orsýetiň taryhy bilen ýakyndan baglanyşykdadyr. Bu döwürde türkmenleriň medeni oturymlarda (oazislerde) mäkäm ornaşmak ugrundaky göreşi, migrasion proses, goňşy döwletleriň zulumyna garşy baş götermeler dowam edipdir. XIX asyryň ortalarynda halkyň özbaşdaklyk ugrundaky göreşi ýitileşýär, birnäçe uruşlar bolup geçýär. Emma asyryň ikinji ýarymynda türkmenleriň ýurdunyň köp bölegini patyşa Russiýasy basyp alýar.
XIX asyrda Türkmenistanyň ilatyny, tebigatyny, söwda we gatnaw ýollaryny içgin öwrenmek maksady bilen ýewropaly, aýratyn-da rus syýahatçylarynyň, harby, diplomatik wekilleriniň onlarçasy bu ýerlere gelipdir, öz ýazgylaryny galdyrypdyr. Şol ýazgylar türkmenleriň etniki düzümi, nirede oturýandygy, näme bilen meşgul bolýandygy, olaryň syýasy ýagdaýy barada baý maglumatlar berýär.
Türkmenleriň taryhynda asyrlar boýy Oguz han Türkmeniň «Bir ýerde durma!» diýen ýörelgesi, Magtymguly Pyragynyň «Goýun kibi çar tarapa il bolmak» ýörelgesi ýörgünli bolupdyr, ondan-oňa göçüp-gonmak, içki migrasion proses dowam edendir. Bu ýagdaýyň, elbetde, durmuşy mazmuny bar, ýagny ilatyň köpçülikleýin eýläk-beýläk süýşmeginiň düýp sebäbi ýer-suw meselesidir. Ilat akar suwly medeni zolaklarda we oturymlarda suwarymly ekerançylyk bilen meşgul bolmak maksadyny yzarlap, suwsuz çöllük ýerlerden medeni zonalara ýa-da bir oturymdan beýleki oturyma süýşmäge mejbur bolupdyr. Bu ýagdaý XIX asyryň ortasynda tamamlanýar. Şundan soň türkmen taýpalarynyň oturan ýerleri üýtgewsiz galýar we häzirki geografik ýerleşişi esasan şu durşuna saklanyp galypdyr.
XIX asyrda, ondan ozalam halkyň ykdysadyýetiniň esasyny iki sany pudak – ekerançylyk bilen maldarçylyk düzüpdir. Tebigy möçberine görä, bir ýerde maldarçylyk agdyklyk etse, beýleki ýerde ilatyň esasy käri ekerançylyk bolupdyr. Taryhy edebiýatda türkmenleri adatça ikä bölýärler, ýagny çarwalar bilen çomurlar. Bulary biri-birinden aýyrjak ýa-da birini beýlekisine garşy goýjak bolup synanyşýardylar. Emma bu meýiller düýbünden nädogrudyr. Çarwa bilen çomrynyň arasynda hiç haçan «Hytaý diwary» bolan däldir, olar biri-birleri bilen aýrylmaz derejede baglydyr, bir maşgalada, bir obada çarwalaram bardyr, çomrularam. Haýsy bähbitli bolsa, şonuň bilen meşgul bolupdyrlar. Umuman, türkmenlerde asyrlar boýy iki sany arzuw bolupdyr: biri bol suw bilen ýer suwaryp ekin ekmek barada, ikinjisi-de birneme gurplanyp mal edinmek, baýasa guma goýun çykarmakdy.
Taryhy maglumatlardan türkmenleriň ep-esli derejede ösen suwaryş setiniň bolandygyny, olaryň ýer suwarmak üçin Murgapda, Tejende, Horezmde, Lebapda dürli gidrotehniki desgalary (bent, gatla, gaçy, iri magistral kanallar) gurandygyny, onlarça käriz ulgamyny gazandygyny, bu işlerde tehniki serişdeleri ulanandygyny (jykyr) anyk görýäris. Şeýle uly göwrümli suwaryş desgalary gurmak, ene ýaplary we suwaryş setini çekmek, olary her ýyl arçamak, käriz gazmak ýaly işler müňlerçe daýhanlaryň tagallasyny jemlemegi talap edýärdi, gazy-haşar işleri halkyň gerdenine agyr ýük bolup inýärdi. Bu kynçylyklara, agyr zähmete garamazdan, halk ýaşaýyş üçin göreşini dowam edýärdi, ekýärdi, suwarýardy, gazýardy, bentler gurýardy, ýumrulsa ýa-da ýyksalar, ýene-de dikeldýärdi. Çarwalar maldarçylyk hojalygyny alyp barmagyň bütin ulgamyny işläp düzüpdi we munuň örän gadymdan gelýän däp-dessurlaryny saklapdy. Suwsuz çöllüklerde nireden guýy gazmalydygyny kesgitläp bilýän guýy ussalary bolupdyr, mal bakmaklygyň düzgünlerini berjaý edýän tejribeli çopan-çoluklar gyşyn-ýazyn tebigatyň agyr şertlerinde öz işini, kesbi-kärini dowam etdirýärdi. Olar tebigatyň «dilini» birkemsiz bilipdirler: Tebigatyň alamatlaryna seredip, gyşyň-ýazyň nähili geçjekdigini, haçan gar-ýagşyň agjakdygyny takyk anyklapdyrlar.
Türkmen daýhanlary ekerançylyk hojalygyny alyp barmakda dürli tebigy, howa şertlerine gowy düşünipdir, ýerüsti we ýerasty suwlary ulanmagy başarypdyr, bent gurmakda, ýap çekmekde mikrorelýefi, tehniki tärleri ulanypdyr, halkyň endige öwrülen ussatlygy bolupdyr. Asyrlar boýy dowam eden halk tohumçylygy netijesinde üýtgeşik hilli medeni ekinleriň durnukly tohumlarynyň onlarçasyny ýetişdiripdir. Tejeniň suwsuzlyga çydamly bugdaýy, Sakaryň gülaby gawuny, irki, giçki, gyşky, ter we etlek gawunlaryň tohumy, ýerli gowaçanyň, jöweniň, üzümiň, miweli agaçlaryň tohumlary türkmenleriň öz tohumçylyk netijesinde ýetişdiren ekinleridir. Maldarçylykda-da asyrlar boýy seçip-saýlap meşhur ahal-teke we ýomut atlaryny, ýüke werdiş, süňňi iri, örän çydamly arwana düýäni, Mary tekeleri göwresi uly, guýrukman, eti näzik, ap-ak ýüňli saryja tohumly goýny, «türkmeni», salpyguýruk «araby», «kürti», «garaköli» goýunlaryň tohumy giňden ýaýrandyr.
Türkmenistanda ýer-suw eýeçiliginiň birnäçe görnüşleri bolupdyr. Olardan iň giň ýaýrany oba obşinasynyň jemagat ýerleridi. Emeli suwaryş esasan-da ekerançylygy alyp barmak üçin adatyň kanuny boýunça ýere-suwa jemagatyň özi eýeçilik edip, ony bijeli sanaşyk esasda her ýyl täzeden paýlap ekin ekýärdiler, suw nobatyny belleýärdiler. Oba ilaty ekin şärigi bolup, serkar (peýkal), keleme ýaly artellere, şerekete birleşip ekin ekýärdi, ýygnalan hasyly özara paýlaşýardy. Soňabaka, aýratyn hem kolonial döwürde sosial deňsizlik artyp, jemagat ýerleriniň hasabyna hojalyklaryň hususy mülk ýerleri köpelip başlaýar. Mülk ýerleri ilki ömürlik, soňra nesilden-nesle miras hökmünde geçýän müdimilik hususy eýeçilige öwrülýär. Şonuň üçin hem jemagat ýerlerine garanda mülk ýerleriniň girdejisi köp bolupdyr. Sebäbi mülk ýerleriň eýesi ýerine yhlas edipdir, ýeri dökünläp, bejerip, rejeli suwaryp, onuň hasyllylygyny artdyrypdyr. Jemagat we mülk ýerlerinden başga-da, Horezm türkmenlerine nöker gullugyny berjaý edeni üçin «atlyk ýerler» berlipdir. Lebapda Buhara emiri Çärjew begliginde «mülki-hyraj», Kerki begliginde-de «mülki-ijara» atly ýer eýeçiligini girizipdir. Wagtyň geçmegi bilen bu iki görnüşiniň aratapawudy ýitýär, atlyk ýerlerem mülke öwrülýär. XIX asyryň aýagynda Türkmenistanda garyp daýhanlara «kärende ýerleri» paýlap bermek, «mikah suw» diýilýän düzgünleri hem ornaşypdyr, azda-kände metjit-medreseleriň «wakf ýerleri-de» bolupdyr. Hywada we Buharada döwlet ýer eýeçiligi, patyşalyk ýerler-de bardy.
Türkmenlerde hojalygy alyp barmagyň esasy bolan ekerançylyk bilen maldarçylykdan başga-da pudaklary bardy. Hazar deňziniň kenarýaka ilaty balykçylyk, nebit, nebitdakyl, duz gazyp almak, guş awlamak ýaly işler bilen meşgul bolýardy. Astrabat, Esenguly aýlaglarynda, Çeleken, Ogurjaly adalarynda örän köp mukdarda bekre, doky, çapak balyklaryny tutýardylar, balygy, balyk önümlerini (işbil, ýelim, duzlanan, kakadylan balyk), nebiti, duzy öz ýelkenli gämilerine, nawlaryna ýükläp Eýranyň Astrabat, Mazanderan, Gilýan welaýatlaryna, Orsýetiň Astrahan ýaly ýerlerine äkidip satýardylar. Soňabaka türkmenleriň balyk tutýan hojalyklary, nebit, duz känleri rus täjirleriniň eline geçip, ýerli ilat şolaryň hyzmatkärine öwrülýär, tutan balygyny, guýy gazyp alan nebitini, duzuny ruslara satyp, deregine un, geýim-gejim, çaý, gant, gap-çanak, çoýun gazanlar ýaly zatlar alýardylar. Sebäbi kenarýaka ilatyň başga eklenji ýokdy, rus we ermeni täjirleriniň getirýän harydyna mätäçdi. Şolaryň sütemine çydamaly bolýardy. Olar aýratyn hem una mätäçdi. Balyk tutmak, gaýykda ýük daşamak Lebap türkmenlerine-de mahsus bolupdyr. Ilat azda-kände awçylyk bilen-de meşgul bolup, öz hojalygyna hemaýat edýärdi.
Hünärmentçilik we senetçilik türkmenleriň halk hojalygynyň gadymy pudaklarydyr. Bu pudaklar hojalygyň ekerançylyk, maldarçylyk, balykçylyk, nebit, duz gazyp almak pudaklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Senetçiligiň iň gadymy görnüşleri haly, palas, kilim, çuwal dokamak, zergärçilik, küýzegärçilik, ýonaçylyk, öý, jykyr, juwaz, degirmen ýasamak, zähmet gurallaryny, öý goşlaryny, gap-çanak, deri eýlemek, keçe ýaly zatlary öndürmek ep-esli derejede ösüpdir. Her obada ýa-da tirede hünärment, senetkär ussat adamlar bolupdyr. Aýratyn hem haly-palas öndürmek inçe sungat derejesine baryp ýetipdir. XIX asyrda iň bazarly halylar meşhurlyk gazanan teke gölli, salyr gölli, saryk gölli, ýomut gölli (dyrnakgöl), ärsary gölli (güllügöl, beşirgöl, temirjingöl), çowdur gölli (ertmengöl) we başgalar giňden ýaýrapdyr. Özüniň berkligi, reňkiniň durulygy, durkunyň nepisligi, nagyşlarynyň taýsyz milliligi türkmen halylarynyň muşdaklaryny özüne bent edýärdi. Türkmen halylarynyň Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlarynda gadyr-gymmaty örän ýokary bolupdyr. Mata dokamakda, keşde çekmekde, şaý-sep ýasamakda-da halkyň özüne mahsus däp-dessurlary bardy. Hünärmentçiligiň, senetçiligiň hemme görnüşleri halkyň hojalygynda, onuň medeniýetinde, gündelik durmuşynda derwaýys gerek zatlary öndürýärdi.
Mal sürüp bazarlara çykarmak, hünärmentçiligiň, senetçiligiň harytlaryny satmak üçin kerwen gurap argyşa gitmek dessury türkmenlerde elmydama bolupdyr. Mary, Hywa, Buhara, Samarkant, Hyrat, Maşat, Astrabat ýaly uly bazarly şäherlerde türkmenleri her gün görmek bolýardy, müňläp düýeli kerwenler gelip düşleýärdi. Syýahatçylardan biri Mary bazaryny «Gündogar adamlarynyň ählihalk kluby» diýip häsiýetlendirýär. Onuň kerwensaraýlarynda Eýran, Hywa, Buhara, hindi täjirleri düşleýärdi. XIX asyrda kenarýaka türkmenleriniň deňiz söwdasy güýçli ösýär. Bularyň düýbi ýasy ýelkenli gämileri, sallary, nawlary, gaýyklary deňiz ýollary bilen Astrabada, Mazanderana, Gilýana, Astrahana nebit, duz, balyk äkidýärdi. Bu bolsa türkmenleriň diňe içki söwda bilen çäklenmän, eýsem goňşy ýurtlar bilen-de kerwen we deňiz ýollary arkaly söwda edendigini görkezýär.
XIX asyrda türkmen halkynyň örän baý syýasy taryhy bardyr. Ol bütin asyryň dowamynda goňşy döwletleriň sütemine, harby ekspansiýasyna garşy göreş alyp bardy. 1813-nji ýylda Etrek-Gürgen türkmenleri Fataly şanyň Astrabatdaky dikmeleriniň zulumyna garşy gozgalaň etdiler. Gökleňler bilen ýomutlar bile hereket edip, gajar häkimleriniň jeza beriji otrýadlary bilen söweşipdirler.
1821–23-nji ýyllarda Lebap türkmenleri Buhara emiri Mirhaýdaryň garşysyna gozgalaň edipdir. Bu gozgalaňa Soltannyýaz beg baştutanlyk edýär, Seýitnazar Seýdi görnükli serkerdeleriň biri bolupdyr. Ol eline dutaryny alyp, halky söweşe ruhlandyrypdyr. Buhara emirleri, Hywa hanlary Lebabyň üstüne dökülip, ýerli ilaty heläk edýärdi. Gozgalaň basylyp ýatyrylandan soň ilatyň bir bölegi Mara göçmäge mejbur bolýar. Soltannyýaz begden başga-da ärsarylaryň gozgalaňyna Gurban serdar, Sapa serdar, Halyl batyr, Nepes serdar, Begnazar serkerde, Mollanyýaz weli dagy baştutanlyk edipdirler. Bu gozgalaň barada Seýdiniň şygyrlarynda maglumat köpdür.
XIX asyryň birinji ýarymynda Hywa hanlary Muhammetrahym (1806–25), Allaguly (1826–42), Rahymguly (1842–46) we Muhammedemin-Mädemin (1846–55) Etrek-Gürgene, Ahala, Etege, Tejene, Sarahsa, Mara her ýyl diýen ýaly talaňçylykly ýörişler edýärdi, ilatyň özüni we malyny sürüp äkidýärdi, ekinini zaýalaýardy, harmanyny otlaýardy. Şeýle ýörişler aýratyn hem Mädeminiň döwründe güýçlenipdi. 1852-nji ýylda ol Maryda saryk çopanlaryny öldürip, 40 müň düýe, 80 müň goýun sürüp äkidýär. 1854-nji ýylyň aýagynda Mädemin ýedinji gezek Mara ýörişe ugraýar. Şu-da onuň iň soňky ýörişi bolupdyr. Şol döwürde tekeleriň aglabasy Sarahsda oturýardy we Oraz ýaglydan soň Gowşudy han saýlapdylar. Tekeleriň bir bölegi Hojam Şüküriň baştutanlygynda Murgabyň aýagyna – Garaýaba göçüpdi. Sarahs tekelerine Maşadyň häkimi, Garaýabyňkylara Hywa hany wehim salýardy. Mädemin Sarahs tekeleriniň Mara göçüp gelmegini talap edýär. Emma bular muny ret edýär. Sebäbi Maşatda Sarahsdan köp adamlar girew saklanýardy we eger-de tekeler Mädeminiň diýenini etseler, onda Maşatdan ätiýajy bardy. Mädemin dergazap bolup, goşunyny Sarahsa sürýär, Gowşudyň we ruhanylaryň töwellasyny alman uruş edýär. Söweşde Gowşut özüniň ezber serkerde hem-de syýahatçydygyny görkezýär. Mädeminiň ýomut nökerlerine hat ýollap, olary öz tarapyna çekýär, söweşde üstün çykyp, Mädeminiň goşunlaryny derbi-dagyn edýär, özüni-de 1510-njy ýyldaky Şaýbanynyň gününe düşürýärler, onuň kellesini alypdyrlar. Şundan soň Hywa hanlary Günorta Türkmenistana bir gezegem ýöriş etmändir, Sarahs tekeleri-de Maşadyň häkiminden sypmak maksady bilen Mara göçüpdirler.
Hywa hanlaryna nöker gullugyny berjaý edýän horezmli ýomutlaryň Sarahs tekelerine duýgudaşlyk etmegi netijesinde Mädeminiň ölmegi, goşunyň-da derbi-dagyn edilmegi ýomutlar bilen Hywa hanlarynyň arasyna düwün salýar. Horezm ýomutlary gozgalaň edip, bir ýylyň içinde Hywa hanlarynyň ýene-de ikisini öldürýärler. Bu gozgalaňa belli serkerde Atamyrat han baştutanlyk edip, ol 12 ýyllap (1855–67) dowam edýär. Gozgalaňçylar kä ýeňip, kä ýeňlip örän tutanýerlilik bilen göreşýärler. Hywa hany Seýitmuhammet Rahym I (1856–65) Horezm türkmenlerini ikä bölüp, olary gozgalaňçy ýomutlara garşy goýmagy başarýar, olary biri-birinden üzňeleşdirýär, soňam aýratynlykda olardan rehimsizlik bilen öç alýar. Ýomutlaryň tarapynda duran 300 sany çowdur ýesirleriniň gözüniň oýulyşyny öz gözi bilen gören A.Wamberi bu elhenç zalymlygy beýan edende adamyň ini dyglaýar. Hanyň buýrugy bilen Hanabatda oturýan ýomutlaryň suwuny kesýärler. Netijede, gozgalaňçylar ýeňilýär, Atamyrat han bolsa öz garyndaşlary bilen ilki Krasnowodskä (häzirki Türkmenbaşy şäheri), soň Çelekene gelýär. Kyýathanyň agtygy Salyh han bulara hossarlyk edýär. 1873-nji ýylda Hywa ýöriş eden rus goşunlaryna ýol beledi bolup dogduk mekanyna dolanýar.
1858-nji ýylda Büjnürdiň ilhany Japargulynyň goşunlary Garrygalanyň üstüne gelýär. Gökleňler abanyp gelýän howpuň öňünde birleşen güýç bilen durmak üçin tekelere we ýomutlara çapar gönderipdir. Ahaldan, Etrekden goşun toplap, Garrygala ýetişipdirler. Gökleňler bulary güler ýüz bilen garşylap, olar bilen birlikde Japarguly hana garşy birnäçe söweşler edýärler. Japarguly han Garrygalany top okuna tutýar, gökleňler çep, ýomutlar sag ganatdan, tekeler hem ortadan Eýran goşunlarynyň üstüne çozuş edip, baş söweşde üstün çykypdyrlar. Garrygala söweşinde Ýagşy Mergen, Durdy batyr, Mahmyt işan, Pena serdar dagy şahsy gahrymançylyk görkezipdir. Bu söweş üç sany iň uly hem-de kuwwatly türkmen taýpalarynyň birleşen tagallasy netijesinde ýeňiş bilen tamamlanýar, türkmenleriň ömür boýy arzuw eden jebisleşme ýagdaýynyň ajaýyp mysaly bolýar. Halk bu jebisligiň, gahrymançylygyň ýitip gitmegini islemändir, şol sebäp esasynda hem Abdysetdar kazynyň ýanyna baryp: «Abdysetdar, sen bir sowatly adam, kazy adam. Garrygala agzybirligini bizden soňky nesillerimiz hem biler, görelde alar ýaly, sen bu taryhy ýazga geçirip ber» diýip haýyş edipdirler. Abdysetdar kazy goşgy-gazal ýazyp ýören adam bolmasa-da, çeper edebiýaty söýýän, goşgy düzülişinden habarly adam bolupdyr, ol il-günüň haýyşy esasynda meşhur «Jeňnama» eserini döredipdir.
1860-njy ýylda Horasanyň häkimi Hemze mürzäniň we serkerde Mürze Mämmediň (Gara sertibiň) baştutanlygynda gajar goşunlary Mara ýöriş edýär. Bular 33 toply, 30 müňlük goşun bilen Gorkut aýynda Gowşutbendiň ýanyndaky galany eýeläpdir. Emma gowşut hanyň baştutanlygynda Mary tekeleri bulary galadan çykanmandyr, oduna-suwuna çykanyny ýesir tutup, Murgabyň sag kenaryndaky Goşaseňňer gala iberipdirler. Nasreddin şanyň goşunlary aýgytly hereket edip bilmän, telim aýlap galadan çykyp bilmändir. Ahyry derýa boýy bilen Goşaseňňere tarap ugramakçy bolanlarynda, türkmenler bularyň geçjek ýollaryny suwa basdyryp, özleri belet ýollary bilen çozuş edipdir, bukuda ýatyp, güpbasdy oýnuny gurupdyr. Gajar goşunlary köp ýitgi çekip, Goşaseňňer galasynyň gabadynda, derýanyň bäri ýüzünde düşleýär. Birnäçe günläp gala top okuna tutulýar, emma snarýadlar gala ýetmän ýarylýar, – ýeri gelende gajarlaryň hem türkmendigini ýatladaýyn – tekeler derýadan geçip, ençeme gün aldym-berdimli söweşleri alyp barýarlar. Gowşut hanyň ýaraşyk baglaşmak üçin eden synanyşyklary netije bermeýär. Şundan soň aýgytly söweş bolýar. Eýran goşunlary howsala düşüp, oktýabr aýynyň üçüne geçilen gije assyrynlyk bilen yza çekilmekçi bolýar. Emma tekeleriň bu zatlardan habary bardy, gajar goşunlarynyň geçjek ýerlerinde bukuda ýatyp, ýollary ýene-de suwa basdyrypdylar. Iki toplum bolup ýola düşen gajar goşunlary batyp-çomup, haýal hereket edýärdi we daň atandan tekeleriň güýçli zarbasyna duçar bolýar, derbi-dagyn edilýär, ähli emlägi, toplary olja alynýar, serbazlary süri-süri edip ýesir alynýar. Diňe serkerdeler gaçyp gutulýar. Bu söweşlerde Amansähet serdar, Berdinyýaz serdar, Täç Gök serdar, Rahmanguly han, Abdylla şyh, Artyk ärsary, Hally batyr ýaly onlarça gerçekleriň atlaryny Abdysetdar Kazy, Dowan şahyr, Blokwil dagy ýatlap geçýärler.
XIX asyryň ortalaryndan başlap patyşa Russiýasy Orta Aziýany basyp almaklyga girişýär. Türkmenistana-da üç tarapdan Orsýetiň eýelemek, basyp almak howpy abanýardy. 1869-njy ýylda Hazaryň kenarynda desant düşürildi, Krasnowodskiniň düýbi tutuldy, ýurduň içki etraplaryny öwrenip başladylar, goşun bölümleri Etrege, Gyzylarbada, Hywa çenli ýetýärdiler. 1873-nji ýylda Kaufmanyň goşunlary Hywa hanlygyny basyp aldy, ol ýerde Kaufmana garşylyk görkezenler diňe türkmenler boldy. Şonuň üçin hem Hywa hany Seýitmuhammet Rahym II-niň haýyşy bilen Gazabat ýomutlarynyň boýnuna çekip bolmajak agyr salgyt ýüklendi, soňra bolsa olaryň üstüne jeza beriji ýöriş edip, ýomutlary gyrdylar, obalaryny hem otladylar. Günbatar Türkmenistany eýeländen soň patyşa goşunlary Ahala aralaşdy, 1879-njy ýylda bolan birinji ýörişinde Gökdepe galasyny almaga synanyşdy. Emma bu ýöriş olar üçin şowsuz gutardy. Galany goraýjylar batyrlyk görkezip, general Lomakiniň goşunlaryny yza çekilmäge mejbur etdiler. Şundan soň patyşa hökümeti Ahaly basyp almak üçin çynlakaý taýýarlyk gördi, goşunlara serkerde edilip söweşjeň general Skobelýew bellendi. Ýyl ýarym taýýarlyk görlenden soň ilkinji ýöriş başlandy, Gökdepe galasy gabawa düşüp, 21 günläp her gün top okuna tutuldy, köp adam heläk boldy. Emma muňa garamazdan, galany goraýjylar gijeler çykyp çozuş etdiler, köpçülikleýin gaýduwsyzlyk görkezdiler. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda galanyň diwarlary partladyldy, goşunlar hüjüme geçip, ony zabt edip aldy. Gala synandan soň hem pajyga dowam etdi, ony goraýjylaryň müňlerçesini gyrdylar, emlägini taladylar, aýal-gyzlary müňläp ýesir aldylar, Eýrana sürüp äkitdiler. General Skobelýewiň goşunlary aklap bolmajak zalymlyga ýüz urdy, halas bolan adamlar guma tarap, Mara, Tejene gaçdylar. Gökdepe galasy ýykylandan soň 3–4 ýylyň içinde Türkmenistanyň galan ýerleri Etek, Tejen, Mary, Ýolöten, Sarahs, Pendi oturymlary uruşsyz-söweşsiz basylyp alyndy. Diňe iňlisleriň öjükdirmegi netijesinde 1885-nji ýylda rus we owgan goşunlarynyň arasynda Daşköpri söweşi boldy. Şu döwürde rus-eýran we rus-owgan araçäkleri-de çekildi. Şeýlelik bilen türkmenleriň köp bölegi Orsýetiň gol astyna geçdi.
1881-nji ýylda Zakaspi oblasty döredilýär, oňa Müňgyşlak, Krasnowodsk, Aşgabat, Tejen, Mary uýezdleri, birnäçe pristawlyklar girýär. Bu oblastyň umumy çägi 532 müň km2, 1897-nji ýylyň ilat ýazuwy boýunça ilaty 382,5 müň adam hasaba alnypdy. Bu sanawda çagalaryň we aýal-gyzlaryň hasaba alynmandygyny, erkek kişileriň hem ählisiniň hasaba alynmandygyny, çünki, köpleriň guma siňendigini aýtmak gerek. Ilat sanyny az edip görkezmek sanawçylar üçin ähmiýetlidi.
XIX asyryň 80-nji ýyllarynda gurlan Zakaspi harby demir ýoly uly ähmiýete eýe boldy. 1885-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabada ilkinji otly geldi, 1886-njy ýylyň iýul aýynda demir ýol Mara, 1888-nji ýylda bolsa Samarkanda ýetirildi. 1899-njy ýylda Guşgy şahasy çekildi.
Ak patyşa Merkezi Aziýany basyp almak üçin 10 million rubl, ýöne Türkmenistanyň Hazar deňzinden Gökdepe aralygyny basyp almak üçin 30 million rubl pul harçlapdyr. Beýle uly çykdajy türkmen halkynyň erkinligi, hiç kime boýun synmak islemeýändigi we islemändigi bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenleriň gaba telpekleri Orsýediň we Ýewropanyň halkynda gorky-ürkini bilmezligiň, taýsyz batyrlygyň, mertligiň nyşany hökmünde duýgy döredipdir. Hut şeýle bolansoň, Zakaspi türkmenlerine ak patyşa üç müň telpek salgyt salypdyr. Şol telpekler ak patyşanyň esgerleriniň ählisine geýdirilipdir. Gaba telpekler duşmanda gorky-wehim döredipdir.
Şu ýerde Gökdepe söweşinde şehit bolan türkmenleri milli gahrymanlarymyz diýip yglan edendigimizi, her ýylyň 12-nji Türkmenbaşy aýynda Gökdepäniň synan gününi ýatlap, matam tutup, gahrymanlarça wepat bolan eždatlarymyzy hatyralaýandygymyzy aýdyp geçmek isleýärin.
Gökdepe – türkmen halkynyň merdi-merdanalygynyň galasy.
Ýöne halkyň başyna musallat bolup inen şol pajygaly döwürde halkyň abraý-sylagyndan peýdalanyp, öz şahsy peýdasy üçin Dykma serdar, Magtymguly han ýaly dönüklik eden kişileriň hem bolandygyny nygtap geçmegi men özümiň halkyň öňündäki borjum hasaplaýaryn. Taryhy aldap, hakykaty ýaşyryp bolmaýar. Türkmen ajy bolsa-da hakykatyň bolmagyny isleýär, bu babatda nakyl hem döredipdir.

* * *

Ak patyşanyň möwriti azalyp, ýurduň öz içinde, merkezinde bulagaýlyk artýardy, rewolýusiýanyň ody tutaşýardy. Birinji jahan urşunyň başlamagy we Orsýetiň ýeňlişlere sezewar bolmagy halkyň nägileligini artdyrýardy. 1916-njy ýylyň 25-nji iýunynda patyşa imperiýasynyň kolonial künjeklerinde 19 ýaşdan 43 ýaşa çenli erkek adamlary tyl işlerine, ýagny garym gazmak, ýol çekmek, demir ýol, harby kärhanalarda işlemek üçin ýygnamak barada perman çykardy. Şu perman boýunça Zakaspi oblastyndan 15 müň adam alynmalydy. Emma ilat muňa garşy çykdy, «adam bermeli däl» diýip karar edilýärdi, hiç ýere gitmejek bolup, pul ýygnalýardy, boýuny satyn alyp, sanawa düşmedik baýlara haýbat atylýardy. Obalarda, çaýhanalarda, bazarlarda ýygnak edip, «bizi aldaýarlar, adam almak barada hiç hili perman ýok, muny bolköýnekler tapdy» diýip wagyz edýärdiler. Sanawda türkmenleriň sanynyň az görkezilendigi hem hökmürowanlara päsgel berýärdi. Daýhanlar hereketi günsaýyn güýçlenip, Tejende, Etrekde, Hywada ýaragly garşylyga öwrüldi, patyşa hökümeti olardan rehimsizlik bilen öç aldy, top, pulemýot okuna tutdy, ýüz müňlerçe mallaryny elinden aldy. 1916-njy ýylyň gozgalaňy bütin Orta Aziýany, Gazagystany gurşap aldy we 1917-nji ýylyň Fewral rewolýusiýasyna, ýagny patyşa režimi ýykylýança dowam etdi.
Halkda özbaşdak, garaşsyz döwlet gurmak islegi oýandy.

* * *

Şu ýerde bir zada ünsüňizi çekmek isleýärin. 74 ýyllap bize taryhymyz, ine, şu aşakdaky ýaly äheňde öwredildi:

«1918–1919-njy ýyllaryň gyş aýlarynyň dowamynda Gyzyl Goşunyň söweşjeň we syýasy taýýarlygyny güýçlendirmek üçin esgerleriň arasynda guramaçylyk-syýasy iş alnyp baryldy, bu çäre bolsa 1919-njy ýylyň maý aýynda olaryň aýgytly hüjüme geçmegine mümkinçilik berdi. Olar 21-nji maýda Baýramalyny, 23-nji maýda Maryny azat etdiler, 24-nji maýda bolsa Guşga girdiler. Agyr gazaply söweşlerden soň 7-nji iýunda Tejen azat edildi. Şondan soň ol Sowet häkimiýeti ugrundaky söweşlere işjeň gatnaşdy. Tejen we Duşak söweşlerinden soň Zakaspi frontunyň ştabynyň 25-nji iýulda beren maglumatlaryna görä, ýaraglanan türkmenleriň 800-e golaýy Gyzyl Goşunyň tarapyna geçýär. Mary we Tejen uýezdleriniň azat edilmegi Zakaspidäki raýatlyk urşunyň barşynda öwrülişik pursaty boldy».

Siz «azat edildi» diýen söze üns berdiňizmi? Eýsem kim kimi azat edýär. Bu aslyýetinde «azat ediş» däldi-de, basyp alyşdy. Bolşewikler basyp alyşlaryny halkyň aňyna azat ediş hökmünde guýýardylar.

Osman ÖDE.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 27 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: